|

Güýz aglaýar

Güýz aglaýar GÜÝZ AGLAÝAR

Aşygyndan aýra düşen mahaly,
Sojap-sojap aglaýşy deý, gyzlaryñ.
Ýagyş ýagýar, güýz aglaýar agysyn,
Uçup giden durnalaryñ-gazlaryñ.

Gussalaryñ gursagyña sygmasa,
Agla güýzüm,derdiñ ýeñlär aglasañ.
«Meniñ derdim saña näme»-diýme güýz,
Niçik bolar señ derdiñi añmasam.

Güýzüm, eziz ogluñ Gurbannazaryñ,
Şygyrlary gursagymda aýdym meñ.
Şonuñ üçin seniñ ähli derdiñi,
Dertdeş bolup hemmeden öñ duýdym men.

Bu gün güýzüm sarylygyñ yşk bolup,
Şahyr şygry ýaly gursagma girdi.
Gidende goýnuñdan iñ eziz ogluñ,
Diýdiler: «Wah juda, wah juda irdi».

Biz arman çeksegem onuñ yzynda,
Ol armansyz gujagyñda ýerländir.
Durnalaryñ ýene gaýdyp gelse-de,
Arman, beýle ogul gaýdyp gelmandir.

Agla güýzüm,agla derdiñ ýeñlesin,
Asla,ýüz öwürmen perýadyñ üçin.
Agla, maña seni gussaña bakman,
Söýmegi öwreden zürýadyñ üçin.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle