|

Indi göwnüm Arşyñ soragyndadyr…

Indi göwnüm Arşyñ soragyndadyr…

Pälim pes bolsa-da, göwnüm gitmesin,
Adampisint şeýtanlaryñ alyna.
Ynsanlyk perdesi syrylyp ýüzden,
Bu şeýtanlar has köpelen ýaly-la.

Altyn balyk awlan balykçy deýin,
Alanyn az görüp, ýene-de gözläp.
Al bilen tor gurup ýagşy pällere,
Deñiz deý çyrpynyp, şelaýyn sözläp.

Ýaran gözläp, höwür küýsäp özüne,
Gelip meniñ dogry ýolum peýlese.
Aýlansa daşymdan altyn-zer bilen,
Gapyl gözlem! Şeýtan guran meýlise.

Görmesin gözlerim, nägile-de däl,
Şelaýyna gol bermedik synamdan.
Indi göwnüm arşyñ soragyndadyr,
Aslyşmagyñ haýry ýokdur synymdan.

Gyzylgül Annagylyjowa.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle