Ene guşuň ahwaly (Gyzylgül Annagylyjowa)
Ene guşuň ahwaly
Beýik dagda dury suwly çeşmäniň,
Gözbaşynda mesgen tutan ene guş.
Höwürtgesin gorap ýelden,ýagmyrdan,
Göýä ony keramata deňemiş.
Gündiz iýmit gözläp,agzyndan iýmläp,
Bagry bilen çoýup gijelerine,
Öz ýetip bilmedik menzilne sary,
Uçmagy öwretdi jüýjelerine.
Laçynlar ýetişip uçdy çar ýana,
Edil enesiniň öwredişi deý,
Maksatlary myradyna gowşanda,
Uçmazmy guşyň hem göwün guşy heý.
Uçdy,ýöne,höwürtgesi çolardy,
Ene guşuň ahwalyny kim duýar.
Haýwan-ynsan uzaklaşsa balasy,
Ýüreginiň bir çüňkünde kem duýar.
Emma,ene balasynyň ahwalyn,
Uzaklardan her pursat,her dem duýar.
Gyzylgül Annagylyjowa