|

Goşgy hakynda goşgy

Goşgy hakynda goşgy

GOŞGY HAKYNDA GOŞGY

Özge syrdaş küýsetmedi,
Meni gussa-gam basanda,
Özi kakdy kilim ýaly,
Gursagymy gum basanda.

Ol dost hemem ýalñyz syrdaş.
Oña sygdy gamdyr-gussam,
Enem ýaly çekdi meniñ,
Ähli derdim,ähli hossam,

Edebime,ekramyma,
Häkim boldy,misli atam.
Keramat saýyp gelipdim,
Bagyşlasyn bolsa hatam.

Ylham bilen yhlasymdan,
Dörän şygrym perzent boldy,
Ýazan dessanym kertilip,
Iñ soñunda bir bent boldy.

Ýelken edip hyýallarmy,
Öz salymda özüm ýüzýän.
Ýetmese-de gämiden ýer,
Ummanynda poeziýañ.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle