Plu­to­ni­ýa 2 (Ro­man)

Plu­to­ni­ýa 2 (Ro­man)

Wladimir OBRUÇEW,
rus ýazyjysy

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda).

FRITÝOF NANSENIŇ ÝERI

Şol gün giç agşam howa hemişekileri ýaly gamaşyp durman, ümür-dumandan açyldy. Gün eňegini ýere beriberende asmanyň gyrmyzy goýnunda alyslardan göze ilýän, owunjak diş-diş bolup gidýän dag ulgamy mese-mälim göründi.

— Bu gury ýer, muňa hiç hili şek-şübhe bolup bilmez! — diýip, turba dürbi bilen seredip duran kapitan şatlykly seslendi. — Buzluk meýdanlaryň sudury beýle bolmaýar, onsoňam ak örtügiň üstünde birgiden gara tegmil görünýär!

— Ol biziň çak edişimizden has golaýda ekeni! Meniň pikirimçe, ol ýere çenli aralyk bolaýsa elli-altmyş kilometrdir — diýip, Makşeýew dillendi.

— Diýmek, demirgazyk yklymy hakykatdanam bar ekeni, biziň ummasyz harajat çykaryp, ekspedisiýany kyn ýola şaýlamagymyz biderek bolmady! — diýip, Truhanow hem göwnühoşluk bilen seslendi.

Gury ýeriň görünmegi adamlaryň ýüregini gopdurdy, esli mahallap hiç kim ýatmaga meýil etmedi. Dumanyň ýoklugy başga bir seýrek ýagdaýy synlamaga hem mümkinçilik berdi: ýarygijäniň Güni otly şar kimin uzakdaky dag gerşinden togalanyp, ýene-de kem-kemden ýokary galmaga başlady.

«Demirgazyk ýyldyzy» uzyn gije, ertesi gün hem irden ululy-kiçili buz bölekleriniň arasyndan kynlyk bilen öňe gitdi. Günortan giňişlik kesgitlenende gäminiň ýene demirgazyga tarap tas ýarym gradus süýşendigi belli boldy.

Daňdandan bäri şugla saçýan Gün, beýle ýagdaý bu giňişliklerde juda seýrek gabat gelýärdi, ilkagşamlar bulutlaryň aňyrsynda gizlendi. Tiz wagtdan asmany galyň bulut tutup, edil gyşyň ortasyndaky ýaly syrgyn turdy. Owunjak gardan ýaňa gözüňi açyp bolanokdy, daş-töwerek çal dumanyň astynda gizlendi. Ýel buzluklara basyrylan bu deňizde beýlebir güýçli tolkun döredip biljek däldi, ýöne ol buzluk meýdanlary ýerinden gozgady. Olar biri-biri bilen çakyşýardylar, şonda buzluklaryň erňegi döwlüp, buz harsaňlary münderlenişip ýokary göterilýärdi. Harsaňlaryň beýikligi dört, hatda alty metre hem ýetýärdi. Gäminiň ýagdaýy howp astyna düşdi. Ol bug maşynlaryny işledip, bir duran ýerinde gozganman diýen ýaly durmaly bolýardy. Gämi buzluklardan goranmak üçin kämahal biraz öňe, kämahalam az-kem yza süýşýärdi. Hemmeler häzirlenişip durdy, diňe gäminiň daşky örtüginiň demirgazyk şertlerine döz geler ýaly ýörite gurluşy sebäpli ol buzlaryň elhenç şatysyna döz geldi.

Ahyrsoňy «Demirgazyk ýyldyzyna» ägirt uly buzluk meýdanyň gündogar tarapyndaky ullakan köwe girmek başartdy. Ol ýerde gämä buzluklaryň arasynda gysylmak howp salmaýardy. Gämi bu köwde gijäniň galan bölegini imisalalykda geçirdi.

Günortanlar syrgyn gowşady, bulutlaryň aňyrsyndan Gün jyklady hem-de giňişligi kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Demirgazyk şemaly gämini buzluklar bilen bilelikde günorta äkiden ekeni. Adamlary geň galdyran bu ýagdaý olara ýakymsyz täsir etdi. Ýöne beýleki bir tarapdan, ol ýel sebäpli buzluk meýdanlar çat açyp bölünipdir, şonuň üçin hem soňky iki günüň bulutly hem tukat howasynda «Demirgazyk ýyldyzy» özüne aňsatlyk bilen ýol açyndy hem-de demirgazyga tarap ep-esli süýşdi.

Gury ýer golaýda bolmalydy. Şu mahala çenli Bofort deňzine oklanýan lotyň ( Lot — deňiz çuňlugyny ölçemek üçin abzal.) her gezek bäş ýüz — ýedi ýüz sajyn ( Sajyn — 2,134 metre barabar bolan rus uzynlyk ölçegi «sažen» sözünden, şeýle hem, bu ölçeg türkmen uzynlyk ölçeg birliklerinden gulaja laýyk gelýär.) çuňlugy görkezip, indi bolsa segsen sajynda deňziň düýbüne ýetmegi hem muny aýdyň görkezýärdi. Megerem, bu ýerden demirgazyk yklymynyň suwastyndaky gury ýer binýady başlaýan bolsa gerek. Ýöne bulutlaşyk howa, ýeriň üstüni büräp alan ümür-dumanlar hem-de çisňäp ýagýan ýagyş sebäpli ol ýer golaýam bolsa düýbünden görünmeýärdi.

Şol gün, 2-nji iýunda agşam deňze oklanan lot bary-ýogy 20 sajyn çuňlugy görkezdi, öňde bolsa bitewi buzluklar ýatyrdy. Gämi saýa urulmazlyk üçin haýaljakdan ýüzýärdi. Dogrudanam, ägä bolmak gerekdi, gury ýeriň golaýynda deňiz düýbüniň saý ýerleriniň bolmagy juda ahmaldy. Gije birnäçe sagadyň dowamynda gämi gozganman durmaga mejbur boldy, sebäbi gözedürtme goýy dumandan ýaňa daş-töwerekde hiç zat görünmeýärdi.

Gündogardan ösen saba şemaly dumany syrdy, görlüp oturylsa, «Demirgazyk ýyldyzy» gündogara-da, günbatara-da göz ýeter aralyga uzalyp gidýän, beýikligi ýigrimi metr töweregi bolan buz diwarynyň edil alkymyna baran ekeni.

— Megerem, bu edil günorta polýusdaky ýaly, polýar ýeriniň hem töweregini gurşap duran yklym buzlaryndan emele gelen buzly zolak bolsa gerek — diýip, Truhanow paluba üýşen ekspedisiýanyň agzalaryna aýtdy.

Sanili topary düşürmek üçin bu ýeri örän oňaýsyz bolansoň, gämi buzly zolagyň üstüne çykmaga mümkinçilik berjek nähilidir bir goltuga ýa-da ýaryga duşmagy tama edip gündogarlygyna ugur aldy. Lot çuňlugyň on alty sajyndygyny görkezdi. Buz diwarynyň binýady deňziň düýbi bilen bir bütewi ýaly görünýärdi.

Diwaryň juda golaýyndan gitmek howpludy, sebäbi köp sanly jaýryklardan ýaňa daraw-daraw bolup duran buzlaryň kert, käýerlerde bolsa asyl-asyl bolup sallanyşyp duran ownukly-irili bölekleri häli-şindi alazenzele bolup suwa gaçýardy. Insiz, ýöne çuň zawlary emele getiren käbir jaýryklardan edil şaglawuklar ýaly bolup, kiçijik bulajyklar aşaklygyna inýärdi.

Örän haýal ýüzmeli bolýardy. Saýlaryň hem-de buzly meýdanlaryň daşyndan aýlanyp geçmeli bolýardy, şonuň üçin hem uzyn gün ýüzülse-de bary-ýogy kyrk kilometr töweregi ýol geçildi. Ýöne bu gün ikindinaralar öňde, göýä, buzly diwar öz ugruny üýtgedip, günorta tarap öwrülen ýaly, uzyn çykyt göründi. «Demirgazyk ýyldyzy» oňa golaýlanda, ol çykyt buz däl-de, gury ýeriň gaýaly burny bolup çykdy.

Kaýut-kompaniýada agşam naharynyň başynda täze açylan ýeri nähili atlandyrmalydygy barada mesele ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de ony demirgazyk deňizlerini we ülkelerini derňän beýik syýahatçynyň şanyna Fritýof Nanseniň Ýeri diýip atlandyrmak kararyna gelindi. Truhanowyň garşylygyna garamazdan, burna ekspedisiýany gurnan adam hökmünde onuň adyny dakdylar.

Burnuň edil öň ýanynda buzly diwar birneme demirgazyga öwrülýärdi, şol sebäpli hem goltuk kiçeňräkdi, ýöne ol uly bolmasa-da örän çuňdy, şonuň üçin hem gämi ol ýerde kenaryň alkymyna baryp, sanili topary düşürip biljekdi.

Gäminiň üstünde uzakly gije iş gaýnap-joşdy. Howanyň gowulygyndan peýdalanmalydy. Günorta ýeli buzluklary kenara sürüp, olaryň duran goltugyny doldurmagy ahmaldy, şonuň üçin hem gyssanmak gerekdi. Ýük düşürmäge hemmeler gatnaşdylar. Burnuň başlanýan ýerinde buzly diwar peselip, birnäçe böleklere bölünýärdi, buzuň üstünde olaryň arasyndan ýol salmagyň kynçylygy ýokdy. Ekspedisiýanyň agzalary kenara düşürilen goşlary saýhallap, nartalara ýükleýärkäler, deňizçiler Truhanow burnunyň depesine çykdylar hem-de şol ýerde uzyn syrygyň daşyna daşlary üýşürip, piramida saldylar. Gäminiň üstündäki toplardan dabaraly ýagdaýda üç gezek gümmürdedip atdylar-da, syrygyň üstüne rus baýdagyny göterdiler.

Piramida surata düşüriş, derňew işleri bilen meşgul bolup gury ýeriň kenarynda ýüzjek gämä hem-de bu ülkäniň jümmüşine gidip, soňundan ýene-de gämi bilen tapyşmak üçin bu burna dolanyp gelmeli sanili topara çelgi bolup hyzmat etmelidi. Piramidanyň daşlarynyň arasynda jebis galaýylanan sink gapyrjak hem goýuldy, onda bu ýeriň 1914-nji ýylyň 4/17 iýunynda «Demirgazyk ýyldyzy» gämisinde Truhanowyň ekspedisiýasy tarapyndan açylandygy we Fritýof Nanseniň Ýeri diýlip atlandyrylandygy barada beýannama bardy. Ol beýannama ekspedisiýanyň ähli agzalary tarapyndan gol çekilip, gäminiň möhüri bilen tassyklanyldy.

Ertesi gün agşam ekspedisiýanyň ähli agzalary iň soňky gezek «Demirgazyk ýyldyzynyň» kaýut-kompaniýasyna hoşlaşyk agşamlygyna jemlendiler. Agşam naharynyň başynda gäminiň indiki ýüzüşleri hem-de bellenilen möhlete çenli gelip bilmese, sanili ekspedisiýa kömek etmek üçin görülmeli çäreler hakyndaky meseleler gutarnykly çözüldi.

«Demirgazyk ýyldyzy» piramidanyň gapdalynda ammar gurmalydy, onda birden ekspedisiýa haýsydyr bir sebäbe görä bu ýerden gämini tapyp bilmese, onuň gyşlamagy üçin azyk-owkat, ýangyç hem-de geýim-gejim goýulmalydy.

Sanili topar ýedi-sekiz hepdeläp göni demirgazyga gitmelidi, soňra bolsa mümkin bolsa başga ýol bilen günorta dolanmalydy, ýöne olar ýene-de Truhanow burnuna dolanyp gelmäge çalyşmalydylar. Öz ýüklerini ýeňilleşdirmek hem-de yzlaryna gaýdyşyn hiç zatdan kösenmezlikleri üçin sanili topar ortaça her elli kilometrden azyk-owkat ammaryny hem-de öz barýan ugurlary hakynda maglumatlary goýmalydy. Ekspedisiýany soňra gözlemeli bolsa, onda ol maglumatlaryň örän uly kömegi degjekdi.

Ir säher baýdaklar bilen bezelen «Demirgazyk ýyldyzy» iki topunyň ikisinden hem gümmürdedip, ýola düşen sanili topary mübärekledi. Hoşlaşyk mahaly Truhanow Kaştanowa sürgüçlenen bukjany berdi hem-de şeýle diýdi:

— Eger-de siz Nanseniň Ýerinde çykalgasyz ýagdaýa düşseňiz ýa-da öz töweregiňizdäki ýagdaýlara düşünmeseňiz, düşündiribem bilmeseňiz, mundan beýläk näme etmelidigini bilmeseňiz, onda bu bukjany açyň. Belkem-de, onuň içinden size zerur netijä gelmäge kömek berip biljek zat bardyr, ýöne, men sizden garaçynym bilen haýyş edýärin, diňe başga alaç tapmadyk ýagdaýyňyzda bukjany açyň. Eger hemme zat gowy gitse, onda meniň görkezmelerimiň hiç hili geregi hem bolmaz, olaryň asla esassyz ýaly bolup görünmegi hem ahmal.

Topary ugratmak üçin buz ulgamynyň depesine gäminiň ähli adamy diýen ýaly ýygnandy, dostlukly mäkäm el gysyşlykdan soň, hersine sekiz it goşulan üç sany mas ýüklenen nartalar alty adam bilen demirgazyga ugrady. Ätiýaç üçin alnan ýene alty it bolsa sanileriň gapdaly bilen ylgaşlap gitdi.

RUS DAG GERŞINIŇ ÜSTI BILEN

Toparyň gaýralygyna gitdigiňçe ýokary galýan, ýol öndürmek üçin örän amatly bolan gar basan düzlügiň üstünden Nanseniň Ýeriniň jümmüşine uzalyp gidýän ýoly iki günläp dowam etdi. Buz üstündäki jaýryklar indi känbir duşanokdy, olaryň köpüsiniň üstüni gar basyp doldurypdy. Howa bulutlydy, şemal günortadan lemmer-lemmer bulutlary sürrekläp getirýärdi, olar bolsa mahal-mahal adamlaryň üstüne gar sowrup, alyslary gözden gizleýärdi. Adamlaram, itlerem kem-kemden işe girişdiler. Borowoý buz jaýryklaryny ahmal galaýman, wagtynda tapmak üçin elindäki taýagy bilen garyň üstüni dürtüşdirip, gerekli ugurdan sowulmazlyk üçin kompasa seredip, hemmeleriň öňünden barýardy. Makşeýew, Papoçkin hem-de Igolkin dagynyň hersi öz nartasynyň gapdalyndan ýöräp, itlerini sürýärdiler. Gromeko birneme gapdaldan ylgap barýardy, ýöne olam haýsy narta batsa, dessine kömege ýetişmek üçin olardan gaty uzaklaşmaýardy. Kaştanow kerweniň iň yzyndan barşyna ýoluň suratyny çekýärdi, onuňam elinde kompas bardy. Iň yzdan barýan nartanyň guýrugyna odometr atly ýeňiljek tigir dakylypdy, ol geçilen aralygy ölçeýän hasaplaýjy abzala birikdirilgidi, şonuň üçin hem bu nartany her hili zeper ýetmelerden juda ygtybarly goramalydy.

Syýahatçylaryň hemmesi sowuk ülkelere kybap gelýän birmeňzeş geýimdediler. Olaryň hemmesi çukot kuhlýankasy diýlip atlandyrylýan ýüň tarapy içine edilip tikilen, kellä geýer ýaly başgaply eşigi geýipdiler. Howa hasam sowasa geýmek üçin nartalarda başga kuhlýankalar hem bardy. Olary öňkiň üstünden, ýöne ýüň tarapyny daşyna edip geýmelidi. Häzir bolsa tomus pasly bolansoň, onuň diňe birini geýmek hem ýeterlikdi, ony hem ýagyş ýagsa ýüňden örülen kürtekçe bilen çalşyrmalydy, sebäbi sugun derisinden edilen sütükli geýim yzgara durumsyzdy. Syýahatçylaryň aýagynda ýüňi iç tarapyna edilip tikilen sütükli giň jalbarlary bardy, olar aýaklaryna maýyşgak torbaslary, ýagny sütükden edilen ädikleri geýipdiler. Howa mazaly maýlasa sütükli geýimleriň ählisini ätiýaçlyk üçin alnan ýüň geýimlere çalyşmak mümkindi.

Adamlaryň hemmesi lyžaly barýardylar, olaryň ellerinde bolsa badalga taýaklary bardy.

Düzlük alaňlyklardan, aklaňlardan doludy, gyşyň syrgynyndan emele gelen, maýylganlyga-da ýumşaşan çukur-çukanakdyr güberçeklerem olaryň üstüne urnady. Olardan geçmek buz jaýryklaryndan geçendenem kyndy, dogry, indi buzuň ýaryklary känbir gabat gelibem duranokdy. Makşeýewiň öz nartasyna goşulan itleri bilen gürleşmegi adamlara uly güýmenje boldy. Ol itlerine sypatlaryna görä adam dakypdy. Öňden gidýän ullakan gara it «General» adyna eýe boldy. Gije düşlemek üçin uklary ýeňil, ýöne örän berk bambuk agajyndan edilen ykjam öý dikýärdiler, onuň diwarlarynyň eteklerine ýatalga haltalaryny aýlaýardylar, ortada bolsa nahar gyzdyrmak üçin spirtde işleýän peji goýýardylar, öýüň tüýnüginden bolsa çyra sallap goýýardylar. Itleri öýüň gapdalynda goýlan nartalara daňýardylar. Ýola düşlenden soň ikilenji gün agşamaralar, gämiden düşen ýerlerinden elli bäş kilometr geçensoňlar, ýolagçylar gaýdyşyna azyk-owkat goýmak üçin ilkinji ammarlaryny gurdular, oňa gar harsaňlaryny üýşürip, üstüne hem gyzyl baýdak dikip, çelgi etdiler.

Üçünji gün garly düzlügiň ýuwaş-ýuwaşdan ýokary göterilýändigi mesaňa-mälim bildirdi. Indi jaýryklaryňam sany artýardy, olar bolsa toparyň hereketini hasam gowşadýardy, çünki üsti ýukajyk gar bilen örtülen ýarygyň içine gaçmazlyk üçin juda ägä bolup ýöremelidi. Agşamaralar ýer üstüniň tiz wagtdan başga görnüşe geçjekdigi mälim boldy.

Demirgazyk tarapda şemalyň ugruna lemmer-lemmer bolup göçýän çal bulutlaryň arasyndan seleňläp duran beýik daglar bir görünýärdi, birem gözden ýitýärdi. Olar uzyn hatar bolup tutuş gözýetimi tutup durdy. Bu daglaryň ak gara basyrynan, agaryp duran gözel görnüşiniň käýerlerinde garalyşyp görünýän gaýaly gerişler hem bardy. Ýaşmaýan Gün dag gerşiniň edil üstünden tigirlenip barşyna, bulutlaryň perdesiniň arasyndan öçügsi şugla saçyp, olary gyrmyzy reňke boýaýardy. Öň tarapdaky garly düzlük asmandan serpikýän şuglanyň täsiri bilen mawy, gyrmyzy, melewşe öwüsýän meneklere, zolaklara beslenýärdi. Ynsan balasynyň ilkinji gezek nazary kaklyşýan bu garly sähranyň hem-de täsin dag gerşiniň umumy görnüşi haýran galaýmaly owadandy.

Rus dag gerşi diýlip atlandyrylan bu daga çykmak buzuň güýçli jaýryk atandygy sebäpli üç gün wagt aldy. Ýoda kese ýatan dereleriň biriniň içinden, ýylçyr gaýaly zawlaryň aralygyndan gidýärdi.

Buzly akymyň, has takygy, dag gerşiniň günorta eňňidinden aşaklygyna inýän buzlugyň giňligi bir kilometre ýetýärdi, onuň iki tarapyny galyň gara basyrylyp oturan eňaşak ýapgytlar bilen gezekleşip gelýän garalyp duran, örän kert ýylçyr gaýalar gurşap alypdyr. Ol gaýalaryň üsti iri we ownuk bazalt ( Bazalt — gara ýa-da garamtyl çal reňkli agyr wulkan jynsy. Ol häzirki zaman wulkanlarynyň aglabasyndan akymlary we örtükleri emele getirýän suwuk lawa görnüşinde çogup çykýar hem-de dykyz we porruk hala geçýär.) bölekleri bilen örtülipdir, käbir ykyşagrak ýerlerinde bolsa polýar ösümlikleri biten kiçijik otluklar emele gelipdir. Kaştanow gidip barşyna gaýalary derňeýärdi, Gromeko ösümlikleri ýygnaýardy, ýöne Papoçkiniň bolsa girisine oňly zat düşenokdy, uzakly günüň dowamynda ol garyň üstünden çalajan, otlukdan bolsa diri mör-möjekleriň birnäçe sanysyny tutdy.

Asmany tutup duran galyň bulutlar ýere degäýjek bolýardy. Olar, göýä, gara diwarly, düşegi ak, bamy ( Bam — potolok.) çalaryp duran, giň, ýöne pessejik däliziň içinden gidip barýan ýaly bolup görünýän syýahatçylaryň başlaryny sypap geçýärdi. Deräniň düýbüniň has uçut ýerlerinde buzuň tekiz üsti köp sanly ýaryklardan doly, buz harsaňlary bulam-bujar bolup duran doň şaglawuklara öwrülýärdi. Olaryň üstüne nartalary süýräp çykarmaly bolýardy. Bu agyr ýol adamlaryňam, itleriňem ysgyn-mydaryny aldy, olar uzakly gün ýol ýöräp bary-ýogy on kilometr töweregi ýol geçdiler. Howa bulutlaşykdy. Günorta şemalynyň sürüp getiren pessejik bulutlary dag gerişleriniň ýylçyr gaýalaryny görer gözden gizleýärdi, olaryň gara eňňitleri buzlugyň büdür-südür üstüni jähekläp durdy. Bu depeleriň üstünden geçmek toparyň nartalaryna südür baryny görkezýärdi. Juda çatak ýerlerde olaryň ýüküni düşürip, ähli goş-golamy el bilen çekmeli bolýardy. Üçünji gün agşamaralar topar ahyrsoňy geçide ýetdi. Ol deňiz derejesinden tas bir ýarym müň metr belentlikde ýerleşen, gar basan düzlükden ybaratdy. Howa hasam bulaşyp başlady, dag gerşiniň ýokarky örküji demirgazyga göçýän çal bulutlara bürendi, topar elmydama ýüz ädimden daş ýeri görkezmeýän ýeňiljek dumanyň arasy bilen gitmeli bolýardy.

Bu ýagdaý syýahatçylaryň hemmesiniň lapyny keç etdi, sebäbi howa gowy bolanlygynda gerşiň üstünden gaty uzak aralyklary synlap boljakdy, bu bolsa Nanseniň Ýeriniň köp böleginiň kartasyny çekmäge mümkinçilik berjekdi.

Geçidiň üstünde ikinji ammary gurdular, onda geologyň günorta eňňidiň gaýalaryndan ýygnan daşlaryny hem goýdular. Zoologyň bolsa şu wagta çenli alan oljasy müşki gäwmişiň (Müşki gäwmiş — goýnuň hem-de öküziň alamatlaryny özünde saklaýan süýdemdiriji jandar. Onuň şahlary kellesiniň gapdalyndan aşak sallanýar, ýüňi güri hem uzyn, ýaýbaň toýnaklary bolsa bu jandara garyň hem buzuň üstünden çalt ylgamaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda müşki öküz­ler diňe Grenlandiýada hem-de Demirgazyk Amerikanyň demirgazyk giňişliginiň 60-njy gradusyndan ýokarda ýerleşýän adalarynda gabat gelýär.) derisi bilen kelleçanagyndan ybarat boldy. Bu jandarlaryň kiçeňräk sürüsi topara geçidiň öň ýanynda gabat gelipdi.

TÜKENIKSIZ EŇŇIT

Dagyň demirgazyk gerşi düýbünden başga görnüşde ekeni. Ol demirgazyga gitdigiçe kem-kemden aşaklaýan, gar basan uç-gyraksyz düzlükdi. Indi itler nartalary aşaklygyna aňsatlyk bilen çekýärdiler. Ýöne howa bulaşdy, günortadan ösýän çapgyn şemal galyň bulutlary alyp geldi, olar gözýetimiň ähli ýerine ýazylyp ýatan garyň edil üstünde lemmerlenişip durdy hem-de töweregi düýbünden görkezenokdylar. Mahal-mahal güýçli syrgyn hem turýardy, diňe ýeliň ugurdaşlygy, sowugyňam 10-15 gradusdan geçmeýändigi sebäpli syýahatçylar känbir kynçylyk görmezden ýollaryny dowam edýärdiler. Jaýryklar ýygy-ýygydan duşup başlady, ýöne olar darajykdy, şonuň üçinem olaryň üstünden emgenmän geçse bolýardy. Ýöne indi her basjak ýeriňi saýgaryp, juda seresap gitmelidi, çünki täze syran gar bu ýaryklary görer gözden gizläp, hakyky gürpbasdylara öwrüpdi. Günüň ahyrlarynda syrgyn şeýle bir güýjedi welin, syýahatçylar öýlerini zordan dikdiler.

Ertesi gün irden turup görseler, olaryň öýi çür depesine çenli gara gömlüpdir. Meteorologiýa gözegçiliklerini geçirmek üçin hemmelerden ir turan Borowoý gapyny açanda, onuň maňlaýy gije syrap gelen gar üýşmegine degdi. Daşaryk çykmak üçin ötük gazmaly boldy. Syýahatçylar daşary çykansoňlar nartalaryňam, itleriňem gürüm-jürüm bolandygyny gördüler, öýüň töwereginde diňe ullakan gar üýşmekleri bardy. Itdir nartalaryň üstüni gar basandygyny bilmek kyn däldi, çünki bu gar basan çöl-beýewanlykda nartalaryň ogurlanmagy ýa-da itleriň gaçyp gitmegi hakynda pikir edip oturasy iş hem ýokdy. Adamlar agzybirlik bilen gary gazmaga başladylar.

Adamlaryň sesini eşiden itleriň özi hem çaltrak ertirki ýallaryny iýmek üçin garyň aşagyndan ýokarlygyna gazyp başladylar. Her ýerde, her ýerde garyň üstüniň gymyldap başlamagyna, soňam güberçeklenip ýokary galmagyna, ahyrsoňunda bolsa, ol ýerden şadyýan çyňsaşyp, gara, ak ýa-da alabeder tüýli kelleleriň çykyşyna seretmek gaty täsindi.

Täze ýagan, uç-gyraksyz düzlügi örtüp duran gar beýle bir galyň däldi, bolaýsa ýarym metrdi, ol syrap, diňe tekiz ýerde bökdençlik tapan ýerlerinde — öýüň, nartalaryň, itleriň ýanynda üýşmekleri emele getiripdir. Ýagyp durka öwsen şatlama çakyr şemal gary demrikdiripdi, lyžaçylar onuň känbir içine çümenokdylar, ýöne itlerdir nartalar batýardylar. Şonuň üçin hem nartalaryň ornuny ýygy-ýygydan çalşyryp başladylar, çünki yzdan gelýän nartalara ýol çekýän öňdäki narta gaty agram görýärdi, ony süýreýän itler hem tiz ýadaýardylar. Garyň ýumşaklygy sebäpli ýüze çykýan bu kynçylyklar tiz hereket etmäge mümkinçilik bermeýärdi. Şonuň üçin hem şemalyň gowşandygyna, syrgynyň gutarandygyna, ýoluňam dagyň etegindäki tekiz eňňit bilen gidýändigine, buz jaýryklarynyň bolsa gardan dolup tekizlenendigine garamazdan, günuzyn ýol ýöräp bary-ýogy ýigrimi iki kilometr geçdiler hem-de geçitden elli bäş kilometrlikde saklandylar. Bu ýerde üçünji ammar guruldy.

Gije syrgyn ýene-de güýjedi, şonuň üçin ertesi gün irden gar üýşmekleriniň aşagyndan çykmak üçin, edil geçen gezekki ýaly çuň bolmasa-da, gary gazmaly boldy. Düzlükdäki täze garyň galyňlygy bir metre dagy barýardy, hereket etmek hasam kynlaşypdy, şol sebäpli hem uzyn gün ýol ýöreselerem bary-ýogy on bäş kilometr geçen adamlar ýadap, halys surnukdylar, olar agşam düşlemäge hem ozalkylardan has ir gondular.

Howa-da, daş-töweregem juda tukatdy, gözüň säginer ýaly hiç hili üýtgeşik zat ýokdy, bu birmeňzeşlik hem juda içgysgynçdy.

Agşam syrgyn ýatdy hem-de gözýetimiň aşak eteginde sallanyp duran Gün bu ümmülmez garly sähranyň üstündäki henizem ýere degäýjek bolup duran bulutlaryň arasyndan kämahal yşyklap başlady. Syýahatçylaryň gözleriniň öňünde haýran galaýmaly täsin görnüşler peýda boldy: ak garly düzlük, onuň üsti bilen haýdaşlap barýan, bir görseň tüýdüm-tüýdüm, bir görseňem burum-burum bolup, üznüksiz keşbini üýtgedýän lemmer-lemmer bulutlar, howada tüweleýleýän san-sajaksyz owunjak garjagazlar, birden peýda bolup, birdenem bu çal perdäniň aňyrsynda gizlenýän gyzyl şar görnüşindäki Günüň bu hereket edýän ak-küljümek ümür-dumanly örtügiň bir o ýanyny, bir bu ýanyny böwsüp geçýän, mämişi öwüsýän ýiti şöhleleri, göýä, ertekilerdäki ýaly täsindi. Syýahatçylarymyz agşam naharlaryny edinenlerinden soň uzak wagtlap bu ajaýyp görnüşleri synladylar, ahyrsoňy ýadawlyk üstün çykyp, olary öýlerine we ýorganhaltalaryna girizdi.

Dagdan düşülmeginiň üçülenji güni barometriň dili ýeriň eýýäm deňiz derejesi bilen deňleşendigini görkezdi, ýöne tekizligiň demirgazyklygyna eňaşak gitmesi welin tamamlanmaýardy.

Borowoý barometriň görkezmelerini belläp, bu ýagdaýy öz ýoldaşlaryna habar berende Makşeýew haýran galdy:

— O nähili? Biz eýýäm Rus dag gerşiniň üstünden aşaklygyna düşüpdiris, bize bolsa ýekeje doňy şaglawugam, ýekeje ýarygam duşmady!

— Iň täsin ýeri hem, bu ýerde deňiz bolmalydygy — diýip, Kaştanow hem seslendi. — Biziň hasaplamalarymyza görä, bu dagyň demirgazyk eňňidinden inýän, uzynlygy ýetmiş kilometre ýetýän ägirt uly buzluk meýdan şu ýerde gutarmaly. Şu ýerde edil Antaktika yklymynyň gyrasyndaky ýaly beýik uçut bolmaly, onuň buzly diwarynyň beýikligi ýüzlerçe metre ýetmeli, onuň eteginde bolsa açyk deňiz, juda bolmanda, aralarynda aýry-aýry aýsbergler görünýän, buz harsaňlary doly doňmadyk suw bolmaly. Buzluk hereket edýär ahyry, şonuň üçin hem ol deňiz buzlaryna zor salmaly.

Ýöne ertesi gün hem hiç hili üýtgeşiklik bolmady. Garly tekizlik edil öňki bolşy ýaly demirgazyga tarap uzalyp gidýärdi, şemal, göýä, syýahatçylara öňe gitmäge kömek etmegi ýüregine düwen ýaly, dynuwsyz arkadan ösýärdi, pessejikde lemmerlenişip duran bulutlar wagtal-wagtal gar sepeleýärdi. Hemmeler inişiň tiz wagtdan tamamlanmagyna garaşýardylar, gyssanýardylar, sabyr-takatlaryny ýitirip, öňe seredýärdiler, bu ýüregedüşgünç eňňidiň ahyrsoňy gutarjakdygy barada umytlaryny biri-birleri bilen paýlaşýardylar. Ýöne olaryň tamalary çykmaýardy. Sagatlar yzly-yzyna geçýärdi, ençeme kilometrler arka atylypdy, ýöne eňňit şol gidip otyrdy. Ahyrsoňy ýadawlyk gijeki düşleg üçin saklanmaga mejbur etdi.

Öý dikilenden soň hemmeler simaply barometri gurnamakçy bolýan Borowoýyň ýanyna üýşdüler, çünki jübüde göterilýän aneroidli barometrleriň dili bireýýäm dereje bölekleriniň ahyryna çykypdy hem-de howanyň basyşyny bolmalysy ýaly görkezmeýärdi.

— Tegelekläp alsak, biz deňiz derejesinden eýýäm dört ýüz metr aşak düşüpdiris — diýip, metereolog haýran galyp gygyrdy. — Ýa-da Nanseniň Ýerinde häzir adatdan daşary ululykdaky antisiklonly ( Siklon howanyň pes basyşly, antisiklon bolsa beýik basyşly zolagy. Siklonlar güýçli ýel, tupan turmagyna, ýagyş-gar ýagmagyna, antisiklonlar durnukly, asuda howanyň bolmagyna getirýär.) zolak barmykan? Barometr sekiz ýüz millimetri görkezýär.

— Meniň bilşime görä, Ýeriň üstünde beýle basyşly antisiklonlar bolmaýar — diýip, Kaştanow seslendi. — Onsoňam Nanseniň Ýerine gelelimiz bäri howa üýtgänok, bu asla antisiklonyň howasyna meňzänok.

— Onda bu näme boldugyka? — diýip, Papoçkin gözüni elek-çelek etdi.

— Megerem, gury ýer gutaran däl bolsa gerek, onuň demirgazyk böleginiň deňiz derejesinden ýüzlerçe metr aşakda ýerleşýän çöketlikden ybarat bolmagy ahmal.

— Munuň ýalam bolup bilermi? — diýip, Gromeko geň galyp sorady.

— Näme üçin bolup bilmezmişin? Ýerde şeýle çöketlikleriň ençemesi bar, mysal üçin, Palestinada Iordan derýasynyň jülgesi hem-de Öli deňiz, Merkezi Aziýada Kaspi deňziniň çöketligi hem-de rus syýahatçylary tarapyndan açylan Lýukçun oýlugy, galyberse-de, Sibirde Baýkal kölüniň düýbi, ol deňiz derejesinden müň metrdenem gowrak peslikde ýerleşýär.

— Öli deňiz çöketligi hem peslär ýaly däl, onuň çuňlugy umman derejesinden dört ýüz altmyş bäş metr aşakda — diýip, Makşeýew hem aýdylanlaryň üstüni ýetirdi.

— Her niçigem bolsa, polýar yklymynda şunuň ýaly çuň çöketligiň açylmagy biziň toparymyzyň amala aşyran işiniň örän gyzykly hem wajyp netijesi bolar — diýip, Borowoý gürrüňi jemledi.

Bu tekizlikde, edil ozalky ýaly howada ertesi gün hem ýapgydyň dowam etmegi hemmeleri geň galdyrdy.

— Biz haýsydyr bir düýpsüz ýaryga girýäs — diýip, Makşeýew ýylgyrdy. — Bu tekiz çöketlige meňzänok, megerem, bu nähilidir bir köw bolsa gerek, sönen wulkanyň krateri bolmagam ahmal.

— Eger-de şeýle bolsa, onda ol Ýer ýüzünde henize-bu güne çenli görlüp-eşidilmedik derejede uly bolmaly, biz bu köwden dört gije-gündiz bäri aşaklygyna barýas — diýip, Kaştanow belledi. — Bu krateriň diametri, megerem, üç ýüz kilometre dagy ýetýän bolsa gerek, belkem-de, ondanam uludyr, ýöne munuň ýaly uly wulkanlaryň diňe Aýyň üstünde bardygy mälim. Gynansagam, aşak düşüp gelýärkäk biz ýekeje gaýa hem, dag jynsynyň ýekeje çykydyna hem gabat gelmedik. Olar bize çöketligiň nähili emele gelendigini düşündirerdi. Krateriň ýapgytlary dürli lawalardan we tuflardan ( Lawa — wulkanyň kraterinden ýa-da ýer gabygynyň jaýrygyndan akyp ýeriň üstüne çykýan ergin madda, ol doňandan soň, düzümi haýsydyr bir maddalardan ybarat bolan dag jynsyny emele getirýär. Tuf — wulkan çoganda ýokarlygyna zyňylýan külden ybarat bolan dag jynsy. Kül — gazyň partla­magy sebäpli örän owunjak böleklere bölünen lawa. Ol wulkanyň eňňitlerinde we eteklerinde gury görnüşde toplanýar ýa-da kölleriň, howdanlaryň suwuna düşüp demrigýär hem-de doňup gaty dag jynsyna öwrülýär.) ybarat bolmaly.

— Rus dag gerşiniň demirgazyk eňňitlerinde hem-de gerişlerinde biz bazaltlary we bazalt lawalaryny görüpdik — diýip, Papoçkin ýatlatdy. — Diýmek, bizde bu çöketligiň gelip çykyşynyň wulkan tebigatyna eýedigi barada käbir deliller bar.

— Sönen wulkanlaryň bokurdagyna çenli gardan hem buzdan dolan kraterleriniň Alýaskada bardygy mälim — diýip, Makşeýew hem onuň aýdanlarynyň üstüne goşdy.

Şol gün agşam simaply barometr hem işlemesini goýdy, simap onuň trubkasynyň iň ýokary-syna çenli bardy. Gipsotermometri ( Gipsotermometr — gapagyna uzyn turba berkidilen, suw gaýnatmak üçin gapdan hem-de ondan çykýan buglar boýunça suwuň gaýnaýan tempe­raturasyny kesgitlemek üçin ol turba salynýan termometrden ybarat bolan abzal.) çykaryp, howanyň basyşyny suwuň gaýnaýan temperaturasy boýunça ölçemeli boldy. Ol umman derejesinden sekiz ýüz kyrk metr çuňluga laýyk gelýärdi.

Hemmeler gijeleriň öňküden has garaňky bolýandygyny aňşyrdylar. Ýarygijedäki Gün şöhleleri bu çuň çöketlige göniden-göni düşüp bilmeýän bolmalydy. Bu gün kompasyň hem işlemesini goýmagy syýahatçylary aňk-taňk etdi, onuň dili pyrlanyp, titreýärdi, ikibaka alakjap bir ýerde durmaýardy, garaz, gepiň külesi, demirgazyk tarapy görkezmeýärdi. Demirgazyga barýan ugry sypdyrman gitmek üçin şemalyň öwüsýän tarapyna hem-de tekizligiň umumy ýapgytlygyna esaslanmaly boldy. Kaştanow kompasyň elemtas bolmagynyň sebäbini çöketligiň gelip çykyşynyň wulkan tebigatyndan gördi, çünki bazaltyň örän köp mukdarynyň magnitli dile täsir edip biljekdigi öňden mälimdi.

Ertesi gün gijeki düşleg ýerinden birnäçe kilometrlikde syýahatçylar duýdansyz päsgelçilige sataşdylar. Garly düzlük buzly gaýalaryň gerişlerine diredi. Daglyk iki tarapa-da uzalyp ýatyrdy, onuň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýärdi. Käýerlerde gaýalar dikligine on-on bäş metr galýardy, käbir ýerlerde bolsa biri-biriniň üstüne münderlenen ownukly-irili harsaňlary emele getirýärdi. Ol depe bolup duran üýşmek daşlaryň üstüne çykmak ýükli nartalar bolmaýanda hem aňsat däldi. Gerişleri mazaly barlamak üçin saklanmaly boldy. Makşeýew bilen Borowoý üýşmekleriň iň ulusyna dyrmaşyp çykdylar hem-de öňde-de göz ýeter ýeri tutuşlygyna edil şunuň ýaly üýşmekleriň hem gaýalaryň tutup durandygyny gördüler.

— Ol daşlar deňiz buzundan emele gelen harsaňlara-ha meňzemeýär — diýip, Makşeýew nartalaryň ýanyna gelip ynamly aýtdy. — Deňizdäki buz harsaňlary giňligine birnäçe kilometr uzaklyga üznüksiz uzalyp gitmeýär.

— Biz çöketligiň düýbüne ýeten bolsak gerek — diýip, Kaştanow dillendi. — Rus dag gerşiniň demirgazyk eňňidine ägirt uly buzluk zomap gelipdir. Şonuň zarbasy sebäpli bu harsaň daşlar hem bulam-bujar bolup ýatyr. Biz şol eňňit bilenem aşaklygyna düşdük.

— Çöketligiň düýbüniň tutuşlygyna bulam-bujar bolup ýatan läheň-läheň buzlardan doludygynyň sebäbi hem şondadyr — diýip, Borowoý belledi. — Dagyň beýleki eňňitleri hem çöketligiň düýbüne gelýän buz harsaňlaryndan doly bolsa gerek.

— Çöketlik uçursyz uly bolansoň, ol henizem Alýaskanyň wulkanlarynyň kraterleri ýaly buzluklardan dolmandyr — diýip, Makşeýew hem onuň sözüniň üstüni ýetirdi.

— Demirgazyga syýahatymyzy dowam etmek hem-de çöketligiň ölçeglerini, beýleki tarapdaky eňňidiň ýagdaýyny bilmek üçin biz her zat etmeli welin, bu çöketligiň üstünden geçmeli — diýip, Kaştanow öňde duran wezipäni mälim etdi.

(Dowamy bar).

Rus dilinden terjime eden Gurbangeldi MÄMMETSÄHEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle