Menziller hem pursatlar
Menziller hem pursatlar
▶ MENZILLER HEM-DE PURSATLAR
Uzaklarda galan ýaşlyga garap
Esli wagty ötürýärin kämahal.
Ýetmiş ýyllyk ömri ýedi minutda
Göz öňüne getirýärin kämahal.
Ýüzün ýatdym ak çägäni bagyrtlap,
Ýer açdym Lebabyň hyşasyn otlap,
Kän-kän deň-duşlaryň ýokdugyn ýatlap
Urunýaryn — itinýärin kämahal.
Garagumda galdy basylan yzlar,
Ýüregimde galdy owadan gyzlar.
Nirelerde galdy şo-ol ýaşyl ýazlar
Diýip daňy atyrýaryn kämahal.
Ejizlemän çekdim berlen emgegi,
Pyýadalap kowdum atly çöregi.
Bu ýollarda ezet çeken ýüregi
Gam laýyna batyrýaryn kämahal.
Ýakynlara garap, daşlara garap,
Säherde saýraýan guşlara garap,
Un sepilen ýaly saçlara garap
Köp zada göz ýetirýärin kämahal.
Dowzahy, behişdi gördük biz ölmän,
Bu dünýäni nädip ýaratdyň allam?!
Ine şuňa welin düşünip bilmän
Oturýaryn, oturýaryn kämahal.
▶ MUŇA DURMUŞ DIÝeRLER..
Işiň rowaçlananda
Kä kişiler begener.
Kän kişiler gynanar.
Görmedik bol — geçiber
Diýer eken köneler.
* * *
Bedew atlar kişňände
Eşek ony geňlärmiş.
Sebäbi eşek
diňe
Eşek sesin oňlarmyş.
Gülkä meňzeş kişňemek.
Aga meňzeş aňňyrmak.
Her kimde bir owaz bar,
Nämä gerek geň görmek.
* * *
Guş bar et iýdirerler,
Guş bar etin iýerler.
Her kimiň öz paýy bar,
Muňa durmuş diýerler.
* * *
Ýeriň diriligi yzgar diýerler.
Bizi adam edýän ygrar diýerler.
Ynsan bolsun, haýwan bolsun — ikisem
Rysgalyň yzynda ylgar diýerler.
Ylgamak üçinem kime-hä gündiz,
Kime-de garaňky gije berlipdir.
Ynsan üçin rysgal aňa-düşünjä,
Haýwan üçin gara güýje berlipdir. Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.