Kaýda kalbymyñ yşgy
Kaýda kalbymyñ yşgy

Ýylatmady dünýämi,
Ýyly gelen ýazlaram.
Kalby heýjana salan,
Şirin aýdym-sazlaram.
Götermedi göwnümi,
Kölde guba gazlaram.
Diñe eretjek özi,
Kalbymdaky buzlarym.
Kaýda kalbymyñ yşgy,
Saba-säher yzlaram.
Wysalyma ýetmesem,
Maýa kimin bozlaram.
Iki dünýäñ serwerin,
«Görse»- diýip gözlerim.
Çoýunyp Hak nuruna,
Söküp dagy,düzlerim.
Arşyñ-kürsüñ arasyn,
Perwaz urup gözlärem.
Ilden sowa düşse-de,
Ýörän ýolum,yzlarym.
Düýşde-huşda zar eýlän,
Didaryna gözlerim.
Yşgym, men ýola düşdüm,
Dowam edip gözlegim.
Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. Goşgular