Plu­to­ni­ýa 3 (Ro­man)

Plu­to­ni­ýa 3 (Ro­man)

Wladimir Obruçew,
rus ýazyjysy

— Çöketligiň düýbi bilen garşyda duran eňňide barmak üçin bu bulam-bujar harsaňlaryň etegi bilen gitsek gowy bolarmyka diýýän — diýip, Gromeko öz pikirini aýtdy.

— Ýöne bu çöketligiň wulkan krateri däl-de, iki gerşiň arasyndaky jülge bolmagam ahmal ahyry — diýip, Papoçkin belledi. — Eger-de şeýle bolsa, onuň ýüzlerçe kilometre uzalýan bolmagy hem mümkin, şunlukda, biz Nanseniň Ýerini kesip aňyrsyna çykyp bilmeris.

— Bu daşlaryň aňyrsyna geçmek üçin nirä gitmeli, sagamy ýa çepe? — diýip, Borowoý sorady.

— Çepe gideliň, belkem-de, o tarapda dagyň aňry gapdalyna emgenmän geçip bolaýjak ýer bize sataşar.

Şeýle karara gelen syýahatçylar çepe, ýagny kompas henizem işlemänsoň, şemaldan çen tutup günbatara ugradylar. Kompas bolsa henizem ynjalyk tapanokdy, onuň dili galdyrap durdy hem-de demirgazygy görkezmeýärdi. Olaryň çep tarapynda ýapgytlygy çala bildirýän garly tekizlik bardy, sag tarapynda bolsa buzly üýşmekler hem-de gaýalar ýokary galýardy, pessejik bulutlar henizem asmany ýapyp durdy, olar, hatda has beýigräk buz harsaňlarynyň depesine hem galtaşýardylar. Syýahatçylar gün günorta golaýlanda buz harsaňlarynyň üýşmeklerinden geçip bolaýjagrak ýere gabat geldiler, ol ýerdäki üýşmekler pesräkdi, käbir üýşmekleriň arasynda boşluk ýerler hem görünýärdi. Bu ýerde dördünji ammary goýmak üçin saklandylar, Borowoý bilen Makşeýew bolsa ýanlaryna hiç zat almazdan, barlag üçin buzly guşaklygyň jümmüşine aralaşdylar. Olar agşam dolanyp geldiler hem-de guşaklygyň giňligine, takmynan, on kilometr töweregidigini, birneme emgenseler ondan geçip boljakdygyny, onuň aňry gapdalynda çöketligiň beýleki tarapynda ýapynyň endigan ýokary galýandygyny habar berdiler.

Bu guşaklykdan geçmek iki günläp iş berdi, adamlaryň we itleriň bilelikde nartalary süýräp geçirmekleri üçin münderlenişip duran buz harsaňlarynyň arasyndan paltadyr pil bilen ýol açmaly bolýardy. Öý gurup durman, dikligine üstüňe abanyp duran ägirt uly gaýanyň ygyşagynda gijäni geçirdiler. Itler buz harsaňlarynyň aralaryndaky yşgalaňlarda we çukurlarda gizlendiler. Münderlenişip duran buz bölekleriniň arasyna düşen ýeliň her hili şuwwuldylaryna, güwwüldilerine garamazdan, ýadawlykdan halys surnugan adamlar edil öli ýaly ýatdylar.

Ertesi gün bu ägirt uly buzly germewiň beýleki tarapyna geçildi. Agşam ýatyljak bolanda Borowoý gipsotermometriň spirtli çyrasyny ýakdy. Ol abzalyň edil buzly guşaklygyň öň tarapynda görkezen belentligini, ýagny deňiz derejesinden dokuz ýüz metr pesligi görkezjekdigine birjikde şübhelenmeýärdi. Ýöne ol termometri gaýnatgyjyň turbasyna goýanda simap dessine 105, soňra bolsa 110 gradusa galdy, ol onda-da saklanman, ýokary göterilmesini dowam edýärdi.

— Dur, dur diýýän! — diýip, Borowoý gygyrdy. — Nirä gidip barýaň, näme aýnany döwjek bolýaňmy?..

«Näme boldy-da, näme boldy» bolşup, adamlar atylyp turdular hem-de ýol gapyrjaklarynyň biriniň üstünde duran abzalyň daşyna üýşdüler.

— Bu görlüp-eşidilen zat däl ahbeti — diýip, Borowoý sesini sandyradyp jibrinýärdi. — Bu näletsiňen ýeriň deşiginde suw 120 gradusda gaýnaýar.

— Ol nämäni aňladýar?..

— Ol biziň buzly guşaklyk bilen haýsydyr bir düýpsüz çuňluga düşendigimizi aňladýar. Dogrymy aýtsam, häzir suwuň bu temperaturada gaýnamagynyň deňiz derejesinden näçe metr peslige laýyk gelýändigini hem bilemok. Hany, birazajyk tagapyl ediň, men jedwele seredip, dessine hasabyny çykaraýyn.

Ol özüniň ýorganhaltasyna egildi, jübüsinden beýiklikleri kesgitlemek boýunça kitapçany çykaryp, jedwelleri dörüp, nämedir bir zatlary hasaplamaga başlady. Onuň ýoldaşlary termometriň, dogrudanam, +120 gradusy görkezýändigine ynanman, bir-birden abzalyň ýanyna baryp görýärdiler. Sütünjigiň dury suwuklygy bu derejede saklanypdy, indi muňa ynanmazlyga ýer galmandy.

Adamlaryň akyllary haýran bolup dilden-agyzdan galdylar, hiç kimden ses-üýn çykanokdy, diňe abzalda gaýnaýan suwuň ýeňiljek lykyrdysy ümsümligi bozýardy.

Borowoý uludan dem aldy hem-de agraslyk bilen şeýle diýdi:

— Takmynan hasaplaňda, suwuň 120 C0 gaýnamak temperaturasyna deňiz derejesinden bäş müň ýedi ýüz ýigrimi metr peslik gabat gelýär.

— Haky ýok! Siz ýalňyşan bolaýmaň? — diýen sesler eşdildi.

— Özüňiz barlap göräýiň! Ynha jedweller dur… Dogry, olarda suwuň bu temperaturada gaýnajakdygy barada maglumatlar ýok, onuň şeýle bolýanyna barlaghanada gözegçilik etmek mümkin däl, barlaghananyň daşynda hem onuň ýaly çuňlugy nireden tapjak, şonuň üçinem takmynan hasaplamaly bolýar.

Kaştanow hasaplamany barlady hem-de:

— Hemmesi takyk — diýdi. — Biz bu iki günüň içinde, buzuň üsti bilen gyrmyldap oturyşymyza, bary-ýogy on-on iki kilometr aralykda dört müň dokuz ýüz metr aşak düşüpdiris.

— Özümizem aşak düşýändigimizi hem duýmandyrys!

— Monblanyň çür depesinden inen ýaly belentlikden düşüpdiris, hiç zadam aňmandyrys! Bu asla akyla sygjak zat däl ahbetin!

— Düşüner ýaly däl! Bu münder-münder buz harsaňlary uçutdan eňaşak gaýdýan doňan şaglawuk bolup, ol ägirt uly wulkanyň kraterinden bokurdagyna alyp barýandyr diýip pikir etmeseň, näme diýjegiňem biler ýaly däl.

— Edil şeýle doň şaglawuk bilen biz beýleki tarapdan çykmaly bolsak gerek!

— Men-ä bu bulutlaryň goýy örtügine hem näme diýip, näme aýtjagymy bilemok, birnäçe gün bäri ilerden üznüksiz öwüsýän ýele hem düşünemok — diýip, Borowoý egnini gysdy.

Ýöne ikinji buzly guşaklyk hakynda pikir tassyk bolmady. Ertesi gün ýol ýapyýokary gidýän garly düzlük bilen gitdi. Ýoluň ýokarlygyna gitmegi, howanyňam maýlamagy ýöremegi hasam kynlaşdyrdy. Termometr noldan biraz ýokaryny görkezýärdi, gar ýumşapdy hem-de nartalaryň taýgyjyna ýelmeşýärdi, itler süýrenişip zordan ýöreýärdi. Agşama çenli kynlyk bilenem bolsa ýigrimi bäş kilometr geçdiler. Ýeriň ýapyýokarlygyna gidýändigi üçin gipsotermometri gurnap duran Borowoý onuň düýnkiden has pes çuňlugy görkezjekdigine birjikde şübhelenmeýärdi.

Ýöne suw uzak wagtlap gaýnamady, ahyrsoňy bug çykyp ugrady hem-de Borowoý termometri goýdy. Sähelçe salymdan onuň allaniçigsi bolup gygyrýandygy eşidildi:

— Eýesiz galmyş, bu nä boluş, düşüner ýaly däl! Bu bir… bu… — Ol agzyna gelen paýyş sözleri ýagdyryp başlady.

— Näme boldy? Termometr ýaryldymy? — diýen sesler eşidildi.

— Bu ýeriň ýarygynda özümem ýarylarmykam diýýän, akylyňdan azaşdyrjak ahyryn bu! — diýip, meteorolog jibrindi. — Ynha, seredip görüň, menmi ýa termometrmi, onçasyny bilemok, ýöne birimiz-ä ýeldirgäpdiris?

Hemmeler atylyp gipsotermometriň ýanyna geldiler. Simap +125 gradusy görkezýärdi.

— Biz şu gün ýokary galdyk gerek, ýa aşak düşdükmi? — diýip, Borowoý sesini sandyradyp sorady.

— Elbetde, ýokary galdyk! Uzakly gün ýokarlygyna ýöredik. Ýokary galandygymyza asla şek-şübhe bolup bilmez!

— Suw bolsa düýnki buzly germawyň ýanyndakydanam bäş gradus ýokary gyzgynlykda gaýnaýar! Bu bolsa biziň ýokary galman, gaýtam, takmynan, bir müň dört ýüz otuz metr töweregi aşak düşendigimizi görkezýär.

— Diýmek, biz häzir umman derejesinden ýedi müň bir ýüz elli metr pesde durus — diýip, Makşeýew dessine hasaplady.

— Muny asla hiç bir ülňä saljak gümanyň ýok — diýip, Papoçkin güldi.

— Buzuň üsti bilen eňaşak gaýdanymyzda ony bir sülä getirmek bolýardy — diýip, Kaştanow öz ýoldaşynyň sözüniň üstüni ýetirdi. — Ýöne ýapyýokarlygyna gidýändigi köre mälim ýol bilen gidip, bir ýarym kilometr aşaklygyna düşüljekdigine kellesi düzüw adam asla ynanmasa gerek.

— Uçdantutma ählimiz bilelikde ýeldirgän bolmasak, men siziň bilen ylalaşýaryn! — diýip, Borowoý ýüzüni çytyp jogap berdi.

Şol mahal itlere ýal bermek üçin daş çykan Gromeko bilen Igolkin yzyna dolanyp geldiler. Gromeko içeri girenden:

— Ýene bir geň ýagdaý bar, bu gün jahan düýnki, buzlaryň ýanynda duran mahalymyzdakydan üzül-kesil ýagty — diýdi.

— Düýnem, gerişleriň aňry tarapyndakydan ýagtydy — diýip, Makşeýew onuň sözüniň üstüni ýetirdi.

— Gaty dogry — diýip, meteorolog hem olaryň aýdanlaryny tassyklady. — Peterburgyň ak gijelerini ýada salýan iň garaňky gije buzly gerşiň alnyndakak bolupdy. Biz çöketligiň düýbünde durandyrys diýip çaklaýardyk, onda ýagtylygyň gowşajakdygy, elbetde, düşnükli, polýar Gününiň şöhleleri aşaklygyna, şeýle uly çuňluga aralaşyp bilmez.

— Häzir biz görlüp-eşidilmedik derejede aşak düşdük, gije bolsa öňkülerindenem ýagty!

Bu biri-birine gapma-garşy gelýän ýagdaýlar barada gaty kän wagtlap kelle döwdüler, ýöne hiç zatdan baş çykaryp bilmänem ýatdylar. Ertesi gün irden Borowoý öz gözegçiliklerini geçirmek üçin hemmelerden öňürti öýden çykdy.

Şemal henizem ileri tarapdan ösýärdi hem-de ozalkylary ýaly pesde ýerleşen çal bulutlary alyp gelýärdi. Termometr -1 gradusy görkezýärdi, gar ýagýardy.

— Şu gün ýokary galýandygymyzy ýa-da pese düşýändigimizi hökman barlamak gerek — diýip, Makşeýew teklip etdi. — Biziň enjamlarymyzyň arasynda ýeňiljek niwelir ( Niwelir — Ýer üstüniň dürli nokatlarynyň otnositel beýikligini ölçemek üçin ulanylýan geodeziýa enjamy.) bilen reýka ( Reýka — beýikligi kesgitlemek üçin ýüzi bellikli uzyn, insiz tagta.) bar ahyry.

Şol ozalky garly tekizlik dowam edýärdi, ýöne gar birneme doňupdy, şonuň üçin hem ýöremek ýeňildi. Ýol beýle bir kötel bolmasa-da, garasaý, ýapyýokary gidýärdi, onuň ýokary galýandygyna şek-şübhe ýokdy, günüň dowamynda birnäçe gezek niwelirlemek hem adamlary gözleriniň aldamaýandygyny görkezdi, itleriň gadam uruşlary hem bu aýdylanlary tassyklaýardy.

Bu gün ýigrimi üç kilometr geçildi, sebäbi niwelirleme hem birneme wagtyňy alýardy.

Öý gurlan dessine Borowoý öz abzallaryny çykardy, gaýnatgyç +128 gradusy görkezdi.

Borowoý tüýkürinip, şerebelije sözler bilen käýindi. Kaştanow:

— Ýer ýüzünde hereket edýän fiziki kanunlary bu gudukda ulanyp bolanok, şonuň üçin hem täzelerini işläp düzmeli, bu ýagdaýlara başga hiç hili düşündiriş berjek gümanyň ýok — diýdi.

— Täzeden işläp düzmek dilde aňsat — diýip, Borowoý jibrindi. — El ujundan olary işläp düzäýmersiň! Bu ýerde, hamala, başga bir planetada ýaly, ýüzläp alymlaryň nijeme ýyllap eden azaplarynyň bary biderek bolýar. Men-ä muňa boýun bolup biljek däl, işimi tabşyraýmasam boljak däl öýdýän!

Meteorologyň tapan bu gürrüňine hemmeler hezil edip gülüşdi, ol her niçik bolsa-da hasaplamaga başlady hem-de günüň dowamynda ýokary, has dogrusy, aşaklygyna sekiz ýüz altmyş metr düşülendigini hem-de bu ýeriň deňiz derejesinden dokuz müň metr pesdedigini mälim etdi.

— Men fizika boýunça gollanmany waraklap gördüm — diýip, professor Kaştanow gürrüňe başlady. — 120 C0 suw iki atmosfera basyşynda gaýnaýan ekeni, 134 C0gradus gyzgynlykda bolsa, onuň gaýnamagy üçin üç atmosfera gerek bolýar. Häzir biz, takmynan, iki ýarym atmosfera basyşyna sezewar bolýarys.

— Elbetde, beýle basyşda özüňi gaty myrtar duýjagyň görnüp dur, şonuň üçin hem biziň hemmämiz aýlandyrylyp goýberilen ýaly — diýip, Borowoý gaşlaryny çytyp oturyşyna seslendi.

Beýlekilerem dag gerşiniň buzluklarynyň arasynda geçirilen gijeden bäri ugurlarynyň ýokdugyny tassykladylar, kükrekleriniň gysylýandygyny, kelleleriniň gum guýlan ýaly agyrdygyny, ysgynsyzlyk duýýandyklaryny, gijelerine bimaza ýatýandyklaryny, gara basýandygyny aýtdylar.

— Itlerem özlerini erbet duýýarlar — diýip, Igolkin hem gürrüňe goşuldy. — Olaram edil mejaldan gaçan ýaly, dagyň sähelçe ýapyýokary gidýändigine garamazdan, nartalary zoraýakdan çekýärler. Men olar ýadap surnugandyrlar öýdýärdim, asyl gürrüň mundan gelip çykdy-ow!

— Hemmämiziň ýürek urşumyzy barlap görmegimiz gerek… — diýip, Gromeko teklip etdi. — Siziň ýüregiňiz kadaly ýagdaýda näçe gezek urýar, Iwan Andreýewiç?

Borowoý:

— Ýetmiş iki… — diýdi-de, elini lukmana uzatdy.

— Ine, görýäňizmi, häzir siziň ýüregiňiz bir minutda kyrk dört gezek urýar! Tapawut az-küş däl. Beýle basyşda ýürek haýal işleýär, bu bolsa adamyň özüni duýşuna hem täsir edýär.

— Entegem aşaklygyna düşüp gitsek, ýüregimiz düýbünden duraýarmykan? — diýip, Makşeýew sorady.

— Näçe gidemizde-de, edil Ýeriň merkezine çenli düşäýesimiz ýok-la! — diýip, Gromeko güldi.

— Düşsek düşäýeris-dä — diýip, Borowoý hüňürdedi. — Bu ýalmawuz ýaly çukur Ýeriň merkezine hem barsa baraýar. Men indi hemme zadyň bolup biljekdigine ynanýaryn. Eger biz Ýeriň beýleki tarapyndan Günorta polýusyň buzluklarynyň arasyndan çyksak hem geň galmaryn.

— Bagyşlaň welin, bu aýdýanlaryňyz-a asla bolmajak zat! — diýip, Kaştanow öz pikirini aýtdy. — Ýer şarynyň içinden zowwam geçýän deşigem, onuň merkezine ýetýän çukuram düýbünden bolup bilmez. Bu geofizikanyň we geologiýanyň ähli maglumatlaryna ters gelýär.

— Gör-le, muny! Meteorologiýanyň ähli kanunlaryna ters gelýän ýagdaýlary biz görüp durus, olar bilen-ä ylalaşýaňyz, şeýle dälmi? Ynha görersiňiz, siziň geologiýaňyzyňam kanunlary edil serpmeden gaýdan ýaly bolar.

Kaştanow güldi-de, degişmä salyp:

— Iwan Andreýewiç, meteorologiýa ýüzleý ylym — diýdi. — Ol atmosferanyň durnuksyz gurşawy, nähili emele gelýändigi henizem näbelli bolan siklonlary, antisiklonlary bilen iş salyşýar. Geologiýanyň bolsa mäkäm binýady bar, ol hiç haçan mizemejek ýer gabygyna esaslanýar.

— Mäkäm binýady diýýäňmi?! — diýip, Borowoý gyzyp başlady. — Ýer titremesi mazalyja yrgyldadyp goýberýänçä mäkäm bolmagam ahmal. Şoň ýaly sarsan mahaly geologlar akylyny-ha ýitirýärler welin, başga zatlaryny hem ýitirýän bolmaklary ahmal.

Muňa alawakyrdy bolup güldüler.

— Onsoňam — diýip, meteorolog duzlamagyny dowam etdi. — Siz ýer gabygynyň bary-ýogy iki-üç kilometr çuňlugyna aralaşdyňyz, onda-da onuň jümmüşiniň nähili ýagdaýdadygy barada pikir ýöredýärsiňiz! Ýeriň jümmüşiniň tebigaty hakynda bolsa, näçe kelle bar bolsa şonça-da çaklama bar. Alymlaryň bir topary Ýeriň merkezi gaty diýýä, ýene birentegi bolsa suwuk halda bolmaly diýip hasap edýärler, üçünji bir topary Ýeriň jümmüşi gaz halyndadyr diýýä. Hany, baş çykaryp bilseň çykar-da!

— Wagty geler, baş çykararys. Ylmy taýdan esaslandyrylan her bir çaklama, hakykata göz ýetirmek üçin ädilen ýene bir ädim bolup durýar. Ýeriň jümmüşi barada bolsa siz mamla däl. Häzirki wagtda seýsmologiýa, ýagny ýer titremesini öwrenmeklik bize Ýeriň merkezi böleginiň ýagdaýy barada köpräk bilmek üçin täze usullary berýär… — diýip, Kaştanow gürrüňi jemledi. — Gyzykly ýeri, ertir näme bolarka? Indi her gün üýtgeşik ýagdaýlara garaşybermeli. Olar göräýmäge düşnüksiz, ýöne çoçgaryny çöşläberseň, olaram sebäpdir netijeleriň bir ýüpüne düzülendir.

Ertesi gün hem garly tekizlik ýokary galmagyny dowam etdi, ýöne indi ol has ýuwaşjadan galýardy. Ýel heniz hem günortadan ösýärdi, pessejik bulutlar lemmerlenişip, edil ýeriň üstüne ýazylyşyp durdy hem-de daş-töweregi gözden gizleýärdi. Günortanlar ýoluň ýokary galmasy hasam peseldi, indi ol asla bildirenok diýen ýalydy, agşamara bolsa tekizlik aşak inip başlady, itler has çalt ýüwrüp ugradylar, lyžaçylar zordan olaryň yzyna eýerýärdiler. Temperatura noldan sähelçe aşakdady, ýöremek hem ýeňildi. Birdenem hemişekileri ýaly iň öňden barýan Borowoý elini daldalap gygyrdy:

— Saklanyň! Duruň! Biz ýoldan azaşypdyrys öýdýän!

Hemmeler ylgaşlap onuň ýanyna bardylar. Ol kompasy elinde saklap durşuna oňa siňe-siňe seredýärdi.

— Näme boldy? — diýip, Kaştanow sorady.

— Biz demirgazyga däl-de, yzymyza, buzly guşaklyga, günorta tarapa barýas ahbetin. Ynha, serediň, kompasyň diliniň demirgazykdaky ujy biziň barýan ugrumyzy däl-de, yzda goýan ýolumyzy görkezýär.

— Siz muny haçan bildiňiz?

— Edil şu mahal. Kompas ikibaka urnup başlansoň men oňa ynanmamy goýupdym hem-de kerweni üznüksiz günortadan ösýän ýeliň ugruna alyp gitdim. Ýöne meni indi tekizligiň öňküsiniň tersine ýapgytlanmagy biynjalyk edip ugrady, biynjalyk bolmaz ýaly hem däldi, çünki biz entek çukurdan çykan bolmaly däldik. Men kompasy çykardym, indi ol hiç tarapa hem urnanok, özem biziň demirgazyga däl-de, günorta barýandygymyzy görkezýär.

— Şemal henizem arkamyzdan ösýär ahyry!

— Ol bir gijäniň dowamynda ugruny üýtgetse üýtgedäýer.

— Ýok — diýip, Makşeýew kesgitli aýtdy. — Ýel ugruny üýtgedenok. Biz öý guramyzda, ýel köwsarlap içine urmaz ýaly, elmydama onuň gapysyny demirgazyga edip gurýarys. Şu gün irden ýel öýüň arkasyndan ösýärdi, bu meniň magat ýadyma düşýär.

— Diýmek, ol şu günüň dowamynda kem-kem öz ugruny üýtgedipdir, bizem özümiz duýmazdan ýarym aýlaw edipdiris, indem yzymyza barýarys.

— Belkem-de, kompas nähilidir bir sebäbe görä magnitliligini ýitirendir.

— Asmanda Gün, bolman-da ýyldyzlar görünse-de boljak, biz dessine öz barýan ugrumyzy anyklap bilerdik — diýip, Borowoý zeýrendi.

— Her näme diýseňem häzir bize agşamky düşleg üçin gonmak gerek, soňundanam kompasy alyp, garda goýan yzymyzy yzarlap, geçen ýolumyzyň birnäçe kilometrini barlalyň — diýip, Kaştanow teklip etdi. — Eger biz aýlanyp yzymyza dolanan bolsak, onda dessine belli bolar.

Öý gurdular. Makşeýew bilen Gromeko kerweniň ters yzyny çalyp, yzlaryna gaýtdylar. Borowoý gipsotermometri gaýnatdy, ol edil düýnki ýalyrak belentligi görkezdi. Günüň birinji ýarymynda azajyk ýapyýokarlygyna gidilmegi, günortadan soň aşaklygyna gidilen ýola deňeçerräk bolarly. Iki sagat geçensoň yz çalyjylar hem dolanyp geldiler. Olar ýoluň on kilometrini barlapdyrlar, ol gös-göni ýeliň ugruna gidýän ekeni, şonuň üçin hem kompasa görä şemalyň ugruny ygtybarly hasaplap, mundan beýläk hem ýele görä gitmek gerek diýen karara geldiler.

Bu gije asla garaňky düşmedi, bulut örtüginiň aňrysyndaky öçügsi şugla hiç öçmeýärdi.

Ertesi gün ýoluň aşaklygyna barýandygy has hem mese-mälim göründi. Temperatura noldan biraz ýokary galdy. Gar ýumşady, ýol aşaklygyna gidýänem bolsa ýöremek kynlaşdy. Günortadan soň çalpawlyklar bilen depeleriň arasyndan towlanyp akyp, gardan doly jaýryklaryň içinde gözden ýitip gidýän kiçeňräk bulajyklar peýda boldy. Gijeki düşleg üçin beýikde ýerleşen meýdançany saýlamaly boldy. Ereýän garyň suwuny aýyrmak üçin öýüň gapdalyndan kiçijik joýajyklary çekdiler.

Borowoý gipsotermometri goýanda onuň düýnküden köp gradus görkezjekdigine şübhelenmeýärdi, çünki uzakly gün bu syrly çöketligiň düýbüne inmeklik dowam edipdi. Ýöne termometr 126 gradusy görkezdi, pese düşülendigine garamazdan, deňiz derejesinden aşak düşülmegi artman, gaýtam, bäş ýüz ýetmiş metr azalypdyr. Halys kelebiň ujuny ýitiren meteorolog içiniň ýangyjyna gaharly güldi:

— Al, saňa gerek bolsa, ýene bir oslagsyz sowgat! Düşün-dä düşünibilseň! Şu gün irden kompasa ynanmaly däl diýen karara geldik, indi gipsotermometriň görkezmelerine hem sorag alamatyny keserdip goýmaly boljak!

Ýene-de syýahatçylaryň ählisi dürs işlemeýän abzalyň ýanyna üýşdüler, onuň görkezmesini barladylar, suwy täzeden gaýnatdylar, soň ýene gaýnatdylar, ýöne netije üýtgemeýärdi. Aşak düşülýändigi mese-mälim bildirýärdi, oňa hiç hili şek-şübhe ýokdy, çünki bulaklar hem şol ugra akýardy, ýöne onda-da howanyň basyşy artman azalýardy. Öň ýokary galnanda bolsa basyş azalmagyň deregine artypdy. Ýer togalagynyň üstünde geçirilen gözegçiliklere esaslanyp, alymlaryň ençeme nesilleriniň işläp düzen fiziki hadysalar baradaky kanunlaryny polýar yklymynyň bu çöketliginde asla ulanyp bolmaýardy, olar düýbünden başga mazmuna eýe bolupdylar. Düşündirip bolmajak hadysalar hasam köpelip başlady. Bu ýagdaýlar hemmeleri gyzyklandyrýardy, oda-köze düşürýärdi, ýöne hiç kim muny düşündirip bilmeýärdi. Ýakyn geljekde bu syrlaryň öz-özünden çözgüdi tapylar diýip tama edäýmeseň, başga alaç ýokdy.

— Bu nähili gar basan beýewanlyk! — diýip, Papoçkin hüňürdeýärdi. — Geçitde müşki gäwmişlere gabat gelenimizden soň, geljekki günler Mihail Ignatýewiç ikimize hasam gyzykly ylmy tapyndy berer öýdüpdik welin, o diýenimiz-ä boljak däl öýdýän. Eýýäm on iki gün bäri gidip barýas, iki ýüz elli kilometrden gowrak ýol geçdik… gar bilen doňaklykdan başga gören zadymyz ýok.

— Şu mahala çenli ylmy tapyndylar babatynda beýlekilerimize görä işi şowlaýan Pýotr Iwanowiçiň girisine hem hiç hili olja düşenok — diýip, Gromeko ýoldaşynyň sözüniň üstüni ýetirdi.

— Diňe Iwan Andreýewiç ylmy tapyndylary toplady — diýip, Makşeýew gülüp goýberdi.

— Menmi? Men nähili tapyndy toplapmyşym? — diýip, Borowoý geňirgendi.

— Düşnüksiz tebigy hadysalary topladyňyz — diýip, Makşeýewiň nämä kakdyrýandygyny aňan Kaştanow onuň ýerine jogap berdi.

— Meniň ol toplan zatlarym gaty täsin, agramam ýeňiljek, siziň daşlaryňyz ýaly däl! — diýip, Borowoý hem güldi. — Olaryň nartalara agram saljak aladasy ýok!

— Ýöne ekspedisiýanyň netijesi saldarlananda, olaryň agramynyň juda agyr bolmagam ahmaldyr. Sebäbi her bir alym öň nämälim bolan nähilidir bir üýtgeşik zat tapmak isleýär! Häzir-ä siziňki biziňkä garaňda has şowlady.

Ertesi gün ýoluň pese düşmegi ýene dowam etdi, hatda ýol öňküden hem ýapaşaklaşdy. Buzly tekizlik kiçeňräk baýyrlara bölünip ugrady. Olaryň aralygyndaky oýluklardan bulaklar zogdurylyp akýardy, gar ýumşapdy, indi lyžaly gitmek hasam kynlaşdy, lyžalar tyrpyp gapdala gidýärdi. Şonuň üçin hem hereket etmegiň usulyny üýtgetdiler, adamlar iki-ikiden nartalara mündüler, itler olary ýapaşak eňňit bilen aşaklygyna çekip äkitdiler. Lyža taýaklary bilen nartalary dolandyrýardylar, çarkandak buzlaryň üstünde olary agdarman saklaýardylar.

Çar ýana ýaýylyp ýatan beýewan buzluk hem gyrmyzy öwüsýärdi. Çuň çöketligiň düýbüne pessejik polýar Gününiň şuglasy düşüp bilmeli däldi, şonuň üçin hem bu täsin ýalkym hem Borowoýyň ýygnaýan düşündirip bolmajak hadysalarynyň üstüni ýetirdi.

Bu gün çasly akýan uly çeşmäniň golaýyndaky baýryň gerşinde düşlenildi. Çeşmäniň durnaň gözi ýaly dury suwy nahar hem çaý üçin gar eretmek zerurlygyny aradan aýyrdy.

GÜNÜŇ DÜŞNÜKSIZ ÝAGDAÝDA ÝERLEŞIŞI

Agşamlyk edinenlerinden soň, meteorolog öz gaýnatgyjyny gurnady. Ol kyrk bäş kilometr ýoluň dowamynda üznüksiz aşak inilensoň, simabyň bolmanda 130 gradusy görkezjegine hem-de şu mahala çenli rekord (A Rekord — hasaba alnan iň ýokary görkeziji, netije.) çuňluga, on müň metr töweregi aşak düşüljegine doly ynanýardy. Ol öz ýoldaşlarynyň agzyny açdyrmak üçin, hatda suwuň gaýnama derejesiniň hem 130-dan 135 gradusa çenli aralykda boljakdygyny öňünden hasaplapdy. Termometr bary-ýogy 120 gradusy görkezende, onuň nähili haýran galandygyny bir bilsediňiz!..

— Meniň düşnüksiz hadysalar babatyndaky hazynam ýene-de artdy — diýip, ol dabaraly habar berdi. — Siz, elbetde, biziň şu gün dagdan aşaklygyna düşendigimize hiç hili şübhelenýän dälsiňiz.

— Bolman näme. Ol anyk görnüp dur! Suw ýokarlygyna akyp bilmez ahbetin! — diýen sesler eşidildi.

— Onda diňläň. Ynha, gipsotermometr bolsa biziň ýokarlygyna galandygymyzy görkezýär, özem biz bir günüň dowamynda bir müň ýedi ýüz metrden gowrak galypdyrys. Muňa näme diýersiňiz?

Hemmeler gözleri bilen görüp, onuň oýun etmeýändigine göz ýetirdiler. Soňra ol:

— Megerem, biz ýene şeýdip aşaklygyna gidibersek tiz wagtdan bu täsin çöketlikden çyksak gerek, kim bilýär, belkem-de, edil Demirgazyk polýusdan çykarys — diýdi.

— Men-ä bu zatlar nähilidir bir apatyň alamatymyka diýýän! — diýip, Gromeko köpmanyly gürledi. — Bu syrly çuňlukda her hili täsin ýagdaýlar bolup geçýär, howa selçeňleşýär, basyş peselýär, bu bolsa gaý-tupanyň, harasadyň, tüweleýiň, siklonyň ýa-da şuňa meňzeş başga bir külpetiň nyşany. Bu musallatlaryň öňünde müzzerip durmazlyk üçin aňrujy akyly bar adamlara ýorganhaltasyna girip gizlenmegi teklip edýärin.

Onuň çynaberimsiz degişmesine hemmeler, hatda Borowoýam güldi. Soňra bolsa lukmanyň maslahatyna eýerip, her kim ýorganhaltasyna girmek bilen boldy. Ýöne meteorolog ýatmazdan öň öýi saklaýan gazyklaryň mäkäm urlandygyny, ýüpleriň göwnejaý çekilendigini ýene bir gezek barlady. Ol, dogrudanam, haýsydyr bir atmosfera apatynyň gopaýmagyny alada edip, bimaza ýatdy, zol-zol oýanyp, ýel güýjeýän bolaýmasyn, garaşylýan bela-beter başlaýmasyn diýip diňşirgendi. Ýöne hemme zat gowulykdy, şemal hemişekileri ýaly birsydyrgyn şuwlap ses edýärdi, ýoldaşlary hor çekip ýatyrdy, itler ukynyň arasynda hyňranýardylar, çyňsaýardylar. Borowoý hem kellesini ýassyga goýup, howsalaly pikirleri kellesinden çykarmaga hem uka gitmäge çalyşýardy.

Ertesi gün ol ýoldaşlarynyň hemmesinden ir turup, gije asylyp goýlan abzallaryň görkezmelerini hasaba almak üçin öýden çykdy. Ýolagçylaryň galanlary heniz ýorganhaltalarynda ýatyrdylar.

Birden öýüň işiginiň keçe serpigi göterilip, gözleri hanasyndan çykaýjak bolýan meteorolog ýüzüni ak tam edip öýe girdi hem-de peltekläp:

— Bärde bir özüm bolanlygymda akylymdan azaşandygyma birjigem şübhelenmezdim — diýip gygyrdy.

— Ýene näme boldy? Ne döw çaldy? Nähili apat gopdy? — diýip, kimiň howatyrly, kimiň ýaňsyly sesleri eşidildi.

— Bulutlaram, ümür-dumanam syryldy diýen ýaly, Gün bolsa, eşidýärsiňizmi, polýar Güni bolsa dik depämizde dur! — diýip, Borowoý gygyrdy.

Hemmeler biri-birini itekläp, ýüzugra geýnip, daşaryk okduryldylar.

Buzly düzlügiň üstüni ýeňiljek duman tutup durdy, adamlaryň dik ýokarsyndaky gyzylymtyk tegelek Günüň şöhleleri bolsa onuň içinden geçip, bir görseň ýagty, bir görseňem öçügsi nuruny saçýardy. Hawa, Gün demirgazyk giňişliginiň 80-nji gradusynda, iýul aýynyň başynda, ir sagat bäşde polýar Gününe mahsus bolşy ýaly, gözýetimiň aşak eteginde durman, dik depede durdy.

Hemmeler ýüzlerini ýokaryk öwrüp, öz durmaly däl ýerinde duran bu täsin Güne seslerini çykarman seredýärdiler.

— Nanseniň Ýeri — juda täsin ýer ekeni — diýen Makşeýewiň sesi hem aladaly, hemem kinaýaly ýaly bolup eşidildi.

— Bu Aý bolaýmasyn? — diýip, Papoçkin çaklady. — Häzir dolan Aýyň mahaly dälmikä?

Borowoý jübi kitapçasyny çykaryp agdaryşdyrdy-da:

— Hawa, häzir hakykatdanam, on dördi gijäniň dolan Aýy, ýöne bu gyzyl tegelek Aýa meňzänok, munuň ýalkymam has ýagty, ýylysam güýçli — diýdi.

— Belkem-de, Nanseniň Ýerinde… — diýip, Makşeýew bir zatlar aýtjak boldy, ýöne Kaştanow onuň sözüni kesdi:

— Demirgazyk ýurtlarda tomsuna Aý hiç haçan dik asmanda bolmaýar, ol ýa-ha düýbünden görünmeýär, ýa-da örän aşakda bolýar.

— Bu Aýam, Günem däl bolsa, onda nämekä?

Bu sowala hiç kim jogap berip bilmedi. Her kim bir zat diýip çaklady, ol çaklamany bolsa dessine ýalana çykardylar. Soňra çalak-çulak ertirlik edinip, ýola çykmak bilen boldular. Termometr +8 gradusa çenli ýokary galdy. Duman bir-de goýalyp, gyzyl ýagtyltgyjyň ýüzüni ýapýardy, birdenem selçeňleýärdi, ýöne ol bolsa dik ýokarda durşuna ýerinden gozganmaýardy. Ýol uly çeşmäniň kenary bilen buzly düzlükden henizem aşaklygyna gidýärdi. Eňňit öňküsindenem ýapaşaklanan ýalydy.

Itler agzybirlik bilen ylgaşlap barýardylar, syýahatçylar bolsa nartalaryň üstünde otyrdylar, olar kämahal tirkegbaglary düzetmek ýa-da çuň hananyň üstünden paýapyl gurmak üçin böküp ýere düşýärdiler.

Gün dumanyň arasyndan yşykladygy hemmeler kellelerini galdyryp, asmanda tebigy bolmadyk ýagdaýda duran täsin ýagtyltgyjy synlaýardylar.

Günortanlar, adatdakylary ýaly, nahar edinmäge düşlediler.

Dogry, wagtyň süýrgünortandygyny sagat görkezýärdi, Gün bolsa henizem dik asmanda durdy, ol öz duran ýerinden gozganmagyň pikirini hem etmeýän ýalydy.

— Tokaýyň jümmüşine gitdigiňçe, şonça-da odun köpelýär! — diýip, Borowoý hüňürdedi. — Gün demirgazyk giňişliginiň segseninji gradusynda bolanda-da, asman boýunça hereket etmeli, bir duran ýerinde durmaly däl! Ýer öz okunyň daşyndan aýlanýar ahbeti!

Düşleg edilende ol Günüň beýikligini ölçedi, ol laýyk 90 gradus bolup çykdy. Gözegçiligi geçirip bolandan soň ol:

— Biz tomsuň iň uzyn güni tropikde ( Tropik — ekwatora parallel bolup, ondan demirgazyga ýa-da günorta 23 gradus 27 minut uzaklykda ýatan iki hyýaly aýlawyň aralygynda ýerleşen, Ýer togalagynyň yssy guşaklygy.) ýa-da gije-gündiziň deňleşýän güni ekwatorda ( Ekwator — polýuslaryň ikisinden hem şol bir aradaşlykda bolan, Ýer togalagyny Demirgazyk we Günorta ýarymşarlara bölýän, Ýeriň daşyndan aýlanýan hyýaly çyzyk.) durandyrys diýibem pikir etseň boljak — diýip dillendi. — Hawa, hany aýdyň, haýsy giňişligi ýazmaly? Edil janymy alsaňyzam, men nirede durandygymyza-da, töweregimizde nämeleriň bolup geçýändigine-de düşünemok. Kellämdäki pikirlerim garjaşyp bulam-bujar boldy, bu zatlaryň barysy nähilidir bir täsin düýş ýaly bolup görünýär!

Borowoýyňky ýaly duýgular adamlaryň hemmesiniň hem başyndan geçýärdi, ýöne olaryň hiç birisi bu täze, düşnüksiz hadysalara akyl ýetirip bilmeýärdi. Ol hadysalar — abzallaryň gapma-garşy görkezmeleri bermegi, ýeliň üznüksiz bir tarapdan ösmegi, galyň bulutlar, kada laýyk gelmeýän maýylganlyk, gyzgylt ýalkym hem-de Ýerdäki mälim bolan ähli çuňluklardan uly bolan bu ägirt uly çöketlik — henize-bu güne çenli görlüp-eşidilen däldi.

Günorta naharynda hem-de ondan soňky dynç alyşda olar «Demirgazyk ýyldyzy» gämisinde hem-de Nanseniň Ýerinde bolup, daşky dünýä bilen aragatnaşyklarynyň kesilen döwründe, Zeminde bolup biläýjek apatlar, tebigy betbagtçylyklar, bela-beterler hakynda her hili çaklamalary orta atdylar.

POLÝAR TUNDRASY ( Tundra — Ýeriň arktika guşaklygynyň günorta bölegini eýeleýän, gazaply howa hem-de ösümligiň azlygy bilen häsiýetlendirilýän tebigy geografik guşaklyk.)

Agşamlyk buzly düzlük buzly baýyrlyklara öwrüldi. Selçeň duman howada ýüzýärdi. Duman indi özüne haýran galmak bilen seredişýän syýahatçylaryň üstünden gülýän ýaly, henizem dik asmanda duran gyzgylt Günüň öňüni känbir gabsap hem bilenokdy.

Agşam düşleg etmäge wagt golaýlaşdy. Buzly gerişde düşlemek beýle bir amatly däldi. Dogry, öý gurmaga tekiz ýer gytçylyk edenokdy, ýöne suw aşakda, ep-esli uzaklykdady, buzly taýgançak gaýaň üsti bilen aşak düşüp, suw getirmek asla mümkin däldi. Şonuň üçinem has oňaýly ýer duşar diýen umyt bilen adamlar öňe gitmeklerini dowam etdiler. Onsoňam öňde, dumanyň içinden garalyp görünýän haýsydyr bir düzlük saýgardýardy.

Ine, ahyrsoňy özleriniň ýapbaşykdan ak ýapynjasy bilen, göýä, ägirt uly nagyş ýaly bolup, bu garamtyl tekizligiň gyrasyny jähekläp duran buzly baýyrlyklar peseldi. Ýalpak hanaly çeşmedir bulaklar bu tekizligiň içine süsňäp girýärdiler hem-de batgaly, ýasga kenarlar bilen aňyrlygyna akyp gidýärdiler. Buzdan düşen nartalar şepbeşik lüýkli ýere batyp, bada-bat saklandylar, itler hem dillerini çykaryp, batganyň içine çümen nartalary süýremek islemeýärdiler. Adamlaryň hemmesi nartalardan düşdüler hem-de soňky kilometri garsyz düzlüge öwrülen ( Daşa öwrülen galyndylar diýip, ozal ýaşap geçen jandarlaryň we ösümlikleriň dag jynslaryndan tapylýan daş we kömür ýagdaýyndaky galyndylaryna aýdylýar. Olar özleriniň tapylan ýerindäki ýer gabygynyň gatlagynyň ýaşyny kesgitlemek üçin örän wajyp ähmiýete eýedir. Daşa öwrülen galyndylary öwrenmek bilen geologiýanyň paleontologiýa diýlip atlandyrylýan aýratyn pudagy meşgullanýar. ) bu täsin adanyň — Nanseniň Ýeriniň indiki getirjek oslagsyz «sowgatlaryna» galagoply garaşyp geçdiler.

Adamlar garyň, buzuň üstünde geçirilen ençe günlerden soň, edil dilleşen ýaly eglişip, bu arzyly ýeri synlaýardylar, elläp görýärdiler. Garamtyl-goňur toprak yzgarlydy, palçykdy, ýöne ýalazy däldi, onuň üsti baldajyklary baslygan, saralyp solan ownuk otjagazlardan hem-de egri şahalary ýere ýazylyp ýatan, ýapraksyz gyrymsylardan doludy. Adamlaryň aýaklary palçygyň içine dört santimetre golaý çümýärdi, olaryň ädikleriniň astyndan sary suw çüwdürilip çykýardy.

— Hawa, indi muňa näme diýip, näme aýtjak? — diýip, Kaştanow hüňürdedi. — Demirgazyk giňişliginiň segsen birinji gradusynda gar ýok, edil Finlýandiýadaky ýaly maýylganlyk, ýeriň üsti ýalaňaç, dik asmanda bolsa Gün şugla saçýar!

— Indi şu batgalykda öý gurmaly bolarmykak? — diýip, Papoçkin alada bilen sorady.

— Bu batgalyk däl, bu demirgazyk tundrasy — diýip, Makşeýew düşündirdi.

— Tundra bolany bilenem bize hezillik ýok — diýip, Borowoý seslendi. — Itler nartany süýremek islänoklar, palçygyň üstünde gijäni geçirmegem ýakymly däl. Mundan-a buzluga dolananymyz gowy!

Hemmeler çaklaňja bolsa-da, guruganrak ýer gözläp, töwereklerine ýaltaklaşdylar.

— Hanha, o taýy biz üçin kem dälmikä diýýän — diýip, Gromeko öňe elini salgap goýberdi. Ol ýerde buzlugyň erňeklerinden, takmynan, bir kilometrlikde garamtyl-goňur düzlügiň üstünde kiçeňräk depe görünýärdi.

— Ýöne biz o ýere nädip bararys?

— Süýrenibersek bararys-la, itlere özümiz kömek ederis!

— Batga gaty çümmezimiz ýaly aýaklarymyza lyžalarymyzy geýäýeliň.

Dogrudanam, lyžaly gitmek birneme aňsat bolup çykdy. Adamlar düşensoň ýeňlän nartalary itlerem ýuwaşjadan süýräp başladylar, syýahatçylar bolsa lyža taýaklary bilen iterip olara kömek edýärdiler.

Eýdip-beýdip ýarym sagatda düzlükden sekiz metr töweregi ýokary galyp duran depä ýetdiler. Onuň üsti gury, gijeki düşleg üçin örän oňaýly ekeni. Depede geçen ýylky saralan otlaryň arasyndan täze otlaryň hem gök baldaklary görünýärdi, ýere ýazylyp ýatan gyrymsylar bolsa pyntyk urupdyrlar. Depäniň üstünde öý gurdular, itler bilen nartalary aşaky eňňitde galdyrdylar.

Arka tarapda, gözýetimiň iki tarapyna-da uzalyp gidýän buzluklaryň gyrasy çuw ak bolup seňňer atýardy, öň tarapdaky garamtyl-goňur düzlük indi ýaşyl öwsüp başlapdy.

Depeden elli ädim töweregi uzaklykda çalpaw kenarly giň çeşme sessiz akyp ýatyrdy. Düzlügiň üstünde duman lemmerlenýärdi.

Aram-aram ümürligiň aňyrsynda görünýän gyzylymtyl Gün henizem dik depededi, ýogsam sagat agşam dokuzyň ýaryny görkezýärdi. Bu günüň dowamynda topar elli kilometri arka atypdy.

Borowoý suwy gaýnadýança, onuň ýoldaşlary uzak wagtlap aşak düşendiklerine gözleri ýetip duransoň, abzalyň näçe gaýnama nokadyny görkezjekdigini çaklap başladylar.

Olaryň birnäçesi abzalyň 125, ýene birnäçesi 115 gradusy görkezjegini çak urdular. Makşeýew bolsa Papoçkin bilen el urup jedel hem etdi.

— Siziň hijiňizem utmadyňyz! — diýip, gözegçilik geçiren meteorolog netijäni mälim etdi. — Termometr bary-ýogy bir ýüz on gradusy görkezýär.

— Her näme diýseňizem, men hakykata golaý bardym — diýip, Makşeýew seslendi. — Men bir ýüz on bäş diýipdim.

— Şu peýdasyz enjamlaryň hemmesini kül edäýsek nähili bolarka? — diýip, Borowoý janyýangynlyk bilen sorady.

— Siz atmosfera basyşynyň bu düşnüksiz oýunlaryna düşünjek bolup kelläňizi agyrdyp oturmaň — diýip, Kaştanow ony köşeşdirdi. — Siz abzallaryň dürs işlemegine jogapkär däl ahyry!

— Gep munda däl, gep ol abzallaryň peýdasyzdygynda! Näme olary ýük edinip, göterip ýörüs?

— Häzir olar näbelli sebäplere görä bize peýdasyz, ýöne sag-aman gidibersek, barýarka olaryňam bize nepi deger.

Agşam naharyndan soň syýahaty nähili dowam etdirmelidigini maslahatlaşdylar. Eger-de garsyz tundra demirgazyk tarapda, mundan beýläk hem ýaýylyp ýatsa, onda her näçe täsinem bolsa, enjamlaryň köp bölegi diňe bir peýdasyz bolman, gaýtam, zyýan getirjekdi. Olar, has takygy, lyžalar, nartalar, itler, itleriň ýaly, artykmaç gyş geýimleri, spirtiň köp bölegi, hatda gurnama öý hem toparyň çulumlygyna päsgel berjekdi. Şunuň ýaly maýyl howada ätiýaç üçin göterilen ýeňiljek çadyr bilen hem oňňut etse boljakdy, ýangyjy bolsa tundradan çöpläýmelidi.

Şonuň üçin hem depäniň üstünde bir günlük ýük ýazdyrmagyň hem-de töweregiň ýagdaýyny bilmek, nähiliräk hereket edilse gowy boljakdygyny kesgitlemek, toparyň öňünde garaşýan ýagdaýlary anyklamak üçin ýeňil ýükli iki topary dürli tarapa ugratmagyň kararyna geldiler. Ondan soň bolsa buzlugyň üsti bilen yza gaýdylanda gerek boljak, ýöne häzir bolsa artykmaç zatlaryň ählisini depäniň üstünde ammar gurup goýmak boljakdy.

GEZIP ÝÖREN DEPELER

Ertesi gün Igolkin bilen Borowoý öýüň ýanynda galdylar, olaryň biri itlere göz-gulak bolmalydy, beýlekisi bolsa meteorologik gözegçilikleri geçirmelidi. Adamlaryň galan dördüsi bolsa iki topara bölünip, töweregi barlamaga gitdiler. Kaştanow bilen Papoçkin günorta-gündogara, Makşeýew bilen Gromeko bolsa günorta-günbatara ugradylar.

Olaryň hemmesi aýaklaryna lyžalaryny dakyndylar. Gury ýer duşsa, syýahatçylar lyžalaryny aýryp goýmakçydylar. Barlaga gidýänleriň hersi tüpeň bilen ýaraglanandy, çünki garly düzlükdäki ýaly, tundrada hem hiç hili aw duşmaz diýip pikir etmegiň geregi ýokdy. Itleriň uzak gije özlerini galagoply alyp barmaklary hem haýsydyr bir jandarlaryň gabat gelmeginiň ahmaldygyndan habar berýärdi. Täze et bolsa diňe bir adamlara däl, itlere hem gerekdi.

Kän ýöremänkäler Kaştanow bilen Papoçkiniň öňünden giň derýa çykdy, onuň aňyrsynda tundra alyslara ýaýylyp ýatyrdy.

Tiz wagtdan ýeriň yzgary aýrylyp, doly gurady, şonuň üçin hem lyžalary aýryp taşlamaly boldy. Yza gaýdyşyn almak üçin uzakdan görner ýaly olaryň ýokarsyny çüreldip, ýüp bilen daňdylar.

Gury toprakda ter otlar hem ösüp başlapdyr, pessejik gyrymsy agaçlar bolsa ýaşyl ýapraklardyr owadan güllere beslenipdir. Düzlügiň üstüni duman büräp durdy, käýerlerde bolsa ýagyş çisňeýärdi. Aram-aram howa ýagtylyp, gyzylymtyl güneş mazaly gyzdyrýardy, ýöne näme diýeňde-de, Günüň tegelegi aýyl-saýyl görünmeýärdi.

Düşelgeden on kilometr töweregi daşlykda ýolagçylar öňde dim-dik bolup, garalyp duran birnäçe depäni gördüler. Duman sebäpli olaryň sudury aýdyň görünmeýärdi. — Töweregi synlamak üçin gaty ajaýyp ýer ekeni! — diýip, Papoçkin ýoldaşyna ýüzlendi. — Ýer tep-tekiz. Depäň üstüne çyksaň gaty uzaklary görmek bolar.

— Ol depeleriň üstünden bu ýere mahsus dag jynslaryny hem taparys. Olary synlamak hasam gyzykly bolar — diýip, Kaştanow hem gürrüňi öz gyzygýan ugruna gönükdirip goýberdi. — Şu mahala çenli geologiýa babatynda ylmy-barlag toparymyzyň girisine oňly zat düşmedi.

— Zoologiýa babatynda onça-da ýok, asyl öwrenere zat duşaýsa nädersiň.

— Ynha, indi tundra eden azaplarymyz üçin serpaýymyzy ýetirer. Bu depeleriň daşky görnüşinden hem reňkinden çen tutsaň-a, olar bazaltyň ýa-da başga bir wulkanik jynsyň güberçekläp duran gümmezine meňzeýär.

Alymlaryň ikisi hem arzyly depä tarap ylgaşlap gitdiler, ol depeler bolsa duman örtüginiň arasynda bir-de göze kaklyşýardy, birdenem düýbünden gözden ýitýärdi.

Kaştanow bilen Papoçkin on bäş minutdan gowrak ylgadylar, garamtyl depeler bolsa olara hiç hili ýakynlaşmaýardy, ozalkysy ýaly uzakda durdy.

— Bu eýesiz galmyş duman bize aralygy ölçemäge gaty päsgel berýär! — diýip, demini dürsemek üçin aýak çeken zoolog aýtdy. — Men indi-hä ol depeleriň golaýjagyna gelendiris öýdýärdim, biz şol ylgap otyrys, ylgap otyrys, ýöne olara känbir golaýlaşmandyrysam. Meň-ä demim demime ýetenok, gaty daljykdym.

— Hany onda, az-owlak demimizi dürsäli! — diýip, Kaştanow hem ýoldaşy bilen ylalaşdy. — Ol depeleriň bizden gaçyp gitjek ýeri ýok-la.

Olar tüpeňleriniň gundagyna ýaplanyşyp durdylar. Birden depelere tarap seredip duran Papoçkin:

— Haýran galaýmaly ýa-da meni gözlerim aldaýarmyka! Göwnüme bolmasa, bu depeler gymyldaýan ýaly — diýip gygyrdy.

— Duman süýşýär, şonuň üçinem depeler süýşýän ýaly bolup görünýändir — diýip, Kaştanow şybygyny çekip durşuna äwmezlik bilen jogap gaýtardy.

— Ýok, men indi bu depeleriň süýşýändigini aýdyň görýän! Serediň, tizräk seretseňiz-le!

Öň tarapda, uzak bolmadyk aralykda dört sany garamtyl gabara aýdyň görünýärdi, olar haýaljakdan tundra aýlanyp ýördüler.

— Bazalt depeleri ýa-da başga bir wulkan jynslary, adatça, bir duran ýerinden gozganmaýarlar! — diýip, Papoçkin kinaýaly gürledi. — Bolmanam düşnüksiz hadysalaryň bu ýurdunda, belkem-de, baýyrdyr depelerem oňa-muňa aýlanyp gezelenç edýändir! Wah, ýanymyzda Borowoýyň ýoklugyny diýsene!

Kaştanow bu mahal dürbüsini çykaryp, ony hereket edýän depelere tarap gönükdiripdi.

— Bilýäňizmi näme, Semýon Semýonowiç — diýip, ol tolgunmakdan ýaňa sandyraýan sesi bilen ýoldaşyna ýüzlendi. — Bu depeler meniň öwrenmeli depelerim däl, olar siziň ugruňyza degişli, sebäbi bu mähnet jandarlar pile meňzeýär, olaryň uzyn holtumynyň bardygyny aýdyň görýän.

Olar ýene öňe ylgadylar hem-de diňe duman syrylyp başlanda saklandylar. Garamtyl gabaralar indi has golaýdady.

— Ýataly — diýip, zoolog pyşyrdady. — Ýogsam olar bizi görüp gaçarlar.

Olar tundranyň içinde süýnüp ýatdylar. Indi Papoçkin synlamak üçin amatly pursada garaşyp, dürbiniň içine giräýjek bolýardy. Ahyrsoňy duman syryldy, indi dört ýüz-dört ýüz elli ädimlikdäki pil şekilli dört sany jandary aç-açan saýgarmak bolýardy. Olar holtumlaryny birgeňsi büküp, çyrmaşyk gyrymsylaryň şahajyklaryny ýolýardylar-da, ýalmawuz ýaly agyzlaryna gönükdirýärdiler. Olaryň üçüsi ullakandy, biri bolsa kiçijikdi.

— Olaryň gyýaklary abyrsyz uly, özem gaty egri. Endamlary gyzylymtyl-goňur ýüň bilen örtülipdir. Keýp bilen bulaýlaýan guýruklary gysgajyk. Biziň planetamyzdaky mamontlaryň ýitip ýok bolup gidendigini bilmeýän bolsadym, onda men olar pil däl-de, mamontlar diýip arkaýyn aýdardym… Eýsem-de bolsa, bu täsin ülkede, belkem-de, mamontlar diri galandyr!

Kaştanow özüniň uzaga atýan tüpeňine böwsüji ok saldy, awça çep gapdalyny öwren jandarlaryň iň golaýdakysyny didiwana mündürdi.

Gulagyňy gapyp barýan tüpeň sesi ýaňlanyp gitdi. Haýwan holtumyny bulap, öň aýaklarynyň üstüne ýykyldy, soňra turup, birnäçe ädim ylgady hem-de güpläp ýere ýazyldy. Beýleki jandarlaram tebil tapyp, hersi bir ýaňa tazygyşyp gitdi, soňra bolsa olar holtumlaryny ýokary galdyryp, öküziň süýkdürip molaýşyny ýada salýan ses bilen molaşdylar, agras gorgunlaşyp, tundranyň dumanyna siňip gözden ýitdiler.

Kaştanow bilen Papoçkin sabyr-takatlaryny ýitirip, awlaryna tarap okduryldylar. Heläk bolan jandar aýaklaryny serip, mähnet gyýakly kellesini arkan gaňtaryp, sag tarapyna gyşaryp ýatyrdy. Kebzesiniň aşak ýüzünde hoňkaryp duran ullakan ýaradan zogdurylyp gan akýardy, tegelek garny henizem titir-titir edip ýokary galýardy, holtumy sandyraýardy.

— Häzir bolaweri — diýip, Kaştanow duýdurdy. — Janhowluna aýagyny ýa-da holtumyny salgap goýbermesin, güýji güýç däldir, edil möçükdiräýer.

Awçylar piliň on ädimliginde saklandylar hem-de tolgunyp, uly gyzyklanma bilen ony synladylar.

— Menem bu mamontdyr diýip pikir edýärin — diýip, Kaştanow söze başlady. — Bu ämerdiň uzynlygy alty metre dagy ýetýär, ägirt uly göwresi, ýokarlygyna hem içine egrelişip duran gyýaklary, uzyn gyzylymtyl ýüňi — bularyň hemmesi mamontyň alamatlary. Onsoňam piller hiç haçan polýar ülkelerde ýaşan janawar däl, mamontlar bolsa hut sibir tundrasynda ýaşapdyrlar.

— Eger-de öz gözlerim bilen görmedik bolsam hiç kime ynanmazdym — diýip, Papoçkin joşgunly gürledi. — Bu şeýle bir uly, şeýle bir täsin açyş, şeýle bir!..

— Aý, goýsana, näme diýseňem munyň bu çuňňur çöketligiň özünden, demirgazyk giňişliginiň segsen birinji gradusynda gök öwsüp oturan tundradan uly açyş däldir. Biziň planetamyzyň beýleki ülkelerinden buzluklar arkaly doly bölünip aýrylan, mylaýym howaly bu polýar yklymynda mamontlar biziň günlerimize çenli saklanyp galan bolarly. Olar daşa öwrülen diri jandarlaryň ýa-da Nanseniň Ýeriniň täze şertlerine uýgunlaşan gazylyp alynýan haýwanat dünýäsiniň wekilleri görnüşinde bu ýerde ýaşaýan ýaly. Megerem, birmahallar bu ýer gardyr buzluklar arkaly beýleki ülkelerden aýrylyşman, olar bilen bir bütewi bolandyr, bu taýynyňam edil Amerikanyň we Aziýanyň demirgazyk sebitleriniňki ýaly haýwanat we ösümlik dünýäsi bolandyr. Soňra bolsa, mümkin buzluk döwri mahalynda, mamontlar bu ýerde özleriniň iň soňky gaçybatalgalaryny tapandyr.

— Häzir bolsa bu ýer biziň ekspedisiýamyz tarapyndan ýüze çykaryldy! Ýöne biz bu bedähedi näme ederkäk? Ony düşelgä äkitmek üçin ýük otlusynyň tutuş bir wagony gerek!

— Eger mamonty düşelgä eltip bolmasa, onda düşelgäni mamontyň ýanyna getirmek gerek! — diýip, zoolog degişdi.

— Ine, munyň zor pikir! Eger-de tundrada mamontlar bar bolsa, onda aýylaram, möjeklerem, tilkilerem, umuman, başga ýyrtyjylaram bardyr. Biz bu ýere göçüp gelýänçäk, olar biziň awumyzyň işini görerler!

— Bu diýýäniň dogry! Häziriň özünde mamontyň ölçeglerini almaly, ýazyp beýan etmeli hem-de surata düşürmeli. «Demirgazyk ýyldyzyna» bolsa munuň diňe ýekeje dişini, beýnisiniň bölegini, derisini hem-de etini spirtde saklap elteris.

— Ýoldaşlarymyza görkezer ýaly munuň holtumyny bir kesip alaly. Olar haýran galyp, aňk bolarlar! Soňam ony iýeris, heniz tebigaty öwrenijileriň ýekeje biri hem munuň ýaly lukmadan garnyny gözän däldir. Pilleriň holtumy juda tagamly bolýar diýýärler! Ýöne holtumyň ujuny saklamak gerek, çünki ony hiç mahal mamontlaryň maslygynyň ýanyndan tapmandyrlar, şonuň üçin hem onuň gurluşy nämälim. ( Golaýda Çukotka ýarym adasynda mamontyň holtumy tapyldy. Onuň ujy Ylymlar akademiýasyna eltildi (awtoryň belligi).)

Awçylar indi gymyldamakdan galan mamontyň ýanyna gelip, ony ölçemäge hem-de pugta öwrenmäge girişdiler.

Papoçkin ölçeýärdi, Kaştanow bolsa ýazýardy. Soňra Kaştanow maslygy dürli taraplaryndan surata düşürmäge başlady, zoolog bolsa mamontyň göwresiniň nähili uludygyny göz öňüne getirmek ýeňil bolar ýaly, uly buýsanç bilen onuň gapdalynda durup, surata düşýärdi hem-de uly joşgun bilen:

— Gör, nähili ajaýyp! Ekspedisiýanyň hasabatynda biziň şu suratymyz bolar, onuň aşagynda bolsa «Alym Papoçkin gazylyp alynýan däl-de, häzir ýaşaýan mamontyň maslygynyň ýanynda» diýen ýazgy bolar! — diýip, göwnühoş gygyrýardy.

Bu işleri tamamlanlaryndan soň, syýahatçylar haýwanyň guýrugyny, holtumyny kesip aldylar, ýüňünden hem bir çogdamy gyrkdylar, ýaragdyr beýleki ýüklerini alyp, düşlege gaýtmakçy boldular. Şol mahal zoolog töweregine aljyraňňy garanjaklap:

— Biziň düşelgämiz haýsy tarapdaka? — diýip sorady. — Töweregimiz birmeňzeş tundra, ümür-dumanyň derdinden känbir eýläň-beýläňem görnenok. Biz azaşdyk, Pýotr Iwanowiç! Men haýsy tarapa gitmelidigini düýbünden bilemok…

Onuň sesini eşiden Kaştanow hem ilkibada özüni ýitirdi, ýöne syr bildirmän ýylgyrdy-da:

— Jübüsinde kompasy bolan adam haýsy ugra ýörändigini bilýän bolsa, her näçe duman bolanda hem azaşmaz — diýdi. — Gijeki gonalgamyzdan biz göni günorta-gündogara ýönelipdik, diýmek, indi biz demirgazyk-günbatara gitmeli.

— Mamontlary görüp, biz kompasa görä ylgamadyk ahyryn!

— Ýok, kompasy jübime salmazdan öň men ozalky endigim boýunça haýsy tarapa ylgaýandygymyzy belledim. Alada galyp oturmaň, men sizi düşlege elterin!

Kaştanow kompasy eline alyp, tundranyň içi bilen ynamly gadam urmaga başlady, zoolog hem onuň yzyna düşdi.

Syýahatçylar düzlük bilen iki sagat töweregi gitdiler. Duman henizem juda aşakdady, ol bir goýalýardy, birem birki kilometr uzaklygy görmäge mümkinçilik berip syrylýardy. Edil şonuň ýaly pursatda Kaştanow öňde, olaryň barýan ugrundan az-owlak sowa duran, düzlügiň üstünden ýokary galýan haýsydyr bir üýtgeşik zady gördi. Ol ony zoologa görkezdi.

— Bu näme? — diýip, ol sorady. — Öz-ä samoýedleriň ( Samoýedler — saamlaryň, samodiýleriň we beýleki demirgazyk halklarynyň gadymy rus dilinde atlandyrylyşy.) öýüniň tärimlerine meňzeýär. Be-e, bu ýerlerde adamlaram ýaşaýarmyka?

— Men-ä bular biziň lyžalarymyzmyka diýýän. Olary goýup gidenimiz siziň ýadyňyzdan çykdymy?

— Hä-ä, ýadyma düşdi. Diýmek, biz dogry barýas-da!

Lyžalarynyň ýanlaryna ýetensoňlar, syýahatçylar düşelgäni tapmagy gaýgy etmediler, dessine kompasy ýygnadylar, çünki yzgarly tundrada lyžalaryň galdyran yzy gowy görnüp durdy. Tiz wagtdan üsti öýli depe hem göründi.

(Dowamy bar).

Rus dilinden terjime eden Gurbangeldi MÄMMETSÄHEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle