Ikiçäk gürrüñ
Ikiçäk gürrüñ
Ilkinji söýgüden gaýdanda badym,
Indi maňa söýme ýokdur diýýärsiň.
Men saňa düşünýän: sen şeýle adam
Bir ömürde ýeke gezek söýýärsiň.
Men bolsa bu söze henizem garşy
(Şübhe bolmaz ýüregimiň päkdigne).
Ynansamam başky söýgiň bardygna
Ynanamok başga söýgiň ýokdugna.
Ynha dymyp dursuň meniň garşymda,
Egniň ketenili, başyň öýmeli.
Hany aýt sen, bir gezeklik ömürde
Nämüçin biz ýeke gzek söýmeli.
Özüň dek bir gyzy söýüpdim menem
Ol başgany söýdi
Ol indi ene.
Öňküdenem otly, çuň söýgi bilen,
Men ikinji gezek söýýärin ýene.
Düzgünmidir ýeke gezek söýmeklik,
Gel onda biz şol düzgüni pozaly.
Söýgi kitabyna iki söz bilen:
— Başarsaňyz, söýüň! – diýip ýazaly.
HALYL KULYÝEW Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.