|

Hindi temasyndan iki goşgy

Hindi temasyndan iki goşgy Berdinazar HUDAÝNAZAROW

▶ HINDI TEMASYNDAN IKI GOŞGY

1. «MAHABHARATA»

Şygryýetiň, pelsepäniň ýurdy bu.
Oýlanýaryn meger şoňa görä-de
Nirä barsam düşdi durdy ýadyma
Hindileň eposy «Mahabharata».

Agyr taryhynda bu gadymy ýurt
Daýanypdyr pähim bilen gaýrata.
Şonuň üçin ýada düşdi-de durdy
Bu halkyň eposy «Mahabharata».

Bezemen atlylar köşgüň öňünde
Nyzam bilen düzülipdir parada
Nämüçin ýada düşdi ýene-de
Hindileň eposy «Mahabharata».

Boýnumyza gülli halka dakdylar
(Şeýle halka dakylyprdyr Gara-da!)
Ine bu ýene-de hakyda geldi
Hindileň eposy «Mahabharata».

Tans üçin döräpdir hindi gyzlary.
Gara hally şol gyzlara garaňda.
Ýene hakydaňa gelýär, elbetde,
Hindileň eposy «Mahabharata».

Bu ajaýyp, bu owadan toprakda
Arzuw etdim: ýetsin her kim myrada.
Hawa, hut şu ýerde dünýä inipdir
Durmuş pelsepesi «Mahabharata».

2. AKTRISA BILEN GÜRRÜŇ

-Hindi temasynda birje tema bar,
Olam söýgi. Ýeri, başga näme bar?

Diýip, onuň bilen gürrüň açamda,
Ak dişleri bägül ýaly açyldy.

Garaluw gözleri güldi bagtyýar:
-Dünýäde söýgüden başga näme bar?

-Hindi kinosynda aýdymdan başga,
Zat ýok diýip bälçiredim ýamaşgan.

Ýene gara gözler ýandy bagtyýar:
-Dünýäde aýdymdan başga näme bar?

Diýip jogap berdi ol sowal bilen,
Söhbet tamamlandy 2:0 bilen.

▶ SERÇEJIK
Jürküldiňe owrenşipdi gulagym,
Äpişgäň öňünde saýran serçejik.
Ýokdy dürli öwsüp duran ýelegiň,
Äpişgäň öňünde saýran serçejik.

Oňa derek sesiň şeýle naşydy,
Garaja gözleriň – hywaň mäşidi.
Daň sazyny alkyşlaýan bagşydy
Äpişgäň öňünde saýran serçejik.

Saňa zat diýdimmi heý gaty-gaýrym,
Gözümden uçduň-la, eýjejik höwrüm.
Indi bu ýerlere etmezmiň öwrüm,
Äpişgäň öňünde saýran serçejik.

Ne-hä küş-küşledim, ne kesek atdym,
Haýsy ýowuz ýele gaýdyň-da gitdiň?
Sag bol!
Näçe ýyllap bagtyýar etdiň
Äpişgäň öňünde saýran serçejik.

Bakýaryn bökjeklän şahaňa bakan.
Indi nirelerde tutundyň mekan?
Toba, toba…
Janyň beri sagmykan
Äpişgäň öňünde saýran serçejik. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи