Enemiñ gürrüñleri…
Enemiñ gürrüñleri…
Oba,
Uruş döwrüniñ yz ýany,
Hatar-hatar tam kepbeler.
Ählisi hem birmeñzeş,
Içinde ýokdy ketdeler.
Olañ baryn ýok edipdi şuralar.
Toba,
Biziñ ilde öz ýanyndan şir olar.
Gumaksy ýoda,
Hemme ýolagçy.
Ýek-tük atly bolaýmasa,
Kimsi eşekli,
Kimsi pyýada.
Hemmäñ egni,
Göwşülläp giden eşikli.
Ýekeje toý dony bolan,
Birje-de täze köýnegi,
Öýlänligi, höregi,
Bir döwümjik çöregi,
Bolanlar, özüni saýdy bagtly.
Säbäbi, o döwür hemme adama,
Uruşsyz, arassa asman bagtdy…
Näşükürlik aralaşsa dünýäme,
Sygmasam ak öýli, ak ýolly oba,
Enemiñ şujagaz gürrüñin ýatlap,
Gelýärin toba.
Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. Goşgular