|

Goç urşy

Goç urşy GOÇ URŞY

Iki mähnet goçy süsüşdirýärler,
Şahlaryñ düýbünden ot çykýar — seret.
Iki goç ýap-ýanam imisalady,
Eýýämhaçan nädi pozuldy serhet?

Hawa, iki goçy öjükdirdiler.
Goýdular birini beýlekä garşy.
Paýhas gara güýçden yza çekildi,
Şeýdibem başlandy olaryñ urşy.

Bir-birinde köýen ary bar ýaly,
Şeýle gazap bilen garpyşýar goçlar.
Gaçgaklap başlady ahyry biri,
Ýöne ikisi-de ysgyndan gaçdy.

Kimler hyrçyn dişläp, başyn ýaýkady,
Kimlerem gykuwlap heziller etdi.
Iki goçuñ ~ ganjarşyna syn etmek
Kime güzap bolsa, kime lezzetdi.

◆ ◆ ◆

Çuñ ýürekden çykýan «Salawmaleýkim»
Nirde sen «Waleýkim salamyñ» bilen?
Howlukman soralyp saglyk-amanlyk,
Yzyndan aýdylýan kelamyñ bilen?

Salamlaşan çagy ýylnardy üşän,
O mähirden indi galdymy nyşan?
Beýle-de bir salam bolar oguşýan ~
Bir menzilden goluñ bulanyñ bilen.

Men-ä salam berdim adam şekilli,
Ol çala baş atyp menden bukuldy.
Gelşiksiz iş eden ýaly ökündim,
Galyberdim özüm salamym bilenm

Salam berdi welin goñşymyz häli,
Sowukdy nazary, teñdi ahwaly.
Şeýle sowuk ~ ylla gürleşen ýaly
Özgä göwün beren aýalyñ bilen.

Eý gadymy salam ~ höwrügem hemram!
Bu bolan zatlara özüm-ä haýran.
Soñy düzüw bolup, baksadyñ hernä
Ýene-de şol öñki jemalyñ bilen!

Berdinazar HUDAÝNAZAROW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи