Men gidip barýan
Men gidip barýan
Diwana deý,
Bolup munda awara,
Çarp urup herýan,
Men gidip barýan.
Tap bermän böwrüme,
Tüýdülýã jiger.
Bu çaşgyn akylam,
Meñki däl meger.
Bir görseñ-ä däli,
Birde gül ýaly.
Käte-de,hyýalda
Bir dana derwüş,
«Yzyma düş»-diýip,
Gollaryn bermiş.
Emma,bir golumy,
Berk tutup durmuş,
Şol derwüşe sary,
Goýbermän durmyş.
Hyýalymda derwüş,
Añymda durmuş.
Ikisiniñ arasynda ser-sepil
Ne-hä bu durmuşyñ
hezilin gören.
Ne-de boldum
Derwüşlere gol beren.
Ine şeýdip diwana deý,
Bolup ýollañ ser-sepili,
Ile duýdurman sepimi,
Men gidip barýan.
Owadan durmuşa,
Añk bolup,
Arman,
Men ýitip barýan.
Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. Goşgular