Oýlanmaga itergi
Oýlanmaga itergi
▶ OÝLANMAGA ITERGI
Uzynly gün uklap ýatan meýdanlar
Jana gelýär ýazyň ýagyşlaryndan,
Heder edip, gaça duruň adamlar
Bigünä bendäniň gargyşlaryndan.
Göwne degmäň, bihuda gep aýtmaň,
Söz ýarasy bitýän däldir, unutmaň
Ýalňyşlygam boş gidýändir öýtmäň
Adam sapak alsa ýalňyşlaryndan.
Ýürek gyýlyp, ýokuş degse-de näler
Ýamanlyk undular, ýagşylyk galar,
Eli, kalby sahawatly ynsanlar
Bähre tapar alan alkyşlaryndan.
Adam käte — öz-özüne duşmandyr.
Dogry ýola saljak diňe puşmandyr.
Ýigidiň kalbyna uçgun düşýändir
Güldesse gyzlaryň göreçlerinden.
Gün ýaşar, ýaşan gün ýene-de dogar,
Ýerden göterlen bug ýene-de ýagar.
Şahyr geň-taňlygy alandyr meger
Beýewan çölleriň derwüşlerinden.
▶SÖÝGI OÝUNLARY
Duýgular dyňzaýar,
hyjuwlar çökder.
Söýgi alawlaýar ersen ýürekde.
Oýnalmaly pynhan oýunlar hakda
Aşykdyr magşugyň
dilleşmesi bar.
Bu mahallar bir burçunda eýwanyň
Bar jadysy jemlenendir dünýäniň
Ýüregi uçgunly iki juwanyň
Söz däl-de,
göz bilen gürleşmesi bar.
Aşyk oglan,
gutly bolsun seýranyň,
Bagty çüwsün söýgi
diýip saýranyň.
Deň hukukly iki gyzgyn göwräniň
Özara meýletin birleşmesi bar.
Bu oýnuň düzgüni täsindir örän,
Öpseň-ä ýagşy däl, öpmeseň karam.
Güne ýanan takyr ýaly tebsirän
Dodagyň dodaga ýelmeşmesi bar.
Garaňkylyk — söýüşýänleň goragy.
Bu söýgüdir — ýok soňunyň soragy.
Huşundan giderip birek-biregi,
Gujagyň gujakda ýerleşmesi bar.
Iýul, 1996. Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.