|

Namys

Namys Berdinazar HUDAÝNAZAROW

▶ NAMYS

Täze bir goşgyny okap otyrkam,
Köne waka düşdi birden ýadyma.
…Şahyň şahyrlary çagyrýanyny
Eşidenmiş uzakdaky padyman.

Eýdip-beýdip baýrak almak hyjuwy
Şol çopanyň gursagynda döräpdir.
Goşgy goşup uzak ýola düşensoň
Köşge çenli üç-dört günläp ýöräpdir.

Şeýleräk ekeni onuň maksady:
Bäsleşip saýraklaň, saýragy bilen,
Kimedir birine eden bergisin
Üzmekçi bolupdyr baýragy bilen.

Pähimli patyşa başyn atyplar
Diňländen soň padymanyň şygryny.
Gabagyn galdyryp, gözlerin süzüp,
Bir dem diňläp oturypdyr böwrüni.

Soň diýipdir: «Ynha ogul, baýragyň,
Bergiliň bar bolsa, bergiden bir çyk.
Ýöne şol öňküje käriň bilen bol,
Işiň rowaç bolsun, ýollaryň açyk».

Goýberen hatasyn aňan çopanyň
Utanjy köz bolup ýüze ýelmeşýär.
… Men-ä goşgy okap otyryn,
Bu köne waka-da ýadyma düşýär.

▶ DUÝDURYŞ

Gara niýet diňe içde ýatanok,
O belaň daşyna çykmasy bardyr.
Dostlar, ägä boluň, seresap boluň,
Gömlen ýylan bolup çakmasy bardyr.

Diýýän bu zatlary görensoň gözüm,
Ýukalan ýürekde galmandyr dözüm.
Şar gara niýetiň, şar gara sözüň
Arassa adamy ýykmasy bardyr.

Awuly töhmediň ýaramaz gepiň
Güýjüçe güýji bar atylan topuň.
Göze çöp atylyp çakylan çöpüň
Tutuş tokaýlary ýakmasy bardyr.

Mysal alýan Garagumyň çölünden,
Hak saklasyn epgeginden, ýalyndan.
Bir näkesiň eligden-u- dilinden
Müň adamyň jebir çekmesi bardyr.

Eý dostum, ýagynly gelsin ýyllyryň,
Bimahal solmasyn elwan gülleriň.
Emma birden turan gara ýelleriň
Miweleri ýere dökmesi bardyr.

Haşal otlar tiz boý alýar kök urup,
Göwnüme göribem barýar köpelip.
Işi oňan bir kişini aparyp,
Ikinjä-de gözün dikmesi bardyr.

O diýen bir ýöntem bolma ýanaşsaň,
Ýaman görer ýagşylyga dalaşsaň.
Näkese, nejise biperwaýlaşsaň
Ahyry depäňe çykmasy bardyr.

▶ BERGI HAKYNDA

Bu hakykat hemmä bolsa-da aýan,
Gaýtalanym bilen çekmersiň zyýan.
Hawa, dünýä ajap,
ýöne bipeýan.
Gara başyň amanatdyr, amanat.

Dyrmyş ýokarlaryk,
düşme peslige,
Göterýärmiň — garşylyk ýok meslige.
Serhoş bolsaň aýlan bahym essiňe —
Gara başyň amanatdyr, amanat.

Biziňki bir diýmek: diňle, diňleme,
Agralsaň aýp däl, emma ýeňleme.
Bu gün aýnan bolup, erte eňreme,
Gara başyň amanatdyr, amanat.

Agyran — ynjany anyklajak bol,
Syndyran göwnüňi seýiklejek bol,
Özem indikile beýtmejek bol —
Gara başyň amanatdyr, amanat.

Durmuş — deňiz. Giň gulaçlap ýüzüp git.
Alla ýaryň. Tolkunlardan ozup git.
Ýöne bergiň bolsa, ony üzüp git
Gara başyň amanatdyr, amanat. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи