|

Kinaýaly goşgy

Kinaýaly goşgy Berdinazar HUDAÝNAZAROW

▶KINAÝALY GOŞGY

Könekiler täsin adam bolupdyr.
Oýlanyp gör özüň bilen deňede…
Berilýän zada bir Taňyrýalkasyn
Monça bolup ýörüpdirler şoňa-da.

Dile bitýän alkyşy-da apalap
Gör ahyr — baýlyga deň görüpdirler.
Beýle-de ýöntemlik bolarmy, hat-da
Adam aldamanam geň görüpdirler.

Söz berseler durjak bolup yzynda
Özlerini gynar ýörer ekenler.
Şowuna düşmese tutan işleri
Baryp-ha ykbaldan görer ekenler.

Ynanar ýalam däl — ýöne hakykat:
Boljak bolan bolup şeýle är kişi,
Namysyň astynda galmaryn diýip
Goýup ýörüpdirler bu ýalňyz başy.

Astynda galanda näme bolýamyş
Ol näme üstüňe çöken düýemi.
Kelle goýaýarça
namys — ar näme
Aýratyn bir ähmiýete eýemi?!

Çarwalar bazara çykarsa malyn
Parhy ýok ekeni: nagtmy, nese
Güp ynanyp hyrydaryň gepine
Berip göýberýämiş bahasy ýetse.

Nähili gün gördüň, nädip ýaşadyň
Eý sen, geçen asyrlaryň ynsany?
Pikir et, nähili akmak bolmaly
Puldan öňe salmak üçin ynsaby…

Ynsap diýip şindem agzap ýören bar.
Nämemiş ol puldan-dagdan güýçli zat
Bolgusyz däpleri debsiläp, hernä
Şükür indi öňe barýar adamzat.

Asla adamlaram indi yrsarap
Ak ýa gara diýip saýlap duranaok
Ol halaldyr, olam haramdyr diýip
Ozalkylar ýaly aýnap duranok.

Puluň ýüzünde-de «şu haram» diýip
Biz-ä ýazylan bir ýazgy göremzok
Onsoňam köneki adamlar ýaly
Herki zady göwne alyp ýöremzok.

Ol bendeler agzyndaky nanyny
Dileseler berip ýetim-esire,
Soňam özlerini aklajak bolup
Diýermişler «nesibedir, nesibe».

Ana şeýdip sogap gazanjakmyşlar
Asla geň-taňlygy kän bu dünýäniň
Näme, ýaňky ýetim-esire beren
Nanyňdan süýjimi sogap diýýäniň..

Toba, toba, allanäme gelinler
Baga gidip bilmän süýnüşip-sarkyp,
Dillerini dişläp gün görüpdirler
Gaýyndan ýaşynyp, ärinden gorkup.

Aýny diýen wagtyň äriňden gorkup
Duşuşjagyň bilen duşuşyp bilmän,
Ýaşaşjagyň bilen ýaşaşyp bilmän
Geçirlen ömürden ömür bolarmy…

Günäden gaç, haramdan gaç, şerden gaç,
Alla jan saklasyn, bu neneňsi zat.

Kada-kanunlardan, çäklerden çykyp
Şükür indi öňe barýar adamzat.

* * *

Hyjuw bar gursakda, hyýal bar başda,
Adama näme zat gerekmiş başga?
Bir gadak ýigrenç
Bir çuwal söýgi
Ep-eslije şatlyk, sähelçe gaýgy.

Oňşup bilmese-de bir-biri bilen,
Artygrak Çyn gerek, kertigräk Ýalan,
Tapylsa dost bilen wepaly nöker,
Duşmanyň öz-özi alnyňdan çykar.

Özüňe düşünýän sower ýar gerek,
Şan-şöhrat hökman däl, namys-ar gerek.
Dost-ýarlaryň bilen hasap bolmaly,
Ýuka nebis, galyň ynsap bolmaly.

Bolmaly, ýene-de bir zat bolmaly,
Kalbyň açyk, ruhuň azat bolmaly,
Özüňki bolmaly pikiriň, kelläň,
Azajyk akylam bolaýsa kem däl.

Ýatdan çykan zat bar bolsa bagyşla,
Ýene näme gerek bulardan başga?
Gowulyk, gowulyk, gowulyk gerek,
Hem-de birazajyk şowlulyk gerek.. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи