|

Göwnüm meni ýazgarma

Göwnüm meni ýazgarma GÖWNÜM MENI ÝAZGARMA

Göwnüm käte ýaşlygyna ýol ýasap,
Bakman günbe-günden gartaşýan göwrä.
Menden ygtyýarsyz syýahat edýãr,
Şol gyzlyk döwrüne, arzuwly döwre.

Hyýalynda aýna bakyp öñki deý,
Gara saçyn, syýa zülpün daraýar.
Ejap edip aşyk bolan ýigide,
Ýeñ astyndan ogryn-ogryn garaýar.

Ýumak ýaly barha-barha çözlenip,
Göwün gidýär jümmüşine geçmişiñ.
Hakydañda hatar-hatar düzülýär,
Arzuwlaryñ, hatalaryñ, etmişiñ.

Bir süýji saz, mukam dolýar gursaga,
Dünýäñ ähli sazy diñäýen ýaly.
Şol gidip otyrsyñ, gidip otyrsyñ,
Bir düýpsüz ummana çümäýen ýaly.

Emma,ýuwaşjadan açylan gapy,
Şol ummandan çekip alýar dessine.
«Eje,geldim»- diýip, ýylgyryp gyzlañ,
Mähir bilen güller seçýär üstüñe.

Dolanasyñ gelse ýaşlyga sary,
Aýak çeksem, göwnüm meni ýazgarma.
Seret, sen-ä ogryn bakan ýigdiñe,
Ýaşlygymam peşgeş berdim gyzlarma.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle