Meniñ pişäm
Meniñ pişäm
▶MENIŇ PIŞÄM
Meniň pişäm şeýle:
Kimdir birini
Başga biri bilen deňeşdirýärin.
Biri ýapyk – ylla edaraň seýfi,
Beýlekiniň welin, joş urýar keýpi –
Meýdan ýaly açyk,
Sähra ýaly giň.
Saýlaýaryn ýene iki adamy:
Birisi keltejik – ylla jomursak.
Ikinjisi bolsa belent bir çynar,
Çynar ýaňky jomursagyň yzyndan
Ýöräp barýar,
Men geň galyp ýylgyrýan.
Meniň başga-da bir täsin tanşym bar –
Ömürboýy sapak berýär, öwredýär.
Ýöne diňleýänler
onuň özünden
On esse bilimli,
Ýüz esse dana.
Bir adam wezipäň eýesi boldy –
Müň bir bolup galladylar daşyny.
Biri diýdi:
-Ýurtda seniň taýyň ýok.
-Dünýäde taýyň ýok! – diýdi beýleki.
Özüniň aýratyn adamdygyna
Wezipäň eýesi ynandy kem-kem.
Ýeri onsoň?
Onsoň işden kowlanda,
Biri „akmak!“ diýdi,
Beýleki: „Kelpeň!“
Çyn gepinden ezýet çekýär bir kişi,
Biri gyzyl pula satýar ýalany.
Ýaşap ýörün şu zatlaryň içinde,
Meniň pişäm haýran galmak,
Bolany.
* * *
Şeýle baştutany
Görüpdi gözüm:
Iki gaýtalamaz
Bir aýdan sözün –
Gysgadyr gürrüňler,
Keltedir sözler,
Ýöne
çöp döwlen dek
Mesele çözler.
Şeýle ýaşulylar
Galdy ýadymda:
Dişe gowy zady
Görer adamda.
Gözleri mähirli,
Dilleri süýji.
Beýgelder ynsany
Hoş sözüň güýji.
Şeýle ýigitleri
Beripdi ykbal.
Dostlaşypdyk
maýda
Bähbide bakman.
Dost üçin her näçe
Çekse-de azap,
Ol ýigitler senden
Soramaz hasap.
Gelinleri görmek
Boldy miýesser –
Hatyrjem bolaýsyn
Söweşýän esger:
Çekýäni hesretdir,
Görýäni jepa.
Ýöne, ol gelinler
Bolmaz biwepa.
Belentler azalsa,
Maýda köpeler.
Döwran size döndi –
Ýaýnaň, çüpeler!
▶ MENIŇ PIKIRIMÇE….
Hawa, durmuş seniň yzyňa däl-de,
Sen onuň yzyna eýermelisiň.
Gün görüp bolmasa galam ujundan
Başgarak bir hünär öwrenmelisiň.
Eger diňlenmeýän bolsa aýdymyň
Ilden däl, ykbaldan zeýrenmelisiň.
Dutar janaweri bagyrtlap ýatman,
Ony azatlyga goýbermelisiň.
Il-günüň pulumy, ýa-da öz puluň —
Zähmet görmän, muny saýgarmalysyň.
Başartmasa — başyň aýlanyp dursa
Howlukman türmede aýňalmalysyň.
Leýli bilen Mežnun bolmaýaňda-da
Durmuş gurmalysyň, öýlenmelisiň.
Onsoň…
onsoň gudrat bile köpelip
Özüň bir döwlete öwrülmelisiň.
…Bu dünýä mydama üstüňde durmaz,
Ahyr bir gün ondan aýrylmalysyň.
Diýmek her sagady bagryňa basyp,
Bu günleň başyndan aýlanmalysyň.
*** *** ***
Ine, ömrüň ýene bir güni geçdi.
Nädip geldi, nädip geçdi — duýmadym.
Ýüzüme sylmadym säheriň süýdün,
Ýaşyp barýan güne єhoş gal» diýmedim.
Bolar eken beýle-de bir nadanlyk.
Hany ak günlere goýan hormatyň?
Nämelere sowup, dargadyp ýörsüň
Ýagty dünýäň Ömür atly sowgadyn.
Seniň gapdalyňdan geň galyp geçýär
Ne ajap, alaýaz aladaňdanlar.
Iň bolmanda goşgy ýazyp başlaýar
Şonda Mylly agaň sazyn diňlänler.
Lezzet alman ala garly daglardan,
Ýaşyl ýaýlalardan sygyryp geçmän,
Bu gözel günleri nirä sowurýaň
Kalby bökjekletmän, göwnüňi açman?!
Maňlaýyňda ýygyrt, ýeňsäňde gasyn,
Başyňda ham hyýal, gözüňde ünji.
Hasanaklap, gara gaýga basdyryp
Ýöreniňe degýärmi bu ýalançy.
Aýlar, günler geçip barýar duýdurman,
Ömrüňem kem-kemden gädilip barýar.
Tersine, şol ömür köredigiçe
Nebis diýen närse odugyp barýar.
Nebisem gerekdir, oňa sözüň ýok,
Ýöne welin ýaşamagam gerekdir.
Biz üçin bu günler soň gaýtalanmaz.
Sebäp, Ömür diňe bir gezeklikdir.
* * *
Bizi goldap bu günlere ýetirdiň,
Kadyr Alla, özüň ýene medet ber.
Huzuryňda kabul bolsun dilegim:
Ula pähim, kiçilere edep ber.
Eşretem eçildi ýyllyrym, aýym,
Ezetdenem ýetik berildi paýym.
Herne senden daş düşmedim hudaýym,
Öňde görjek günlerime sähet ber.
Nämäň ýalandygy, nämäň çynlygy,
Kimiň düzüwdigi, kimiň şumdygy.
Görnüp durawersin kimiň kimdigi
Agyň, garaň arasyna serhet ber.
Bu topraga däldirin men bigäne,
Geldim ony ömür boýy söýmäge.
Owal-ahyr dogry sözi diýmäge
Gaýrat berdiň allam, ýene gaýrat ber.
Biri kesek atsa barýan ýoluma,
Ykbal ony duçar etsin päline.
Ownamazlyk üçin eziz ilime,
Mahal-mahal Göroglyny sowgat ber.
Gurbat gerek menzillerden ötmäge,
Zürýat gerek ömri dowam etmäge.
Ýetilmedik ak daňlara ýetmäge
Yzymyzda galjaklara müddet ber.
Göwünlere giňlik bersin kanagat,
Gözümizden gaýyp bolsun gabahat.
Görüp dursuň, göçüp barýar tebähet
Adamlara sabyr bilen takat ber.
Güýç bersin yssyda surnugan wagtym
Saýasynda lezzet alýan daragtym.
Adamlar gadyryn goý, bilsin bagtyň —
Bagty bize arzan berme, gymmat ber.
Gynansak-da, gökden ýol salgy berdim,
Ýerden göterilýär haýadyr şerim.
Belany dep etjek bir seniň emriň,
Ýigde namys, gözellere uýat ber.
Ýagşy äre ýagşy ýarlar nesip däl.
Bu çyn. Ýöne agzap durmak uslyp däl.
Gara garnyň dolulygy hesip däl —
Çep gursaga sahawat ber, ganat ber.
Duşundan geçmäýin toýuň-u-ýasyň,
Biderek gitmesin çeken yhlasym.
Ata-babaň demi siňen mirasym —
Asly halal ojagyma döwlet ber.
Siňňin bolsun ýazda ýagan ýagyşlar.
Indikime sapak bolsun ýalňyşlar.
Maýsa bolup çogup çyksyn alkyşlar,
Saçagyma bereket ber, hümmet ber.
Çisňäp duran damja entek ýagmyr däl.
Ol kim bolýar: çarwa-da däl, çomur däl.
Berjek bolsaň bir bikeşp ömür däl —
Ojar ýaly lowlap duran Kysmat ber.
Mertebedir iň bir beýik şygarym,
Biribarym, iki düne çyragym.
Öz başymy çarap bilmedik çagym
Bakyýete ugramaga rugsat ber! Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.