Medine
Medine
▶ MEDINE
 Diwar aňyrsynda Pygamber ýatyr, 
 Biz goňşy otagda dymyp otyrys. 
 Ne ses bar, ne seda. 
 Diňe dem alyp, 
 Süýji arzuwlara çümüp otyrys.
 Dem alýanyň duýulmaýar bu ýerde, 
 Eşdilenok sagatlaryň jyk-jyky. 
 Allanyň adyny diňe agzaňok, 
 Eýsem ýürek bilen duýýarsyň Haky.
 Täsin-täsin duýgularyň içinde 
 Onuň bilen gep-söz alyşýarsyň sen. 
 Bägül dek açylan Taňryň öňünde 
 Özüňi bilmäge çalşarsyň sen.
 Dem aldygyň saýy duýýaň oraşan: 
 Bu ýerde ruhuň arassalanýar. 
 Bu ýerde hiç kişi gedemlenenok, 
 Bu ýerde adamlar neresselenýär.
 Ine indi ahyr düşünip galýaň 
 Gudratyň içinde oturanyňa. 
 Hem hoşal bolýarsyň Haka sygynyp 
 Eliňi eňege ýetireniňe.
 Diwar aňrysynda ýatyr Pygamber. 
 Meger duýup seniň päliň-netiňi. 
 Bu ýere geleniň kalbyna girip 
 Päklige çagyrýar öz ymmatyny.
1992. Medine Goşgular
