|

Ömür menzili

Ömür menzili ÖMÜR MENZILI

Ýörelmedik ýoda bilen gitmedim,
Awçylara aw bolmadym, ýitmedim,
Emma, islän menzilime ýetmedim,
Saýsam-da,özümi çölüñ maraly,

Baglanypdy aýaklarym,gollarym,
Ýapylypdy sagym hemem sollarym.
Ýetmek isläp ýetilmedik ýollaryñ,
Ahmyryndan bu gursagym ýaraly.

Pelek ilki otda gowurdy meni,
Soñam sähelçejik döwürde meni,
Owlakly jerene öwürdi meni,
Diýýän ýaly:»Ömri yza saraly».

Perzent berdi ýene ömri ýaz eden,
Ähli zady başlamaly täzeden,
Indi ýollar-ýadalaram täze deý,
Ýetilmedik menzillere garaly.

Garadym,bu ömri saradym yza,
Oñ bagty bölündi ogla hem gyza,
Pelek öt günämi,çökeýin dyza,
Armanym ýok eken şular döräli.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle