|

Köñlüne şa, özüne soltan eken

Köñlüne şa, özüne soltan eken

KÖÑLÜNE ŞA, ÖZÜNE SOLTAN EKEN

Köñlüm içre hökmürowan şalyk bar,
Kä daralyp, kä çyrpynýa deñiz deý.
Erkli wagtym hanlyk sürýän ol ýerde,
Kä mahalam duýgularma keniz men.

Şoñ üçinem gaçmaz ýaly erkimi,
Tazyganda duşaklaýan serimde.
Gara nebse gul bolmakdan daş durup,
Halallyga başym egýän göremde.

Manysyz duýgulañ yzyna düşüp,
Ygyp gitmedigme şükür edýärin.
Durmuş akymynda añym durlanyp,
Ýene özüm hakda pikir edýärin.

Örän mert ekeni gursagyndaky,
Ynsaba baş egip, dyzyna çöken.
Çünki, öz-özüne erk edip bilen,
Köñlüne şa, özüne soltan eken.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle