Potapow, tagta çyk! 1 (Powest)

Tamara KRÝUKOWA,
rus ýazyjysy.
Giriş
Eger-de Moskwiçow Ženkany we Potapow Lýohany goşup, umumylykda suratlandyrsaňyz, onda iki sany o diýen horam däl, o diýen semzem däl, o diýen garagolam däl, o diýen ýuwaşam däl, garaz, iki sany adaty orta mekdepde okaýan adaty oglanjyklary görersiňiz. Ýöne hersine aýry-aýry seretsek, onda olar beýle bir adatam däl, hatda bu ikisiniň biri-birine meňzeýän ýerem ýok.
Bedenterbiýe sapagynda daýawja Lýoha hataryň başyny başlaýardy. Horajyk Ženka bolsa, tersine, hataryň iň soňunda durýardy. Ženkanyň diňe bedenterbiýe sapagy bilen arasy gowy däldi. Galan ähli sapaklardan Ženkanyň gündeligi bäşlik bahadan doludy. Şeýle-de bolsa, Ženkanyň horajyk göwresine seretseň-ä, «doly» diýen söze-hä gaty bir diliňem aýlanyp baranok.
Lýoha bolsa üçlükçidi, emma hemme sapakdan däl. Bedenterbiýe mugallymy ýygy-ýygydan oňa bäşlik goýýardy. Lýohanyň güýji köp bolsa-da, ol uruşmany halanokdy. Ol seresap hem-de sabyrly bolansoň, boş ýere uruşmanyň tarapdary däldi. Emma Ženka jenjelçidi. Birsalym dek oturmagy kyn görýän Ženka mydama başyna bela getirýärdi.
Lýoha azajyk kütegräk oglanjyk diýsegem bolar. Emma Ženkanyň oýlap-tapyjylygy welin ikisine-de artygy bilen ýetýärdi. Ženka mekdepde iň «kelleli» adam diýip tanalýardy. Okamagy örän gowy görýäni üçinem, onuň kellesine mydama üýtgeşik pikirler gelýärdi. Täsinden-täsin oýlaptapyşlar ondan çüwdürim bolup çykýardy.
Garaz, Moskwiçow Ženkany we Potapow Lýohany goşup, soňam aýratynlykda suratlandyrsaňyz… Emma ylym entek oglanjyklary aýyrmagy öwrenmändir. Ženka bilen Lýoha aýrylmaz dostlar.
Sakçylar
Ženka bilen Lýohanyň bagty, adatdaky bolşy ýaly, duýdansyz çüwdi. Olar daşarda nämä güýmenjeklerini bilmän otyrdylar. Birdenem şu töwerekde meşhur bolan Žorigiň gelýändigine gözleri düşdi. Žorik eýýäm uly adamdy: birinjiden-ä, ol dokuzynjy synpda okaýar, ikinjidenem, ol awiamodelirlemäniň gurnagyna gatnaýardy we üçünjidenem, iň esasanam, Žorik bütinrussiýa awiamodelleriň sergisinde altyn harply hem-de möhürlenen diplom aldy.
Žorigiň elinde owadan, täzeje planýor ( Planýor – motorsyz uçar.) bardy. Oňa gözleri düşen Ženka bilen Lýohanyň geň galmakdan ýaňa demi tutuldy. Žorik olara tarap öwrüldi.
— Oglanlar, dükana girip çykýançam, planýoryma göz-gulak bolup bermersiňizmi? — diýip, Žorik sorady.
Bu sözler aýrylmaz dostlaryň gulagyna saz bolup eşidildi. Žorik, çyndanam, planýory olaryň doly garamagyna goýup gidäýjekmikä? Bu örän ajaýyp. Ženka buýsançdan ýaňa uçaýjak bolýardy.
— Oňam bir gürrüňi bormy! Bizden arkaýyn bol. Üstünden siňegem uçmaz. Lýohaň-a janpenalyk gursagyna guýlan. Lýoha, hany, güýjüňi görkez! — diýip, Ženka dostunyň bykynyna dürtdi.
— Bor-da, türgenler. Güýç ulanmak gerek bolmaz diýip umyt edýärin. Men basym gelerin — diýip, Žorik ýylgyrdy we planýory oturgyçda goýdy.
— Howlukma! Biz muny garaçynymyz bilen gorarys — diýip, Ženka tassyklady.
Žorik gitdi we iki dost amanat zady garaçynlary bilen goramaga başladylar, emma Ženka basym munuň aňsat iş däldigine göz ýetirdi, çünki planýory kimden gorajaklaryny bilenokdy. Bu bolsa göz öňünde tutulmadyk bir meseledi. Siz pikir edip görüň ahyry, hut Žorigiň planýoryny garawullaýarlar, emma bu barada hiç kim bilenok! Ýöne has geň galdyrýan ýeri — Lýoha arkaýyndy, planýory gowy ýa erbet garawullaýandyklary onuň piňine-de däl ýalydy.
— Näme seredip otyrsyň? Bize seretmek däl-de, garawullamak tabşyryldy! — diýip, Ženka içini dökdi.
— Nämeden garawullajak? Žorik gelýänçä, ýanynda otursak bolýar.
— Haý! Beýdib-ä bar kişem gorap bilýär. Bu asla goragam däl!
— Näme üçin?
— Aý, üçini şol. Garawullanýan zady hökman birinden garawullamaly. Hiç kime gyzykly däl zada garawul nämä gerek. Düşündiňmi?
— Hüm… — diýip, Lýoha hümledi.
Oglanlar ýene birki minut oturdylar.
— Wah, wagtymyzy biderek geçirýäs-dä — diýip, Ženka zeýrendi — Basym Žorigem geler.
Emma onuň bagty çüwdi. Onuň goňşy jaýdan Maýkanyň çykanyna gözi düşdi. Maýka synpdaky iň ýaňraja gyzlaryň biridi. Ol ýany bilen kiçijik, çekgeleri pökgüje, gara gözli, azajyk özüne-de meňzeýän oglan jigisini alyp barýardy. Elbetde, planýory oglanjyklardan goramak has gyzyklydyram welin, ýöne bu wagt Ženkanyň başga alajy ýokdy.
Ol:
— Häzir Maýkadan garawullarys! — diýdi.
— Ýok, ol oglan jigisini çagalar bagyna eltip barýar — diýip, Lýoha delilli jogap berdi.
Ženka gynanyp, dostunyň mamladygyna göz ýetirdi. Dostlaryna «barmysyňyzam» diýmän, Maýka öz ýoly bilen barýardy. Emma Ženka näme etjekdigini bilýärdi.
— Nämedir bir zadyň bolaryna garaşyp oturman, baryp, ol zady özüň alaýmaly. Şonda Maýka häziriň özünde, ylgapjyk bärik geler! — diýip, ol sesiniň ýetdiginden batly gygyrdy:
— E-eý! Maýka! Salam!
Maýka:
— Salam — diýdi we hatda olara tarap garamadam.
«Bolan bolşuny!» diýip, Ženka içini gepletdi. Indi onuň üçin Maýkanyň ünsüni çekmek hasam wajyplaşdy.
— Aýlaň-çaýlaň edýärmiň? — diýip, Ženka gyzjagazyň yzyndan gygyrdy.
— Hawa, näme?
— Ýok-la, aýlanyber, ýöne bilip goý, bärik gelmek gadagandyr.
Maýka saklandy.
— O näme üçin?
— Şonuň üçin — diýip, Ženka düşündirdi, Maýka, azajyk düşnükliräk bolar ýaly, ýene gaýtalady. — Bolanokmy, diýmek, bolanok!
Beýle gowy «düşündirişden» soňra, Ženkanyň tüýs meýil edýän zady boldy. Maýka göni dostlara tarap ýöredi we ýany bilen körpe, iki aýagyny ýere diräp garşy çykýan jigisinem alyp gaýtdy.
— A maňa bäri ýaraýan bolsa näme? — diýip, gyzjagaz ýüzlendi.
— Gelme, kime diýýän! — Ženka Maýkany saklajak bolup kän jan edenokdy.
— Häzir, häzir — diýip, Maýka ýaňsylady. — Bu howlyny siz satyn almadyňyz!
— Satyn-a almadyk, ýöne goraýan zadymyz weli bar. — Ženka bu sözleri wajyp äheňde, gursagyny çişirip aýtdy. Bildirmänjik planýory Maýkanyň nazary düşäýjek ýere süýşürdi.
— Näme, näme? — diýip, Maýka jogap berdi. Soňra doňup galdy, onuň nazary şol «goralýan zada» düşdi we geň galmakdan ýaňa gözleri tegelendi.
— Waý, munuň gowujadygyny! Waneçka, seret, uçarjyk! — Gyzjagaz uçaryň ýanyna has ýakyn gelmek üçin ädimlerini batlandyrdy. Planýory gören oglan jigisi hem indi oňa garşylyk görkezenokdy.
— Dogry, dogry, örän ajaýyp uçar. Eliň bilen ellemek bolanokdyr — diýip, Ženka duýdurdy. — Ýogsa-da, siz, gowusy, gidiň. Bärde her hili adam bar. Žorik bolsa bize hiç kimi planýoryň golaýyna getirmeli däl diýip tabşyrdy. Ol diňe bize ynanýar. Şonuň üçinem, hany, ýöre.
—Gödek diýsäni! — diýip, Maýka öýkeledi.
— Waý, Lýoha, sakla meni, men çaşýan! Gyzjagaz maňa akyl öwredýär! Adyň nämedi? Maýkamy ýa balakmy?
— Wah, sen… Sen… — diýip, Maýka boldugyndan gödegräk söz tapjak bolýardy, — Senem Ženka-maýmynka!
— Goýsana, olar ýaly haýwan ýok!
— Oňa derek sen ýaly gödek oglanjyklar bar! — Maýka-da bergili galmady.
Garaz, garawulçylyk tüýs ýerine düşdi! Örän tolgundyryjy boldy! Ženka bilen Maýka öz garaýyşlary barada jedelleşip durkalar, körpeje eliniň goýberilendigini, özüniň indi azatdygyny duýdy. Azatlyk berlende bolsa, gursagyňy dolduryp dem almaly ahyry. Körpeje-de edil şeýtdi. Ol planýoriň ýanyna baragada, ony eline aldy.
— Eý, körpe ony eline aldy — diýip, şunça wagt geplemän duran Lýoha dil açdy we Ženkanyň ünsüni çekdi. Ženka jedel bilen şeýle başagaý bolup, daş-töweregindäki wakalara ünsem bermändir.
— Kimi eline aldy? — diýip, Ženka özüni wajyp işden bölýändikleri üçin gaharly sorady.
— Planýory — diýip, Lýoha jogap berdi.
Ženka körpejäniň hoşal bolup, täze oýunjagyny gujaklap durandygyny gördi.
— Onda näme üçin dymyp dursuň?!
— Men dymamok.
Ýüzbe-ýüz gürleşmegiň has netijeli boljagyna düşünen Ženka, mümkin boldugyça, haýbatly äheňde körpejä ýüzlendi.
— Uçary ýerinde goý. Ony almak bolanok.
Emma körpeje bu aýdylan bilen razylaşmady. Oýunjagyny ondan almakçy bolýandyklaryna düşünen çagajyk uçara hasam berk ýapyşdy.
— Sen näme üçin çagajyga göz-gulak bolmadyň? — diýip, Ženka ýene Maýka ýüzlendi.
— Gowusy, siz öz planýoryňyza göz-gulak bolmaly ekeniňiz-dä! — Maýka jogap gaýtardy we jigisini köşeşdirmäge başlady. — Waneçka, sen akyllyj-a? Goýaý uçary.
Waneçka planýory gujaklap durşuna, ony şirin söze satyn alyp bolmaýanyny görkezdi.
Bir netijeli çözgüt kabul etmelidi.
Ženka:
— Lýoha, men häzir onuň ellerini açaryn, sen bolsa şobada planýory al — diýip buýruk berdi.
Aýdyldy — bes. Ženka körpejä ýapyşdy, Lýoha bolsa ― planýora. Körpeje aglamak bilen boldy. Maýka-da ala-goh bolup: «Häziriň özünde ony goýber!» diýip gygyrýardy. Ol jigisini «halas etmäge» howlukdy. Bar zat garym-gatym boldy. Az wagtyň dowamynda eýýäm kimiň kime ýapyşanyny hem-de kimiň kimi nirä çekýänini biler ýaly bolmady. Edil şol pursadam tyrkyldy eşidildi…
Haçan-da, Žorik gelende, eýýäm garawullar ýaly hiç zat ýokdy. Has dogrusy, planýordan galan-gaçan bölejikleri garawullamasaňam bolýardy. Žorigiň gözi uçaryň şaýlaryna düşdi. Ženka bilen Lýoha bolsa Žorigiň gaharly sypatyna seredip, haýal etmän, şobada bir ýerik ýitirim bolmak isleýändiklerine düşündiler.
Hiç zadyň anygyna ýetmän, Žorik günäkäriň almytyny aljakdygyny aýtdy. Günäkär Lýoha bolup çykdy. Sebäbi ol Ženkadan haýal ylgaýardy.
Biraz wagtdan soňra dostlar jaýlaryň arkasyndaky gizlin ýerde demini dürsediler. Lýoha, maňlaýy gögermez ýaly, oňa teňňe goýup oturdy.
— Häzir çişerem — diýip, ol keýpsiz hümürdedi.
— Çiş — bu hiç! Maňa adalatsyzlyk agyr düşýär — diýip, Ženka alaçsyz aýtdy.
— Hmm… — diýip, Lýoha kellesini ýaýkady. Ženka bolsa dowam etdi:
— Bar zat Maýkadan boldy ahyry! Men oňa adam dili bilen düşündirdim: «Gelme» diýdim. Ol bolsa, üstesine, Waneçkanam alyp geldi. Onuň bolsa piňine-de däl. Ynha, näme agyr we gynançly!
Lýoha bolsa, maňlaýyndaky çişi sypalap durşuna: «Gowusy, maňa-da adalatsyzlyk agyr düşäýmelidi» diýip pikirlendi. Ol ony çekip-çydamaga taýyndy.
Nobatçylyk
Täze okuw ýylynyň başynda Lýoha we Ženkanyň synpyna täzelik girizildi. Indi olar her dersi öz ýöriteleşen synpynda okamalydylar, arakesmelerde bolsa ol synpdan bu synpa tarap alňasamaly boljakdylar. Käbirleri täze düzgüni rahat hasaplamanam bilerler, emma Ženka bu göçüp-gonuşly durmuşyň oňa «peýda» getirip biljekdigi babatda hiç şübhelenmedi. Iň gowy ýeri bolsa, haçan-da, sapaga gijä galyp geleniňde, seniň eýýäm bahanaň taýyn: «Bagyşlaň, synpy tapjak bolup azaşdym» diýäýmeli. Üstesine-de, her synpda gyzykly zatjagazlar örän köpdi.
Çarşenbe güni Ženka bilen Lýohanyň nobatçylyk etmeli günüdi. Ženka bu işi halaýar-a diýip bolmaz, emma hut şu çarşenbä ol sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Sebäbi olarda birinji sapak biologiýady, Ženka bolsa öňden bäri biologiýa synpyny dörmek isleýärdi. Himiýa synpyny hasaba almasaň, biologiýa synpy iň gyzyklysydy. Onuň içinde hemme zat bardy: balyjakly akwarium, homýakly kapasa, hatda plastmassadan ýasalan hakyky sklet.
Ýokarda agzalanlardan başga-da, biologiýa synpy ýene bir ajaýyp mümkinçilik açýardy. Ženka eýýäm iki hepdeden bäri Sinitsynany halaýardy, emma gyzyň diňe gulpagyndan çekip, elinden portfelini alyp gaçmakdan başga gürleşere maý ýokdy. Ženka ýene-de şowlulyk gujagyny açdy. Ol Sinitsynanyň homýaklary naharlasynyň gelýändigini bilýärdi, şeýlelikde, Ženka arada oňa ýöriteläp, biologiýa synpynda nobatçy goýandyklary barada aýtdy.
— Gelseň, saňa synpa girmäge rugsat beräýerin — diýip, Ženka jomartlyk etdi — Ýöne ýanyň bilen başga hiç kimi getiräýmegin.
Ženka mekdebe entek Günem dogmanka gelip, hiç ýere sowulman, göni mugallymlaryň otagyna açar almaga alňasady.
Nobatçy bolmaly güni Ženka aljyraýardy. Gelermikä ýa gelmezmikä? Şu gyzjagazlardan nämä garaşsaň garaşybermeli. Gapy açyldy, emma Ženka gynansa-da, synpa Lýoha girdi.
— Maňa näme üçin garaşmadyň? Men seniň öýüňe bardym welin, ejeň: «Ol eýýäm okuwda» diýdi.
Ženkanyň bu soraga jogap beresi gelmänsoň, ol ýeserlik bilen gürrüňi başga ýana sowdy.
— Seret, bärde üçburçluk näme işleýärkä? Ol matematika synpyndan-a. Bäh, muň uludygyny. Kelläňem sygar!
— Sygmaz — diýip, Lýoha ylalaşmady.
Edil şol wagt gapy açyldy we Sinitsyna girdi.
— Salam, oglanlar! Näme işleýärsiňiz? — diýip, ol sorady.
— Ynha, bir jedelli meseläň üstünden bardyk. Kelläň üçburçlugyň içine sygarmy ýa-da ýok? — diýip, Ženka düşündirdi.
Sinitsyna üçburçluga gowuja seretdi we şeýle diýdi:
— Ýok, gulaklaryň sygmaz.
— Menem şeý diýdim, ol ― kiçi — diýip, Lýoha tassyklady we Sinitsyna bilen garaýyşlarynyň deňdigine begendi.
Indi Ženka öz diýenini subut etmek hasam wajyp boldy. Ol Sinitsyna kimiň mamladygyny görkezmelidi.
— Gel jedel edeli, sygar! Kim utulsa, «Makdonaldsa» äkitmeli!
— Puly nireden aljak? — diýip, Sinitsyna ýylgyrdy.
— Ol meň aladam. Hany, boluň-da! — Ženka üçburçlugy Lýohanyň eline tutdurdy.
— Puluňy nirä sowjagyňy bilmeýän bolsaň, bor-da. — Lýoha üçburçlugy aldy-da, hiç hili höwessiz onuň deşiginden kellesini geçirjek boldy.
Garaşylyşy ýaly, üçburçluk örän kiçi geldi, emma şowsuzlyk Ženkany ynamdan düşürmedi. Onda jedelkeşiň höwesi döredi, onuň sebäbem Sinitsynady. Lýoha bilen ýeke özleri bolan bolsadylar, ýene ýagşy, ýöne Sinitsynanyň gözüniň öňünde utulmak!..
Ženka:
— Sen bilgeşleýin haýal-ýagallyk edýärsiň. Çynyň bilen et! — diýdi-de, Lýoha üçburçlugy kellesine geýmäge kömekleşdi.
— Akylyň ýerindemi?! Gulagymy goparýaň ahyry!
Edil şol pursat Ženkanyň buýsanyp biljek zady boldy. Lýohanyň kellesi, gulaklaryna zyýan ýetmän, deşikden typyp geçdi. Ženkanyň begenjiniň çägi ýokdy.
— Aýtdym-a! — diýip, ol ýeňijiniň nazary bilen Sinitsyna seretdi.
— Ýöne men «Makdonaldsa» äkitjek diýen däldirin — diýip, Lýoha ýatlatdy.
Ýatlatmagyň zerurlygy ýok. Ženka utulana utulandygyny ýatladyp durýan adamlardan däl. Jedelde özüniň ýeňendigini bilmegem oňa ýeterlikdi. Onsoňam Sinitsyna-da Ženkanyň geçirimlidigini biler ýaly, ol şeýle diýdi:
— Äkidem diýemok.
Hiç kimi «Makdonaldsa» äkitmeli däldigini bilen Lýoha üçburçlugy kellesinden çykarmaga başlady. Ýöne nämedir bir zat ters gidýän ýaly. Ol üçburçlugy eýdibem, beýdibem towlap gördi, emma bary biderek.
— Näme towlanyp dursuň? — diýip, Ženka sorady.
— Çykarmaga kömek et, meniň gulaklarym syganok — diýip, Lýoha arz etdi.
— Ýene şu seniň meşhur gulaklaryň-da! — diýip, Ženka güldi. — Girip bilen bolsa, bir zat edip yzyna-da çykar. Bu logikanyň kanuny.
Tiz wagtyň içinde Lýoha her bir kanunyň kadadan çykmasynyň bardygyny öz tejribesinde subut etdi. Hawa, ähli kada-kanunlar boýunça kellesi deşikden geçäýmelidi, ýöne gulaklary syganokdy. Basym sapagam başlanmalydy. Daşardan gijä galmany halamaýanlaryň hem-de daň bilen okuwa gelýänleriň aýak sesleri we güwwüldisi eşidildi.
— Häzir okuwçylar geler — diýip, Sinitsyna aladalandy.
— Häzirlikçe gapyny gulplalyň — diýip, Ženka teklip etdi.
Ol gapyny gulplansoň, dostuny «halas etmäge» howlukdy. Bu üçlük agyr meseläni bar güýçlerini bir ýere jemläp çözjek bolýardylar.
— Wäk, agyrýar! — Saçlary bulam-bujar bolan Lýoha dostlarynyň kömeginden gaçjak bolýardy.
— Azajyk çyda, häzir çykararys. Girende-de, kynlyk bilen giripdi. Burnuňy näme uzaldýaň?! Aýyr! — diýip, Ženka buýruk berdi.
— Nirä aýraýyn? — Lýohanyň haýpy gelýärdi.
Ženka bar güýjüni jemläp, üçburçlugy çekdi.
— Beýtme! Gulagym! Wäk! — Lýohanyň sesi gursagyndan çykýardy.
— Oglanlar, ýuwaş boluň. — Sinitsyna olary köşeşdirjek bolýardy.
Gapy kakyldy we mugallymyň gaharly sesi eşidildi:
— Siz aňyrda näme işleýärsiňiz? Häziriň özünde gapyny açyň!
Ýagdaý çynlakaýlaşdy. Hemişeki bolşy ýaly, gyssagly bir zat oýlap tapmaly bolanda, Ženkanyň kellesine çözgütli pikir gelýärdi. Ol häzirki ýagdaýy bahalandyrdy-da, şeýle diýdi:
— Yşgaba gir.
Lýoha diwara direnip duran şkafyň gapysyny açyp, içine seretdi. Ýokarky tekjelerde reňkli tablisalar we görkezme esbaplar durdy, aşaky tekjelerde bolsa süpürgiçli bedre we sübse ýerleşdirilipdir. Edere başga alaç ýokdy. Taisiýa Iwanownanyň öňünden bu görnüşde çykyp bolmaz ahyry. Lýoha uludan demini aldy we şkafa girdi.
— Alada etme. Mugallym giden badyna, biz seni çykararys — diýip, Ženka dostuny köşeşdirjek boldy.
— Birden gitmese näme? — diýip, Lýoha aljyrap sorady.
— Gorkma. Elbetde, gider.
Gorkudan ýaňa ýüzi ak-tam bolan Sinitsyna, gapynyň ýanynda aljyrap durşuna oglanlara ýüzlendi:
— Bir zatlar ediň ahyry.
Ženka Lýoha igençli garady.
— Erkek bol, Lýoha. Sen sebäpli gyzjagazy direktoryň ýanyna äkidenlerini isleýän dälsiň-ä?
Lýoha Sinitsynanyň direktoryňka äkidilmegini islänokdy. Ýöne ondanam beter, ol ýere özüniň düşesi gelenokdy. Ol aýgytly çözgüt kabul etdi. Şkafa girensoň, onuň bar arzuwy biologiýa mugallymynyň, hemme zadyň gülala-güllükdigine göz ýetirip, basymrak gitmegidi.
Ženka gapyny açdy. Taisiýa Iwanownanyň synpa girişinden onuň çaltjak gitmek meýlinde ýokdugy bildirýärdi.
— Siz gapyny näme üçin gulpladyňyz? — diýip, mugallym haýbatly sorady.
Ženka Sinitsynanyň asla aldap bilmeýändigini bilýärdi. Ol ýalňyşyp, dogrusyny aýdaýsa, işleri gaýdar. Özünde bar bolan ähli şirin sözleri jemläp, Ženka mugallymyň gözlerine ynamly bakdy:
— Biz homýaklary naharladyk. Ýöne Sinitsynanyň dahylly ýeri ýok. Ol homýaklary naharlamagyň tarapdary däldi. Ol: «Beýtmäli, Taisiýa Iwanowna rugsat berenok» diýdi. Men bolsa: «Naharlaly, naharlaly» diýip, ony gününe goýmadym. Şeýlelik bilen, Sinitsyna günäkär däl, mugallym. Diňe meni jezalandyryň.
Ol öz jezasyny çekmäge taýýar halda, şeýle bir gynançly edip kellesini aşak egdi welin, mugallym oglanjygyň akýürekliligine göz ýetirdi. Mugallym ýylgyrdy we başyny atdy.
— Bolýa, ýaş ýigit, birinji gezeklikçe bagyşlaýaryn. Ýöne indi beýtmäň. Olara köp nahar bermek bolanok, beýle ýagdaýda siz diňe zyýan edersiňiz.
Lýoha şkafda özüniň bu ýerden haçan çykaryljagyna garaşyp, düşnüksiz sesleriň güwwüldisini diňläp otyrdy. Synp kem-kemden okuwçylardan doldy. Sapak başlap gelýärdi. Lýoha bolsa dostunyň kellesine ony «halas etmek» barada bir gowy pikiriň geljekdigine ynanýardy. Şol wagtam jaň kakyldy. Indi garaşyp bolmaz. Lýoha çykmak üçin gapyny itekledi, emma şkafyň gapysy gulpludy. Indi tussag özüniň nähili gorkunç ýagdaýdadygyna doly düşündi. Indi tutuş sapak gutarýança, onuň şkafda oturyp garaşmakdan başga çäresi ýokdy.
Şkafyň gulpunda kiçijik deşik bardy. Ony daşky durmuş bilen baglaýan bujagaz deşik örän kiçidi, emma öz bagtyna, Lýoha deşikden birinji partada oturan Ženkany we Sinitsynany görüp bilýärdi. Olary görüp bilýänliginiň hiç hili peýdasy ýokdy, emma näme-de bolsa, azajyk umyt berýärdi.
Taisiýa Iwanowna gatnaşygy barlap başlady.
— Potapow näme üçin gelmedi? — diýip, ol sorady.
Lýohanyň ýüregi agyryp gitdi. Ol ömründe ilkinji gezek örän sapakda oturasy gelýärdi. Ol Ženkanyň sesini eşitdi.
— Ol lukmana görünmäge gitdi. Gulaklary agyrýar.
Lýohanyň gulaklary, hakykatdanam, agyrýardy, ýöne barybir, ol Taisiýa Iwanownanyň indiki aýdan sözlerini eşitdi:
— Men ony şu gün gördümmikäm diýýärin. Ondan sapak soramakçy bolýanymy duýup ýaramadymyka?
Taisiýa Iwanownanyň özünden tema sorajakdygyny eşidende bolsa, Lýohanyň sapaga gatnaşmak islegi iki esse azaldy.
(Dowamy bar).
Rus dilinden terjime eden Aýsenem NURYÝEWA,
Türkmen döwlet Maliýe institutynyň talyby
