Perwaýsyzlyk
Perwaýsyzlyk

Akyp ýatyr ol göwünli-göwünsiz,
Derýa däl-de, şor suw akýan jar ýaly.
Ony gozgamaýar üstünde gurlan,
Köprüsinden kimiñ geçip barýany.
Ötegçiler dertlimi ýa şadyýan,
Ýananda nä, köz bolup, ojar ýaly?
Tanamaýar, tanamagam islänok,
Ygşyldaşýan gamyşlaryn orýany.
Hüwdülänok, bir geñsije saz edip,
Kenarynda çeññegini gurýany.
Göräýse-de, çyrpynanok öñki deý,
Iki dünýäsini deñläp barýany,
Janyndan ir irip, goýnuna girip,
Halas bolmak islän bagry girýany.
Indi asla, asla hiç zat gozganok,
Dünýäni ýuwmak islän däli…
Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. Goşgular