«Gel eý dünýä, bu söwdany oňlasaň…»
"Gel eý dünýä, bu söwdany oňlasaň…"
 Gel, eý dünýe, bu söwdany oňlasaň, 
 Seniň bilen alyş-çalyş edeýin. 
 Sen-ä garyp ýaşlygymy gaýdyp ber, 
 Men baýlygmy saňa bagyş edeýin.
 Ýetmiş ýylda der saçyplar gazanan 
 Sylag-serpaýlarym seniňki bolsun. 
 Üstesine hiç zat talap etmäýin, 
 Diňe on sekiz ýaş meniňki bolsun.
 Elimden al derejämi, çinimi, 
 Ä-ä diýmen: iň bir zabun işi ber. 
 Ýöne ýetde-gütdelikde geçirlen 
 Düýşe dönen şo-ol on sekiz ýaşy ber.
 Seňki bolsun, içi ýumşak maşynym, 
 Seňki bolsun, gatbar-gatbar otagym. 
 Maňa besdir, şo-ol on sekiz ýaş bilen 
 Garyp çatmam — şol köneje ketegim.
 Müň bir aladadan hum bolan kelläm 
 Deşik pökgi ýaly bolup ýeňlesin. 
 Kakabaş günleri küýsän ýüregim 
 Porhan bolup, gursagyma sygmasyn.
 Öňümdäki mele-myssyk nany al, 
 Deregine ýylçyr gara daşy ber, 
 Daş çeýnäpler, gum ýalaplar oňaýyn, 
 Emma maňa şol on sekiz ýaşy ber.
 Öwezin almaga ýitirlen ömrüň 
 Hakym barmy, ýokmy, hany aýdyp ber. 
 Men bu dok durmuşy saňa bereýin 
 Sen garny aç ýaşlygymy gaýdyp ber!
Berdinazar HUDAÝNAZAROW. Goşgular
