Köşk şahyry
Köşk şahyry
Serhowzuñ başynyñ howasy seleñ.
Bu ýere neşderin sanjanok tomus.
Süýnüp-sarkyp surat ýaly gözeller
Serhowzuñ boýunda edýärler tans.
Serhowzuñ üstüne seçelenip dur
Dumly-duşdan bilbilleriñ owazy.
Günüñ çogy gaýnadanok depäñi,
Ýüpekçe bar çarbaglygyñ howasy.
Wezir-wekilleriñ gallamasynda
Gözlerini süzýär goja hökümdar.
Meger, ol şu mahal diñe bir zada ~
Eýýäm ýetmiş ýaşanyna ökünýär!
Ol irkilse, wezirleri pallaýar.
Ol gobsunsa, wezirleri tisginýär.
Beýle borjy ussat berjaý etmekde,
Olar asla bir-birinden asgyn däl.
Özüni özbaşdak görkezjek bolup,
Gezmeläp ýör anha köşgüñ şahyry.
Bu söz geñ hem bolsa ozallar şeýle
Şahyrlaram bolan eken ahyry.
Beýle kemsindirjem kär bolar eken:
Köşk şahyry. Köşgüñ goşguçy guly.
Saýramaly diñe köşgüñ dilinde,
(Köşgüñ öz dili bar, halkyñ öz dili).
Şanyñ hyzmatynda durmak geñ zat däl,
Ol hökümdar, oña goýmaly hormat.
Ýöne welin şahyr diýen at bilen
Onuñ guly bolmak aýyp hem erbet.
Beýle kemsindirjem kär bolar eken,
Nähili peslik bu: köşgüñ şahyry.
Geñ hem bolsa bir zamanlar şeýleräk
Şahyrlaram bolan eken ahyry.
* * *
7.XII.1981 ýyl
Sen ýagty jahana ineliñ bäri
On iki ýyl geçdi on iki gün bolup.
Indi bize sensiz ýaşan ýyllarymyz
Dumanlap görünýär juda geñ bolup.
Dil çykyp, diş çykyp öz wagty bilen,
Gyşy deñleşdirdiñ ýaz wagty bilen,
Maña bu dünýäde kän duşdy ýalan,
Sen geldiñ-de bakdyñ maña çyn bilen.
Tüf, tüf, tüweleme, meleje köşek,
Entekler ýaşaly, bileje köşek.
Boýjagazyñ ýetdi, gulaja, köşek,
Göwnüm käte gudurasyn sen bolup.
Bolup bilseñ gurşun ýaly gaýym bol,
Uzak ýaşa, kök ur, giýew, gaýym bol.
Bu pelekdir ~ şarpyga-da taýyn bol,
Guran göwünleri ölle nem bolup.
Akylly bol, nepi degse akmak bol,
Şildireme, derýa bolup akjak bol.
Ykbal ýükün syr bildirmän çekjek bol,
Hem-ä özüñ bolup, hemem men bolup.
Biziñ kalbymyza nur saça-saça
Sen bu gün ýaşadyñ dolu bir müçe.
Bu mahal bir öýde açylýan gunça
Törümize bezeg bersin gül bolup.
Arzuw diýilýände bolmaýar ölçeg.
Duşmanyñy tana, dostuñy seljer.
Bir ganatym özüñ, birisem Sanjar,
Kän ýaşalyñ bir jan-u, bir ten bolup.
Berdinazar HUDAÝNAZAROW,
Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. Goşgular