Potapow, tagta çyk! 3 (Powest)

Potapow, tagta çyk! 3 (Powest)

(Soňy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

Tamara KRÝUKOWA,
rus ýazyjysy

Baskerwil iti

Lýoha şowly, eden işi başa barýan oglanjyk diýib-ä bolmaz, emma şowsuzlyklaryň hiç biri, ykbalyň oňa taýýarlan bu oýny bilen deňeşip bilmez. Lýohanyň matematika mugallymy Swetlana Wiktorowna olaryň jaýyna göçüp bardy. Onam az gören ýaly, edil Lýohanyň gabat goňşusy bolup çykdy. Iň uly betbagtçylyk bolsa entek öňdedi. Oglanjygyň ejesi Swetlana Wiktorowna bilen jora boldy. Agşamlygyna olaryň ikisi çaýlaşyp oturmaga başladylar. Iň soňunda bolsa, mugallym Lýoha matematika dersi boýunça goşmaça taýýarlygy teklip etdi. Bularyň barysam tomusky dynç alşynyň bosagasynda bolup geçdi!

Lýohanyň başyna düşen bu betbagtçylyk ony örän tapdan düşürdi. Keýpsizdi, gözlerinde bolsa ömürlik tussaglygyň gamy okalýardy. Oglanjyklar Ženkanyň otagynda oturyp, bu başa gelen beladan nädip dynmagyň ýoluny gözleýärdiler. Edil bilgeşleýin edilýän ýaly, kellä hiç hili pikir gelenokdy. Lýohanyň arkaýyn durmuşa bolan umydy kem-kemden azalýardy.

— Bolman-da, dynç alşa gidäýmel-ä! Ol edil alnymda ýatan it ýaly, men-ä näme etjegimem bilemok — diýip, Lýoha alaçsyz ýagdaýda uludan demini aldy.

Bu aýdylan sözlerden soňra, Ženkanyň gözleri ýaldyrady. Onuň kellesine ajaýyp bir pikir geldi. Eýsem, ony üýtgeşik pikirleri, ideýalary tapmagyň ussady diýip ýöne ýere atlandyranoklar ahyry! Synpda hiç kim onuň okan kitaplary ýaly köp kitap okamandy.

— Nädip bu irräk kelläme gelmedi diýsene! It — ana, bize gerek zat! — diýip, Ženka aýtdy-da, kitap tekjesine tarap ylgady.

— Näme etjek bolýaň? — diýip, Lýoha gygyrdy. Çaga wagty it ýarany bäri ol dört aýaklylardan gaçarak durýardy.

— Häzir düşünersiň. Bize baskerwil iti gerek! Ynha, diňle!

Ženka tekjeden Konan Doýlyň kitabyny aldy we gerekli sahypalary açyp, gorkunç ses bilen okamaga başlady:

— «Bu it örän äpet bolup, edil kömür ýaly garady. Adamlaryň hiç biri, hiç haçan munuň ýaly ite duş gelmändi. Onuň agzyndan ot alawlaýardy, gözlerinden ýyldyrym uçgunlary çykýardy, bedeni bolsa ýanyp duran ot bilen örtülen ýalydy. Özümize tarap böküp çykan bular ýaly gorkunç, ýürekbulanyjy jandary hiç birimiz göz öňümize getirip bilemzokdyk».

Haçan-da, Ženka okamasyny bes edende, Lýoha oňa gazap bilen ýüzlendi:

— Näme, oýun edýäňmi? Meniň halym onsuzam harap, sen bolsa it diýýäň!

— Pikir edip gör! Matematika mugallymy şeýle ite duşsa, ol diňe bir dynç alşa däl, siziň ýaşaýan jaýyňyzdan bütinleýin göçüp gider.

Lýohanyň özi şol iti görse, ol hem gaçyp gitmek islärdi. Ženka pursatdan peýdalanyp, öz hyýallaryny aýtmaga başlady:

— Göz öňüňe getir: gije, daşary göze dürtme garaňky, duman… Swetlana Wiktorowna öýünden çykýar…

— Goýsana — diýip, Lýoha dostunyň sözüni böldi. — Ol näme üçin gijäň ýarynda, ümürli howada daş çyksyn?

— Bolýar, ümürsiz howa diýeli — diýip, Ženka sözüni dowam etdi. — Gije. Garaňky.

— Ýok, ýok. Indi gün örän giç ýaşýar. — Lýoha ýene-de dostunyň ýalňyşyny düzetdi.

— Saňa ýaranyp bolanok. Matematikadan günde mysal işlemeli bolýan men däl ahyry! Men çözgüt tapyp, ony halas etjek bolýan, ol bolsa, bilgeşleýin ýöne sözümi bölüp otyr! — diýip, Ženka gaharlandy.

Lýoha günäsine düşündi.

— Bolýar, gaharlanma. Indi sesimi çykarmaýyn.

— Men saňa ýaman bolsun diýemok — diýip, Ženka ýaňsylady we dowam etdi. — Iň soňky gezek duýdurýaryn, sözümi bölme-de, meni diňle. Şeýlelikde, it tapmaly…

— Itsiz bolmazmy? — Lýoha çekinjeňlik bilen sorady.

— Itsiz bolmaz. — Ženka şeýle diýip, bu soraga nokat goýdy. Lýoha-da muňa düşündi.

Ženka höwes bilen pikirini aýtmaga başlady:

— Men, Lýoha, şeýle bir zat oýlap tapdym. Matematika mugallymy seni diňe bir goşmaça sapaklardan boşatmaga beýlede dursun, ol tä okuw ýyly gutarýança saňa bäşlik goýar, üstesine-de, sag bolsunam aýdar.

Ženkanyň aýdan sözleri Lýohanyň gulagyna örän hoş ýakdy. Ol dostuny diňlemesini dowam etdi:

— Gije matematika mugallym daşaryk çykanynda, onuň üstüne äpet bir zat topulýar. Onuň bedeni ot ýaly ýanyp dur. Agzyndan alaw çykýar. Dişleri bolsa edil çarh ýaly ýaldyrap dur! Mugallym: «Waý, kömek ediň! Adamlar ýetişiň! Dat-bidat!» diýip gygyrýar. Indi şu ýerde-de Ženka… Sen peýda bolýarsyň!

— Kim?! Men?! — Lýoha çyny bilen geň galdy.

— Hawa, tötänleýin, bagda gezelenç edip ýörkäň peýda bolan ýaly.

— Men hiç wagt bagda tötänleýin gezelenç edemok. Näme üçin men?

— Sebäbi ol seniň tomusky dynç alşyňa päsgel berýär — diýip, Ženka jogap berdi.

— Bolýa-la, men eýýäm ony bagyşladym. — Lýoha bu sözlerini çyny bilen aýtdy.

— Sen örän parasatly, Lýoha!

Lýoha muňa garşy çykmady, dosty bolsa dowam etdi:

— Matematika mugallym mysal-mesele bilen azar bereni üçin senden ötünç sorar! Ony itden halas etseň bolany.

Lýoha matematika mugallymy gazaply baskerwil itinden halas edýänini göz öňüne getireninde, azajyk utandy.

— Men parasatly däl — diýip, ol aýtdy.

— Berekella! Hakyky parasatly adam hiç haçanam özüni öwmeýär. — Ženka dostunyň egnine kakdy.

Şu it bolmadyk bolsa, Lýoha parasatly adam bolmak has hem aňsat düşerdi. Emma oglanjyk iň soňky umydy elden bermän sorady:

— Biz baskerwili nireden alaly? Seýrek tohum bolaýmasa.

— Tohumyň parhy ýok. Biz adaty iti alarys we oňa ýaldyrar ýaly gerekli zatjagazlary seperis. Wessalam, gep tamam!

Bu sözlerden soň Lýoha örän ruhlanyp, şeýle diýdi:

— Adaty it aljagymyzy aýdaýmaly-da, men eýýäm gerekli tohumy tapyp bilmeris öýdüp gorkdum. Bu işe onda Muha-da ýarar.

Muhany hemme goňşular gowy görýärdi. Ol salamlaşanda şeýle bir owandanja edip guýrujagyny bulaýardy welin, hatda Lýoha-da ondan gorkmasyny bes edipdi. Şeýle itjagaz bilen parasatly işleri etmek uly lezzet ahyry. Emma, görüp otursak, Lýoha ir begenen eken.

— Swetlanany özüňden akmak görýäňmi, ol Muhany tanamaz öýdýäňmi? — diýip, Ženka geň galdy.

— Ýöne biz oňa ýaldyraýan zatjagazlar seperis-ä. Başga it, bary-ýogy, tapdyrmaz. — Lýoha alaçsyz eginlerini gysdy.

— Sende ýok bolsa ýokdyr, mende bolsa bar — diýip, Ženka aýtdy.

— Itmi?

— Iti dördünji gatdaky Walýa gelnejeden alarys.

Lýohanyň göz öňüne Graf atly äpet uly it geldi. Gorkudan ýaňa ol şeýle diýdi:

— Ol bize itini bermezmikä diýýän.

— Alada etme. Men bar zady öz boýnuma alýan. Tersine, itini gezmelemäge kömek etsek, ol has begener.

— Birdenkä it nämäniň nämedigine düşünmän maňa topulaýsa näme? — Lýoha baş goşjak bolýan işini örän alada edýärdi.

— Ony saňa öwrenişdireris — diýip, Ženka dostuny köşeşdirdi.

Iki gün geçenden soň, Ženka edil baş baýragy utan türgen kimin şadyýan halda, ýany Grafly ýöräp geldi. Görüp otursak, Lýohany ite öwrenişdireniňden, iti Lýoha öwrenişdirmek aňsat bolup çykdy. Ýakyndan Graf has-da gorkunç bolup görünýärdi. Şeýle-de bolsa, Lýoha kem-kemden köşeşdi.

— Biz muny indi nädip ýaldyratmaly?

— Ynha! — Ženka elindäki kagyz haltajygy görkezdi.

— Balykmy? — Lýoha bilesigelijilik bilen mintaý balygyna meňzeş zada bakdy.

— Özüň balyk. Bu düzümünde iň köp fosfor saklaýan zat. Biz munda ylmy tejribe geçireris. Balygy Grafa bereris we onuň agzy ýaldyrarmy ýa-da ýok, göreris.

Lýoha ýaňsyly ýylgyrdy:

— Men ylymsyz bolsamam aýdyp biljek. Ýaldyramaz. Men balygy ýygy-ýygydan iýýärin. Bir gezegem ýaldyramadym.

— Ýaldyramazam! Hany, aýt, sen çig balyk iýýärmiň? — Ženka dostuna gazaply seretdi.

— Ýok, gowrulan.

— Sen gowrulan balygyň ýaldyraýanyny nirede gördüň?

Lýoha entek beýle zady hiç ýerde görmändigi sebäpli, ylmy tejribe işine şobada başlady. Ženka Grafa balygy uzatdy, it bolsa azajyk ysyrganyp, ýüzüni turşadyp, beýlesine bakdy.

— Aç däl bolaýmasa — diýip, Lýoha aýtdy.

— Barlap görmeli. Sizde kakmaç barmy?

— Bar.

— Alyp gel — diýip, Ženka buýruk berdi.

Lýoha bir bölek kakmaç getirdi. Görüp otursalar, Graf beýle bir dok däl eken. Ol şol pursat uzadylan kakmajy goparyp aldy, emma balykdan ýüz öwürdi. Ženka ite buýruk berip, gorkuzyp, haýyş edip gördi, ýöne oň piňine-de däldi.

— Belki, kakmaç iýdirmekçi bolan ýaly edip, soňra bilmän durka balygy bereris? — diýip, Ženka öz pikirini aýtdy.

Lýoha ýene birnäçe gezek kakmaç almaga gidip-geleninden soň, Ženka:

— Bul-a bolmaz. Sen aňryk-bärik ýöräp, biziň gymmatly wagtymyzy alýaň. Gowusy, bar kakmajy getir, bärde keseris.

— Ejeme näme diýeýin?

— Gorkma, bar kakmajy bir gezekde ýuwdaýasy ýok. Galanyny yzyna äkidip goýarsyň welin, ejeň hiç zat aňmaz.

Balyga garanyňda kakmaç örän çalt azalýardy. Ženka balygy itiň agzyna saljak bolan wagty, garaşylmadyk zat boldy: kakmaç gutardy.

— Wah, bolmady-da — diýip, Ženka gynandy.

— Ýogsa näme! — diýip, Lýoha iki esse gynandy we ejesiniň öňünde özüni nädip aklajagy barada oýlandy.

— Ýene näme süýjüje zatlaryňyz bar? — diýip, Ženka gyzyklandy.

Lýoha:

— Almaly gutap — diýdi we gyssanyp: — Emma itler almaly gutap iýenoklar — diýdi.

— Aýdýanyň näme! Almaly gutaby hemmeler iýýär! — diýip, Ženka aýtdy we bu dogry bolup çykdy. Almaly gutap kakmaçdanam çalt gutardy.

Almaly gutap gutarandan soň, oglanjyklar balygyň ýitirim bolandygyny bildiler. Azajyk aňňyrakda çişik pişik hezil edip balyk iýip otyrdy. Ol Graf ýaly nahara at dakman, tizlik bilen ylmy tejribe işiniň önümini ýalmap ýuwutdy.

— Wah, sen ogrujyk diýsänim! — diýip, Ženka gygyrdy.

Özüne gygyrylýanyna düşünen pişik, dawanyň ula ýazanyny islemän, iýip oturan oljasyny aldy-da, assajyk bilen ötä gitdi.

— Men häzir seniň almytyňy bererin! — diýip, Ženka haýbat atdy. — Graf, bas!

Graf ýaltalyk bilen pişige, soňra-da Ženka seretdi we gözleri bilen: «Men ony näme edeýin?» diýýän ýaly bolup, gyra çekildi we penjelerini galdyrdy.

— Graf! Bas! Ýene özüne item diýýär! — diýip, Ženka onda itlere mahsus namysy oýarjak boldy, emma netije bolmady. Şonda Ženka täze buýruk berdi: — Lýoha, ony gaba!

Lýoha pişigiň yzyndan eňdi. Graf onuň bilen oýun edýärlermikä öýdüp, pişigiň yzyndan ylgady. Pişik gorkusyna güýçli mawlap, agzyndaky balygy taşlap, agaja dyrmaşdy.

Ženka ýerden balykdan galan gylçygy galdyrdy. Geçirilýän ylmy barlagyň gutarmak howpy abandy. Emma Ženkanyň ýüzi birden açyldy we ol şeýle diýdi:

— Pişigiň balygymyzy ýalmap-ýuwdany, gaýtam, bähbit boldy, dost. Biz indi pişigi barlaýmaly bolduk. Ýaldyrarmy, ýa-da ýok? Gel, gowusy, ony tutaly we garaňky jaýa salaly. Garaňkyda has gowy bildirer.

— Bu pikiriň kellä şol bada gelmäýşini! Biderek ýere kakmajy gutardyk-da — diýip, Lýoha öz gynanjyny beýan etdi.

Muňa garamazdan, pişigi tutmak aňsat işleriň biri däl eken. Ol baýyň pişigi ýaly bolup, agaçdan düşmek meýliniň ýokdugyny görkezip otyrdy.

Ženka:

— Häzir alajyny taparyn — diýip, agaja dyrmaşmaga başlady.

Nämedir bir zatlaryň ters gidýänini aňan janawar, tüýüni syh-syh edip, özüne mahsus uwlama bilen, daşraga süýşdi. Emma indi gidere ýer galmandygyna düşünip, alaçsyz mawlady we aşak böküp, ylgap jaýa girdi. Ženka we Lýoha onuň yzyndan kowalady. Ýaşaýyş jaýyň ýerzemini tüm garaňkydy. Pişik bolsa ýaldyranokdy.

— Zyýany ýok, bu bähbide boldy. — Ženka tapdan düşenokdy. — Bary-ýogy, ýaldyraýan ýagdaýynda-da balygy Grafa iýdirip bilmezdik. Ýogsa-da, bar zat şeýle aňsat bolýan bolsa, adamlaryň bary ýaldyrap ýörerdi. Fosfory, iň gowusy, bugartmaly.

Ženkanyň eden indiki teklibi, göräýmäge gaty aňsatdy. Lýohalaryň aşhanasynda Ženka saja birnäçe balyjagy saldy we gapagyny ýapyp, ýuwaş otda bugarmaga goýdy.

— Ana! Indi iş bitdi bil-äý! — Ženka käriniň ussat hünärmeni kimin başyny atdy.

— Balyk bişip, gowrulmazmy? — diýip, Lýoha sorady.

— Senem-aý! Gowurmak üçin ýag gerek, ýag atmanymyz üçin ol diňe bugarar.

Ilkibada balyjaklar bolmalysy saçda şygyrdap, byjyrdap başlady. Ženka bolsa her minut saja seredip, şeýle diýýärdi:

— Suwy köpräk. Gaýnanyndan soň bugaryp başlar.

Hiç zat etmän garaşyp oturmak örän içgysdyryjydy. Fosfor gözlegçileri myhman otagyna geçip, telewizory işletdiler we gyzykly bir zat gözlemäge başladylar. Ýaýlymlaryň birinde adybelli söweş filmi gidip durdy. Kino eýýäm gutaryp barýana meňzeýärdi. Baş gahryman hemmeleri urup çykypdyr. Bar zady ýadyndan çykaran oglanjyklar uly üns bilen kino görmegi dowam etdiler.

Birdenem, Lýoha ysyrganyp:

— Bir zada ýanýar — diýdi.

Ženka bilen Lýoha şobada naharhana tarap eňdiler. Otagyň içi tüssedi. Üsgülewügini saklap, Ženka sajy öçürmäge howlukdy. Lýoha bolsa tizlik bilen äpişgeleri açdy. Oglanjyklar süpürgiçler bilen tüssäni daşaryk çykardylar. Hemme zat ýerbe-ýer bolanyndan soň, Ženka fosfor barada ýatlady. Ol sajyň gapagyny açdy we onda dört sany gara, kömre meňzäp duran zatlary gördi. Sajyň gapagy hem nämedir bir zatlar bilen örtülipdir. Birsalym dymanlaryndan soň, Ženka uly gynanç bilen şeýle diýdi:

— Zyýany ýok. Hatda beýik alymlaram şowsuzlyga uçrapdyrlar ahyry. Ertir täze bir zatlar oýlap taparys.

Ýöne ertesi gün olara bir zatlar oýlap tapmaga mümkinçilik bolmady. Sebäbi agşam goňşular Lýohanyň ejesine olaryň öýünden ýangynyň ysynyň gelendigini aýtdylar. Soňra bolsa Lýohanyň ejesi uly sajyň ýitendigini gördi. Ýene bir näçe wagtdan bolsa, kakmaç bilen almaly gutabyňam ýitirim bolandygyny bildi.

Üç günläp Lýoha hiç ýere çykmady. Ir bilen ol rus dilinden öý işleriniň başyna geçdi, agşam bolsa ony Swetlana Wiktorowna köseýärdi. Diňe dördülenji gün oglanjyga daşaryk çykmaga rugsat berdiler. Ol çykyp-çykmanka, Ženka duşdy. Ženka örän bagtly görünýärdi. Onuň maňlaýyna: «Meniň kelläme täze bir pikir geldi!» diýip ýazylan ýalydy.

— Gowumy, gardaş! Menem şu mahal size barýardym. Meň kelläme şeýle bir pikir geldi! — diýip ol begençli gürledi.

— Ýok, ýok. Men indi fosfor gözlejek däl — diýip, Lýoha entek edilmedik teklipden ýüz öwürdi.

— Fosfor? — Ženka düşünmedi.

— Baskerwil iti üçin. Matematika mugallymyny beýle zat bilen gorkuzyp bilmerin. Ol öz jaýlarynyň durkuny täzelemäge başlady. Ol tomus dynç alşy wagtynda hökman bärde bolar, hiç ýere gitmez.

— Wah, bize onuň gideni gerek däl! — diýip, Ženka şadyýan gürledi. — Meň kelläme gelen pikir baskerwil iti däl. Sen ýokkaň men şeýle bir ajaýyp kitap okadym!

«Kitap» sözi agzaldy welin, Lýohanyň birden başy aýlanan ýaly boldy. Ženka bolsa dostuna daşy çal reňkli kitaby uzadyp durdy. Şu kitap oňa tomusky dynç alşy gaýtaryp bermeli kitapdy. Kitabyň daşynda şeýle ýazgy bardy: «Žýul Wern. Ýer togalagynyň daşyny howa şary bilen aýlanmak».

Rus dilinden terjime eden Aýsenem NURYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň magistranty

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle