|

Oñ sesi…

Oñ sesi… OÑ SESI…

Oñ sesi...

Depeden depä çykyp,
Gagyldasa gargalan,
Haram läşleri çokup,
Ýigrenilen gargalañ,
Dünýäñ eýesi ýaly,
Oýnaýan oýunlarna,
Haýran galyp oýurgandym,
Çaga ýaly boýurgandym.
Boýurganmam,
Päk ynsabyñ,
Çekýän jebriniñ agysy.
Heý, öçermi «Wyždan» аtly,
Bitmezek ýarañ awusy?
Ejizlärmi heý-de, bürgüt,
Görende erkin tawusy?
Emma,
Ygtyýarsyz bürgüt gördüm,
Gysylypdyr gysymlara.
Dag depesin küýsän wagty,
Daş tapanok gysymla:ra.
Oñ her demi «Daglar!»-diýýär,
Bolsa-da, dara-direde.
Görsene, bolýan ahwaly,
Salypdyrlar ol bürgüdi,
Kapasada, niçik derde?
Birdem asmana garap,
A poh çokan garga nirde?
Diýenlere jogap boldy,
Birden çykan bürgüt sesi.
Oñ sesi,
Ürküzdi müñ gargany,
Şonça Tañry gargany.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle