|

Gerçekleriñ şanyna

Gerçekleriñ şanyna Berdinazar HUDAÝNAZAROW

▶ GERÇEKLERIŇ ŞANYNA

Diliňe çolama,
enäniň süýdün
Özüňden başga-da haklaýan bardyr.
Sen diňe iýdirýän, geýdirýän bolsaň,
Belki, aýasynda saklaýan bardyr.

Kiçiräjik bir döwletdir maşgala.
Eýer öňün çekip barýan başlyga.
Öz — özüňe baha goýma,
başga-da
Seniň kimdigiňi çaklaýan bardyr.

Adam belli — külli owadan bu gün,
Gerçek kişileri küýseýär göwün.
Halas etmek üçin özgäniň öýün
Özün ýanar oda oklaýan bardyr.

Ýagşy ynsan ýürekleriň ýalkymy.
Iý diýseňem iýmez özgäň hakyny.
Entek
ejiz eginleriň ýüküni
Alyp öz egnine ýükleýän bardyr.

Ýogsam ömür beýle bolmazdy süýji,
Ýamana görelde ýagşynyň güýji.
Ýitmesin olaryň tohumy — tiji.
Akýan çeşme bardyr,
akmaýan bardyr.


▶ ENE GOŞGYSY

Mahmal sähram sen bolup,
Bahar maşa bakanda,
Howlukmadym hiç zada,
Sen bar diýip jahanda.

Yrsaradym, näz etdim,
Betdim. Nähili betdim!
Hernä kejiňe gitdim,
Sen bar diýip jahanda.

Näme diýsem tapylýar,
Näme etsem hakym bar.
Boldum saňa hökümdar,
Sen bar diýip jahanda.

Ona ýetsemem çaga,
Ondan ötsemem çaga,
Wagtym ýok ulalmaga
Sen bar diýip jahanda.

Ellä ýetmän Eje jan,
Gözüň ýumlan mahalda,
Özüm aldap kän gezdim,
Barsyň diýip jahanda.

Ýogsam boýun alypdym,
Hemme zady bilipdim.
…A men Dünýä gelipdim,
Sen bar diýip jahanda.

▶ DÖWRÜŇ GAHRYMANLARY

Bilýänsiňiz, haýsydyr bir wagtlar —
Öňe çykdy iň bir batyr ýigitler.
Dumly duşa ýaýrap şöhrat — şanlary,
Bolupdyrlar döwrüň gahrymanlary.

Agyr märekäniň göwnün awlanlar —
Öňe çykdy iň bir atly pälwanlar.
Tutluşanda ýere degmez ýanlary,
Bolupdyrlar döwrüň gahrymanlary.

Owaz goşup tamdyranyň kirşine
Öňe çykdy ady belli bagşylar.
Agzyna garadyp begi-hanlary
Bolupdylar döwrüň gahrymanlary.

Alym öňe çykdy äýnek dakynyp
Ol bolmagy arzuw etdi jahyllar.
Iliň — günüň garyp göwnün göterip
Iň arzyly adam boldy şahyrlar.

Döwürler dolandy durmuş üýtgedi,
Gahrymanlar galdy bize ýadygär.
Olaryň baryny itip bir gyra
Öňe çykdy gyzyl pully söwdagär. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи