Potapow, tagta çyk! 2 (Powest)

Tamara KRÝUKOWA,
rus ýazyjysy
(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda).
Näme bolsa-da, synp žurnalynda ikilige derek «gm» durany ýagşy. Indi Lýoha özüniň öwerlik däl ýagdaýy bilen ylalaşmak azajygym bolsa ýeňil düşdi. Ol oňaýlyja oturyp, garaşmaga başlady.
Sapak tamamlanmajak ýalydy. Lýoha yşgapda dört eplenip otyrdy, aýaklary gurşup, boýny gatapdy. Ol azajyk dyzyny ýazmakçy bolup gerinende, kellesi ýokarky tekjä degdi. Tekjäniň nurbatlary örän gowşapdy. Lýoha seresaplylyk bilen yza süýşmekçi bolanda, nurbatlar ýerinden sypyp, onuň egnine gaçdy. Bagtyna, o diýen uly goh turmady. Ženka yşgapdan gelen sesi eşidip, haýal etmän munuň alajyny tapdy. Ol kitaplaryny ýere zyňdy-da, Taisiýa Iwanownanyň arkasyndan okuwçylara tarap seredip:
— Bagyşlaň, mugallym! Bilgeşleýin etmedim — diýdi.
Bu sözleri jogapsyz goýan mugallym ümsüm başyny ýaýkap, tagtada çekip oturan çyzgysyny dowam etdi. Mugallym öňüne bakan badyna, Ženka yşgaba tarap haýbatly seretdi. Lýohanyň kellesi niredekä!
Lýoha bolsa nädip ýykylman durmak barada oýlanýardy. Ol indi ozalkysy ýaly hezil edip oturanokdy, gadymy atlantlar ýaly, eginleri bilen gaçjak bolýan tekjäni saklaýardy. Ahyry ol ýadap ugrady, sapagyň soňuna çenli şeýdip durmagyň mümkin däldigine onuň özem düşündi. Tiz wagtdan yşgabyň içinden ala-goh eşidildi.
Beýle gohy bildirmezlik üçin azyndan onlarça kitaby ýere zyňmalydy. Taisiýa Iwanownanyň gahary geldi. Ol:
— Bu nämäň gohy? Sinitsyna, hany, bar, yşgaby aç! — diýip gygyrdy.
Sinitsina gorkudan ýaňa titreýän aýaklarynyň üstüne galyp, yşgaba tarap ýöneldi-de, gapysyny açdy. Onuň içinde gören zady gyzjagazyň aňynda mydamalyk galypdy — onuň öňüňde skelet durdy.
— Munuň… gulagy gaçypdyr — diýip, Sinitsyna kem-kemden huşuny ýitirip ugrady.
Haçan-da, Sinitsyna özüne gelende, ol ýalňyş gapyny açandygyna göz ýetirdi. Az wagtdan soň Ženka ähli zadyň şowly gutarandygyny, onuň hiç ýerine zeper ýetmändigini gürrüň berdi.
Şowlulyk barada Ženka mamlady. Eger-de Lýoha goňşy yşgapdaky skelediň ýanynda oturan bolsa nähili bolardy?
Emma, gynansakda, direktoryň synpynda şowlulyk Lýohany terk etdi. Ženka dostuny köşeşdirmekçi bolýardy.
— Üns berme, Lýoha. Her bir ýaramazlyk ahyry tamamlanýar. Elbetde, biologiýa mugallymyň indi bizi synpyna salmajakdygy gynançly ýagdaý, ýöne bu hiç. Men indiki hepde himiýa synpyny arassalamaga ýazyldym.
Täze döwrüň adamsy
Ýowuz günler gelip ýetdi, indi Lýoha kitabyň başyndan galman oturýardy. Bar zat Lýohanyň kakasy ene-atalar ýygnagyndan gaharlanyp gelen gününden başlandy. Ol:
— Gowy okap bilmeýän bolsaň, köpräk oka! Men ýygnakda oturmaga utanýan — diýdi.
— Ynha, Ženka zybrym bäşlikçi! Sen bolsa diňe daşarda ylgamany oňarýaň — diýip, Lýohanyň ejesi hem ylalaşdy.
Dogrusy, ilkibaşda, Lýoha bu sözleri göwnüne almady. Ol her bir ene-atalar ýygnagyndan soň bolşy ýaly, ejesidir kakasy oňa azajyk sögüp goýarlar diýip pikir etdi. Lýohanyň okaýşyna «kanagatlanarly» diýip boljakdy: çärýeginde ýekeje-de ikilik ýokdy, barysy gara der bilen gazanylan arassa üçlüklerdi, bedenterbiýeden bolsa, hatda bäşligem bardy. Emma hemme zat beýle aňsat däl eken. Diňe öý işlerini doly berjaý edip bolandan soň, daşaryk çykjakdygyna Lýoha kakasyna söz bermeli boldy. Şol sebäpli Lýoha kitaplarynyň başynda gijäniň ýaryna çenli oturmaly bolýardy. Göwnüne, oňa öň hiç wagt beýle köp ýumuş berilmedik ýalydy.
«Zyýany ýok. Şu ýerde arassa howasyz saralyp-solup giderin welin, şonda düşünerler… emma giç bolar» diýip, biçäre Lýoha içini gepledýärdi. Aram-aram aýnanyň ýanyna gelip, «nätdikä?» diýip ýüzüni barlaýardy. Ýöne, gynansakda, gülgüne ýaňaklarda hiç hili yşarat ýokdy.
Lýohanyň täze durmuşynyň ilkinji gününde onuň ýanyna Ženka geldi.
— Gaýrat et, Lýoha, bir çäre taparys — diýip, ol dostuny köşeşdirdi.
Lýoha hiç çäre tapyp bolmajakdygyny bilýärdi, şeýle-de bolsa, dostunyň goldawyny eşitmek derdiňi ýeňledýärdi. Ženka gidende Lýoha özüne ýer tapanokdy. Altynjy gün — şuňa meňzeş durmuşyň, hatda iň kuwwatly adamam dyzyna çökerip biljegine Lýohanyň gözi ýetende Ženka geldi.
Ol:
— Nädýäň, okaýaňmy? — diýip, kürsüde gaýşarylyp oturdy.
— Hawa, käbirileri ýaly ondan-oňa aýlanyp ýöremok — diýip, Lýoha günäkär äheňde jogap berdi.
— Kim aýlanyp ýör, menmi? Biler bolsaň, men ähli güýjümi seniň üçin harçlaýan. Ynha, ýörite makala tapdym. Bärde seniň şu wagtlar hiç kime gerekmejek zatlar bilen meşgullanýandygyň barada ýazylan.
Ženka elindäki haýsydyr bir žurnaldan ýyrtylan sahypalary silkdi.
— Taryhy okaýanlygym üçinmi? — diýip, Lýoha öňünde açyk duran taryh kitaba seretdi.
— Nämäniň taryhy? Bu ýerde «seniň kitaplaryň başynda oturanyňdan hiç hili derek ýok, diňe zyýany bar» diýlip ylmy taýdan subut edilipdir! — diýip, Ženka janykdy.
— Şonsuzam diňe zyýanyň bardygyny bilmän duramok. Men bolsa, hakykatdanam, peýdaly zat aýdarsyň öýtdüm. Açyş bolaýşyny — diýip, Lýoha gynanyp uludan demini aldy.
— Bu açyş! Çalt okamagyň usuly. Meselem, adam näçe çalt okasa, şonça-da okan zadynyň ýadynda galýandygyny bilýäňmi?
— Galanda näme?
— Näme-näme? Bu tüýs saňa degişli ahyryn! Eger-de, sen sapaklaryňa çaltrak taýýarlanan bolsadyň, okuwda-da bäşlik alardyň. Sen öz haýal-ýagallygyň pidasy bolupsyň, düşündiňmi?
Ženkanyň mamladygy hakykat. Ol öýe berilýän ýumuşlarynyň başynda bary-ýogy ýarym sagat oturýar, mekdepde bolsa ähli sapaklaryndan bäşlik alýar. Haýal-ýagallygyň pidasy bolmak, ýaltalygyň pidasy bolmakdan agyr düşjek. Lýoha muňa basym düşündi.
— Men nädip öý işlerimi çaltrak edeýin? Seret, nähili köp ýumuş berýärler!
— Sabyrly bol. Men hemme zat barada oýlandym. Şu günden başlap, biz senden täze döwrüň adamsyny ýasarys. Ultrarapid — diýip, Ženka aýtdy.
— Näme-näme? — Lýoha düşünmedi.
— Güýçli tizlik diýmek. Bir aýdan zybrym bäşlikçi bolarsyň.
— Çyndanam? — Lýoha ynanmazçylyk edip, žurnalyň sahypalaryna seretdi.
— Hawa. Basym özüňem şaýat bolarsyň. Düzgün-tertip boýunça taýýarlyga başlaly. Bärde hemme zat ýazylan.
— Birden başarmasam näme?
— Alada etme, esasy zat başlamak. Kitaby eliňe alda, birinji düzgüni ýadyňda sakla — diýip, Ženka okap ugrady: — «Sözlemler näçe kyn bolsa-da, hökman bir gezek okalmaly».
— Näme üçin? — diýip, Lýoha gyzyklandy.
— Tizlik üçin. Şeýlelikde, berlen sapaklary ikinji gezek okasyň gelse-de, gaýrat et-de okama. Bolmasa bar zat puç bolar.
Bu düzgün bilen Lýoha gaty basym ylalaşdy, sebäbi özüni bileni bäri hiç wagt geçilen sapagy gaýtalap okap görmändi.
— Ana, sen bolsa gorkduň. Aýdýan-a, başararsyň diýip. Sen ökdeje oglanjyk — diýip, Ženka Lýohany öwdi.
Birinji ýeňiş Lýohany ganatlandyrdy. Emma ikinji düzgünde näsazlyk ýüze çykdy. Görüp otursak, tutuş sahypany aşakdan ýokarlygyna okamaly ekeni. Ženkanyň düşündirişinden soň, Lýoha sahypanyň ortasyna seredip, aşaklygyna okamaga başlady, ýöne başarmady.
— Men setiriň başynam, soňunam görmesem, nädip okaýyn? — Lýoha muňa akyl ýetirip bilmedi.
— Gapdaldan görmeklik saňa näme üçin berlen? — diýip, Ženka sorady.
— Nähili gapdaldan görmeklik?
— Örän ýönekeý zat. Şu oturyşyňa otur we hiç ýere öwrülme. Men şu wagt näme edýän, aýt, hany? — diýip, Ženka gyra süýşüp, ellerini galgatmaga başlady.
— Elleriňi galgadýaň.
— Ellerimi galgadýanymy nireden bilýäň, sen maňa tarap seredeňog-a? — Ženka Lýoha mekirlik bilen seretdi we dowam etdi: — Sahypalar bilenem edil şonuň ýaly çemeleş. Sen görmeýändirin öýdüp pikir edýäň, emma bar zady görýäň, ýöne gapdaldan görmeklik bilen.
— Peýdasy näme? Barybir, okap bilemok, hiç zada düşünemok — diýip, Lýoha eginlerini gysdy.
— Sebäbi maglumat kodlanan görnüşde göni seniň beýniňe barýar. Žurnalda şeý diýip ýazylan. Sen häzir hiç zada düşüneňok, emma wagty gelende düşünersiň — diýip, Ženka wajyp äheňde aýtdy.
Haçan-da, Lýoha okuwyň tertip boýunça barýandygyna göz ýetirende, azajyk köşeşdi. Şeýle-de bolsa, şübhesi ony erkine goýanokdy.
— Birden bu kodlanan maglumat soň ýadyma düşmese näme?
— Edil aňtawçylar ýaly, ätiýaçdan teksti gözleriň bilen surata-da alaý — diýip, Ženka teklip etdi. — Ünsüňi jemle-de, bir minut seredip dur, men bolsa wagt tutaýyn.
— Minut diýen bolýaň. Men onsuzam näçe wagt bäri seredip otyryn. — Lýoha ynanmazçylyk edýärdi.
— Mundan ozal üns bilen seredeňokdyň. Indi bolsa dykgat bilen seret! Bol hany, wagt tutýan!
Lýoha gözjagazyny bäş köpük ýaly edip, kitabyň sahypasyna seretmäge başlady.
— Surata aldyňmy? — diýip, Ženka bir minut geçenden soň sorady.
— O diýen däl öýdýän.
— Zyýany ýok. Bu bir pursatlyk huş ýitirmeklik. Ol barada žurnalda ýazylypdyr. Esasy zat, alada etme. Çykgynsyz ýagdaýda bar maglumat öz-özünden kynçylyksyz ýagdaýda seniň ýadyňda peýda bolar — diýip, Ženka söz berdi.
— Şeýle pikir edýäňmi? — Lýoha ýene-de ynanmazçylyk etdi.
— Men şeýle pikir edemok. Öňdebaryjy ylym şeýle pikir edýär. Hemme zat adamzadyň bähbidi üçin — diýip, Ženka buýsanç bilen žurnalyň sahypalaryny gysdy.
Şol günden başlap Lýoha ilkinji gezek ylmyň ösmeginiň öz bähbidinedigine göz ýetirdi. Indi ol sapaklarynyň başyndan galman oturanokdy. Kitabyň gatyna aşakdan ýokarlygyna ýekeje gezek göz aýlany we ätiýaçlyk üçin gözleri bilen surata düşüreni ýeterlikdi, agşam bolsa ejesidir kakasyna sapaklaryna doly taýýarlanyp bolandygyny aýdýardy. Tutuş iki hepdeläp ýagdaý şunuň ýaly dowam etdi, Lýoha ylmyň berýän mümkinçiliginden lezzet alýardy. Emma bir gün çykgynsyz ýagdaýa düşdi oturyberdi.
Haçan-da, taryh sapagynda öz familiýasyny eşidende, Lýoha öňki endigine görä alada edip başlady, ýöne Ženka oňa ynamly bakyp kellesini egende, Lýoha ruhlandy. Ol haýallyk bilen partanyň başyndan turdy-da, öý işini ýadyna düşürjek bolup, ýuwaşlyk bilen tagta tarap ýöredi. Ýöne ol nädeňde-de ýadyna ýekeje zadyňam düşmeýänine örän tiz göz ýetirdi.
— Näme dymyp dursuň, Potapow? — diýip, Nina Petrowna sorady.
— Ünsüni jemlejek bolýar, mugallym — diýip, Ženka oturan ýerinden dostunyň arkasyny aldy.
Lýoha minnetdarlyk bilen dostuna seretdi. Ol bolsa oturan ýerinden yşarat edip: «Bol! Bol!» diýýärdi. Ýöne bolara näme bar? Lýoha aýdara zat bolsa, uly höwes bilen aýtjak. Emma geçilen sapak hiç hili ýadyna düşenokdy. Bu ýagdaýda örän köp durjakdygyna göz ýetiren Lýoha içinden: «Bu gaty çykgynsyz ýagdaý, gaty çykgynsyz ýagdaý» diýip gaýtalap başlady. Ýöne peýdasy degmedi.
— Şeýle, şeýle. Diýmek, sapaga taýýar däl-dä? — diýip, Nina Petrowna sorady.
Lýoha näme-de bolsa bir zat aýtmagyň gelendigine düşünip, örän sussupeslik bilen şeýle diýdi:
— Men ýat tutupdym, mugallym!
Nina Petrowna:
— Ýeri, bolýar, aýt, rus-türk urşunda Russiýanyň goşunyna kim serkerdelik etdi? — diýip sorady.
Lýohanyň ýady ýitelen ýaly boldy. Onuň gözleriniň öňüne kitapdaky surat geldi. Suratda köp ordenli bir admiralyň şekili bardy. Lýoha sahypanyň ýokarky çep tarapynda duran şol suraty şeýle bir aýdyň göz öňüne getirdi welin, ol kitaby elinde tutup duran ýaly boldy. Ýöne näçe jan etse-de, suratyň aşagynda ýazylan hat hiç ýadyna düşmedi. Ol hat Lýohanyň kellesinde şeýle bir garjaşyk görünýärdi welin, hiç okar ýaly däldi.
Lýoha Ženka seredip, gorkuly gözlerini petretdi. Ženka onda bir näsazlygyň bardygyna düşünip, dostuny halas etmek maksady bilen oňa elleri bilen gulaklaryny görkezdi.
Lýohanyň ýüzi açyldy. Indi şol admiralyň familiýasynyň gulaklar bilen baglanyşyklydygy ýadyna düşdi. Lýoha öňden bäri kitapdaky suratyň gulaklaryny galam bilen ulaltmak isläp ýördi, emma ultrarapid bolany bäri sapaklarynyň başynda köp wagtlap oturmaga eli degenokdy.
Lýoha çekinmän, gulaklar bilen bagly ilkinji kellesine gelen familiýany aýtdy:
— Admiral Uşinskiý!
— Kim, kim? — diýip, Nina Petrowna gaýtadan sorady welin, Lýoha jogabyň ýalňyşdygyna şobada düşündi. Ol gynançly nazaryny ýene-de Ženka tarap dikdi. Ol bolsa öz gezeginde gulaklaryny şeýle bir jan bilen elleýärdi welin, ony gören adam «goparmakçy bolýarmyka?» diýip pikir etjekdi.
— Per Bezuhow! — diýip, Lýoha gaýtadan synanyşdy.
Ine, tomaşa-da şu ýerden başlandy! Synpdakylaryň gülmekden ýaňa içleri gyryldy. Edil komediýa görýän ýaly, hemme kişi hahahaýlaşýardy. Iň gynançly ýerem, gülýän synpdaşlarynyň arasynda Ženka-da bardy.
Elbetde, Per Bezuhowy «Uruş we parahatçylyk» kinosynda görendigi, onuň diňe bir admiral dälde, hatda hiç hili uruşda söweşmändigi Lýohanyň ýadyna düşdi. Emma indi giçdi.
Ýerine geçip oturandan soň, Lýoha kitabyny açdy. Sahypanyň ýokarky çep tarapyndan oňa tarap şol admiral garap durdy, suratyň aşagynda bolsa düşnüklije edilip: «F.F.Uşakow» diýlip ýazylandy.
Şunluk bilen, Lýohanyň derdi tamamlanmady. Ol edebiýat sapagynda aýdyp bermeli goşgusynyň diňe birinji setirini ýadyna saldy, rus dili dersinde bolsa aýdyp bermeli kesgitlemesiniň diňe daşky çarçuwasyny göz öňüne getirip bildi.
Öýe gaýdyşyn, Ženka dostuny köşeşdirmäge synanyşýardy:
— Bar zat — entek ýeterlik türgenleşmedigiňde. Şu ulgam boýunça ýene birki hepdejik türgenleş, onsoň bar zady gerekli wagtynda ýatlarsyň.
Ýöne gürrüň edilýän ulgam boýunça Lýoha türgenleşmäge rugsat bermediler. Indi her gün işden soň, Lýohanyň kakasy diňe: «Sapaklaryňa taýýarmy?» diýen sorag bilen çäklenmän, eýsem, oturyp, ýekänme-ýekän öý işlerini barlamaga başlady. Bu örän içgysdyryjy ýagdaýdy. Ýene azajyk gaýrat eden bolsadylar, onda Lýohadan täze döwrüň adamsy çykjakdy.
Şöhrat
Aýal maşgalalar şeýle bir durnuksyz bolýar.
Ženka munuň hakykatdygyny öz tejribesinde gördi. Soňky döwürler halap ýören Lena Sinitsyna atly gyzjagaz indi Ženka seretmesini goýdy. Ilkibada Ženka muňa kän bir üns bermedi, ol ozalky tärlerini ulanyp, çeýnelen kagyz zyňsa-da, onuň örülen saçyndan çekse-de, Sinitsyna kellesine kitap bilen urup goýbermek ýa-da başga görnüşde jogap bermegiň ýerine, barmagyny çekgesinde towlap:
— Sen samsyk, Moskwiçow. Seniň akylyň diňe şunuň ýaly bolgusyzlyklara ýetýär. Gowusy, iller ýaly bir peýdaly iş bilen meşgullan — diýdi.
Şu sözlerden soň Ženka özüne bäsdeş tapylandygyny aňdy. Lenka soňky döwürler ýöne ýere Wadik Gruzdew barada ýaňrap oturanokdy. «Wadik şeýle bir zehinli, ol konserwatoriýa okuwa girer»… Ženka nämäň nämedigine düşünen badyna, bu ýaş zehini jyny alman ugrady. «Bolduň meň başyma çişik danasumak…» diýip, Ženka gaharly içini gepledýärdi. Ýöne Sinitsyna üçin haýsydyr bir adam wajyp däl-de, onuň şöhraty wajypdy.
Günortanlyk nahary edinip otyrka Ženka radiony açdy. Aşhananyň içi ýakymly fortepianonyň sesinden doldy. «Öýde-de dynçlyk ýok» diýip, Ženka gaharly pikir etdi-de, radiony öçürmek bilen boldy. Edil şol pursadam ol äpişgeden Sinitsynanyň eli nota depderli saz mekdebine barýandygyny gördi.
Şunlukda, oňa ýekeje çykalga galdy — şöhrat gazanyp, meşhur bolmaklyk. Ženkanyň hyýaly dünýäsi öz işine başlady. Onuň hyýallarynda Lenkanyň Ženka derek Wadigi saýlandygyna ökünişi, ötünç soraýşy, Ženka bolsa oňa, hatda seretmän geçip gidişi göz öňüne geldi. Ol öz hyýalynda Sinitsynanyň tüýs ýürekden ötünç soraýşyny şeýle bir aýdyň gördi welin, bu waka eýýäm bolan ýalydy. Emma Ženka özüniň nädip şöhrat gazanmalydygy barada pikirlenende, hyýallara baý kellesi doňan ýaly boldy.
Şeýdip çözmesi aňsat bolmadyk meseläniň üstünde oturan Ženkanyň gözleri ýaňy-ýakynda kakasy bilen kompýuter sergisinden getirilen birnäçe mahabatlandyrmalara hem-de žurnallara düşdi. Ženka ol ýerde kim näme berse alyp gaýdypdy. Haýsy žurnalyň näme baradadygy, haýsy mahabatyň näme baradadygy bilen gyzyklanman, «öýde aýyl-saýyl ederin» diýip, berlenje zatlaryň baryny alypdy. Häzir şolary gözden geçirmegiň wagty gelipdi. Ženka sahypada surat ýok bolsa kän saklanman, birnäçe žurnaly barlap çykdy. Ýene bir suratsyz žurnaly gözden geçirip, Ženka onam gapdala süýşürip goýberjekdi welin, onuň ünsüni bir makalanyň aşagynda ýazylan at çekdi: Ýewgeniý Moskwiçow.
«Görsene muny, atdaş eken» diýip, Ženka ýylgyrdy hem-de şol wagtyň özünde-de oglanjygyň kellesine bir pikir geldi. Al saňa şöhrat! Ženka ilkibaşda makalanyň mazmunyna, manysyna azajygam bolsa düşünmäge çalyşdy, emma basym bu beýle bir wajyp däl diýdi-de, synanyşygyny bes etdi. Ol düşünmedik bolsa, synpdakylaram düşünesi ýok.
«Hany indi, Sinitsyna, göreli bakaly! Sen meniň kompýuter işiniň danasydygyny bileniňde nähili bolarkaň?» diýip, Ženka ruhubelent halda pikir etdi. Ol bu barada näçe köp pikir etse, şonça-da öz keşbine girýärdi. Soňabaka Ženka žurnaldaky makalanyň hakyky awtorynyň hut özüdigine hem ynandy.
Ertesi Ženka mekdebe örän wajyp şahsyýet hökmünde girip, ýerine geçip oturdy. Onuň gözleriniň öňünde: «Meni çek!» diýýän ýaly, Sinitsynanyň örülen saçjagazlary ýaýkanyp durdy. Ýöne Ženka çydady, özüne ünsi çekmek maksady bilen uludan demini aldy, emma Lenka üns bermedi.
— Bäh! — diýip, Ženka bir zatlaryň pikirini edýän ýaly pyşyrdady.
— Nämeler samraýaň? — diýip, Sinitsyna yzyna öwrülip sorady.
— Sen düşünmersiň-le… — diýip, Ženka kellesini ýaýkady.
— Dogry aýdýaň, saňa düşünerden biz entek daş — diýdi-de, Lenka ýylgyrdy.
— Hak aýdýaň, bu ortaça adamlar üçin däl. Men täze antiwirus programmasyny oýlap tapjak bolýaryn — diýip, Ženka gaşyny çytyp jogap berdi. — Bu saňa pianinoda oýnamak däl.
— Bolduň meň başyma programmaçy! Seň programmaň kime gerek? — diýip, Lenka ynanmazçylyk etdi.
— Kime geregi bilen işiň bolmasyn. Maňa žurnal üçin sargyt geldi.
— Boş gürrüň — diýip, Lenka aýtdy.
— Hakyky zehinler daş ýarýar — diýip, Ženka atalar sözüni gaýtalady.
— Moskwiçow, seniň kelläň ýerindemi?
— Danalyk — bu däliligiň bir görnüşi. — Ol aýtgylar bilen gürlemegini dowam etdi.
— Saňa bir zada bolupdyr — diýip, Lenka başyny atdy.
Uly arakesmede, hemme okuwçylar naharhana giden wagty, Ženka torbasyndan žurnaly çykardy we sahypalaryna seretmäge durdy.
— Ol žurnalmy? Gowudygyny! Näme barada? — Ženkanyň gapdalyndan ylgap geçip barýan Petuhow žurnalyň açyk, özüne çekiji daşyny görüp saklandy.
Ženka entek agzynam açyp ýetişmänkä, Sinitsyna onuň deregine jogap berdi:
— Aýnan bolýar-laý.
— Bill Geýts barada-da, megerem, şeýle pikir eden bolsalar gerek.
— Ol kim? Gitaristmi? — Petuhow düşünmän sorady.
— Şonam bileňokmy, Petuhow! Bill Geýts — IBM-yň düýbüni tutujy — diýip, Ženka özüniň bu maglumaty bilýändigine göwni ýetip jogap berdi.
— Dogry. Ynha, biziň Moskwiçowymyzam kompýuter işiniň danasy.
Şol pursat Lenkanyň nazary Ženkanyň partasynda açyk duran žurnalyň makalasyna düşdi. Haçan-da, Lenka makalanyň aşagynda Ženkanyň adyny hem-de familiýasyny görende, gözlerine ynanmady.
— Bu asyl çyn eken-ow — diýip, ol pyşyrdady.
Ženka indi şöhratly zamanyň başlaýandygyna begendi we pespällik bilen eginlerini gysdy.
Şol wagt gürrüňe Maýka goşuldy. Synpda ol gyzjagazy ýerli habar beriş serişdesi hökmünde tanaýardylar. Makalanyň aşagynda ýazylan tanyş ady okap, ol hem aňt-taňk boldy, emma tiz wagtdan özüne gelip, tutuş synp eşider ýaly batly sesi bilen:
— Çagalar, serediň! Moskwiçow žurnala çykypdyr! — diýip gygyrdy.
Naharhana gidip ýetişmedik ähli kişi şol pursadyň özünde makalanyň aşagyndaky ady okamaga durdular. Ýazylan makalada iň düşnükli ýer diňe şoldy.
— Geliň, muny Nikolaý Aleksandrowiçe görkezeliň! — diýip, Maýka teklip etdi.
Ženka şöhratyň erbet tarapa ýazyp ugranyna düşündi. Onuň informatika mugallymy bilen asla duşuşmak islegi ýokdy.
— Aýdýanyň näme? Meniň adym gizlinlikde saklanmaly! — diýip, ol kellesine gelen ilkinji zady aýdyp goýberdi.
— O nähili gizlinlikde? — Sinitsyna geň görmekden ýaňa agzyny açdy.
— Örän ýönekeý. Men barada hiç kim bilmeli däl. Meni yzarlaýarlar. Men diňe size syrymy açdym.
— Kim seni yzarlaýar? — diýip, Maýka-da sorady.
— Kim bolsun. Daşary ýurtlaryň içalylary.
— Waý, aldamasana! Sen olaryň nämesine gerek. Olar seniň ýaly hünärmenleri satyn alanoklar — diýip, Petuhow ynanmazçylyk etdi.
— Men satylamok — diýip, Ženka buýsanç bilen aýtdy-da, gynanç bilen dowam etdi: — Ine, şol sebäpdenem syrymy açsaňyz işim gaýdar.
Aýdylan duýduryşa garamazdan, Ženkanyň kompýuter bilermendigi hakyndaky täzelik şeýle bir çalt ýaýrady welin, kompýuter işiniň danasy bolmaklygyň çak edişinden aňsat däldigine düşündi. Çagalar indi oňa sorag baryny berýärdi. Ženka bolsa işi başyndan agdyk adam ýaly aladaly keşbe girip, olara ilki bilen nazaryýet kitaplaryndan başlamalydygyny maslahat berýärdi. Ýöne beýle ýagdaýda köp saklanyp bilmejegine ol düşündi.
Bar zat örän tiz bolup geçdi. Günlerde bir gün Lena Sinitsyna Wadik Gruzgewiň teleýaýlymda görkezilýändigini aýtdy. Bu habar Ženka gaty agyr degdi. Teleýaýlymda çykyş etmeklik haýsydyr bir žurnalda ýazylan kiçijik makaladan beýik ahyryn. Ol şobada hemme kişiniň ýadyndan çykyp gider. Indi tereziniň şöhratlylyk ugry Wadigiň tarapyndady.
Ženka basym ýüzüni sallap, gynanmaga başlady, emma şowlulyk ýene-de oňa gülüp bakdy. Mekdepden gaty daş bolmadyk ýerde, teleýaýlymdan gelen adamlar jemgyýetçilik soraglaryny bermäge taýýarlanyp durdy. Arakesmede Ženka olaryň ýanyna baryp, özüniň bu soraglara jogap bermek isleginiň bardygyny aýtdy, emma žurnalist gyz Ženkanyň ýerli halk bilen öz pikirlerini paýlaşmak höwesini goldamady.
Synpa dolanyp gelen Ženka uludan demini aldy-da, şeýle diýdi:
— Gördüňizmi? Teleýaýlymçylar gelipdir. Olar muny nireden eşidip ýörkä? Maňa garaşýanlary çyn. Interwýu aljak bolýarlar.
— Onda näme bärde otyrsyň? — Lenka geň galdy.
— Onuň maňa geregi ýok — diýip, Ženka biparh gürledi. — Men şan-şöhratyň yzyndan ylgamok. Käbirileri ýaly, ýaňy klawişlara basyp öwrenen badyma teleýaýlyma ylgamok.
Şol wagt iň soňky sapagyň jaňy kakyldy. Kyrk bäş minutyň dowamynda Ženka özüniň žurnalistleriň «garawullap» durandygyny ýadyndan çykardy. Ol arkaýyn halda beýleki okuwçylar bilen bir hatarda mekdepden çykdy. Şol pursat teleýaýlymyň işgärleri işlerini dynyp, ýygnanyşyp başlan ekeni. Maýka ýagdaýa örän tiz düşündi hem-de görgüli žurnalistleriň hiç zatsyz gitjegine gynandy. Olar halk arasynda ýaşaýan gahrymany tanamaly ahyryn.
— Çagalar! Moskwiçowy kameraçylara tarap eltiň! Şondan şuňa gelip, biderek gitmesinler! — diýip, Maýka batly sesi bilen buýruk berdi.
Ilkibada Maýkanyň teklibi hiç kimi gyzyklandyrmady, şonda gyzjagaz şeýle diýdi:
— Belki, bizem telewizorda görkezerler.
Bu sözler çagalara gaty gowy täsir etdi.
— Dogrudanam! Täzeliklere düşesiň gelenokmy? — diýip, Ýurka Petuhowam gürrüňe goşuldy.
Ýagdaýyň çylşyrymlaşandygyna düşünen Ženka aljyrap, basym-basymdan gürledi:
— Ýok! Men hiç hili interwýu berjek däl!
— O näme diýdigiň boldy? — diýip, Petuhow barmagyny çekgesine ýetirip towlady. — Näme üçin ony diňleýäňiz? Gerekmi, diýmek, gerek!
Çagalar Ženkanyň gollaryndan berk tutup, ony kameralara tarap iteklediler. Pespäldigini düşündirjek bolýan Ženka eýdip-beýdip sypmakçy bolýardy, emma tutuş synpa garşy gitmek kyn düşýärdi. Tiz wagtdan ol eýýäm teleýaýlymçylaryň öňünde durdy. Maýka olara ýüzlenip, şeýle diýdi:
— Ynha, biz size Moskwiçowy getirdik!
— Kimi? — diýip, düşünmedik žurnalist gyz sorady.
— Ženka Moskwiçowy. Ol biziň synpymyzda okaýar, özem ylmy makalalary ýazýar. Ol azajyk çekinjeňräkdir — diýip, Lena Sinitsyna düşündirdi-de, gyssanyp torbasyndan Ženkanyň jomartlyk edip çekip beren golly žurnalyny çykardy.
Žurnaldaky makala tizlik bilen göz gezdiren žurnalist gyz Ženka geň galyp seretdi we bu barada gyzyklanyp başlady. Ženka indi garşylyk bildirip bolmajagyna düşünip, onuň soraglaryna jogap berip ugrady. Bagtyna, žurnalist gyz kompýuter tehnologiýasy barada beýle bir içgin soraglar bermedi. Ýewgeniý Moskwiçow hakyky alymlar ýaly, köp sözli däldi. Alnan interwýuny teleýaýlymyň täzelikler bölüminde goýjakdyklaryny aýtdylar. Hemme kişi şadyýandy, diňe günüň gahrymany örän ýadaw görünýärdi.
— Gizlin syryň üstüniň açylanyna gynanýaňmy? — diýip, Ženkanyň ýagdaýyna düşünen Sinitsyna sorady.
Onuň ýaldyraýan gözlerine sereden Ženka: «ýagdaýlar şeýle bir erbedem däl ýaly-la» diýip pikir etdi.
Aradan üç gün geçdi. Başda Ženka azajyk alada edýänem bolsa, basym şöhratyň keýpini görüp başlady. Ol adatdan daşary ýagdaýyň ýakynlanyny arakesme wagty synpa Nikolaý Aleksandrowiç gelende duýdy.
— Moskwiçow, programmalar bilen meşgullanýarsyň, derejeli žurnallara makala ýazýarsyň diýip eşitdim, bu çynmy? — diýip, ol sorady.
Ženka içinden ajaýyp günleriniň soňlandygyna düşündi. Eger-de gürrüň kompýuter programmalary barada gidäýse, onda onuň işi gaýtjakdy. «Özümi sesim gyrlan ýaly alyp baraýsammykam?» diýip, ol pikirlendi we mugallyma jogap hökmünde başyny atdy.
— Munuň gabat gelşini görsene! Meniňem bir dostum edil şol meseleleriň üstünde işleýär we makala ýazýar. Onuňam ady Ýewgeniý Olegowiç Moskwiçow.
Ženka şöhratyň ýokarky basgançagyndan palçyldap gorpa gaçdy. Bar kişi onuň üstünden gülýärdi. Oňa goýlan lakamlaryň bolsa yzy üzülenokdy: Kompýuterçi, Programmaçy…
Ženka ykbalyň taýýarlan ähli zadyny mertlerçe ýeňip geçýärdi. Her bir adamyň durmuşynda-da gara günler bar ahyryn, esasy zat — sussupes bolmaly däl diýip, ol karara geldi. Indi ol meşhur adamlaryň näme üçin žurnalistleri halamaýandyklaryna düşündi. Ýönekeý «interwýu» sözem oňa gaty ýigrenji bolup eşidildi. Žurnalistler onuň syryny açmadyk bolsalar, onuň ýene näçe gün saklanjakdygyny kim bilýär.
Bilgiç
Asmanda gün şöhle saçýardy. Günortanlygyny edinip, öý işlerini ýat tutup, Ženka Lýohany çagyrmaga bardy, emma ol entek taýýar däldi. Lýoha geýnip otyrka, Ženka edere iş tapman, gazetdäki bildirişleri okamaga oturdy.
— Bäh, gör-le muny! Palçydyr bilgiçler köpelip barýar. Sered-ä, şowlulyk üçin puluňa çüfläp berýärler! Saňa-da gerekmi? — diýip, ol ýyrşaryp dostundan sorady.
— Gowusy, matematikadan ikilik almazym ýaly, meniň özümi çüflesinler. Basym barlag işi, kakam işimi görer — diýip, Lýoha ädiklerini geýip otyrka, gynanç bilen ýatlady.
Şol pursat Ženkanyň kellesine bir pikir geldi. Onuň gursagy örän ajaýyp pikirleriň gelende bolşy ýaly, şatlykdyr höwesden doldy.
— Lýoha, sen durşuň bilen akyl! — diýip, Ženka begençli gygyrdy.
Lýoha gözüniň gytagy bilen dostuna seredip, içinden: «Bu meni oýnajak bolýarmyka?» diýip oýlandy. Oglanjyk özüni samsyk ýa-da kemakyl hasaplanokdy, ýöne edil akyldaram däldi. Ženka bolsa sözüni dowam etdi:
— Ikimiz bilgiç bolmaly!
Ýok, ýaňsylanok. Ol akylyndan azaşypdyr.
Lýoha:
— Iki-ýeke sada zada ynanyp ýören adamlar samsyk bolýar. Ýöne biziň ikimiziň bilgiçdigimize haýsy akmak ynansyn?
— Ikilik alasy gelmeýän akmak! Biz olary ikilik baha almazlary ýaly ederis! — Ženka öz pikirine, meýline örän ynanýardy.
— Sen nädip ony ikilik almaz ýaly etjek? Muny hiç ýerde öwrenmediň-ä?
— Akmaklar öwrenibersinler. Mende bolsa, Lýoha, tebigy ukyp bar. Men muny duýýan — diýip, Ženka jogap berdi. — Bize, esasy gerek zat — mahabat.
— Mahabaty nireden alaly? — diýip, Lýoha gyzyklandy.
— Eger şowuna düşse, daşardan — diýdi-de, Ženka syrly jogap berdi.
Daşaryk çykanlarynda, oglanlar çägede kiçi jigisini oýnadyp ýören Maýka Swiridowany gördüler. Maýka olar bilen bir synpda okaýardy we oňa çagalar: «Hemme kişi barada ähli zady bilýän, ýöreýän kitap» diýýärdiler.
— Aw ganly boldy. Ynha-da, biziň mahabatymyz — diýip, Ženka begenjinden ellerini gysyp ýylgyrdy.
Soňra gyzjagazyň ýanyna baryp sorady:
— Aýlaň-çaýlaň edýäňmi?
— Saňa näme? — diýip, Maýka gödegräk jogap berdi-de, Ženkany başdan-aýak synlap, öz işi bilen boldy.
— Sen näme maňa beýle seretdiň?
— Hiç hilem seretmedim — diýip, Maýka jogap berdi.
— Gürrüňden gaçjak bolma. Sen näme, eýýäm bar zatdan habarlymy? Kim aýtdy? — Ženka yzyny üzmän sorag berip ugrady.
— Kim näme aýtmaly? — diýip, Maýka azajyk gyzygyp başlady.
— Meniň bilgiçdigimi.
— Aldama. — Maýka ynanmady, emma onuň gözjagazlary bilesigelijilikden ýaňa kameranyň obýektiwi kimin tegelendi.
— Men aldaýanmy? — Ženka çyny bilen nägilelik bildirdi. — Meni akademiýada barlap gördüler. Lýoha, aýtsana! Meniň üçin şowlulygy çüflemek, az salymyň işi! Ikilikçimi — basym bäşlikçi bolarsyň. — Ženka wajyp zady dilinden sypdyrypdy, soňra ol badyny peseldip, dowam etdi: — Wah, dilimden sypdyraýdym-da. Bilýäňmi näme, bar zady ýadyňdan çykar-da, hiç kime hiç zat aýdaýma.
— Gör, sen nädip bäşlikçi bolupsyň! — Maýkanyň indi hiç zat hakda şübhesi ýokdy. Ol Ženkanyň aýdanlarynyň hemmesine ynandy.
Ženka eginlerini syrly ýagdaýda gysdy we şeýle diýdi:
— Bilýänligiň hakynda hiç kime hiç zat aýdaýma. Bolmasa «üfläp ber, çüfläp ber» diýşip ýürege düşerler.
— Alada etme, balyk ýaly lam-jim bolaryn — diýip, Swiridowa wada berdi.
Ženkanyň çak edişi ýaly boldy, Maýkanyň «balygy» örän gepçi bolup çykdy. Haçan-da, ertesi gün aýrylmaz dostlar synpa girenlerinde, birden bar kişi dymdy. Adaty adamlaryň meseleleri ony gyzyklandyrmaýandygy üçin Ženka özüne garaýan nazarlara üns bermän ýerine geçdi. Gürrüňi birinji bilen Lena Sinitsyna başlady:
— Ženka, seniň bilgiçligiň çynmy?
Ol edil ýaňy görýän ýaly, özüne seredip oturan synpdaşlaryna göz aýlap, çykgynsyz ýagdaýa düşen ýaly uludan demini aldy-da, şeýle diýdi:
— Şeýle boljagynam bilýärdim. Näme seredýärsiňiz? Bilgiç görmediňizmi?
Sinitsynany ynandyrmak beýle bir aňsat däldi.
— Aýnan bolma. Gowusy, aýt, sen Şmygy ikiliklerden azat edip bilermiň? — diýip, gyzjagaz sorady.
Kiçijik Şmygynow öz familiýasyna mynasypdygyny subut etmek üçin burnuny çekip:
— Näme üçin men? Başga adam ýokmy? — diýdi.
— Sebäbi sen synpymyzyň iň soňky ikilikçisi. Tutuş synpa iş bolýaň! — diýip, Sinitsyna jogap berdi.
Ženka wajypsyrap, Şmygynowa ellerini sypan boldy-da, şeýle diýdi:
— Ikilik almaz ýaly edib-ä bolar, ýöne onuň üçin maňa iki sany şokolad bermeli bolarsyňyz, ýöne «Snikers» ýada «Mars» däl-de, öz «Alýonkamyzy» alaýyň.
— Içer ýaly näme gerek? — diýip, Maýka gürrüňe goşuldy.
— Ýok, bilgiçler ýogalar ýaly kän iýip-içenoklar. Biziň öz işleýiş usulymyz bar — diýip, Ženka bilesigeliji gyzjagaza tarap gazaply bakdy.
Synpdaşlar Şmygynowyň bahalary barada uly alada edýärler. Olar jemlenişip, dostlaryny ikilikden azat etmek üçin gerek hemme zady getirdiler.
Sapaklar gutarandan soň, hemme kişi öýli-öýüne dargady. Diňe ýaşajyk bilgiç bilen onuň ynamdar kätibi okuwdan gaýtmaga howlukmady. Olar germewde oturyp, gamgyn halda şokolad iýýärdiler.
— Belki, goýbolsun ederis? — diýip, Lýoha aram-aram soraýardy.
— Alada etme. Hemme zat bolmalysy ýaly barýar — diýip, Ženka dostuny köşeşdirýärdi, emma özi-de azajyk alada edýärdi.
Ahyrsoňy, garawullap oturan gapylaryndan on birinji synpyň okuwçylary çykdy.
— Wagty geldi. Şu taýda otur. Men basym gelerin.
Ženka uludan demini aldy-da, öňe ylgady. Köp garaşmaly bolmady. Mekdepdäki iň batyr diýip tanalýan Konan çykdy. Onuň beden etleri şeýle bir çigin-çigin bolup durdy welin, ony görse Rembonyň özem geň galjakdy. Konan mekdebiň daşynda-da tanymaldy. Ondan ýarty etrap gorkýar diýsegem ýalnyşmarys. Bu sebäpsizem däldi. Pursadyň gelendigini duýup, Ženka Konana synpdaşlarynyň getiren zadyny uzatdy.
— Konan, bu saňa.
— Görä muny — diýip, Konan geň galdy. — Näme, kömek gerekmi?
— Hawa, bir synpdaşym bar…
— Gulagyndan çekmelimi? — diýip, ol gyzyklandy.
— Ýok, ýok. Sen oňa: «Bar, sapaklaryňy oka, bolmasa, seniň ýakaň meniň elimde» diýip bilmezmiň?
— Bar bolanymy?
— Hawa.
— Gürrüňi ýok.
Haçan-da, ol Şmygynowy äpet gollary bilen misli tozanjyk kimin ýerden galdyranda, oglanjyk ýer titräp başlandyr öýtdi. Ýöne onuň Konanyň elleridigine düşünende bolsa, ýer titrän bolsa gowy bolardy diýip pikir etdi.
— Eşidýäňmi, körpe, köçede köw-söw edip ýörme-de, öý işleriňi etmäge howluk.
Gorkudan ýaňa gözleri peträn Şmygynow endik boýunça burnuny çekip, başyny atdy. Konan bolsa ony goýberip, ýuwaşlyk bilen ýoluny dowam etdi.
Nämäň nämedigine düşünip ýetişmedik Şmygynowyň ýanyna Ženka şadyýan halda ylgap geldi-de:
— Düşündiň dälmi? Men saňa ikilik almaz ýaly jady etdim. Indi bolsa öýüňe git-de, okuwyň bilen bol.
— Munuň jady bolaýşyny. Bolduň meň başyma bilgiç! — diýip, Şmygynow gaharly gygyrdy.
— Ýagdaýyňa seret. Emma berk belle, ertir ikilik alsaň, meniň däl, Konanyň öňünde jogap bermeli bolarsyň.
Bu aýdylan sözler oglanjyga gaty erbet täsir etdi.
— Bolýa, oýun eden bolsak, bes edeli. Men bar günümi sapaga taýýarlanyp geçirip bilmen ahyryn! — Şmygynow dostunyň aýdanlaryna ynanasy gelmedi.
Ženka:
— Ikiliklerden azat bolmak — bu saňa oýun däl — diýdi.
— Men hemmelere seniň hiç hili bilgiç däldigiňi aýdaryn! — diýip, Şmygynow gygyrdy-da, nalaç burnuny çekdi.
— Muny birinji bilen Konana aýt.
Biçäre Şmyga özüniň duzaga düşendigine düşündi. Başyny aşak salyp, öýüne, sapaklaryny okamaga gitdi.
Walentina Petrowna Şmygynowy tagta çagyranda, hemmeleriň demi tutuldy. Şmygynow synpdaşlaryna göz aýlap, jezasy beýan edilen tussag ýaly uludan demini aldy-da, tagta çykdy. Ženkanyň oturan ýeriniň deňine ýetende, Ženka oňa şeýle diýip pyşyrdady:
— Ýadyňda sakla, saňa doga-jady edendirin.
Şmygynowyň gözüniň öňünde Konanyň äpet ýumrugy göründi we oglanjygyň şol pursat zehini açylan ýaly boldy. Ol pikirlerini jemläp, bir demde sapagyny aýdyp boldy. Onuň jogap berşini diňleýän Walentina Petrowna geň galmakdan ýaňa äýnegini aýyrdy. Haçan-da, ol jogap bermegini tamamlanda bolsa, şeýle diýdi:
— Şmygynow, bu gün sen meni örän geň galdyrdyň. Jan edip ýat tutanyň üçin saňa arassa dörtlük goýýaryn.
Özüni bileni bäri ýekeje gezek dörtlük alyp görmedik Şmyga mugallymyň aýdan sözlerine bir salym ynanman, gözlerini petredip dim-dik bolup durdy. Özüniň, hakykatdanam, dörtlük alandygyna düşünende bolsa, şatlykdan ýaňa ep-esli wagtlap nätjegini bilmedi. Arakesmede Şmygynowy hemmeler götergiledi.
— Bäh, bu üfläp-çüflemeklik saňa çyndanam täsir edipdir. Menem barlap göräýsemmikäm? — diýip, üçlükden gözi açylmaýan Sidorow sorady.
Şmygynow şobada synpdaşlaryna Ženkanyň nähili bilgiçdigini aýdasy geldi. Emma bir salymdan aňsatlyk bilen aldananyň ýeke özi bolanyny islemän, şeýle diýdi:
— Dogry aýdýaň, synanyşyp gör. — Soňra Konanyň göwresini göz öňüne getirip: — Täsiri gaty güýçlüdir — diýdi.
Tiz wagtdan pes bahalardan azat bolmak isleýänleriň sany örän artdy. Emma bilgiç günde bir adamdan köp kabul edip bilmeýändigini aýtdy. Ženka çyny bilen ellerini eýläk-beýläk oýnaşdyrdy-da, barmagy bilen kimi görkezse, şony sanawa goşmaga Lýoha rugsat berdi.
— Ženka, sen meni dörtlük almaz ýaly edip bilmezmiň? — diýip, Sinitsyna haýyş etdi.
— Ýok, meniň edýän jadym gyzjagazlara öte güýçli bolýar — diýip, Ženka kärine ökde hünärmen ýaly gürledi.
Haçan-da, oglanlaryň ýanyna haýyş boýunça daýaw Ýurka Petuhow gelende, Ženka başyny ýaýkap:
— Ýok, Petuhow, senden zat çykmaz — diýdi.
— Näme üçin? — Petuhow bu aýdylany gaty gördi.
— Seniň göwräň uly.
Horajyk Şmygynow gözügidijilik bilen daýaw Petuhowa seretdi we indiden başlap bedenterbiýä gatnamak kararyna geldi. Ol hem keşbini üýtgedesi gelýärdi. Ýöne beýleki synpdaşlarynyň azap edip sanawa goşulasy gelýänlerini synlap duran Şmyga, indi bar meselesiniň çözülendigine begenýärdi.
Sapaklaryndan soň öýüne gelen Şmygynow okuw torbasyny taşlap, daşaryk çykmakçy boldy. Ýöne telefonyň jaňy ony yzyna dolady:
— Şmyga, arkaýynlaşan dälsiň-ä? Ätiýaçdan ýatladaýyn diýdim: sen ikilik almaly däl.
Şmyganyň şatlygy dessine ýitirim boldy. Ol elindäki telefona ýigrenç bilen seretdi we ýerinde batly goýup, okuw stolunyň ýanyna bardy-da, sapaklaryna taýýarlanmaga başlady.
Wagtyň geçmegi bilen ýaş bilgiç baradaky gürrüňler goňşy synplara-da ýaýrady. Sapak başlamaka Walentina Petrowna Ženka dykkatly bakyp, şeýle diýdi:
— Moskwiçow, sen ikilik almazlar ýaly edip bilýänligiň çynmy?
Ženka ýerinden turdy we çekinjeňlik bilen eginlerini gysdy. Oňa derek Maýka jogap berdi:
— Çyn, çyn. Ol eýýäm Şmygynowam, Sidorowam, Tuwaýewanam ikilikden azat etdi. Soňky birnäçe gün bäri olaryň birinde-de ikilik ýok.
— Öz gözüm bilen görmedik bolsadym, hijem ynanmazdym — diýip, mugallym başyny atdy.
Indi Ženkanyň şan-şöhraty görlüp-eşidilmedik derejä ýetdi. Goňşy synplardanam müşderiler gelip başlady. Ikilikden azat edilenler Ženkany öwýärdi we onuň ulanýan usulynyň, hakykatdanam, ýaramlydygyny aýdýardylar. Emma bu usul barada giňişleýin aýtmaklaryny haýyş edenlerinde, olar edil agzyna suw alan ýaly dymýardy.
Kätibiň hukuk-borçlaryna öwrenişen Lýoha, ikilik alasy gelmeýänleriň sanaw boýunça gelmelidigini uly azap bilen berjaý edýärdi. Ženkanyň bilgiçliginiň ikinji hepdesi, sanawa adyny girizmekçi bolup duranlaryň içinde goh-galmagal artdy.
— Şu aýyň sanawa ýazylyşygy jemlendi — diýip, Lýoha olary köşeşdirdi.
Şol pursat onuň öňünde duran okuwçylar bir gyra süýşdi we orta äpet Konan geçdi.
— Men ýeňilliklerden peýdalanmak isleýärin. Bolarmy? — diýip, ol mylaýymlyk bilen aýtdy-da: — Bir oglanjyk ikilik almaz ýaly çüfleýär diýýärler. Ol maňa gyssagly gerek — diýdi.
Lýoha zordan aýak üstünde durdy. Haçan-da, Konanyň nazary Ženka düşende, ol gysgaça şeýle diýdi:
— Bu asyl senmiň?!
Öýe gaýdyşyn Ženka örän gaharly hem gamgyndy.
— Ýenjilmäniňe şükür et! — diýip, Lýoha dostuny köşeşdirjek bolýardy.
— Sen göz öňüňe getir ahyry, nähili bähbitli iş tamam boldy! — diýip, Ženka söze başlady. — Men özüm üçin işledimmi? Ýok, mekdep üçin! Seret, bary-ýogy on günüň içinde synpyň ýetişigini nähili ýokary galdyrdym!
— Hawa, ýöne ýenjilmäniňe şükür et — diýip, Lýoha Ženka bilen razylaşyp, başyny atdy.
Olar birsalym hiç zat gürlemän gitdiler. Soňra Ženka şeýle diýdi:
— Bu hiç, Lýoha. Bize näme, özlerine zyýan. Ýene-de bir zatlar oýlap taparys. Eger-de adama tebigy zehin berlen bolsa, bu zatlaryň gitjek ýeri ýok.
Zehiniň bahasy
— Dynç günümiziň işi gaýtdy.
Bu gynandyryjy sözleri Lýoha dosty bilen telefonda jaňlaşyp durka aýtdy.
— Näme boldy? — diýip, Ženka howsalaly sorady.
— Iwanowo şäherinden daýzam bilen gyzy gezmäge geldi. Muzeýlere aýlanjakmyşlar. Gyzy çeperçilik mekdebinde okaýar eken.
— Muňa seniň näme dahylyň bar?
— Ejem: «Senem git. Öýde boş oturanyňdan gowy bolar» diýdi. Göz öňüne bir getirip gör! Şeýle ajaýyp howada muzeýden muzeýe aýlanmaly! — diýip, Lýoha öz düşen halyna örän zeýrendi.
— Başga çäre ýok. Belki, sungat bilen azajyk tanşarsyň — diýip, Ženka ýaňsylady.
— Seniň gülkiň tutýar. Bu ýagdaýa özüň düşen bolsadyň… — diýip, Lýoha pyşyrdady. Şol pursat oglanjygyň kellesine pikir geldi: — Ženka, senem biziň bilen gitsene. Sergiden soň «Makdonaldsa» barmakçy bolýarys.
Dostunyň soňky sözleri Ženkanyň sungat bilen tanyşmak islegini iki esse artdyrdy. Ol ylalaşdy, emma bu sergi onuň durmuşynda täze sahypalary açjakdygy barada heniz pikir edenokdy.
Bir ýarym sagatlap Lýoha bilen Ženka seslerini çykarman sabyr etdiler. Lýohanyň daýzasydyr gyzynyň her çekilen suratyň ýanynda ýarym sagat wagtyny ýitirmeklik haçan ýüreklerine düşerkä diýip oglanjyklar pikir edýärdiler. Olaryň sabyr käsesi kem-kemden dolmaga başlady. Çekilen portretlerdir peýzažlardan ýaňa gözleri gamaşyp ugrady. Ilkibada oglanjyklar zaldan- zala geçenlerinde, kim birinji bolup müşderiler üçin niýetlenen kürsini eýelemek üçin ýaryşdylar. Emma tiz wagtdan bu zatlar olary ýadatdy.
Ženka indi dostunyň eden teklibi bilen ylalaşanyna ökünýärdi. Eger-de ol sergä gitmäge razylyk bermedik bolsa, uly gyzyklanma bilen nädip kitap okap oturyşyny ýa-da bagda welosiped bilen aýlanyşyny göz öňüne getirýärdi. Häzirki oturan ýerlerinde bolsa arkaýyn gürleşibem bolanokdy, zaldaky gök eşikli haýbatly daýzalar ümsümligiň tarapdarlarydy. Ženkanyň şeýle bir içi gysýardy welin, duýdansyz ýagdaýda ykbal oňa sowgat ugratdy oturyberdi.
Olar basgançaklardan ýokary galyp, häzirkizaman sungatynyň şekillendiriş zalyna geldiler. Ullakan göwrümli, ýaşyl reňkli, ortarasyndan ýogyn gara çyzyk çekilen eser olaryň ünsüni özüne çekdi. Bu owadan sungat «145-nji kompozisiýa» diýlip atlandyrylýardy.
Ženka başda hiç zada düşünmedi, soňra onda gyzyklanma duýgusy oýanyp, ahyry haýran galmadan ýaňa agzyny açdy:
— Muňa seretsene! Nähili manysyz zat!
— Men-ä gadymy eserleri has gowy görýärin. Ol ýerde bar zat janly ýaly şekillendirilipdir — diýip, dostunyň nämä haýran galýandygyna düşünmeýän Lýoha, öz pikirini aýtdy.
— Sen hiç zada düşüneňok! — diýip, Ženka jany ýangynly aýtdy. — Öz ogluny jezalandyryp duran Iwan Groznynyň eserini her bir muzeý satyn alyp biler. Emma şunuň ýaly manysyz suraty satmak üçin ullakan zehin gerek.
Bu aýdylanlar bilen ylalaşman boljak däldi. Lýoha çyny bilen seretse-de, çyrşalan zadyň nämesiniň üýtgeşikdigine, ony näme üçin bärden asanlaryna düşünip bilmedi.
Beýleki diwarlarda-da oglanjyklaryň pikirine görä, manysy çuň däl eserler asylgy durdy, hersi-de degişli sanlar bilen bellenilendi. Ženkanyň ünsüni galam bilen çekilen, garalama depder ýaly görünýän bir surat özüne çekdi.
— Nähili dereksizlik! — diýip, ol gygyrdy. — Beýleki suratlara nähili hem bolsa ýarty bedre reňk gidipdir. Bu näme? Galam bilen bir zatlar çyrşalypdyr. Menem edil şunuň ýaly bir zat çekip, çarçuwa salsam bir hasap bolýar. Kim beýdip akyllysyradyka?
Ženka awtoryň adyny okajak bolup, surata ýakynrak süýşdi:
— Pikasso!
Ženkanyň kellesine ýene bir ajaýyp pikir geldi. Ol edil şol pursat özüniň sungat üçin doglandygyna düşündi. Ol kellesini eýelän bu pikir barada şeýlebir düýpleýin pikirlenýärdi welin, hatda «Makdonaldsa» gitmekçi bolanynam unutdy.
Öýe gelenlerinde Ženka anyk netijä geldi: ol hökman suratkeş bolmaly. Eýýämden hyýalynda çeken suratlarynyň galereýada asylandygy, synpdaşlarynyň muzeýe aýlanyp, olary nähili geň galmak bilen synlaýandygy, Sinitsynanyň ötünç soramaga gelip: «Seniň zehiniňe ynanmadygymy bagyşla!» diýýänligi, Ženkanyň bolsa günä geçijilik bilen: «Sen maňa hiç haçan düşünmeýärdiň, emma men seni bagyşlaýaryn» diýýänligi peýda boldy.
Bu hyýallary durmuşa geçirmek üçin gerekli suratlary çekip, muzeýde ýerleşdiräýmek galýardy. Ženka bu kyn meseläniň çözgüdini tapjak bolup kän oturdy. Görüp otursa, suratkeş bolmak o diýen aňsat iş däl eken. Mundan başga, reňkleriň bahasam arzan däl.
Gerekli serişdeleriň barysyny satyn alandan soň, Ženka häzirki zaman suratkeşleri barada kitap aldy we iki gezek häzirki zaman sungatynyň muzeýine-de gidip geldi. Ženka iki hepdeläp dynç alman işledi. 39-njy kompozisiýa ýetip, portretler bölümine geçdi.
Lýoha dostuny daşaryk oýnamaga çagyrmaga gelen wagtlary, Ženkanyň her gezek täze eseriň üstünde işleýänini görýärdi. Ylham çeşmesi entek ussady terk edenokdy. Günleriň birinde Lýoha dostunyň öýüniň bosagasyndan ätledi welin, Ženka oňa täze çeken eserini görkezdi.
Kagyza çekilen surat bilen deňeşdireniňde maýmyn janawaram owadan görünjekdi. Onuň dörtburç kellesiniň dörtburç gulaklary bar. Iki gözüniň biri maňlaýynda, beýlekisi bolsa çekgesindedi. Gyşyk çekilen agzy bolsa, onuň gülýändigini ýa aglaýandygyny tapawutlandyrmak kyndy.
— Ýeri? — diýip, Ženka sorady-da, dessine dostunyň ýanyna žurnaly süýşürdi. — Pikassoňkyça barmy?
— Bar.
— Menem şeýle pikirde. Al, bu saňa sowgat. Otagyňdaky okuw stoluň üstünden asarsyň. Wagty geler, munuň bahasy gaty ýokary galar.
— Ýok, ýok, gerek däl — diýip, Lýoha sowgatdan ýüz öwürdi.
Ol muny hiç hili pula satyn aljak däldi, emma dosty çekinjeňlik edýändir öýdüp, şeýle diýdi:
— Al, al. Maňa kyn däl. Dostum bolanyň üçin berýärin.
Mugtjak zatdan ýüz öwrüp durmak gelşiksizdi. Lýoha o diýen gyzyklanmasa-da, dostundan sorady:
— Bu kimiň suraty?
— Baý-baý, tanamadyňmy? Bu sen ahyry!
— Men?!
— Hawa. Seret, gök köýnegiň üstünden gyzyl çyzygam geçýär.
— Seniň pikiriňçe, bu, hakykatdanam, maňa meňzeýärmi? — Lýoha bu soragyny berende, onuň sesi öýkeden ýaňa sandyrady.
— Gürrüň daşky meňzeşlik barada däl-de, suratkeşiň duýgulary hakda — diýip, Ženka düşündirjek boldy we dostunyň öňünde başga bir žurnaldaky suraty açyp, şeýle diýdi: — Seniň pikiriňçe, şu saçlaryny darap oturan aýal maşgala meňzeýärmi?
— Ýok.
— Onda menden näme isleýärsiň? Men surata alýançy däl-de, suratkeş. Tapawudyny duýjak bol. Biler bolsaň, men ähli synpdaşlarymyň suratyny çekdim. Gel, görkezeýin.
Beýleki synpdaşlaryny gören Lýoha özüniň gaty bir betnyşan däldigine düşündi.
— Bu ýüzi serhoşyňka meňzeýän ütülen towuk kim? — diýip, Lýoha sorady.
— Bu Petuhow ahyry! Meňzeş gerek? — Ženka begendi. — Sergide göräýseler-ä, gülüp heziller ederler.
— Haýsy sergide?
— Şahsy sergimde. Meni gös-göni Tretýakowka muzeýine almazlar. Şonuň üçinem başlangyç iş üçin şahsy sergimi gurnamaly.
— Nirede gurnajak bolýaň? — Lýoha dostundan sorady.
— Alada etme. Bar zat barada oýlandym. Ýykyljak bolýan iki gatly jaýy bilýäňmi?
Lýoha sessizje başyny atdy, Ženka bolsa dowam etdi:
— Ol ýerdäki adamlar bireýýäm göçdi, ýagny şu wagt jaý boş. Mümkinçiligi elden bermän, jaýy ýykmankalar ondan peýdalanmaly.
Mydama bolşy ýaly, Ženkanyň islegi Lýohany ruhlandyrdy. Şol günüň özünde oglanjyklar täze sergi geçiriljek «sungatlar galereýasyny» görmäge gitdiler we şahsy sergi üçin arassaçylyk işlerini geçdiler.
Soňky günlerini bolsa gapynyň daşynda gerekli sözleri ýazmaga sarp etdiler hem-de uly harplar bilen:
«HÄZIRKI ZAMAN SUNGATYNYŇ GALEREÝASY
ÝEWGENIÝ MOSKWIÇOWYŇ ŞAHSY SERGISI» diýip ýazdylar.
Ženka harplaryň ýanyndan çotgalaryňam suratyny çekdi. Ol örän owadan boldy. Ýaş suratkeşiň çeken ähli suratlary ýelim bilen ýelmenildi. Petuhowyň portretini asmakçy bolanlarynda, Lýoha dostuny saklap:
— Gowusy, muny aýyr — diýdi.
— Näme üçin? Meňzeş ahyry. Sen muny tanadyň-a.
— Birden Petuhowam özüni tanaýsa näme? Taýak iýersiň — diýip, Lýoha gaharly aýtdy.
— Sen düşüneňok, muny hökman görkezmeli, bu sungat ahyry! — diýip, Ženka garşy çykdy.
Lýoha bir zady anyk bilýärdi, haçan-da, Ženka öz diýenini tutup ugranda, onuň pikirini üýtgetjek gümanyň ýokdy. Şol sebäpdenem ol şeýle diýdi:
— Düşünýän. Ýöne, bilýäňmi näme, sen indi diňe tebigatyň we beýleki zatlaryň suratyny çek. Şony has gowy başarýaň. — Içinden bolsa: «Şol suratlaryň üçin-ä şapbat iýmersiň» diýip pikir etdi.
Ahyrsoňy, ähli işler tamamlandy. Çeken suratlaryna seredip, Ženka şeýle diýdi:
— Hemme zat kada boýunça barar ýaly, girişi tölegli etmeli.
— Goýsana! Şulary görmek üçin kimiň töläsi geler? — diýip, Lýoha garşy çykdy.
— Gerek adam tölär. Suratlaryň sergisi — bu seniň üçin oýunjak iş däl. Men giriş peteklerini kompýuterde çykararyn. Esasy zat — kadaly baha kesmeli. Petegiň bahasyny bir rubl edelimi ýa-da göni bäşi urup goýberelimi?
— Bäş etseň, urmasalar ýagşy. — Lýoha bu babatda, hakykatdanam, aladalanýardy.
— Arkaýyn bol! Men hemme zady meýilleşdirdim — diýip, Ženka hemişekisi ýaly aýtdy.
Ženka suratkeşler barada örän köp kitapdyr makalalary okap, şeýle netijä geldi: hakyky suratkeşi beýlekilerden tapawutlandyrýan zatlaryň biri — olar azajyk akylyndan azaşan. Munuň iň gowy mysaly — öz gulagyny kesen suratkeş. Gulagyny kesmedik bolsady, belki, ol hem beýle tanymal bolmazdy. Garaz, bu örän geň hem-de gaýtalanmajak zatdy. Ženka özüne ünsi çekmegiň başga ýollary barada oýlanmagyny dowam etdi.
Ol tutuş bir sagatlap bu mesele boýunça pikirlenip otyrka, gözi çagalar edebiýatynda çekilen, bokurdagynyň daşyna ýaglyk oralan suratkeşiň şekiline düşdi. Her tarapdan pikir eden Ženka bir karara geldi: bu tüýs gerek zat. Ýüň ýaglygy maýyň tüp yssysynda boýnuňa daňsaň, hökman ünsi özüňe çekäýmeli. Bu kesilen gulakdan has amatlydy.
Ženka tekjedäki gyş eşikleriniň arasyndan ejesiniň ören ak-gök çyzykly ýaglygyny çykardy-da, boýnuna orap, mekdebe gitdi. Howa örän yssydy. Köçedäki adamlar geň galyp Ženka seredýärdi. Bar zat bolmalysy ýaly barýardy.
Emma tiz wagtdan Ženka bu işiň aňsat bolmajagyna düşündi. Ýaglyk onuň ýüregine düşüp başlady. Boýny şeýle bir derläp gijeýärdi welin, ol şonda-da çydajak bolýardy we: «Gulagyny kesen adama-da aňsat düşen däldir, emma häzir ony tutuş dünýä tanaýar» diýip, öz-özüni köşeşdirjek bolýardy.
Ýaş zehin başyny dik tutup synpa girdi-de, özüne bakan nazarlary görmedik bolup, oturýan ýerine geçdi.
— Moskwiçow, näme ýaglyk dakynypsyň? — diýip, Sinitsyna sorady.
Ženka geň galýan ýaly edip, gaşlaryny galdyrdy, emma agzyny açyp ýetişmänkä, Petuhow gülüp:
— Bokurdagy üşeýändir — diýdi.
Ženka bu sözlere üns bermedi. Göýä, şu pursat ukudan oýanan ýaly bolup, şeýle diýdi:
— Hä? Siz näme barada?
— Ýaglyk barada, ony näme üçin dakyndyň? Sowuklamakdan gorkýaňmy? — diýip, Maýka düşündirdi.
— Hä… bumy? — Ženka bokurdagynda ýylan ýaly berk guşalan ýüň ýaglygyň bardygyna indi üns beren boldy. — Hakykatdanam, ýaglyk… Haçan dakyndymkam… Ünsem bermändirin.
Petuhow:
— Ýüzi hammamdan çykan ýaly çym-gyzyl welin, «ünsem bermändirin» diýen bolýar. Akylyňdan azaşan-a dälsiň? — diýdi.
— Oýun etmäňi goý — diýip, Sinitsyna başyny ýaýkady.
— Siz bu zatlara düşünmersiňiz. Munuň üçin başga dünýäniň adamsy bolmaly. — Ženka ýene-de syrly gürledi.
— Arşdan gelmelimi? — Maýka ýaňsylady.
— Muňa serediň, Aýdan gelipmiş, şol sebäpdenem näme edip, näme goýýanyny bilenok! — Petuhow içini tutup gülmäge başlady.
Sinitsyna hem gülküsini saklap bilmedi. Bu bolsa Ženkanyň näzik suratkeş ýüregine ýakmady.
— Petuhow, häzir gözüňi gögerderin! — diýip, oglanjyk gaharly aýtdy.
— Synanyşyp gör. — Petuhow hiç wagt güýjüni görkezmäge garşy bolanokdy.
Üstüne abanyp duran äpet Petuhowyň uruşmaga taýýardygyna düşünen Ženka, şeýle diýdi:
— Men seniň bilen urşup, özümi kiçeltmerin. Men saňa beýle lezzeti sowgat bermerin.
— Näme? — diýip, Petuhow aýdylanlara düşünmän sorady.
— Gorkdy — diýip, Şmygynow öz pikirini orta atdy.
Sinitsyna Şmygynowyň aýdanlaryna ýylgyrdy, bu ýylgyryş Ženkanyň sabyr käsesini doldurdy.
— Kim gorkdy?! Menmi? Siz kim bilen iş salyşýanyňyzy bilýärsiňizmi? Biler bolsaňyz, käbirleri gulaklaryndan pida bolýarlar! Sizem meniň gulak kesenimi isleýärsiňizmi? — diýip, Ženka çyny bilen aýtdy-da, şarfyny ýene bir gezek orap, batly ädimler bilen synpdan çykdy.
— Oňa näme bolýar-aý? — Petuhow barmagyny çekgesinde aýlap sorady.
— Suratkeş-dä — diýip, Lýoha gysgaça düşündirdi.
— Kim? Moskwiçowmy? Nähili suratkeşmiş? — diýip, Petuhow ýene-de gülmäge başlady, emma Ženkanyň dosty onuň tarapyny çaldy:
— Postmodernist, ana nähili.
— Goýsana! — Maýkada bu aýdylana ynanmady.
— Kesilen gulagyň bärde näme dahyly bar? — diýip, düşünmedik Sinitsyna gyzyklandy.
— Bir suratkeş bar, ady Iwan Gog, ol öz gulagyny kesipdir.
— Näme üçin?
— Tanymal bolmak üçin — diýip, Lýoha düşündirdi.
— Waý, birden Moskwiçowam gulagyny kesmekçi bolaýsa? — Sinitsyna çyny bilen alada etmäge başlady. — Edil dälirän ýaly, synpdan nähili gaharly çykyp gidenini görmediňizmi?
— Onuň aýdýan bar zady ýalan — diýip, Petuhow öz diýenini tutdy.
Synpda täzeden peýda bolan Ženka:
— Men ýalançymy? — diýip gygyrdy-da, hemme kişä bildirişini mälim etdi: — Şu gün sagat dörtde hemmeleri şahsy sergimiň açylyş dabarasyna çagyrýaryn.
Jaň kakyldy, şol sebäpli gep-gürrüňi soňa goýmaly boldy. Gatnaşygy barlap oturan Wera Iwanowna der basyp oturan «ýaş zehine» bakyp, şeýle diýdi:
— Moskwiçow, çykar şarfyňy, bu nä boluş?
— Ol suratkeş, mugallym — diýip, Ýurka oturan ýerinden gygyrdy.
— Suratkeşlik diýeniňde ýadyma düşdi, Petuhow, matematika synpynda seniň partaň üstüni kimiň çyzym-çyzym edenini bileňokmy? — Mugallym gaşyny çytyp sorady.
Mugallymyň gaharjaň nazarynyň astyna düşen Petuhowyň sungat barada gürlemek islegi şobada gaçdy. Synpdaşlarynyň ünsüniň başga zada sowlanyny bilip, Ženka, ahyrsoňy, şarfyny çykardy we özüniň «suratkeşdigini» başga usullar bilen bildirmek kararyna geldi.
Uzyn günläp Ženka özüni hakyky suratkeş ýaly alyp bardy: hemmelerden daşda saklandy, aram-aram bir wajyp zat barada pikirlenýän ýaly ýüzüni aşak saldy, uly arakesmede bolsa, hatda naharhana-da gitmedi. Emma bularyň barysy boş pidalar bolup çykdy. Hiç kim onuň ýokdugynam bilmedi.
— Ženka, seniň sergiň nirede geçýär? — diýip, Sinitsyna sapaklar gutarandan soň sorady.
— Ýykylmakçy bolýan iki gatly jaýda — diýip, Ženka jogap berdi.
— Men bolsa sergi çyndanam bolýandyr öýtdüm — diýip, Sinitsyna gynandy.
— Biler bolsaň, suratkeşleriň köpüsi birinji sergilerini üçeklerde we şuňa meňzeş ýerlerde gurnapdyrlar — diýip, Ženka aýtdy. — Giriş petegi töleglidir.
— Onda çyndanam sergi bolýar-da? — diýip, Maýka gyzyklandy.
— Siz näme, men oýun edýändirin öýdýäňizmi? — diýip, Ženka soraga sorag bilen jogap berdi.
— Petegiň bahasy näçeden? — diýip, Petuhow sorady.
Ženka agzyndan çykan indiki söze özi hem haýran galdy:
— On rubl.
— On rubly näme üçin aljak bolýaň? — diýip, Petuhow gyzyklandy.
— Hakyky suratkeşiň nähili bolýandygyny görersiňiz. — Ženka syrly jogap berdi we Lýoha bilen synpdan çykyp gitdi.
— Düşünmedim — diýip, Şmygynow gorkudan ýaňa gözlerini petredip sorady. — Ol, dogrudanam, gulagyny kesmekçi bolýarmyka?
Howa örän maýyl hem-de ýakymlydy, emma Ženka bilen Lýoha daşaryk çykanokdy. Olar basym durky täzelenmekçi bolan köne hem-de boş jaýyň ikinji gatynda otyrdylar. Gapynyň agzynda: «Häzirki zaman sungatynyň galereýasy…» diýlen ýazgy bardy.
— On rubl diýmek nädip diliňe geldi? Bärik hiç kim mugtam gelmez — diýip, Lýoha öz pikirini aýtdy. Ol: «Sungat halk üçin amatly bolmaly» diýen garaýyşdady.
Ženka ýalňyşyna özi hem gowy düşünýärdi, emma muny boýnuna alasy gelmäni sebäpli, şeýle diýdi:
— Başga alaç ýok. Adamlar hiç wagtam danalary kabul edenoklar.
Birden äpişgäniň ýanynda duran Lýohanyň başy aýlanyp, çep gözi çeken ýaly boldy. Ol:
— Adamlar — diýip gygyrdy.
— Näme?
— Adamlar gelýär. — Lýoha eli bilen bagy görkezdi.
Ženka derrew ýerinden turdy we geň galmakdan ýaňa gözlerini petretdi. «Galereýa» tarapdan ýigrimi töwerek adam gelýärdi. Sungat bilen tanyşmakçy bolýanlaryň arasynda diňe oglanjyklaryň synpdaşlary däl-de, eýsem, beýleki synpyň çagalary hem bardy.
— Hany, Lýoha, petekleri satyp başla, men bärlerini azajyk arassalaşdyraýyn. — Oglanlar ala-goh bolup aşak düşdüler.
Petekleriň barysy göz açyp-ýumasy salymda satyldy. Haçan-da, hemmeler jaýyň içine girende, Ženka myhmanlary ikinji gata tarap ýollady, ol ýerde serginiň esasy bölegi ýerleşýärdi. Ženka her bir çekilen eseri hezil edip, çyny bilen görkezýärdi we manysyny düşündirýärdi. Lýohany diňläp, Petuhowyň portretini aýyrandygyna örän gynanandygyny aýdyp, sergini «Dostluk» diýip atlandyrylan kompozisiýa bilen jemledi-de:
— Soňy — diýip, Ženka ýylgyrdy.
Hiç kim ýerinden gozganman, oňa seredýärdi. Myhmanlar nämedir bir zada garaşýardy. Ženka howsala düşüp ugrady, Lýoha bolsa bir zada göz ýetirdi: basym olaryň suwuna degerler.
— Soňy — diýip, Ženka ýene bir gezek sesini sandyradyp aýtdy.
— O nähili soňy? Gulak näme? — diýip, Petuhow ýatlatdy.
— Nähili gulak? — Ženka henizem özünden näme isleýändiklerine düşünenokdy.
— Nähili-dä? Sen edil Iwanmy, nämemi, garaz, şonuň edişi ýaly gulagymy kesjek diýipdiň.
— Wan Gog ýaly. — Ženka bu ýalňyşy özi düzetdi.
— Ana-ana, şol — diýip, Petuhow aýtdy.
— Men beý diýip söz bermedim — diýip, Ženka aýtdy.
— Aýtdym-a, gorkar diýip. — Şmygynow burnuny kanagatlanarly çekdi.
— Onda biz on rubly nämä üçin töledik? — diýip, Petuhow gygyrdy. — Hany, pullarymyzy yzyna ber.
Olar suratkeşiň we onuň kömekçisiniň daşyna aýlandylar. Ženka bolsa içinden Lýoha «Petuhowyň portretini aýyr» diýeni üçin sag bolsun aýtdy. Lýohanyň öňdengörüjilikli syýasaty meseläni uruşsyz çözmegi başartdy. Emma toplanan pullar bilen mydamalyk hoşlaşmaly boldy.
Ženka bilen Lýoha boşap galan galereýada ýeke özleri galdylar.
— Sen gowy sypdyň, meniň bolsa öz ýigrimi rublymam aldylar — diýip, Lýoha gaharlandy.
— Pul we sungat — bular bir-birine gabat gelmeýän zatlar — diýip, Ženka öz filosofiki pikirine nokat goýdy-da, iň soňky gezek «sungatyň galereýasyna» göz aýlap, bärden gitmek bilen boldy.
— Bu suratlar näme? — diýip, Lýoha dostunyň yzyndan gygyrdy.
Ženka jogap bermedi. Ol eýýäm beýik suratkeş bolmajakdygyna göz ýetiripdi. Sergilerde-de onuň suratlaryny däl-de, haýsydyr bir Wan Gogyň suratlaryny satarlar. Ýöne bir tarapdan, onuň gulaklary ýerindedi.
(Dowamy bar).
Rus dilinden terjime eden Aýsenem NURYÝEWA
