Özüñ hany-soltany
Özüñ hany-soltany
Bu göwnümde köşk gurduñ,
Özüñ hany-soltany.
Men saña örklenipdim,
Paýlaşan dek bir jany.
Sen şeýle bir ornaşdyñ,
Ýitip gitdi menligim.
Añmaýan öz göwnümiñ,
Menmi ýa-da senligin.
Öz-özüme orun ýok,
Senden doly göwnümde.
Hat-da, maña ýalan deý,
Sensiz geçen düýnüm-de.
Beýle baglanar ýaly,
Gandallañok erkimi.
Beýle gudrat nämekä,
Saña baglan örkümi.
Bu ahwallañ syryny,
Heý-de bilen barmyka.
Megerem täsin gudrat,
Tañryñ baglany NIKA… Goşgular