|

Hukuk meselesi

Hukuk meselesi Berdinazar HUDAÝNAZAROW

▶ HUKUK MESELESI
(Kinaýaly goşgy)

Bir maşgala bolup, bir öýüň duzun
Iýseň-de, bar munda şeýleräk düzgün:
Özgäni ulaldyp, kiçeldip özün
Gelinler gaýyndan ýaşynmaly däl.

Sür döwrany: öz islegiň, öz meýliň.
Berjaý et nämäni islese köňlüň.
Enesi gyzynyň, atasy ogluň
Içerki işine goşulmaly däl

Bellik: hawa, eziz ata — eneler,
Ogul — gyzlar hem mähriban gelinler,
Maslahaty alsyn makul bilenler —
Muňa kanun diýip düşünmeli däl.

▶ HAKYKAT

Her bir pähimde bar bir hili many,
Hawa, tagam datmak açýar işdäni.
Çekip bilseň wagtynda çek keşdäni,
Garran çagyň iňňe sapmak kyn bolar.

Ine biziň güýjümiziň pesligi:
Hasyl edip bilemzok her islegi.
Tutup bolmaz berilmejek rysgaly,
Berjek bolsa bäş diýeniň on bolar.

Aşyk däl ýok kükräp gelen ýazlara.
Bizden tagzym bu dadylan duzlara!
Göze görnen gögerçin dek gyzlara
Içden — daşdan ogrygynça syn bolar.

Goşgularym manylydyr, gurakdyr,
Dogrusyn diýmäge mertlik gerekdir.
Halaýykda єsen-sen» diýýän seýrekdir,
Oňa derek єmen-men» diýýän kän bolar.

Kän kelle döwsek-de terbiýe hakda
Ajy hakykaty ýadyňda sakla:
Başda gursagyna guýulmadykda
Ne-hä namys bolar, ne-de müýn bolar.

Utulmagyň üçin
kelle göçende
Birje säwlik ýeterlik bir göçümde.
Bu ýalança gelýänleriň içinde
Biri adam bolsa, biri san bolar.

▶ IGENÇLIRÄK GOŞGY

Geçen geçdi gitdi
bolsa-da agyr
Bes indi, geçmişden zeýrenme şahyr.
Nätjek şeýle boldy — zabundy döwür,
Seniň taryhyň ol — ýigrenme şahyr.

Ýatlap durma, gaýdyp gelmez geçen zat,
Soň ýerden galanok ýere gaçan zat.
Kynlyk dälmi gözleriňi açan zat,
Diýmek, onuň üçin jowranma şahyr.

Öwren, ýaşap ýören dünýäňden öwren,
Gygyrýandan dälde, dymýandan öwren.
Herne çuňluklara çümýänden öwren,
Ýokarda gaýýandan öwrenme şahyr.

Agraslyk aýyp däl, ýöne gaýym bol,
Il-günüňe mähriban bol, lazym bol.
Ýagşu-ýaman özüň diňe özüň bol,
Yşnaksyz kölegä öwrülme şahyr.

Çyn söz boldy iň wepaly ýoldaşyň,
Seret, sarpa goýýar ýakynyň-daşyň.
Arassa kalbyň bar, buýsançly başyň
Hergiz ýaýaplama, ýygrylma şahyr.

Ykbalyňy ata ýurda baglap geç,
Ýüregi çoý, göwünleri awlap geç.
Bu topragyň agysyny aglap geç,
Il oglusyň, ilden aýrylma şahyr.
Fewral, 1997 ý.

* * *

Ullakan şäherde
janyn ynanýan
Bir dostum bar,
Aman bolsun, sag bolsun.
Ullakan şäherde meni ýigrenýän
Bir adam bar.
Aman bolsun, sag bolsun.

Bu şäherde meni
ýakyny saýyp
Ýören del adam bar,
Başy dik bolsun.
Bu şäherde meni keseki saýyp
Ýören ýakynym bar,
Başy dik bolsun.

Bu şäherde meni söýüp ýören bar.
Sag-salamat bolsun,
Minnetdardyryn.
Meni görse ýüzün sowup ýören bar,
Sag-salamat bolsun,
Minnetdardyryn.

Başga bir tanşym bar,
ýagşy ýamandan
Hiç kime hiç bir zat diýenogam ol.
Sebäbi hiç kimi ýigrenenogam,
Ýöne hiç kişini söýenogam ol.

Takdyr meni şu adamdan gorasyn.
Beýlekiler maňa o diýen ýat däl.
Köpi gören bu köneje dünýäde
Ýigrenmek diýeniň täze bir zat däl.

▶ DÜNÝÄ HAKDA DÜNÝEWI GOŞGY

Guwduraman,
gaýyp ýörmän howada
Käte geçmişide salmaly ýada.
Sahralary söküp paýu-pyýada
Çykypdyk şol gadym oraçalardan.

Bu dünýä geňlikden-taňlykdan doly,
Ala adamlaryň niýeti-päli.
Adalatam az-kem ýylgyrar ýaly
Agy aman saklaň garajalardan.

Ýatamda, turamda dileýän Hakdan:
Gora ak jereni şar-gara okdan,
Danalary halas ediň samsykdan
Kesiň bikemaly derejelerden.

Seret, hon-ha ýalan jort atýar çyna,
Bäs gelmek juda kyn galpyň güýjüne.
Arlap duran arslan — janyň ujyla,
Gorkýan ýylan sypat ýaranjaňlardan.

Eý taňrym, görene göz bolupdyryn:
Gör kim bilen ýüzbe-ýüz bolupdyryn —
Men bu ýalançyda bez bolupdyryn
Çem gelen göreldä eýerjeňlerden.

Ak garly gyş geldi, geçdi gök ýazym.
Şükür, boş gitmedi çeken azabym.
Erkek duşman bilen oňşaryn özüm,
Daş et dost saýylýan çüpejelerden. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи