|

Kämilleşmeli

Kämilleşmeli Berdinazar HUDAÝNAZAROW

▶ Kämilleşmeli

Damja dama-dama köle öwrülip,
Yzlar – ýoda,
Ýoda – ýola öwrülip,
Oglandyr gyz är-aýala öwrülip –
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Owazlar goşulyp öwrülýär saza,
Gyş kem-kemden eräp ýazýandyr ýaza,
Ömür köne,
Emma ykballar täze –
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Sen gyza bakýarsyň,
Gyz bolsa – saňa.
Ýöne entek söýgi diýlenok muňa,
Otly tamdyr ýaly taplanyp diňe –
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Ak daňy atyrýar geçýär-de gije,
Adam ýeli, suwy öwürýär güýje,
Ýaz — tohum sepilýä,
Güýzem – netije –
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Bilemok, aslymyz maýmynmy ýa däl,
Durmuş näme?
Durmuş – jogap däl –
Sowal.
Günäň garşysyna döräpdir zowal –
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Ýamana haý diýip,
Ýagşyny aýap,
Biz kemal tapýarys çeksek-de azap,
Bir zady ýumursa,
Bir zady ýasap –
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Ýaşaber dünýäňe ynamsyz bakman,
Kesel köpelensoň döräpdir Lukman.
Bizi howlukdyryp,
Özi howlukman –
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи