Pegasym (Gyzylgül Annagylyjowa)

Pegasym (Gyzylgül Annagylyjowa)

Pegasym.

Hemişe ýanymda häzir bolardy,
Ruhum ýaralansa em bolup özi.
Darygan mahalym ýetmese howam,
Ol halas ederdi dem bolup özi.

Arşda aýlap bir täsinje heň bilen,
Pegas meni soň zemine gowşy:rdy.
Ýöne,ozal başda ylham atyna,
Kim meni atardy,a kim duşurdy.

Ajy hasrat ganatlarmy gyranda,
Sowallaň jogaby tapyldy basym.
Şol gün meni atam bilen birlikde,
Terk edip giden deý,boldy pegasym.

Huşda gelmeseň-de,düýşlerme girip,
Kaka,ýene ganatly söz aýdyp ber.
Belki şonda höwürdeşim pegas hem,
Göwnüm galkyndyryp,ýene gaýdyp ger.

Gyzylgül Annagylyjowa

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle