|

Men Seni söýýän

Men Seni söýýän MEM SENI SÖÝÝÄN

Men Seni söýýän

Dagdan ynam bilen düşdüm yzyna,
Daş dek ykraryma ömürlik uýýan.
Iller näme diýse diýibersinler,
Meniňki şol bir söz:
— Men seni söýýän.

Söýmek hem söýülmek ýüregiň derdi,
Hersi bolup biler bu juwanlykda.
Kimmişin ol meni söýeňok diýip,
Seni aýyplajak biwepalykda.

Ýöne rastyň diýmän gizlenseň eger,
Gutulyp bilersiň. Öňünden duýýan.
Diýerin men saňa bir ýerden jyklap,
Meniňki şol bir söz:
— Men seni söýýän.

Garaňky gijeler azaşsaň ýalňyz,
Menem gara gijä tutup ýüzümi.
Duýdurman öňüňden çykaryn birden
Hemem gaýtalaryn şol bir sözümi.

Meni söýseň iki ýürek birleşip,
Bir ýürek boljagyn öňünden duýýan
Eger-de söýmeseň…
Söýmeseň söýme.
Meniňki şol bir söz:
— Men seni söýýän.

Halyl Kulyýew Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи