|

Marguşda

Marguşda MARGUŞDA

Marguşda

Üstünden ýel öwsen gadym şäherde,
Şaýat bolup Zaratuştrañ döwrüne,
Keramatly otda bişen küýzeler,
Müñýyllyklar ýara salyp böwrüne.

Sergezdan şemalyñ orkestrinde,
Gaýta-gaýta çalyp şol bir heñini.
Ýel üflände zaryn-zaryn heñ edip,
Hamana alýan deý, soñky demini.

Moý açan küýzeler tüññerip ýatyp,
Pelegiñ gazabna duçar mysaly.
Köp aglap, ahyry usurgap galan,
Göwnüne degilen naçar mysaly.

Örtünip gum basan galyñ perdesin,
Ýatsalar-da, gizlin-gizlin syr saklap.
Diline düşünip, syryn çözläne,
Başarypdyr bu küýzeler gor saklap.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle