Plu­to­ni­ýa 5 (Ro­man)

Plu­to­ni­ýa 5 (Ro­man)

Wladimir Obruçew,
rus ýazyjysy

AWÇYNYŇ AWLANYLYŞY

Düşelgede Gromeko olara sabyrsyzlyk bilen garaşýan ekeni. Ol düşlegiň töweregine aýlanyp, ösümlik baryny ýygypdyr, irden urlan gazyň ýeleklerini ütüp, agşam nahary üçin atarypdyr.

Duýdansyz General ylgap geldi, onuň ýanynda ýoldaşy ýokdy. Itiň boýnuna inçejik ýüp bilen hat daňlypdyr. Onda Makşeýew şeýle ýazýardy:

«Men abyrsyz uly bir ýyrtyjy haýwany atdym. Ony süýräp çadyra eltmäge güýjüm ýetjek däl. Awlan awymy görmek üçin Semýon Semýonowiç gyssagly ýanyma gelse gowy boljak. General ýoly bilýär, onda-da bilip bolmaz, ýoly hatyň arka tarapyna hem ýazyp iberýärin».

Kagyzyň arka ýüzünde galam bilen çyzylyp, awçynyň geçen ýoly, giden ugry hem-de ýoluň uzaklygy ädim hasabynda görkezilipdir.

Az-kem dynç alanlaryndan soň Papoçkin bilen Gromeko Makşeýewiň gözlegine ugradylar. General olary ynamly öňe alyp barýardy, ýöne mahal-mahal ýolaýrytlarda ikigöwünli bolup saklanýardy. Şonuň ýaly pursatlarda syýahatçylar Makşeýewiň iberen hatynyň kömeginden peýdalanýardylar, onda çatryklaryň ählisi aýdyň görkezilgidi. Awçylar howlukmaç ýöräp, ýarym sagat geçip-geçmänkä öz ýoldaşlarynyň duran ýeriniň golaýyna bardylar. Şol pursat hem ol ýerden yzly-yzyna iki gezek atylan tüpeň sesi eşidildi. General güýçli üýrüp öňe okduryldy, awçylar hem Makşeýewiň üstüne howp abanandyr öýdüp, ädimini tizleşdirdiler.

Tiz wagtdan olar giň açyk meýdana geldiler, onuň ortasynda gyrymsy we uly agaçlardan emele gelen topbak tutup duran jeňňellik bardy. Onuň gapdalynda sarymtyk bir zat awçylaryň gözüne ildi, onuň üstünden Makşeýewiň kellesi görünýärdi. Öňde, açyk meýdanda bolsa ondan gowrak gyzylymtyl-goňur haýwanlar ylgaşlaýardylar. Olaryň möjekdigini bilmek kyn däldi.

General açyk meýdanyň çetinde saklandy. Güýçler deň däldi, şonuň üçin hem ol möjeklere topulmaga aýgyt edip bilmedi.

Sonarlyga gelen awçylary gören möjekler gyra çekilip ugradylar, Makşeýew bolsa:

— Eliňizde goşanil tüpeňiňiz bolsa olara bir-iki gezek seçme gaplanan ok atyp goýberseňiz-le, böwsüji oklarymy olara harçlasym gelenok! — diýip gygyrdy.

Gromeko howlukmaçlyk bilen öz goşanil tüpeňine seçme gaplanan oklary sürdi hem-de möjek ordasyna yzly-yzyna iki gezek atdy. Möjekler jeňňellige gaçdylar, olaryň yzyndan kowalaýan General ýykylan möjekleriň birini ýüzugra çeýnedi. Awçylar Makşeýewiň ýanyna geldiler. Ol öz gören zatlary hakynda şeýle gürrüň berdi:

— Şu sonarlyga ýetenimde itim çyňsap, galpyldap ugrady, şonuň üçin tokaýyň çetinde saklandym. Sonarlykda, şujagaz jeňňeljigiň aňyrsynda otlap ýören birnäçe suguny gördüm hem-de olary awlamagy ýüregime düwdüm, sebäbi biz entek beýle jandarlary awlamandyk. Men tokaýyň gyrasyny syryp, agaçlaryň arasyndan assyrynlyk bilen olara golaýlap ugradym, jeňňeliň ýanyna ýetenimde birdenkä ullakan sary haýwany gördüm, ol hem jeňňeliň agaçlaryna bukulyp, sugunlary peýleýän ekeni… Men bu jandary awlap bilsem sugundanam gowy bolar diýip pikir etdim hem-de onuň ahmalyna garap, agaçlaryň arasyndan assyrynlyk bilen ýüz ädim töweregi golaýladym. Sugunlary awlamagyň küýüne düşen sary jandar meni görmeýärdi ýa-da özüniň ömründe ilkinji gezek görýän iki aýakly jandaryna üns bermegem islemeýärdi. Jeňňeliň edil alkymyna baransoň ol ör-boýuna galdy. Hiç zat aňşyrman parahat otlaşyp ýören sugunlar bilen aralykdaky baglaryň arasyndan açgözlük bilen seredip, öz girisine düşürjek awuny saýlady. Indi men ýyrtyjynyň açyk reňkli ýagyrnysyndan zowwam-zowwam geçýän gara zolaklary gördüm hem-de onuň ullakan gaplaňdygyny tanadym. Ol maňa gowy nyşana bolup, çep böwrüni öwrüp durdy, menem böwsüji ok bilen ony atdym. Okum boş geçmedi, ony duran ýerinde ýatyrdy.

Tüpeň sesinden gorkan sugunlar jeňňeljigiň gapdalyndan ýel ýaly ýüwrüp geçdiler, öňlerinde janhowluna urunýan gaplaňy gördüler hem-de hyrra öwrülip göni meniň üstüme gaýtdylar. Men olaryň öňünden zordan sowlup ýetişdim. Janawarlar diýseň owadan jandarlar ekeni, olaryň birisi juda mähnet şahly saýyrdyň erkek sugundy, beýlekileri tüwe hem gölejiklerdi.

Ilki gaplaňy özüm soýmakçy boldum, ýöne mazaly synlanymdan soň onuň nähilidir bir üýtgeşik tohuma, megerem, o taýda, ýokarda ýitip ýok bolup giden görnüşe degişlidigini aňdym. Şonuň üçin hem zoology çagyrsam gowy bolar öýtdüm. Ilki özüm gitjek boldum, ýöne haýsydyr bir ýyrtyjy gaplaňyň läşini görüp, onuň derisini haraplar öýdüp gorkdum. Şonda kelläme Generaly ibermek hakynda pikir geldi, olam özüne berlen tabşyrygy birkemsiz ýerine ýetiripdir. Sonarlykdan gitmedigim gowy bolupdyr, sebäbi tiz wagtdan möjegiň uwlaýany eşidildi, ilki olaryň biri, soň ýene biri göründi hem-de sonarlykda ýuwaş-ýuwaşdan giden bir orda ýygnandy. Ölüp ýatan haýwanyň ýanynda meniň bardygymy görüp, olar ilkibada üýşendiler, golaýlaşyp bilmediler, soňra batyrlanyp, halys hetden aşdylar, onsoň olara bir-iki ok atyp ýuwaşatmaly boldum…

Makşeýewiň öldüren haýwany açyk-sary derili bolup, arkasyndan gara-goňur zolak geçýärdi, edil şonuň ýaly reňkli birnäçe zolak böwründenem geçýärdi, olar onuň daşky görnüşini gaplaňa meňzedýärdi, ýöne onuň kellesiniň, bedeniniň daşky görnüşi, jontuk guýrugy hem-de penjeleri zoology başgaça geplemäge mejbur etdi:

— Bu gaplaň däl, bu aýynyň üýtgeşik bir görnüşi!

Makşeýew diýeni çykmansoň birneme lapykeç boldy, ýöne haýwany dykgat bilen synlansoň alym bilen ylalaşmaly boldy, çünki diňe goňur zolaklar ony pişikler maşgalasynyň iň bir ýowuz wekiline meňzedýärdi, beýleki ähli alamatlar onuň aýydygyny görkezýärdi.

— Megerem, bu gowak aýysy bolsa gerek, ol mamontyň döwürdeşi, şu mahala çenli diňe gaňňyl bölekleri boýunça mälim — diýip, Papoçkin düşündirdi. — Bu ýönekeý gaplaňa garanyňda has gyzykly.

Haýwanyň gabarasyny ölçänlerinden soň derisini soýdular hem-de ony, şeýle hem kellesini we art aýagyny özleri bilen alyp gaýtdylar.

Agşam nahary gaty gowy boldy. Syýahatçylar ýabany sogan dogralan gaz çorbasy, sugun etinden çişlik hem-de aýy etinden bişirilen kakmaç bilen garynlaryny otardylar. Dogrusy, aýy etiniň ýiti ysy bolany üçin kakmaç adamlaryň köpüsine ýaramady.

Bu gün duman ozalkylary ýaly goýy bolmady, Pluton hem ýukajyk bug perdeleriniň arasyndan şuglasyny saçyp, diňe setanda-seýranda ümrüň aňyrsynda gizlenýärdi. Howanyň temperaturasy +13 gradusda saklandy, şemal hem birneme gowşady.

— Meniň pikirimçe, ýene birküç günden duman düýbünden syrylar, bizem ahyrsoňy Plutoniýanyň asmanynyň nähili reňkdedigini göreris — diýip, Gromeko dillendi.

Adamlaryň parahat dynç almagyny diňe möjekleriň uzaklardan gelýän uwwuldylary bozýardy, çaky olar sugunyň, aýynyň hem-de özleri ýaly möjekleriň läşleriniň başynda meýlis gurýan bolarlydy. Olaryň uwwuldylaryna, hatda Generalam üns bermeýärdi. Bu wepaly it çadyryň agzynda ýatyrdy, ol ýerde ýakylan oduň tüssesi ony ýüregedüşgünç çybyn-çirkeýlerden goraýardy.

Soňra ýene aňyrlygyna ýüzüldi. Derýa hasam giňeldi, çuňlaşdy. Indi agyr ýükli gaýyklaryň yzy zol-zol kenara degip duranokdy, derýanyň öwrümlerinde hem onuň burny kenara süsňär gorkusy ýokdy.

Kenar her dürli gyrymsy ösümliklere bürenip, bütewi gök parça diwary emele getirýärdi, ol agaçlaryň boýy hem indi dört metre dagy ýetýärdi. Söwüdiň, talyň, çerýomuhanyň, ýemşeniň, itburnuň birnäçe görnüşleri biri-biri bilen çolaşyp-çyrmaşyp otyrdy, käýerlerde olaryň üstünden ak berýoza we listwennisa agaçlarynyň başy saýlanyp görünýärdi. Termometr +14 gradusy görkezýärdi, duman diňe kämahal asmany tutuşlygyna örtýärdi, köplenç halatda, ol ullakan, seýrek, belli bir şekili bolmadyk bulutlar ýaly ep-esli ýokarda ýüzýärdi. Ümür-dumanyň arasyndan gyrmyzy Pluton öz şuglasyny bolluk bilen eçilýärdi.

— Tiz wagtdan duman asmandan syrylar — diýip, meteorologik gözegçilikleri hem öz üstüne alan Makşeýew dillendi. — Ýöne bu ýap-ýaşyl diwar haçan gutararka, biz gaýygyň üstünde ondan başga hiç zady görüp bilemzok.

— Arkamyz agyr ýükli tokaýyň içi bilen gidenimizde hem şundan üýtgeşik zat görüp bilmezdik, öndüren ýolumyzam bolmazdy! — diýip, Gromeko oňa jogap berdi. Ony botanik hökmünde bu gök öwsüp oturan diwarlar has gyzyklandyrýardy.

Kiçijik, arassaja meýdançada günorta naharyny edinmek üçin saklandylar. Kaştanow bilen Gromeko tokaýa aýlanmaga gitdi, Papoçkin balyk tutmak bilen gümra boldy, Makşeýew bolsa beýlekilerden has ýokary saýlanyp duran agajyň üstüne dyrmaşdy. Agaçdan düşenden soň ol zoologa:

— Tiz wagtdan töwerek özgerer, uzaklarda tokaýsyz öleňlikler, ýalaňaç baýyrlyklar görünýär — diýdi. — Biziň derýajygymyz bolsa göni şo tarapa barýar.

— Golaýda näme bar?

— Näme bolsun, çar ýanymyz sümme tokaýlyk, ýekeje ýerde hem açyklyk ýok, gök öwsüp oturan giden bir deňziň bar-da.

— Hemme ýeri şoň ýaly sümme tokaýlyk bolsa onda ýoldaşlarymyz bahym dolanyp gelseler gerek.

Gidenler bir sagatdan ugurly zat tapman geldiler. Olar bu ýaşyl diwarlaryň aralygyndaky ýodajyklardan gidipdirler, biraz ot ýygnapdyrlar, ownuk guşlary görüpdirler, tokaýyň içinden gelýän her hili şagyrdylary eşidipdirler, ýöne hiç ýerde açyk meýdana duşmandyrlar. Derýanyň kenarynda galan zoologyňky bolsa şowlady, onuň çeňňegine sibir muksunyna çalymdaş birnäçe uly balyk hem-de uzynlygy otuz santimetre ýetýän läheň gurbaga düşdi.

Dynç alyp ýene ýüzüşi dowam etdiler. Iki sagat töweregi ýüzensoňlar derýajygyň sag kenarynda ep-esli beýiklikde depe göründi, soňra ýene bir depe çykdy, soň üçünji depe hem göründi, dogry, ol depeler henizem tutuşlygyna diýen ýaly tokaýa bürelip otyrdy. Ýöne tokaýlyk eýýäm aram guşaklyklaryň agaçlaryndan ybaratdy. Onda lipa, kerkaw, wýaz, buk, dardar, dub ýaly agaçlar bardy. Baýyrlaryň arasyndaky jülgelerde ýel, pihta agaçlary garalyşyp görünýärdi. Agaçlaryň çyrmaşyk, hmel , ýabany üzüm baldaklary, peçek bilen çolaşyp duran şahalary käýerlerde suwuň üstüne sallanyp durdy. Gök öwüsýän jeňňelliklerde guşlar jürküldeşýärdiler, saýraýardylar. Käýerlerde şahadan-şaha böküşip ýören belkalar, burunduklar görünýärdi.

— Şu gün agşam gezelenç edenimizde üýtgeşik zatlary göreris — diýip, Gromeko dillendi. — Ösümlik dünýäsi özgerdi, bu bolsa bärsiniň has maýyl howalydygyny görkezýär.

— Gaty dogry aýdýarsyňyz — diýip, zoolog onuň aýdanlary bilen ylalaşdy. — Düýn özümi Sibiriň demirgazygynda ýaly duýýardym, bu gün bolsa tebigat meniň öz dogduk ýerlerimi, Russiýanyň günortasyny ýatladýar.

— Bu gün biz hakyky gaplaňlara duşmarysmy? — diýip, Makşeýew sorady.

— Kim bilýär? Her niçigem bolsa, indi ikibir, üçbir bölünişip ýörmän, nirä gitsegem hemmämiz bile gitsek, her hili howp duşsa-da, gaýtawul bermek üçin gowy bolarmyka diýýän — diýip, Kaştanow teklip etdi.

Depeler gitdigiçe beýgelýärdi, şonuň üçinem olara baýyr diýseňem bolman durjak däldi. Olaryň demirgazyk eňňitlerini ýaprakly agaçlardan durýan gür tokaýlyklar tutýardy, günorta taraplary bolsa aýratyn oturan agaçlardan hem-de gyrymsy ösümliklerden ybarat bolan öleňliklerden ybaratdy. Käbir ýerlerde geologda uly gyzyklanma döredýän gaýalaram görünýärdi.

— Bu gün geologiýa hem nämedir bir zatlara eýe bolsa gerek! — diýip, Makşeýew seslendi.

— Muňa bireýýäm wagt boldy, iş tapmansoň meniň çekiçjigimiň gaty içi gysýar, tundrada duşan ýalňyz depe hem ony aldady! — diýip, Kaştanow güldi.

— Onuň ýaly bolsa gijäni geçirmek üçin düşleg edeliň — diýip, Gromeko teklip etdi. — Biz bu gün ýüz kilometr töweregi ýüzdük.

BAÝYRDAKY BAŞDANGEÇIRMELER

Düşleg üçin beýik depäniň etegini saýlap aldylar. Ol ýer bilen derýanyň sag kenarynyň aralygynda syrdam agaçly tokaý zolagy bardy. Çaý içip, çalak-çulak garbanyp ýürekse edinensoňlar, syýahatçylar dört bolup baýra ugradylar. Çadyryň ýanynda uzyn ýüp bilen agaja baglanan Generaly goýdular.

Tokaýyň içinden geçýän ýodany tapdylar, onsuz bu jeňňellikden geçmek gaty kyn boljakdy, çünki gyrymsy agaçlar şeýle bir gür ösüpdir welin, palta bilen ýol açaýmasaň bir ädimem äder ýaly däldi. Her dürli gyrymsylardan durýan çogdam-çogdam ösümlikler, çyrmaşyklar biri-birine çolaşyp ýodanyň iki tarapyny hem jähekläp duran gök pürçek diwary emele getiripdirler. Ýodalaryň ýokarsyndaky, ösümliklerden emele gelen göm-gök gümmeziň käýerlerinden Plutonyň mämişi şöhlesi naýza ýaly bolup parran geçýärdi.

Awçylar seslerini çykarman, tüpeňlerini häzirleşip, biri-biriniň yzyna düşüp barýardylar. Olar bir-de öňe seretseler, bir-de hem agaçlaryň ýokarsyna hüşgärlik bilen esewan edýärdiler. Ol ýerlerde awlamak üçin gyzykly bir jandaryň ýa-da howply duşmanyň duýdansyz peýda bolmagy juda ahmaldy. Ýöne häzir owunjak guşlardan hem-de belkalardan başga hiç zat göze ilmeýärdi.

Baýryň eňňidine çenli hiç hili päsgelçilige duşmadylar, ýuwaş-ýuwaşdan onuň üstüne dyrmaşmaga başladylar. Ot dyzdan ýokary geçmeýärdi. Gromeko ösümlikleri ýygnamaga güýmenip beýlekilerden yza galdy.

Zoolog özleriniň öldüren ullakan ýylanyny synlap, ony ylmy taýdan suratlandyrýança, Kaştanow kynlyk bilen dag jynsynyň bir bölegini gopardy. Ol örän täsin, şepbeşik, ýüzi owunjak kümüşsöw menekli ýaşylymtyl sary maddady. Geolog oňa lupa bilen ünsli seretdi-de, haýran galmak bilen gygyranyny hem duýman galdy:

— Bu gaýalaryň nämeden durýandygyny bilýäňizmi? Olar esasy bölegi nikel demri goşulan oliwinden durýan, ýarym demir mezosiderit hataryna degişli aerolitler ýaly düzüme eýe.

— Bu aýdýanlaryňyz näme diýdigiňiz bolýar, biz-ä düşünen däldiris? — diýip, Makşeýew sorady.

— Düşünmez ýaly zat ýok, bu taýda. Bu geologlaryň ýer gabygynyň has çuň bölekleri barada çaklamalary tassyk bolýar diýildigi. Biz, megerem, oliwin guşaklygy diýlip atlandyrylýan gatlakda bolsak gerek. Bu guşaklyk düzümi boýunça planetaara giňişlikden biziň ýaşaýan Ýerimiziň üstüne gaçýan, ownuk planetalaryň bölekleri bolan daş meteoritlere meňzeş, demre baý bolan, agyr dag jynslaryndan ybarat. Pikir edişime görä, biziň entek tutuşlygyna metaldan durýan dag jynslaryna gabat gelmegimizem ahmal.

Dürli ösümliklerden tutuş bir gujak ýygnan Gromeko yzlaryndan ýetensoň, ýene eňňit boýunça ýokary galmaga başladylar. Olar otlaryň üstüne örän seresaply aýak basýardylar, çünki olaryň aşagynda zäherli ýylanlaryň bolmagy ahmaldy. Kähalatlar, hakykatdanam, syýahatçylardan daşlaşyp gidýän çygşyldy eşidilýärdi, ýöne olar gaçyp gidýän ol jandarlary tutjak bolubam duranokdylar.

Baýryň ýokarsynda gaýaly ulgam uzalyp gidýärdi, gaýa daşlarynyň üstünde gara menekli ýaşylymtyl-sary ullakan hažžyklaryň birgideni Güne çoýunyp ýatyrdylar. Şunuň ýaly, has dogrusy, mundanam birneme beýigräk baýyrlar alyslara uzaýardy, demirgazyk tarapda bolsa baýyrlar peselýärdi hem-de dyr-pytrak bolup gidýärdi, şol tarapda, uzaklardaky düzlükde tokaýlyklaryň giden bir zolagy görünýärdi, käbir ýerlerde olaryň arasyny derýalaryň kümüşsöw talaslary bölýärdi.

Awçylar baýryň depesinde uzaklara syn edip otyrkalar, demirgazyk eňňidiň gerşinden birnäçe metr aşakda gutarýan tokaýyň içinde ýabany doňuzlaryň sürüsi göründi. Tikenek tüýleri gerşiniň uzaboýuna hüwjerip ýokary galyp duran, çuwak mähnet gyýakly öňden gelýän ýekegapan saklandy hem-de kellesini galdyrdy. Onuň gözleriniň gazaply uçganaklaýandygy şu ýerden hem görünýärdi. Onuň howany ysyrgaýan tumşugy öňe süýnüp, yza çekilýärdi. Onuň yzynda mekejinler hem dürli ýaşly jojuklar hümer berip durdy. Bu toýnaklylar zoologa tanyş bolan ýabany doňuzlardan birneme uludyklary bilen tapawutlanýar diýmeseň, başga kän bir üýtgeşikligi ýokdy.

— Ine, agşam naharymyzyňa özi üstümize geldi! — diýip, Makşeýew seslendi. — Çişe düzülen ýabany jojugyň tagamy hem kemje-kerdem däl bolsa gerek.

— Ete mätäçlik çekemzok — diýip, azyk-owkada jogap berýän Gromeko oňa jogap berdi. — Entek sugunyň etinem iýip gutaramzok.

— Onda-da eýläňde huruşlyk et bolsa zeleli degmez, aw diýeniňem hemme wagt şowlap duranok.

— Bilýäňizmi näme, doňuzlary atmak beýlebir howpsuz hem däl — diýip, Papoçkin duýdurdy. — Gazaba münen ýekegapan gaty howply duşman.

— Olaryň baryp bilmejek ýerine, gaýaň ýokarragyna çykalyň, soňam näme jojuklaryň bir-iki sanysyny ataýanymyzda hem bolman durmaz-la? — diýip, Kaştanow ýoldaşlaryna maslahat saldy.

Gerşiň çür depesine çykdylar. Makşeýew tüpeňine iri seçmeli peşeňi saldy hem-de jojuklara çenäp atdy. Sürüniň otuň üstünde çabalanyp ýatan üç jojukdan galany, dyr-pytrak bolup dagady. Ýöne soňra sürüniň ketde ýekegapany hem-de mekejinler gaýanyň ýanyna ylgap geldiler we onuň ýylçyr daşlaryna çykjak bolup çytraşdylar. Gabawa düşen awçylar indi doňuzlary örän golaý aralykdan göwnejaý synlap biljekdiler. Zoolog synlama keýpinden çykansoň, indi näme etmelidigi hakynda mesele örboýuna galdy.

— Elimizi gowşuryp otursak olar bizi bärde uzakly gün saklar! — diýip, Kaştanow dillendi. — Olaryň näme iýjekleri agyzlarynyň aşagynda, biziň iýere zadymyz ýok, bu daşlaň üstünde oturmagam gaty ebeteýsiz. Olary tüpeň atyp gaçyrmasak boljak däl.

Şol mahal, esli wagt bäri tokaýyň çetinden gözüni aýyrman oturan Makşeýew:

— Biziň ýanymyzamy ýa-da ýekegapanlaň ýanyna onçasyny bilemok, ýöne tokaýlygyň gyrasyndan bir ullakan haýwan assyrynlyk bilen golaýlaşyp gelýär. Men häzir onuň diňe sargylt ýagyrnysyny görýän! — diýip gygyrdy.

— Hany, nirede ol?

— Hanha, meýdanyň içine girip oturan ho-ol agajyň öňünde, häzir onuň arkasy görünýär. Indi beýleräge, şol agajyň sagragyna serediň!

Hemmeler salgy berilýän agaja tiňkelerini dikdiler, hakykatdanam, onuň az-kem sagynda ýapyrylyp, assyrynlyk bilen ädimleýän goňrumtyl-sary gabara göründi, onuň endamyndan keseligine garamtyl zolaklar geçýärdi.

— Ýene-de aýymyka? — diýip, Makşeýew çen urdy.

— Bu gezek gaplaň bolmagam ahmal — diýip, Papoçkin oňa jogap berdi. — Onuň pişik basyşyny edip, ýapyrylyp barşy gaplaňa meňzeýär.

— Atmaga wagt bolaýdy öýdýän — diýip, Kaştanow duýdurdy.

— Olaryň haýsysyny atmaly: mähnet ýyrtyjynymy ýa ýekegapanlary?

— Ýekegapanlary atsak gowy bolar. Olar tokaýa gaçdyklary, ol ýyrtyja pete-pet gelerler, olam doňuzlary kowmaga başlar. Eger olar beýleki tarapa gaçsa, onda ýyrtyjy ýapyrylyp durmaz dikeler, biz ony has gowy synlap bileris, tüpeňiň didiwanyna göwnejaý mündirip atybam bileris. Häzir onuň diňe arkasy görünýär, atanyňda hem urup boljak däl.

— Ýekegapanlara tarap bir ok atalyň, şol mahal beýleki üç tüpeň ýyrtyjyny nyşana alyp dursun.

Gaýanyň çykydynda oturan zoolog, öň aýaklaryny çykydyň üstüne atan, gyýaklary bilen Makşeýewiň ädigine ýetjek bolup jan edýän ýabany doňuzlaryň öňbaşçysyna tüpeňini çenedi. Gysga aralykdan atylan ok ýekegapany aşak serreltdi, beýlekiler gorkup, tokaýa tarap gaçyp ugradylar. Olar tokaýyň gyrasyna ýeteňkirlänlerinde, çep gapdallaryndan ýyrtyjynyň goňrumtyl-sary göwresi göterildi hem-de birnäçe metr aralyga böküp, ýekegapanlaryň yzyndan ýetdi. Ýabany doňuzlaryň ikisi ýyrtyjy haýwanyň penjesine düşdi, galanlary ýiti ses bilen çyňsaşyp, tokaýyň içinde gözden ýitdiler.

— Bu aýy däl, gaplaň! — diýip, ýyrtyjynyň böküşine syn eden Papoçkin ynamly aýtdy.

— Elbetde, gaplaň — diýip, Kaştanow hem onuň aýdanlaryny tassyklady. — Ýokarky äňlerindäki mähnet gyýaklaryndan çen tutsaň, ol gylyçgyýak gaplaňlaryň tohumyna degişli bolsa gerek. Bu görnüş üçülenji döwürde örän giň ýaýrapdyr, ýöne onuň ahyrynda ýitipdir.

— Gynansagam, ol bizden sypjak. Oňa serediň, öz awuny tokaýa süýräp barýar, megerem, gaplaň bizden çekinýär öýdýän! — diýip, Makşeýew gaty-gaty gürledi.

— Goý, gitse gitsin, bu gün bize başga-da öwrenere zat kän — diýip, öldürilen ýekegapanyň gabarasyny ölçeşdirip ýören Papoçkin aýtdy. — Biz bu bedähedi hem gaýyga äkiderismi ýa-da jojuklar bilen oňarysmy?

— Semiz bolsa äkitsegem bolýar, doňuz ýagyň artykmaçlyk etmejegi belli — diýip, Gromeko belledi. — Ýagyň bolsa eti saçda gowursaňam, gowurma etseňem bolup dur. Hany, siz ony birýanýüzli ediň, onýança men ýene biraz ot ýygnaýyn.

BIYGTYÝAR UÇUŞ

Kaştanow ýene-de gaýa daşlaryny öwrenmek bilen gümra boldy, Makşeýew bilen zoolog ýekegapandyr mekejinleriň daşyna geçdiler, Gromeko bolsa baýryň günorta eňňidinden aşdy-da, bar ünsüni ösümlikleri ýygnamaga berip, haýaljakdan aşak düşmäge başlady, ol bu pişesine şeýle bir berlipdi welin, asyl şu wagt dünýäni sil alsa-da duýjak däldi. Otlaryň arasyndan alym täze görnüşleriň, maşgalalaryň, uruglaryň ençemesini tapýardy. Birdenem Günüň öňüni bulut tutan ýaly bolup, ägirt uly kölege baýryň üstünden süýşüp gitdi. Zoolog hem-de onuň kömekçisi allaniçigsi bolup, ýokaryk seretdiler. Olar meýdanyň üstünden aýlanyp ýören, bürgüde meňzeş ägirt uly gara guşy gördüler.

Birdenem ol guş düwdek bolup duýdansyz aşak indi hem-de eglip duran botanigiň arkasyndan ýapyşdy-da, ony ýokary göterdi. Ýöne guş näçe güýçli bolsa-da, ýük onuň gurbaty ýeterinden agyr bolup çykdy. Ol ganatlaryny aldygyna pasyrdadyp, belende göterilmekçi bolýardy, emma üç-dört metrden ýokary galmak oňa başartmaýardy, ýöne guş öz penjelerinden mejalsyz sallanyp duran awuny hem taşlamak islemeýärdi.

Papoçkin bilen Makşeýew dessine tüpeňlerini garbap aldylar, ýöne zoolog tüpeňini alşy ýaly yzyna goýdy hem-de:

— Meň peşeňlerim iri seçme bilen oklanan, birden botanigi ýaralaýmaýyn — diýdi.

Makşeýew gaplaň üçin niýetlän okuny tüpeňine sürdi, çenedi-de, guş gabatlaryna gelende mäşäni gysdy. Ol botanigi elinden sypdyrdy hem-de az-owlak howada gaýyp, gaýalara uruldy.

Awçylar Gromekonyň ýanyna ylgap bardylar. Ol ýapynyň üstünde, ýüzüni ýere berip, özüni bilmän ýatyrdy. Guşuň penjeleri onuň galyň, örme kürtekçesini ýyrtypdyr, ýöne ol endamyna syrlaşyp durman boldumly tikilensoň, ýiti dyrnaklar botanigiň endamyna ullakan zeper ýetirmändir, diňe käbir ýerlerini erbet sypjyrypdyr. Alymy huşuna getirdiler, ýaralaryny daňdylar. Ol mazaly özüne gelensoň, Papoçkin bilen Makşeýew guşy äkelmek üçin gerşiň üstüne dyrmaşdylar. Ol ganatlaryny ýaýanda dört metre ýetýän, çokjasyndan guýrugynyň ujuna çenli uzynlygy bolsa, bir ýarym metre barabar bolan uçursyz uly gajar ekeni. Onuň arkasynyň ýelekleri garamtyl-goňur, garnynyň aşaklary bolsa garamtyl zolakly açyk goňur reňkdedi. Tüýsüz, ýalaňaç diýen ýaly boýnunyň daşyna aýlanan ak, hapa ýeleklerden ybarat bolan ullakan halka boýunýakany ýada salýardy, mähnet çokjasynyň ujunda bolsa ullakan sary dömme tümmerip durdy.

Bu guş goýun-geçini, uly bolmadyk mekejini aňsat äkidip biljekdi, ýöne ýetmiş kilogram agramy bolan adama onuň güýji ýetmedi. Megerem, ol botanigi öleňlikde otlap ýören dört aýakly jandardyr öýden bolsa gerek.

Gajary ölçediler, gaýanyň üstünde ganatlaryny ýazyp ýatyrdylar-da surata aldylar. Özüni ynjydan bu jandary mazaly synlamak üçin Gromeko hem ol ýere galdy. Ol öz ýoldaşlaryna guşuň batly gelşine tutuş göwresi bilen erbet urup, duýdansyz arkasyndan ýapyşyşyny, özüniň bolsa gaplaňyň demine düşendirin öýdüp, gorkusyna huşuny ýitirendigini gürrüň berdi.

— Indi bir yzymyza dolanalyň — diýip, Papoçkin hem howatyrly gürledi. — Bu gün bize ýekegapan, gajar hüjüm etdi, gaplaňy golaýjagyndan gördük… Indi ajalymyza gol bulaýlap ýörmegimizi, şu günlükçe bes edäýsek bolmazmyka?

Uzak ýol, gaýgy-alada, howsala adamlary gaty ýadadypdy, şonuň üçinem olar jojukdyr ýekegapanyň goluny hem-de ýagly gapyrgasyny alyp, dag jynslarydyr, ösümliklerinden ýüklenip, keýpihon yzlaryna dolandylar.

Awçylar çadyra golaýlanlarynda Generalyň gaharly üýrýändigini eşitdiler hem-de oňa kömege howlukdylar. Derýanyň kenaryndaky çemenlige ylgap gelseler, ol ýerde ýarpy göwresini suwdan çykaryp duran abyrsyz uly gippopotamy gördüler. It çadyryň ýanynda durşuna ikibaka urnup, şoňa üýrýän ekeni. Bu nägehan otlamaga ýa-da çemenlikde agynamaga çykan bolarly, itiň turuzýan gopguny hem ony aljyradana çemelidi.

Gippopotam bu ozal görülmedik bimaza jandara kiçijik gözlerini mölerdip seredýärdi hem-de mahal-mahal seýrekden uzyn dişli hem-de ullakan mämişi dilli elhenç agzyny giňden açyp pallaýardy. General onuň agzyny görenden gorkusyna çyňsap ugraýardy.

Çemenlige ylgaşyp gelen adamlary gören nägehan tagaşyksyzlyk bilen yzyna öwrüldi, ýuwaşjadan özüni suwa goýberdi hem-de ownuk siňňillerden doly ýaýbaňdan semiz arkasyny suwuň ýüzüne çykaryp, derýanyň akymynyň ugruna, aşaklygyna ýüzüp gitdi.

— Tüýs wagynda yzymyza dolanan ekenik — diýip, Gromeko Generaly ýüpden boşadyp durşuna seslendi. — Şunça gelmedik bolsak bu bedähet bärini agdar-düňder ederdi. Çadyrymyzy ýyrtyşdyryp, ähli goş-golaňlarymyzy ýer bilen ýegsan edenliginde nätjek? Gaýyklarymyzy hem ýa suwa çümdürjek ýa-da ýyrtyp derde ýaramaz ýaly etjek bu äteňet!

— Ýogsa-da, gaýyklarymyz bir abatmyka? — diýip, Makşeýew gygyrdy-da kenara ýüwürdi, dessine-de ol ýerden onuň howsalaly sesi eşdildi. — Gaýyklaryň biri ýerinde dur welin, beýlekisi bir ýere ýitirim bolupdyr! Bu nägehan onuň kenara baglangy ýüpüni ýolaýan-a däldir?

— Daşa gitmänkä, häziriň özünde gaýygyň yzyndan ýetmek gerek — diýip, Kaştanow kenara ylgap barşyna gygyrdy.

Olaryň ikisi hem baglangy duran beýleki gaýyga mündüler, her hili ýagdaýyň ýüze çykaýmagyndan ätiýaç edip, ýanlaryna tüpeňlerini hem aldylar-da, akymyň ugry bilen aşaklygyna ýüzdüler. Tiz wagtdan olar öz ýitiglerini gördüler, ýöne ol akym bilen aşaklygyna asuda ýüzmegiň deregine, derýanyň ortasynda, bir duran ýerinde pyr-pyr pyrlanýardy. Olar çaltlyk bilen gaýygyň ýanyna bardylar, Kaştanow elindäki gadalgany ildirip, ony tutjak boldy welin, gaýyk edil janly ýaly gapdala okduryldy hem-de aňyrlygyna ýüzüp başlady, ýöne indi ol akymdan has uly tizlik bilen ýüzýärdi. Ýene-de onuň yzyndan kowmaly boldy. Makşeýew bar güýji bilen kürekleýärdi, Kaştanow bolsa eli gadalgaly dikelip durdy.

— Walla çynym, ony kimdir biri süýreýär! — diýip, Kaştanow alkymyna golaýlan gaýyklarynyň ýene batly silkinip daşlaşyp ugrandygyny görüp, gaharly gygyrdy.

— Ony gippopotam süýreýän bolaýmasyn? Ýüp onuň aýagyna ilişendir ýa-da tanapy agzy bilen dişläp çekýän bolmagy hem ahmal.

— Hakyt şeýle! — diýip, ol haýwan dem almak üçin suwdan çykanda, gaýygyň öňünden barýan ýaýbaň arkasyny hem kellesini gören Kaştanow gygyrdy.

— Bu bedähedi atsak ol öňküsindenem gaty ýüzüp başlar, okumyz jaýdar degse-de özi bilen gaýygy hem derýanyň düýbüne çümdürer.

— Onuň yzyndan ýetip, ýüpi kesmeli, başga alaç ýok, ýogsa biz gaýygymyzy ondan sypdyryp bilmeris.

Makşeýew ýene küreklerine zor berdi. Tiz wagtdan olar gaýyga gadalgany ildirmegi hem-de ony çekip, golaýlaryna getirmegi başardylar. Indi gaýyklaryň ikisi hem gippopotama tirkelgidi. Kaştanow elini uzadyp, kiriş ýaly dartylyp duran ýüpi kesdi welin, onuň beýleki ujy dessine suwuň aşagynda gözden ýitdi.

— Ýene birazajyk ýüzen bolsak, meniň-ä eňkim agyp ýykylýardym — diýip, kowgudan soň demi-demine ýetmeýän Makşeýew haşlady. — Okumyzy gysganýan-da, ýogsam dagy bujagaz oýny üçin betnyşanyň ýagyrnysyndan çüýlärdim.

— Çadyrdan gaty daşlaşdyk — diýip, Kaştanow agras gürledi. — Indi akymyň garşysyna ýüzmeli bolar. Hany, küregi maňa ber-de, birneme demiňi dürse.

Olar orunlaryny çalyşdylar, kowup tutan gaýyklaryny yzlaryna tirkediler hem-de derýa bilen ýokarlygyna ýüzüp başladylar.

— Derýajygymyzam, indi gaty çuňalypdyr — diýip, gadalgasyny aşak uzadyp, ýere diräp, itekläp gaýygyň ýüzüşine kömek etjek bolýan, ýöne derýanyň düýbüne ýetip bilmeýän Makşeýew hüňürdedi. — Iki metrden-ä çuň, munuň içinde şeýle mähnet nägehanlaryň peýda bolmagy ýöne ýerden däl ekeni. Indi gaty ägä bolmaly, gaýyklary gijelerine-de, gezelenje gidenimizde-de kenara çykaryp goýmasak bolmaz.

Gaýyklar okgeçmez jeňňelligi emele getirýän agaçlaryň we gyrymsylaryň ýap-ýaşyl diwarlarynyň arasyndan akýan derýanyň garamtyl suwy bilen ýuwaşjadan ýokary ýüzüp barýardy.

Derýanyň akymyna ýuwlan käbir agaçlar egrelip, derýanyň hanasynyň üstüne eglişip durdy, olaryň şahalary suwa batýardy. Haýsydyr bir çyrmaşyp ösýän nätanyş ösümligiň ullakan, açyk gyzyl gülleriniň üstünde owadan, uly kebelekler meýmireşip otyrdylar, gül gunçalarynyň daşynda arylar wyzzyldaşyp perwaz urýardy.

Gaýygyň burnunyň aşagyndaky suw şybyrdap akýardy, kürekler adaja şalpyldaýardy, guşlaryň jürküldisi, saýraşýan owazy eşidilýärdi. Makşeýew gaýygyň gorumynyň üstüne egildi-de, suwuň ýüzünde görnüp, soňam düýbüne çümüp gözden ýitýän balyjaklara seretdi.

— Gaýygyň üstünden synlasaň tebigat, gör nähili owadan! — diýip, ol öz-özi bilen gürleşýän ýaly samyrdady. — Kenara düşseň welin, bir ädim ädip ätmänkäň haýsydyr bir zäherli süýrenijä ýa wagşy haýwana sataşarsyň. Ençeme günläp buzluklaryň, ümür-dumanlaryň arasynda horlanyp, gaý-harasatlara döz gelenimizden soň, dogduk Ýerimiziň içki gatlagyndaky derýadan ýüzüp barýandygymyza asla ynanar ýaly däl. Afrikanyň, Günorta Amerikanyň adam aýagy sekmedik tokaýlaryny ýada salýan bu tebigatyň buzluklara şeýle ýakyndygyna, eýsem-de, nädip ynanjak?! Şu wagt Demirgazyk Amerikanyň haýsy giňişliginiň aşagyndadygymyzy bilip bolsady.

— Ony bilmek kyn däl, onuň üçin buzluk gerişden bäri geçen ýolumyzy karta girizmeli. Meniň pikirimçe, biz häzir ýaňy bir Bofort deňziniň aşagynda, has takygy, onuň ýokarky giňişliklerindediris, gaty giden bolsak Alýaskanyň demirgazyk kenaryndaky tundranyň aşagyna ýetendiris. Ol ýerde aldajy sowuk, buzlar, ak aýylar bar, bu ýerde bolsa bagy-bossanlyk, gaplaňlar, gippopotamlar, ýylanlar, ynanar dagy eder ýaly däl.

Şo mahal Makşeýew Günüň suwuň ýüzüne düşýän dup-dury şekilini görüp, dessine kellesini galdyrdy hem-de joşgun bilen:

— Baý-bow, ahyry gyrmyzy Güni arassa asmanda görmek bar eken! Seretseňiz-le! — diýdi.

Merkezi ýagtyltgyjy gop-goýy dumanyň, kämahal seýregräk bulutlaryň arasynda görmäge endik bolup giden syýahatçylar entek asmanyň nähili reňkdedigindenem, Ýeriň içki gatlagynda ýagty saçýan bu şamçyragyň hakyky görnüşiniň nähilidigindenem bihabardylar. Indi bolsa dumanly örtük topbajyk bulutlary emele getirip, mazaly syrylypdy, olaryň aňyrsynda bolsa dury, ýöne Zeminiň üstündäki ýaly mawy däl-de, nähilidir bir garamtyl-gök asman görünýärdi.

Pluton dik asmanda durdy, onuň diametri Günüňkiden az-owlak uly ýaly bolup görünýärdi.

Bu ýerasty, has dogrusy, «ýeriň içindäki» ýagtyltgyç, ýaşyp barýarka ýa-da dogaýan badyna atmosferanyň galyň gatlagynyň arasyndan şugla saçýan Güni ýatladýardy. Onuň tegeleginde dürli ululykdaky örän köp gara tegmilleri görmek mümkindi.

— Bu ýa-ha merkezi ýagtyltgyç bolmaly, ýa-da biziň Zeminimiziň sönüp barýan gyzyl ýyldyzy ýatladýan, özüniň ýanyp gutaryp barýan döwrüni başdan geçirýän ýadrosynyň hakyt özi bolmaly. Ýene biraz wagtdan ol düýbünden söner! Ýeriň içki boşlugynda tümlük hem-de aňzak höküm sürer we bu ajaýyp durmuş ýuwaş-ýuwaşdan ýok bolar — diýip, Kaştanow gamgyn ses bilen aýtdy.

— Bolsa-da, biz bu ýere gelmäge hem-de ony öwrenmäge ýetişdik! — diýip, Makşeýew joşgun bilen gepledi. — Azajyk gijä galan bolsak, öňümizde diňe gözedürtme tümlügi görerdik, elimizi burnumyza sokup yzymyza dolanmaly bolardyk.

— Men «biraz wagtdan» diýenimde, ony geologiýa mazmunynda aýtdym. Ol «biraz wagty» ýerdäki ýyl hasabyna geçirsek, ol tutuş müňýyllyklara barabar bolar, şonuň üçinem biziň has soňky nesillerimiz hem bu içki boşlugy öwrenmäge, hatda ony özleşdirmäge hem mümkinçilik taparlar.

— Köp sag boluň, minnetdar, ýöne ebedi tümlükde heläk bolmaly ülkäni özleşdirmek üçin göçüp gelmeli bir bolmasyn!

TROPIKLERIŇ TUPANY

Syýahatçylar gürrüňe gyzyşyp, wagtyň nähili geçeninem duýmadylar, gaýyklar düşlegiň ýanyna gelende, Papoçkin bilen Gromeko agşamlyk taýýarlap, garaşyp duran ekenler. Jojugyň buglanan hem daglanan eti diýseň datly bolupdyr, botanigiň baýryň üstünden ýygnan ýabany sogany hem naharyň tagamyna tagam goşdy. Naharlanyp otyrkalar her dürli naharlary, işdäaçarlary taýýarlap, saçagy baýlaşdyrmak üçin mundan beýläk iýilýän gök önümlere, kökdür-kösüklere, otlara has güýçli üns bermek gerek diýen netijä geldiler. Uzak saklanýan gök önümli hem-de hamyrly gaplawlar gurnama öýde galdyrylypdy, azyk-owkat ugrundan diňe çaý, şeker, kofe, az-owlak gurak köke bilen nahara sepilýän burç-duz ýaly tagam berijiler alnypdy. Aw hem-de balykçylyk olaryň azyk-owkadynyň esasy bölegini düzmelidi, ülkäniň haýwanat dünýäsi hem olaryň saçagynyň berekedini artdyrmalydy.

Gije ýatylanda çadyryň öňünde uly ot ýakdylar hem-de onuň agzynda nobatma-nobat garawulçylyk çekdiler, gaplaň bilen bolan duşuşyk olaryň ýyrtyjylaryň hüjüminden howatyryny artdyrypdy. Garawul duranlar, hakykatdanam, tokaýyň içinde, golaýda bir ýerlerden gelýän her dürli şagyrdylary, agaç şahalarynyň şatyrdap döwülmesini, guşlaryň ürküp güsürdäp uçuşyny eşidýärdiler, Generalam gulagyny üşerdip, çyňsaýardy.

Ertesi gün ýüzüşiň ilkinji sagatlary daş-töwerek öňki durkundan kän bir üýtgemedi, demirgazyk tarapy tokaýly, günorta gapdaly sähraly baýyrlar henizem alyslara uzalyp gidýärdi, derýanyň bolsa iki kenarynam tutuşlygyna sümme tokaý tutup durdy. Gündiz derýanyň çep kenarynda düşlediler. Naharlananlaryndan soňra Gromeko bilen Kaştanow bu tarapa az-owlak aýlandylar.

Ösümlik dünýäsinde täzelikler gaty kändi, eýýäm hemişe gök öwüsýän mirtalar, lawrlar, lawrüljeler duşýardy. Pisse agaçlary ägirt uly ölçeglere eýe bolup, dub, buk, wýaz agaçlary bilen bäsleşýärdi. Baýyrlygyň günorta eňňitlerinde buk, kiparis, tuýa we tis agaçlary gabat gelýärdi. Ajaýyp magnoliýalar özleriniň ullakan, hoşboý ysly ak güllerini ýaýradyp, birgeňsi bolup otyrdy. Derýanyň kenaryny tutup duran jeňňelliklerde bambuk we lianalaryň dürli görnüşleri bardy. Gromeko her ädimde haýran-serasima bolup, ýürek joşgunyny saklap bilmeýärdi.

Bu gün howanyň temperaturasy kölegede +25 gradusa ýetdi, çünki şu mahala çenli çenli syýahatçylara goldaw beren, demirgazykdan öwüsýän ugurdaş şemal ýatypdy. Sümme tokaýlygyň bugarmagy sebäpli howa hem petişleşipdi.

Alymlar baýryň üstüne, ýapyýokarlygyna örän kynlyk bilen galýardylar. Olar garader boldular, ýogsa Gün hem bulutlaryň arasyndan öçügsi şugla saçýardy.

Petiş yssy sebäpli tebigatyň özi hem doňup galan ýalydy, çöp başy gymyldamaýardy, guşlaram, ähli janly-jandarlaram agaçlaryň saýasynda gizlenipdi.

Kaştanow bilen Gromeko baýryň ýokarsyna çykyp, dynç almak üçin oturdylar hem-de töwerege ser salmak üçin gaýralygyna bakanlarynda, bu aldajy yssynyň sebäbini bilip galdylar. Gözýetimden syýahatçylaryň üstüne elhenç apy-tupan süýşüp gelýärdi, onuň ertekilerdäki ägirt uly minaraly galalaryň diş-diş seňňerlerini ýada salýan garamtyl-benewşe bulutlary çarpaýyna galypdy. Ol gorkunç bulutlar bir gögerýän, birdenem çym gyzyl bolup görünýän lemmer-lemmer dumanlardan emele gelen gomlary öňüne salyp, togarlap gelýärdi, olaryň aşagyndan gözüňi gamaşdyryp ýyldyrym çakýardy. Öňünden çykan zady demine dartyp gelýän bu ýalmawuz harasat syýahatçylary hem öz goýnuna dolap almak üçin barha golaýlaşýardy.

— Ylgap, tizräk gaýyklaryň ýanyna ýetmeli — diýip, botanik gygyrdy. — Tropiki jala üstümizi basdyrdyk öýdýän.

Olar aýaklaryna çolaşýan ösgün otlara büdräp, has eňaşak ýapgytlardan tyrpyp, garaz, ýykan-sürşän bolup, eňňitden aşak düşdüler hem-de on minut geçip geçmänkä düşelgä geldiler. Ol ýerde Papoçkin bilen Makşeýew näme etjeklerini bilmän, olara garaşyp duran ekenler. Bedreden dökülýän ýaly bolup guýulýan çabga suwuna çadyryň döz gelip bilmezligi ahmaldy, onsoňam jalanyň yzynyň dola ýazmagy hem ahmaldy. Derýanyňam dolup-daşmagy, kenaryndan çykmagy, agaçlary köki-damary bilen sogrup, tolkunyna düýrläp äkitmegi tüýs bolup biläýjek ýagdaýdy, şonuň üçin gaýygyň üsti hem howpsuz däldi. Ähli goş-golaňy gaýyklardan düşürip, gyrymsy agaçlaryň arasynda gizleneniňden gowusy ýok ýalydy.

Syýahatçylar özaralarynda maslahatlaşyp durkalar, Papoçkiniň abyrsyz uly suw ýylanyny kowalap, derýanyň aşaky akymyna gidişi ýadyna düşdi, şonda ol baýryň aýak ujunda seňňerläp, üstüňe abanyp duran gaýany görüpdi, şonuň aşagyna ýetip bolsa, onda ýagyş-ýagmyrdan birjikde heder etmän penalansa boljakdy. Ýöne gyssanmalydy, tupan üstüňi basyp gelýärdi. Syýahatçylar gaýyklaryň üstüne towusdylar hem-de dessine gaýanyň alkymyna ýüzüp bardylar, sähel wagtyň içinde gaýyklaryň ýüki düşürilip, gaýanyň astyna getirildi. Kertiň aşagy giňiş ekeni, ol ýere diňe bir adamlar, it, goş-golaň sygman, gaýyklar hem ýerleşdi. Syýahatçylar gaýyklar ygyşga bolar ýaly olar bilen ýele tarapy ýapdylar.

Gaýanyň jaýryklarynda mesgen tutan kiçijik ýylanlaryň birnäçesini kowdular. Indi syýahatçylar atmosfera apatynyň ähli geň-enaýylyklaryny arkaýyn synlap biljekdiler.

Gyrmyzy-gök gomlar eýýäm asmanyň ýaryny tutup, Günüň öňüni ýapypdy. Aşakdan seretseň asman gap-gara bolup görünýärdi. Bu nähilidir bir çäksiz, düýpsüz, ümmülmez ummandy, mahal-mahal ony syýahatçylaryň henize bu güne çenli eşitmedik gümmürdilerine goşulyp çakýan ýyldyrymyň gözüňi gamaşdyrýan egrem-bugram çylgymy zowwam kesip geçýärdi. Birden gulagyňy gapyp barýan partlamalar yzly-yzyna eşdilýärdi, bir görseňem juda pugta mata ullakan böleklere ýyrtylýan ýaly güýçli jatyrdy çykýardy, soňra bolsa ýüzlerçe tüpeň birlikde atylan ýaly gürpüldi ýaňlanýardy.

Gapdaldaky tokaý ýeliň ilkinji öwüsgünlerinden güňleç güwwüldäp başlady. Gaýra tarapdan ýene-de nähilidir bir aýylganç zenzele eşidilýärdi, kalba howsala salýan ol gopgun, hatda gök gümmürdisiniň hem üstüni basyp barýardy. Göýä, ol ýerden öz öňünden çykan ähli zady ýykan-ýumran edip, ägirt uly otly güwläp gelýän ýalydy.

Syýahatçylaryň ýüzi ak esgä döndi, olar haýygyp, töwereklerine howatyrly garanjaklaýardylar.

Tüweleý eýýäm zoruny görkezip ugrapdy. Howanyň ýüzünde san-sajaksyz ýapraklar, güller, çybykdyr-şahalar, köki bilen goparylan gyrymsy ösümlikler, tokaýyň jümmüşine gaçmaga ýetişmedik guşlar gaýda-gaýmalaşykdy. Howa hem gitdigiçe garaňkyraýardy. Gök gümmürdileriniň arasynda hem töwerek-daş şuwwuldylardan, haşşyldylardan, şatyrdylardan ýaňa alazenzele bolup durdy. Ýagşyň iri damjalary, jöwenekler ýere hem möwç urup ak köpük bolup duran suwa şapyrdap düşýärdi. Soňra gözedürtme garaňky düşdi, diňe ýyldyrymyň ýagtysyna eýmenç şekiller bir pursatlyk görnüp gidýärdi, ýagyş-ýagmyr, doly tutuş tokaýy asmana göterip özi bilen birlikde alyp barýan ýalydy. Zenzeläniň derdinden birek-biregiň gulagyna agzyňy tutup gygyranyňda-da hiç zat eşidilmeýärdi.

Ýöne bu apat bary-ýogy bäş minut dowam etdi. Tiz wagtdan howa ýagtylyp başlady, ýel gowşaşdy, zenzele-güwwüldiler ilerligine gitdi, diňe ýagyş diňmän ýuwaşja çisňeýärdi. Oňa derek derýa bada-bat daşyp başlady, suwy hem hapalanyp gyzylymtyl-goňur reňke boýaldy, ýüzi köpürjikden doldy. Onuň içinden ýapraklar, şahalar, bitin agaçlar akyşyp barýardy. Asmandan entegem çal bulutlar syh-syh bolup göçüşip barýardy, ýöne olaryň arasyndan indi Pluton yşyklaýardy hem-de tupanyň eden berbatlygyny ýagtyldyp görkezýärdi.

Syýahatçylar gaýanyň seňrikläp duran erňeginiň aşagyndan çykdylar hem-de töwereklerini synladylar. Gaýyklaryň ýele tarapy hozuň ululygyndaky jöwenekler bilen garyşyp ýatan ýapraklardan, şahadyr çybyklardan dolup durdy. Agajyň döwlen şahalaryny ýel şeýle bir güýçli zyňypdyr welin, olaryň birnäçesi ýiti uçlary bilen gaýyklaryň kendir gapdallaryny zowwam ýyrtypdyr. Olary ur-tut ýamamak gerekdi. Dessine iňňe-sapak bilen şepbige ýatyrylan kendir bölejiklerini alyp işe girişdiler.

Gaýygy bejermek bir sagat çemesi iş boldy, bu wagtyň içinde derýa ýene-de öz hanasynyň içine girdi, döwük agaç böleklerinden saplandy, indi ýüzüşi dowam ediberseňem boljakdy. Gara bulut bireýýäm ilerdäki baýyrlaryň aňyrsynda gözden ýitipdi, syýahatçylara hem ilkinji gezek garamtyl-gök dury asmany görmek miýesser etdi.

— Akyla sygar ýaly däl — diýip, Papoçkin gaýykda otyrka ýoldaşlaryna habar gatdy. — Biziň göni üstümizde, şu gök asmanyň ýokarsynda, on müň kilometr daşlykda, edil şunuň ýaly tokaýly, derýaly, her dürli haýwanly ýer bar! Ynanar dagy eder ýaly däl! Wah, şu wagt üstümizdäki ýeri görüp bolsady, baý-baý gyzykly bolardy-ow!

— Aralyk gaty uly — diýip, Kaştanow jogap berdi. — Tozan bölejiklerinden, suw buglaryndan doly, şeýle uly galyňlykdaky howa gatlagy ýeterlik derejede dury bolmaz, bag-bossanlyga bürenen ýer hem ýagtylygy güýçli serpikdirip bilenok, şol sebäpli olam ýeterlik derejede ýagty bolmaz.

— Bir zada üns berdiňizmi? — diýip, Makşeýew sorady. — Düýn kiçeňräk alaňa çykyp töwerege ser salamyzda, ýokara garanyňda alysdaky ýerler has oňat görünýärdi. Biz, megerem, ýüz kilometre dagy uzalyp gidýän tokaýlyk sährany görendiris. Munuň sebäbi biziň duran ýerimiz Zeminiň üstündäki ýaly güberçek däl-de, oýuk bolanlygyndanmyka diýýän. Göýä, biz telper okaranyň içinde duran ýaly.

— Nazaryýet taýdan seredenimizde biziň gözýetimimiz çäksiz bolmaly, biz ýüz däl, bäş ýüz, hatda müň kilometr uzaklykdaky ýerleri hem görmeli. Ýöne aralyk uzaldygyça howanyň aşaky gatlagy ýeterlik derejede dury bolmaýar, zatlaryň sudury hem kem-kemden köreklenýär, biri-biri bilen goşulyşýar.

— Diýmek, bu ýerde gözýetim, ýokardaky ýaly mese-mälim, aýdyň bildirmeli däl-dä onda. Dogrusy, bu ýerde gözýetim asla ýok, biz ýeriň kem-kemden asmana öwrülýändigini görýäs!

— Hakyt şeýle, ýöne biz bu mahala çenli bulutlaryň, ümür-dumanyň aşakda ýeriň ýüzüne ýazylyp ýatanlygy üçin bu ýagdaýa üns bermändiris.

Agşamara derýa ep-esli giňeldi, ýöne ol indi öňküsi ýaly çalt akmaýardy, şol sebäpli çaltrak öňe gitmek üçin kürekleri üznüksiz işletmeli bolýardy.

Kenaryň iki tarapynda-da mahal-mahal dilkawlanyp aýrylýan gollar görünýärdi, ol inçejik akabalardan suwuň bir bölegi derýadan çykyp gidýärdi ýa-da yzyna aýlanyp, esasy hana goşulýardy. Şeýle akymlar hananyň ortasynda suwdan saýlanyp duran gür gamyşly adalary emele getirýärdi.

Şeýle adalaryň biriniň daşyndan aýlanyp geçenlerinde, syýahatçylar gamyşlaryň arasynda boşluk ýeriň bardygyny gördüler, onuň aňrujynda gök öwsüp oturan jeňňelligiň içine girip gidýän ýodajyk görünýärdi. Makşeýew kenara çykyp adany gözden geçirmek üçin öz gaýygyny şol boşluga gönükdirdi. Ýöne gaýygyň burny batgaly kenara ýeňiljek degen dessine, gök jeňňelligiň içinden gylyçgyýak gaplaňyň kellesi göründi. Uzynlygy otuz santimetrden az bolmadyk iki sany ýalpyldap duran, moržlaryňky ýaly ak gyýaklar ýokarky äňden aşaklygyna inýärdi. Ýyrtyjy, megerem, dok bolarly, adamlara topuljak bolanokdy. Ol misli pallaýan kimin hatap ýaly agzyny giňden açdy, soňra kelle jeňňelligiň içinde gözden gaýyp boldy. Bu elhenç ýyrtyjy syýahatçylary adada düşlemek pikirinden el çekdirdi.

Ertesi gün derýanyň hanasy ýene daraldy hem-de ol ýene-de çalt akyp başlady.

Ösümlik dünýäsi gitdigiçe subtropik görnüşlere geçýärdi, indi dublar, buklar, kerkawlar gürüm-jürüm bolupdy. Olaryň ýerini magnoliýalar, lawrlar, kauçuk agaçlary we beýlekiler eýeläpdi. Botanik ol agaçlaryň köpüsiniň diňe adyny eşidipdi, ýek-tükleriniň gülhanada süllerip oturanynam görüpdi. Dogrusy, ýukkalary, ýelpewaç we sago palmalaryny gaýygyň üstünden hem tanamak kyn däldi.

Baýyrlar indi seýrekleşdi, olar öňkülerden has pesdi, ýöne giňdi. Olaryň eňňitleri bile ýetip duran gür otluklara hem-de aýra duran agaçlara, käýerlerinde bolsa gyrymsy agaçlaryň jeňňelliklerine bürenip, Merkezi Afrikanyň birgeňsi tokaýlykaryny ýada salýardy.

Jeňňellikler derýanyň kenary bilen uzalyp, pesräk ýerleri tutup durdy.

Topar köpräk seýran edip, ösümlik dünýäsini öwrenmek üçin şeýle baýyrlygyň golaýynda, günorta naharyna saklandy. Makşeýew gaýyklary garawullamagy boýun aldy, beýleki üç syýahatçy bolsa nahar edindiler-de, baýyrlyga ugradylar.

SÜÝŞÝÄN TÜMMEK

Ýoluň ilkinji metrlerini geçmek üçin lianalaryň we gyrymsy agaçlaryň arasyndan palta bilen çapyşdyryp ýol salmaly boldy. Ýöne soňra ägirt uly ewkaliptleriň , mirtalaryň, lawrlaryň we beýleki agaçlaryň alagaraňky bolup duran gök gümmezleriniň astynda jeňňellikler seýrekleşdi. Paporotnikleriň we agaçlaryň arasyndaky toprak her dürli mohlara we owadan orhideýalara basyrylyp otyrdy. Ýokarda, agaçlaryň üstünde mör-möjekleriň jyrryldysy eşidilýärdi, aşakda bolsa ümsümlikdi. Kämahal sessiz suwlup gidýän ýylan ýa-da hažžyk görünýärdi.

Baýryň eteginde tokaý selçeňläp başlady, indi Plutonyň gyzgylt şöhleleri ýere ýetýärdi, şonuň üçin hem bu taýda ýaşaýyş joş urýardy, gyrymsy ösümliklerem, otlaram, güllerem kändi. Awçylar baglaryň arasyndan egrem-bugram bolup uzalyp gidýän ýodanyň üstünden bardylar hem-de ol tokaýdan çykarar diýen umyt bilen ugruny syryp gitdiler. Öňden Kaştanow, onuň yzyndan bolsa Papoçkin barýardy. Olaryň ikisem tüpeňlerini häzirläp, iki ýanlaryna we öňe eserdeňlik bilen seredýärdiler. Gromeko iň yzdan barýardy, ol ösümlikleri ýygnamak üçin zol-zol yza galýardy.

Birden Kaştanow saklandy hem-de elini galdyryp, häzir bolmalydygyny yşarat etdi. Öňden güýçli şatyrdy hem-de haýsydyr bir jandaryň hyňranmasy eşidildi. Soňra ýodanyň ugrunda juda täsin görnüşli, abyrsyz uly bir jandar göründi. Ol aýa meňzeýärdi, ýöne uzyndan mymyk guýrugy bardy, kellesem inçemikden süýrüdi.

— Bu murhor! — diýip, zoolog pyşyrdady. — Ol Günorta Amerikada duşýar, daş görnüşiniň gorkunçdygyna, ämert dyrnaklaryna garamazdan murhor gaty ýuwaş. Ýöne o diýýän jandarlarymyz mundan has kiçi, bu bedähediň bolsa beýikligi iki metrdenem geçýär!

Onýança murhor ýoluny kesen adamlary gördi hem-de ýaýdanyp durdy.

— Ýoldan sowlalyň! — diýip, zoolog pyşyrdady. — Goý, ol gapdalymyzdan geçip gitsin, bizem ony mazaly synlalyň.

Awçylar gapdala sowlup, üýşmek gyrymsy agaçlaryň aňyrsynda gizlendiler. Murhor tokaýa ynamsyzlyk bilen seredip, ýene birnäçe minut durdy, soňra ýuwaşlyk bilen öňe ýapbyldap başlady. Ol her bäş-alty ädimden saklanyp, töweregine garanjaklaýardy. Murhor şonuň ýaly säginende Papoçkin ony gapdalyndan surata düşürmäge ýetişdi. Ol jandar fotoapparatyň şyrkyldysyny eşidip, özüniň ýogyn aýaklarynyň üstünde tagaşyksyz çaýkanjyrap, guýrugyny göneldip gaçmaga başlady. Onuň burnundan guýrugynyň ujuna çenli dört metrden az däldi.

Syýahatçylar tokaýdan edil baýryň eteginde çykdylar, onuň eňňidi ýapyýokarlygyna kem-kem galýardy. Kaştanow özüne kän bir gyzykly zat berip bilmejek bu birsydyrgyn görnüşli gerşe lapykeç seretdi. Botanik bolsa bu wagt gür otlaryň arasynda nätanyş gülleriň ummasyz kändigini görüp, begenjine iki bolup bilenokdy hem-de bar üntüşigini olary ýygnamaga beripdi. Birden geolog baýryň edil eteginde ullakan gupbagörnüşli tümmegi gördi, onuň ýalaňaç ýapgytlary ýalpyldap durdy.

— Ine, mundan men özüme haýyrly zat taparyn! — diýip, ol begenjini daşyna çykardy hem-de çekijini alyp, tümmege tarap ylgaşlap gitdi. Papoçkin bolsa bu mahal özünden gaçyp, kiçeňräk agajyň köwegine giren hažžygyň täze bir görnüşini tutjak bolup ber-başagaýdy.

Tümmege baryp Kaştanow geňirgenip birsellem durdy — depe tap-takyrdy, üstünde kiçijik otjagazlaram ýokdy, onuň üsti bolsa tutuşlygyna goňras reňkli, garamtyl çyzmykly alty gyraňly ýylmanak örtük bilen örtülgidi.

Muňa haýran galan geolog çekiji bilen kakyp, bu dag jynsynyň bir bölejigini goparmakçy boldy, ýöne çekiç onuň üstünden tyrpyp yzyna gaýtdy.

Depäniň ýokarsynda jaýryk köpräkdir öýdüp, Kaştanow ýokary dyrmaşdy. Dogrusy, bu oňa aňsat düşmedi, tümmegiň beýikligi bary-ýogy üç metr töweregi bolsa-da, onuň eňňitleri juda ýylmanakdy. Ýokarda hem tümmegiň daşy gaty berk ekeni, çekiç bilen sähel tark-turk edeniňe mizänokdam. Geolog guşagyna gysdyrylgy, dag jynslaryny oýmak üçin ulanylýan ullakan isgenesini çykardy, ony altygyraň örtükleriň aralygyndaky jaýryga goýdy-da, isgenäň üstüni çekiçlemäge başlady, ol hem ýuwaş-ýuwaşdan ýer edip, daşyň içine girip ugrady.

Birden güýçli sarsgyn dyzyna çöküp oturan geology ýykdy, ol tasdanam tümmegiň üstünden syrylyp aşaklygyna gaýdypdy, ýöne bolsa-da daşa mazaly çümen isgenä ýapyşmaga ýetişdi. Sarsgyn gowşamaýardy. Kaştanow aňk-taňk bolup töweregine garanjaklady. Onuň göwnüne bolmasa ýer sarsyp, agaçlaram iki ýana yranýan ýalydy.

— Ýer titreýär! — diýip, ol özünden otuz-kyrk ädim daşlykdaky ýoldaşlaryna gygyrdy. — Siz, näme, ýeriň erbet yranýandygyny duýaňzokmy?

Onuň sesini eşidip, Gromeko bilen Papoçkin biri-birine geňirgenip bakdylar. Olar hiç hili sarsgyn duýanokdylar. Ýöne Kaştanowyň duran ýerine seredenlerinde olar haýran galdylar: tümmek geolog bilen birlikde baýyrlygyň gerşinden haýaljakdan süýşüp barýardy.

Biraz salym äm-säm bolup dursalar-da, olar dessine özlerini ele aldylar hem-de bu süýşenekleýän tümmegiň öňüne gyýtaklap ylgadylar, gür otlukdan ýaňa depäniň aşaky bölegi görünmeýärdi. Ylgap golaýa gelenlerinden soň, Papoçkin gülüp gygyrdy:

— Bu ullakan pyşbaga ýaly-la! Pýotr Iwanowiç, siz pyşbaga münüp barýaňyz!

Şol mahal tümmek öz yzyndan gelýänlere tarap öwrüldi, olar onuň aşagyndan öňe süýnüp çykan ep-esli uzynlykdaky boýnuny, öküziňkiden kiçi bolmadyk, owunjak gabarçaklardan doly betnyşan kellesini gördüler. Onuň açylgy agzynda ap-ak dişleri görünýärdi.

Kaştanow nämäniň nämedigine düşünip, isgenesini pyşbaganyň gapagynda galdyryp, ondan syrylyp düşdi-de, bir gapdala towusdy. Alym diňe şu wagt pyşdylyň ýogyn agaç ýaly ullakan guýrugyny gördi. Ol guýrugy bilen bir urdugy göni müçükdirjekdi.

Pyşbaga ýüküniň ýeňlänini duýup, ýapyň ugry bilen ylgady, ösgün otluk onuň kellesi bilen guýrugyny öz içinde gizledi, onuň gapagy bolsa, dogrudanam, süýşüp barýan otsuz depä diýseň meňzeşdi.

Janly pyşbagany daşly depe, onuň hereketini ýer titremesi diýip hasaplan geologyň düşen gülkünç ýagdaýy hakynda henek atyşanlaryndan soňra, Kaştanow öz ýoldaşlaryna ýüzlenip, başga bir gyzykly pikiri aýtdy:

— Dogrusyny aýtsam, men ol jandar düýbünden pyşbagadyr öýtmeýärin, ol üçülenji döwrüň pliosen eýýamynda Ýer ýüzünde ýaşan, ägirt uly murhorlaryň, mähnet temmelleriň, ämert mastodontlaryň, läheň kerkleriň döwürdeşi, sowutlylar maşgalasyna degişli bolan gliptodon diýen haýwan bolmaly. Ol haýwanlaryň galyndylary Günorta Amerikada juda kän tapyldy.

— Mähnet murhora biz tokaýda duşupdyk ahyry — diýip, Papoçkin ýatlatdy.

— Şol duşuşyk hem meni şu aýdýan pikirime getirdi-dä. Sebäbi, biz has demirgazyk guşaklyklarda, buzluklaryň çäginde mamont, uzyn ýüňli kerk, ilkidurmuş gäwmişi, gowak aýysy, mähnet sugun ýaly daşa öwrülen jandarlary diriligine gördük, olar üçülenji döwürden soňraky döwürde Ýeriň ýüzünde ýaşapdyrlar. Şonuň üçin hem birneme günortada, howanyň maýyl ýerinde has gadymy eýýamyň — plioseniň haýwan görnüşleriniň saklanyp galmagyna geňirgenip oturasy iş ýok.

— Siziň pikiriňizi hasam giňeltsek, aýdalyň, mundan hasam günorta gidibersek, has gadymy haýwanlara — miosen, eosen, hek, ýura we ş.m. döwürleriň jandarlaryna duşmaly-da onda? — diýip, zoolog ynanmazçylyk bilen sorady.

— Men muňa asla geň galamok — diýip, Gromeko hem gürrüňe goşuldy. — Zeminiň goýnundaky bu üýtgeşik dünýäni açalymyz bäri men-ä hiç zady geň görmezlige endik edip gidipdirin. Şu mahalam, öňümizden iguanadon, pleziozawr, pterodaktil, trilobit ýa-da paleontologiýanyň başga bir täsinligi çyksa-da, «gadyr bilen garşylamaga» taýyn.

— Beýle bolsa men bir zada gaty gynanýaryn, näme üçin murhor bilen gliptodony atmandyrys! Olaryň hakykat ýüzünde ýaşaýandygyny biz nädip subut ederis? Gliptodony men, hatda surata hem düşürmändirin.

— Belkem-de, biz olara ýene-de duşarys.

— Ýogsa-da, huruşlyk etiň aladasyny etmegiňem wagty geldi — diýip, Gromeko mälim etdi. — Bolmasa, diňe doňuz ýag bilen mydar etmeli bolarys.

Şeýdip gürleşip baryşlaryna awçylar baýryň gerşi bilen haýaljakdan ýokary galyp, onuň depesine çykdylar. Gerşiň ugry bilen inçejik zolak bolup, gür gyrymsy agaçlardan emele gelen jeňňeljik uzalyp gidýärdi. Jeňňelligiň goýnunda dag jynslarynyň üsti açylan kiçeňräk gatlaklary gizlenip galypdyr. Muňa Kaştanow diýseň begendi hem-de haýal etmän çekijini işletmäge başlady, ýöne eýýäm gyrymsy agaçlaryň aňyrsyna geçmäge ýetişen Papoçkin pyşyrdap, ony saklady:

— Ýuwaş, ýapynyň o ýan gapdalynda ot iýýän jandarlaryň ediljek haýwanat bagy bar!

Kaştanow tyrkyldatmasyny goýdy, goparan daş bölejigini jübüsine saldy hem-de gyrymsylaryň içine sümdi, Gromeko hem onuň yzyna düşdi.

Baýryň günorta eňňidi hasam gyradeňräk ekeni. Syýahatçylar ol ýerde parahat otlaşyp ýören her dürli haýwanlary gördüler. Olara iň ýakyn durany kerkleriň maşgalasydy, olar Hindistanda we Afrikada duşýan kerklerdenem, ýüňi ösgün kerklerdenem düýpli tapawutlanýardylar. Bu kerkler semiz, kelte, aýaklary gysga haýwanlardy, olar kiçiräk gippopotamlara çalym edýärdiler, ýöne kellesiniň şekili hem-de gysgajykdan ýogyn şahlary olaryň tohumyny äşgär görkezýärdi. Ene kerklerde şahyň ýerine gabarçyk görnüşindäki ullakan tommak bardy. Enesiniň ýanynda oýnap ýören çaga kerk bagröýkenden taýýarlanan ullakan şöhlady ýada salýardy. Ol enesiniň ýelnine ýetjek bolup, ýere ýatyp, onuň garnynyň aşagyna tumşugyny salýardy, enesi bolsa agynap ony basmarlaýardy. Göwni ýykylan çagajyk horkuldap özüniň nägileligini duýdurýardy.

Az-kem aňyrda ägirt uly pilleriň sürüsi otlaşyp ýördi. Kaştanow dürbi bilen seredip, olaryň mastodontlar bolaýmagynyň ahmaldygyny aýtdy. Olar mamontlardan uzyn hem-de göni gyýaklary, ýapgyt maňlaýlary hem-de göwreleriniň has uzynlygy bilen tapawutlanýarlar.

Olaryň golaýynda biçak uly, alajagaplaňlaryňky ýaly gara tegmilli goňrumtyl-sary reňkli, gylyç görnüşli uzyn şahlary bolan birnäçe antilopa aýlanyp ýördi. Olaryň art aýaklary öň aýaklaryndan has uzyn bolansoň towsaklap hereket edýärdiler, Gromeko olary ilkibaşda ägirt uly towşanlardyr öýtdi.

Tokaýyň çetinde hasam täsin haýwanlar bardy. Olar žirafa-da, düýä-de meňzeýärdiler. Uzyn boýunlary hem-de kellelerindäki kiçeňräk buýnuzjagazy olary žirafa meňzedýän bolsa, goňur reňkleri hem-de kiçeňräk örküçli şekilleri düýä meňzedýärdi. Kaştanow olar düýedir žirafalaryň urugbaşylarydyr diýen netijä geldi. Olaryň bir-iki sanysy tokaýyň gyrasynda aýlanyşyp ýörüşlerine, ýerden dört metr belentlikdäki ýapraklardyr, baldaklary emgenmän ýolýardylar.

Awçylara antilopalardyr düýe-žiraflar has gowy aw bolup göründi, şonuň üçin hem olaryň hersi bir ugra ýöneldi. Kaştanow daşyndan aýlanyp düýe-žiraflara, Papoçkin antilopalara tarap ugrady, Gromeko bolsa kerkleri hem-de mastodontlary surata düşürmelidi.

Gromeko kiçijik kerki görüp, ony çişlik etmäge tüýs şapylaşyp duran diýip hasaplady, bu pikir özüne halys ynjalyk bermänsoň, saklanyp bilmän hiç zat duýman duran çagaja kerki bir okda serreltdi. Botanik onuň ene-atalary başyny gutarjak bolup gaçar öýdüpdi, ýöne onuň diýeni bolmady, olar kiçijik kerkiň dem-düýtsiz göwresini ysgaşdyrdylar, soňra bolsa güýçli horkuldaşyp, ägä bolman tokaýyň çetinde görnen botanigiň üstüne eňdiler. Ol ýene gyrymsy agaçlara bukulyp, birnäçe ädim gapdala sowulmaga ýetişdi. Onuň ýap-ýaňyja duran ýerinde kerkleriň gazap bilen basgylap döwýän şahalarynyň şatyrdysy eşidildi. Agaçlary basalaşdyryp, tumşuklary bilen iki ýana pyzyşdyryp bolansoňlar, bu iki kerk ýene baýryň üstüne çykyp, aňyrlygyna tutdurdylar, ýöne öz duşmanlaryny tapman, ýene yzyna öwrüldiler hem-de ikibaka yrgyldaşyp awçynyň bardygyny görkezýän şahalara tarap gaýtdylar.

Edil şol pursat antilopalaryň golaýynda Papoçkiniň tüpeňiniň sesi ýaňlandy hem-de bu janawarlaryň sürüsi ürküp, ýapyýokarlygyna ýüwürdiler. Mastodontlar hem holtumlaryny galdyryp, turbadan çykýan ýaly howsalaly ses edip, şol tarapa eňdiler. Gromeko gaty çykgynsyz ýagdaýa düşdi, ol bir tarapdan kerklere seredip, olardan sypmak üçin jeňňelligiň içinde öňe-yza gaçmalydy, ikinji tarapdan bolsa antilopalardyr mastodontlar hem oňa howp salýardy. Şu ýerde hem botanigiň kellesine üýtgeşik gowy pikir geldi, ol antilopalar bilen mastodontlaryň her haýsynyň bir tarapdan baýryň üstüne gaýdandyklaryny görüp, agaçlaryň arasy bilen kerklerden gaçyp ýörmän, ýapaşaklygyna, antilopalar bilen mastodontlaryň aralygyna bakan ylgady. Ol bu iki sürüniň goşulyşyp, özüni kowýan haýwanlary saklamagyna bil baglaýardy. Onuň diýeni hem boldy. Dergazap bolup gyrymsy tokaýlykdan çykan kerkleriň biri mastodontlar bilen, beýlekisi antilopalar bilen garpyşdy. Ber-başagaýlyk boldy. Bir kerk mastodontlaryň aýak astyna ýykylyp basalandy, beýlekisi antilopalary ürküzip gaçyrdy hem-de özem olaryň yzyndan eňdi, Gromeko bolsa söweş meýdanynda ýeňiji bolup galyberdi.

Elemtas bolup ylgamakdan soň ol birneme demini dürsäp, ýene jeňňellige geldi, kerklerden gaçanda gaçyran tüpeňini tapdy, soňra bolsa başyna munça gowga getiren öz awuny, kiçijik kerki gözlemäge başlady. Ony tapmak kyn düşmedi, çünki ullakan çelegi ýatladyp duran togalajyk läş basgylanan otlaryň arasynda uzaklardanam görünýärdi. Soňra ol öz ýoldaşlarynyň ýanyna ugrady hem-de olar derilerden, haýwanlaryň kellelerinden hem-de huruşlyk etden mas ýüklenip, yzlaryna düşelgä ugradylar. Ol ýerde gözi ýolda galan Makşeýew aladalanyp, olara garaşyp duran ekeni. Ol hiç ýere gitmedigem bolsa oljasyz galmandyr. Çadyryň ýanyna, megerem, Generaly iýjek bolup, bir ýyrtyjy haýwan bukulyp gelipdir, emma ok degip, özi aw bolupdyr. Ol haýwan möjege meňzeşdi, ýöne kellesi juda uludy, göwresiniň gurluşy pişikleriňki ýalydy, kellesinde hem-de boýunlarynda uzyn ýaly bardy. Kaştanow ol häzirkizaman möjekleriniň pliosen döwründäki ata-babasy bolmaly diýen netijä geldi.

(Dowamy bar).

Çerýomuha — bägüller maşgalasyna degişli, ýakymly ysly ak gülli, gara iýmişli agaç.

Muksun — lososlar maşgalasyna degişli, gurluşy we daşky görnüşi boýunça sig balygyna çalymdaş süýji suwda ýaşaýan balyk. Sibiriň derýalarynda we köllerinde gabat gelýär.

Lipa — lipalar maşgalasyndan bolan ýaprakly beýik agaç.

Wýaz — garagaçlar maşgalasyndan bolan berk iri agaç.

Buk — buklar maşgalasyndan bolan, çalymtyl reňkli, tekiz gabykly uly, gaty agaç.

Dub — buklar maşgalasyndan bolan, iri ýaprakly, iň berk agajyň biri.

Ýel — sosnalar maşgalasyndan bolan hwoýaly, hemişe gök öwüsýän agaç.

Pihta — sosnalar maşgalasyndan bolan, süýnmek gozaly, hemişe gök öwüsýän hwoýaly agaç.

Hmel — kenepler maşgalasyndan bolan çyrmaşyp ösýän köpýyllyk ösümlik.

Burunduk — belka meňzeş gemriji jandar, ondan biraz kiçiligi, böwründen dikligine gara zolak geçýän has açyk sary reňkli ýüňi, şeýle hem seýrek tüýli guýrugy bilen tapawutlanýar. Sibiriň tokaýlarynda, agaçlaryň kökleriniň aşagyndaky köweklerinde ýaşaýar, şonuň üçin hem ony ýerde ýaşaýan belka diýibem atlandyrýarlar (awtoryň belligi).

Oliwin — çogup çykýan wulkan jynslarynyň we daş meteoritleriniň düzümine girýän ýaşylymtyl-sary mineral.

Mezosiderit — karbonatlar toparynyň aralyk minerallary.

Aerolitler ýa-da meteoritler — dürli ululykdaky bölekler görnüşinde älem giňişliginden Ýere düşýän, atmosferanyň içinden güýçli tizlik bilen uçup geçende gyzmagynyň netijesinde daşy erän demir ýa-da daş jisimler. Olar nikelli demirden we beýleki has ýeňil minerallardan durýar (awtoryň belligi).

Oliwin guşaklygy, alymlaryň çaklamaklaryna görä, ýer gabygynyň has ýeňil jynslaryndan ybarat bolan gatlagyň aşagynda, uly çuňluklarda ýerleşýär. Ol has agyr minerallardan (şol sanda uly mukdarda oliwin minera­lyndan) durýar hem-de ýüzleý ýerleşen ýeňil gatlaklary Ýeriň metal haldaky ýadrosyndan aýrylyşdyrýar (awtoryň belligi).

Gajar — bürgüde meňzeş, ýöne kellesi hem boýunlary, onuň boýnunyň aşak tarapyndan ýelekli ýakasy aýlanýar. Ol maýyl ýurtlarda ýaşaýar,

esasan, haýwanlaryň maslygy bilen iýmitlenýär, gajar awuny ýokarda uçup ýörşüne örän uly uzaklykdan görýär (awtoryň belligi).

Gippopotam — grekçeden terjime edilende «derýa aty» diýmegi aňladýar, Goşatoýnaklylar maşgalasyna degişli bolan bu haýwana başgaça begemot hem diýilýär, häzirki wagtda Ekwatorial Afrikada duşýar. Göwresiniň uzynlygy 4,5 metre, agramy 4 tonna çenli ýetýän mähnet jandar.

Tropikler — ekwatora parallel geçirilen, ondan 23 gradus 27 minut demirgazykda ýa-da günortada ýerleşýän, ýer togalagynyň daşyndan aýlanýan hyýaly çyzyklar.

Mirt — hemişe gök öwüsýän ak gülli gyrymsy ösümlik, esasan, subtro­piklerde we tropiklerde ösýär, gadymy döwürlerden bäri Ýewropada bezeg hem-de otag ösümligi hökmünde ösdürilýär.

Lawr — hemişe gök öwüsýän subtropiki agaç we gyrymsy ösümlik, esasan, Orta ýer deňzi sebitlerinde ýaýran. Hoşboý ysly ýapraklary nahara ta­gam beriji häsiýeti üçin aşpezlik sungatynda giňden ulanylýar.

Lawrülje — bägül gülliler maşgalasyna degişli bolan hemişe gök öwüsýän agaç we gyrymsy ösümlik. Ýewraziýada we Amerikada miwe berýän hem bezeg ösümligi hökmünde ösdürilip ýetişdirilýär. Bally ösümlik bolup durýar.

Pisse agaçlary — berýozalar maşgalasyna degişli bolan gyrymsy ösümlik, agaç halda hem gabat gelýär. Ösümligiň miwesi pissäniň uly hojalyk ähmiýeti bolanlygy üçin käbir ýurtlarda ýörite ösdürilip ýetişdirilýär.

Kiparis — hwoýaly agaç, az mukdarda gyrymsy ösümlik hökmünde hem gabat gelýär, Ýewraziýanyň, Demirgazyk Amerikanyň, Demirgazyk Afrikanyň aram guşaklyklarynda ýaýran. Beýikligi 30 metre ýetýän piramida şekilli kiparisler bezeg ösümligi hökmünde giňden mälimdir.

Tuýa — kiparisler maşgalasyna degişli bolan hwoýaly agaç hem-de gyrymsy ösümlik, Günorta Aziýada we Demirgazyk Amerikada duşýar. Bezeg ösümligi hökmünde ösdürilip ýetişdirilýär.

Tis — hwoýaly agaç hem-de gyrymsy ösümlik, Ýewraziýada we Demirgazyk Amerikada duş gelýär. 2-4 müň ýyla çenli ýaşaýar.

Magnoliýa — magnoliýalar maşgalasyna degişli agaç, gyrymsy ösümlik görnüşinde hem gabat gelýär, Aziýada we Amerikada ýaýran, bezeg ösümligi hökmünde giňden mälim, ýapraklaryndan derman serişdeler taýýarlanýar.

Bambuk — gargy gamyşyna meňzeş içi boş tropiki we subtropiki ösümlik, edebi miraslarymyzda hindigamyşy ady bilen hem gabat gelýär. Agaja öwrülen baldagynyň beýikligi 40 m, diametri 30 sm ýetýär.

Liana — beýleki agaçlaryň, gaýalaryň daşyna çyrmaşyp ösýän tropiki we subtropiki agaç, ösümlik. Esasan, çygly tokaýlarda duşýar.

Kauçuk agajy — kauçuk beriji dürli agaçlaryň umumy ady, esasy wekilleri brazil geweýasy, fikus we landolfiýa maşgalasynyň käbir beýleki wekilleri.

Ýukka — agawalar maşgalasyndan bolan hemişe gök öwüsýän agaç görnüşli ösümlik. Demirgazyk Amerikanyň günortasynda we Merkezi Amerikada ösýär. Bezeg ösümligi hökmünde ösdürilip ýetişdirilýär.

Ýelpewaç palmalary — ýelekpisint hem-de ýelpewaç şekilli ýapragy bolan hemişe gök öwüsýän beýik agaç.

Sago palmasy — ýalaňaç tohumlylar synpynyň palma meňzeş agaç görnüşli ösümligi. Onuň krahmala baý, sago berýän çigidi bar. Sago palmalary yssy howaly ýerlerde ösüp, häzir olaryň 83 görnüşi mälimdir. Gadymy geologiki döwürleriň ösümlik dünýäsinde olar uly ähmiýete eýe bolupdyrlar. Sago palmalary daşkömür döwründe peýda bolup, ýura we hek döwrüniň ösümlik dünýäsine mahsusdyr. Hakyky palmalar hek döwrüniň ahyrynda peýda bolýarlar (awtoryň belligi).

Ewkalipt — beýikligi 100 metre ýetýän hemişe gök öwüsýän agaç. Esasan, Awstraliýada we onuň golaý-goltumyndaky adalarda (tropiklerde we subtropiklerde) ösýär. Çalt ösýänligi (ýylda 5 m. çenli) bilen tapawutlanýar.

Paporotnik — sporalar arkaly köpelýän, ýapraklary pajarlap ösýän tropiki ösümlik.

Moh — pes derejeli ösümlikleriň uly topary.

Orhideýa — açyk owadan gülli tropiki ösümlik.

Murhor — başgaça murawýed, tropiki Amerikada ýaýran, tükel däl dişliler toparyna degişli süýdemdiriji jandar, garynjalar we sarygarynjalar bilen iýmitlenýär.

Temmel — başgaça leniwes, Günorta Amerikada duşýan agaçda ýaşap, ýerde ýöremäge ýaramaz uýgunlaşan, ululygy pişik ýaly süýdemdiriji haýwan, kän hereket etmeýändigi üçin temmel, ýagny ýalta diýlip atlan­dyrylýar.

Mastodont — pile meňzeş, gazylyp tapylýan uly haýwan.

Sowutlylar — başgaça bronenoses, Günorta we Merkezi Amerikada ýaşaýan süýdemdiriji.

Trilobitler — leňňeç görnüşlilere degişli ýitip ýok bolup giden topar, trilobitiň bedeni üç bölege (onuň ady hem şundan gelip çykan) bölünýär: kelle galkany, köp bogunlardan ybarat bolan göwresi hem-de guýruk galkany. Mundan 240-600 million ýyl ozal paleozoý döwründe ýaşapdyrlar. Gromekonyň bu ýerde agzan beýleki jandarlary bilen biz biraz soňrak tanşarys (awtoryň belligi).

Rus dilinden terjime eden Gurbangeldi MÄMMETSÄHEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle