Jeýhun ýollary
Jeýhun ýollary
«JEÝHUN ÝOLLARY»
Güýz düşende hasyl alýar daýhanlar
Men bahardan garaşýaryn hasyla
…Görüň, ynha bu üm bilmez meýdanlar
Eýýam haçan örtünipdir ýaşyla
Ýapraklary giň asmandan dür inýär
Suwlanypdyr gök çemenli ýodalar
Gözýetimde salgym atyp görünýär.
Dumana bürenen ýaşyl adalar.
Amyderýa bahar gelse, toý bolar
Tokaýlary toý lybasyn geýerler
Şemal öwser, atyr seçer ýaýlalar
Şonuň üçin muňa Jeýhun diýerler.
Amyderýa bahar gelse, eçiler
Myhmanlary ýüz nygmatdan iýerler
Tolkunlaryň sahypasy açylar
Şonuň üçin muňa Jeýhun diýerler.
…Ýüz-gözleri güne ýanan adamlar
Jeýhuny gark edip gan bilen dere
Jebri-jepa muşakgaty gerdenläp,
Gämi tartyp gelipdirler bu ýere.
Gämi tartyp geçipdirler bu ýerden
Durmuş üçin, çörek üçin, erk üçin
Tolkunlaryň sahypasyn agtaryp
Okap ýörse, aňar muny her kişi.
Ine şeýdip pida bolar mazmunlar
Siziň üstüňizi örtse-de suwlar
Tolkunlaryň penjesinde bogulyp
Batan däldir, ýiten däldir arzuwlar.
Arzuw bolup akyp ýatyr bu ýerler
Şonuň üçin muňa Jeýhun diýerler.
Gör, näçe ýyllaryň düşüp yzyna
Näçe asyr umyt bilen gezildi
Ahyrynda bu düzleriň ýüzüne
Täze-täze sahypalar ýazyldy.
Bedew atly, gyzyl ýüzli adamlar
Jeýhuny gark edip gan bilen dere
Batyrgaý ädimläp, ine şu ýoldan
Gämi tartyp gelipdirler bu ýere.
Gämi tartyp gelseler-de bu ýere,
Gämi tartyp geçmediler biperwaý
Şol gämini Amyderýa gark edip,
Atalyk borçlaryn etdiler berjaý.
Men olary gözüm bilen görmedim
Gör nähili özgeripdir bu ýerler
Bir taryhy saklap ýatyr goýnunda
Şonuň üçin muňa Jeýhun diýerler.
Ine bugün şol Jeýhunyň degresi
Örtülipdir gyzyl bilen ýaşyla
Bu ýerlere gül ekipdir atalar
Her ýyl bahar garaşyber hasyla. Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.