Keteni köýnek
Keteni köýnek
▶ KETENI KÖÝNEK
Durmuş gitse gidibersin ileri,
Biz bolsa ýatlaly öteni, köýnek.
Gujaga salypdyň gyzlar içinde
On dörde, on bäşe ýeteni köýnek.
Ömri uzak bolsun ýüpek süzeniň.
Seýilgähi bolduň goşgyň, gazalyň
Seni geýen her bir gumly gözeliň
Bar ýalydy peri gatany, köýnek.
Şowurdyň öz-özi gürlär durardy,
Gülýaka alkymy zerlär durardy.
Täjihoraz bolup parlar durardy,
Türkmeniň şahandaz Watany,
köýnek.
Gyz-gelinler sypanjyrar,
sallanar,
Şemal degse etekleriň ýellener.
Gobsundygyň-apbasylar dillener,
Tisgindirip öýde ýatany köýnek.
Gyz sülmüräp bir ýigidi ýalkap dur,
Göz astyndan ýüregiňi okap dur.
Şol tarapdan jennet
ysy kükäp dur
Gözüň ýagyn iýen keteni köýnek.
* * *
Durmuş däli-porhan ummana meňzeş
Köşeşjegi asla gümana meňzeş.
Heňňam agyr — diňe heňňama meňzeş
Egsikleşýän — emelleşýän dünýäde.
Özgeleri synap hem-de synalyp
Ýaşap ýörsüň begenip hem gynanyp.
Adam bolmak gitdigiçe kynalyp
Alym bolmak ýeňilleşýän dünýäde.
Gözüň ýagyn sorup barýan jäjekler
Ahmal bolsaň ynsabyňy iýjekler,
Belki bir mahallar halal ojaklar
Dura-bara haramlaşýan dünýäde.
Bir jümle okadym gadymy hatda:
«Parh azalar gowy bilen erbetde»
Halalyň arzysy bolmaz elbetde
Halal däller suwhanlaşýan dünýäde.
Sen adamy görüp dursuň oraşan:
Özgeden nägile, özünden hoşal.
Bilmen, bu ahwalat nämeden nyşan
Geň-taň bilen ylalaşýan dünýäde.
Kä gülüp, kä öz üstünden güldürip,
Ýaşap ýörsüň kimdigiňi bildirip.
Tilki hilesine aňyn aldyryp
Keýp edipler melgunlaşýan dünýäde.
* * *
Gep söze-de gerek many.
Ine dostlar işiň kyny.
Heňiň ýokmy —
özgäňkini
Çalsaňam bor, çalmasaňam.
Geňlenmesin edýän oýnuň
Är adam bol, bolma maýmyn.
Öz aýbyň tap, başgaň aýbyn
Bilseňem bor, bilmeseňem.
Haram zatdan işdä saklap,
Iýen nanyň iýgin haklap.
Ýykyldyňmy — hasanaklap
Galsaňam bor, galmasaňam.
Ýaýna, aýna — hökman bolsa,
Böwrejigiň bökýän bolsa.
Ýalpak ýerden çykýan bolsa
Gülseňem bor, gülmeseňem.
Söz sozmaga ýokdur hetdim.
Geplän kändir, diňlän gytdyr.
Meniňki bir maslahatdyr,
Alsaňam bor, almasaňam.
▶ KÖNEÇILLIK
Iň köneçil adamlaryň biri men,
Gözlegim henizem şol köne messep.
Men diýýärin: «Gowy bolar, adamlar
Ynsaby göterip ileri gitsek».
Kä kişiler meniň diýen sözüme
Oňaýýarlar kinaýaly ýylgyryp.
Döşlerin gaýşardyp geçip barýarlar.
Menem durun hol bir çetde ýygrylyp.
Käsi halymsyrap, käsi buýsanyp
Geçişip barýarlar.
Göwünleri hoş.
Men indi olara «jenap» diýýärin,
Ozalky zamanda diýýärdim «Ýoldaş».
Olar juda bahym üýtgäp bilýärler,
Ýagny, olar üçin özgermek aňsat.
Menem ýaşap ýörün känbir howlukman,
Ýaşap ýörün köne zatlary aňtap.
Iman diýdi, ygrar diýdi, garaz haý
Küýseýänim şeýleräjik ýörelge.
Öz-özümden göwnüm geçýär kämahal.
Alyp-ýolup barýanlary göremde.
Diýýän: «Sen bir täsin adam ekeniň,
Ýeri, bular bilen seniň ne işiň!
Durmuş diýilýäniň öz akymy bar,
Seniň ol akyma ötmezä dişiň».
Näçe gezek öz-özüme igendim:
— Nätmeli?-
Men muňa tapmadym jogap.
Ruhy pygamberim — beýik Pyragy,
Basan yzlaryňa edeýin togap!
Aýdypsyň ahyry teselli berip:
«Jahan giňdir, çendan bilen-de bardyr».
Meger-de şygyret ynsan nesliniň
Ruhun gorap duran bir penakärdir.
Şu ýörelgäň bilen gidiber, şahyr,
Hergiz-hergiz ondan sowuljak bolma.
Üýtgemesin şol ozalky şygaryň:
Buýsanjy giderme,
Owunjak bolma! Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.