|

Gül barada, pul barada

Gül barada, pul barada Berdinazar Hudaýnazarow

▶ GÜL BARADA, PUL BARADA

Ah, nähili ajap baharlar bolýar,
Gök ýylaklar dyza çykýar çöllerde.
Kiçijik däl — uly zady görýärsiň
Gözüň ýagyn iýip barýan güllerde.

Güller!
Güller açýar seniň göwnüňi
Göwün açyk bolsa ýollaryň açyk.
Bak, gülüp-ýylgyryp duran bu güller
Jümleýi-jahana berip dur gelşik.

Açgöz adam bizar bolup bar zatdan.
Owadan gülleri çalyşýar pula.
Hem-de müýnürgemän ýaşan bolup ýör
Özüniň göýdügen ynsaby bile.

Göwnüň açmak üçin gelen ýaz bolsa
Öwrülýär sherde ak ýagyşlara.
Adamyň göwnüni awlajak bolup
Saýraň diýip buýruk berýär guşlara.

Senem selpäp ýörsüň dodagyň ýalap
Haçan görseň ýetişiksiz günde sen
Ýa özüňi tanaňokmy henizem,
Dünýä myhman bolup gelen bende sen!

Adam, adam, nirä barýaň alakjap,
Haçan dynç almaga dyzyň epersiň?
Porhan tebigata bir nazar aýla,
Kem zadyňy belki şondan taparsyň !

▶ GEÇILENI GAÝTALAMAK

Kim akylly saýsa özün
Onda kän bir akyl ýokdur.
Aglamadyk adam ýokdur
Aýdylmadyk nakyl ýokdur.

Gül açylmaz ýaz bolmasa,
Nädip oňjak ýaz bolmasa,
Bir çümmüjek duz bolmasa
Hiç tagamda ýokum ýokdur.

Yşyk gözläp, galyp tümde,
Kän zat gördüm bu ömrümde,
Her ýylpyldap ýanýan şemde
Ýagty bardyr —
Ýalkym ýokdur.

Tüweleme, dälsiň çaga,
Alym bolduň, bolduň aga.
Öz-özüňi tanamaga
Welin hergiz çakyň ýokdur.

Baýlyk ýygnap assa-assa,
At owazyň arşa ýetse,
Aýnamagyn — taňry tutsa,
Öz zadyňa erkiň ýokdur.

Ýene bir zat bize aýdyň:
Eger molla bolup adyň,
Diňlenmese diýen zadyň
Şondan ajy höküm ýokdur.

Agla — aldap alan bolsaň,
Eňre — ýasda gülen bolsaň,
Bu ýalança gelen bolsaň —
Gitmezlige hakyň ýokdur.

* * *

Diýleni etseňiz öwretmek menden
Watany söýmeli jan bilen tenden
Atany-enäni kem görmän ondan,
Iýeniň-içeniň halal bolmaly.

Adamy bolsaň-da haýsy eýýamyň,
Ýalan däl-de, dogry bolsun diýýäniň.
Ýarym! diýip ömürboýy söýýäniň
Üç-dört däl-de, birje aýal bolmaly.

Niýeti-päliňi ýagşa tutmaly,
Ir turmaly, gijirägem ýatmaly.
Bu dünýäden senem bir gün gitmeli,
Bu hakykat başdan aýan bolmaly.

Sogap gazan, günäň bolsa hasap et,
Ynsabyňa bermelisiň hasabat.
Gerçekleriň gursagynda sahawat
Amanat başynda hyýal bolmaly.

Erbet işdir kişä kesek oklamak,
Däp bolmaly iýlen duzy haklamak.
Näçe kyn bolsa-da çaga saklamak
Nesil öndürmeli — dowam bolmaly.

Ömri öýkeletme — geçirme nalap,
Durmuşa çykanda çykmaly halap
Ýene bir zat: tapylmasa kiläläp
Bir gadak utanjyň — haýaň bolmaly.

Özüň bileňokmy-diňle bileni,
Yhlas eýle-işiň bolsun ileri.
Häzirlikçe berjaý ediň şulary,
Soňun görmek üçin aman bolmaly… Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи