| |

Elegiýa

Elegiýa Berdinazar Hudaýnazarow

▶ ELEGIÝA

Gögelekäm goýup gitdiň eje jan,
Güllemeli çagym köýüp ýaşadym.
Boşap galdy gara öýüň gap böwri,
Ýüregimi gyýyp-gyýyp ýaşadym.

Dillenmediň soňky giden ýoluňa
Geler diýip gözün diken ogluňa
Bu ýalança şeýle aşyk halyma
Mahal-mahal ondan doýup ýaşadym.

Eziz adyň bardy alynýan demde,
Eziz keşbiň gördüm uka gidemde.
Garyp günde degsin-töwür edemde
Ruhuň syzýanyny duýup ýaşadym.

Gönümel häsiýeti goýup bilmedim,
Her aýdylan zada uýup bilmedim.
Dile gelen sözi diýip bilmedim —
Öz sesimi özüm bogup ýaşadym.

Ýaşasam-da zabunlygyň döwründe
Hallan atdym dogry sözüň ugrunda.
Ýata suwa meňzemedim ömrümde
Bylkyldaman
süýt dek çogup ýaşadym.

Ykbal diýilýän zat kem boldy arman,
Gitdiň ogluň adam bolanyn görmän.
Beren ak süýdüňe bolaýyn gurban
Seni küýsäp, seni söýüp ýaşadym.

Hiç zady geňlemän,
hiç zada bakman
Aýlar, ýyllar geçdi gitdi howlukman.
Hiç kesiň öňünde bilimi bükmän
Bir Hudaýa başym egim ýaşadym.

Gitdi deň-duşlarym gezekme-gezek
Kütelýär hyjuwlar, gowşaýar ýürek.
Şükür alla, ömür geçmedi gurak,
Siňňin ýagyş ýaly ýagyp ýaşadym.

* * *

Obadaş bir gyza duşdum arada,
Üç çagaň enesi bolupdyr eýýäm.
Başy ýaýkap, sygyranymy duýmadym.
Neneň zamana bu,
Niçiksi eýýam!

Köne bir tanşymyň adyn agzadym,
Ol bolsa..
dünýäde ýok eken eýýäm.
Ine şeýdip gapyl galyp ýörüs biz,
Bu niçik zamana,
Neneňsi eýýam!

Bu ýerler bir tozap ýatan meýdandy,
Ak şäher emele gelipdir eýýäm.
Ertekä öwrülip gidipdir Durmuş,
Niçik Zamana bu,
Neneňsi eýýam!

Düýn-öňňunam dil-agyzsyz çagady,
Gepläp-gülüşdirip otyr ol eýýäm.
Isleseň eliňden ähli zat gelýär
Niçik Zamana sen,
Neneňsi eýýam!

Aýal şindem «oglan» diýip ýüzlenýär.
ýogsam ýaş ýetmişden geçipdir eýýäm.
Hem aglasyň gelýär, hemem gülesiň
Sen niçik Zamana,
Sen niçik eýýam!

* * *

Dagyň gaýasyna gonan bürgüde
Ýanbermezek ganat arzuw edýärin.
Sähralarda seýle çykan ýigide
Gamyşgulak gyr at arzuw edýärin.

Ygal arzuw edýän kelte ýazlara,
Bereket dileýän iýlen duzlara.
Ýaňy göze görnüp başlan gyzlara
Akyl bilen kamat arzuw edýärin.

Süýžülik berilsin diýýän dillere,
Açar bermäň ygtybarsyz ellere.
Birneme ýan beren aksakallara
Elbetde güýç-gurbat arzuw edýärin.

Perzent arzuw edýän oňa zarlara.
Ygrar isleýärin dosty-ýarlara.
Hyzmat eden, iş bitiren ärlere
Hezzet bilen hormat arzuw edýärin.

Abatlyk isleýän üçeklermize,
Gujak arzuw edýän gujaklarmyza.
Bereketli, toýly saçaklarmyza
Doly naz-u nygmat arzuw edýärin.

Eýerýän tapylsyn gowy däplere
Bol suw isleýärin ene ýaplara.
Ynsap dileýärin naýynsaplara
Nurbatsyza nurbat arzuw edýärin.

Öwüt ýokmaz öňden taňry urana,
Baş egýärin edep-ekram görene.
Tamakinlik bilen toýa barana
Bir pyýala şerbet arzuw edýärin.

Garşylyk ýok baý ýaşajak bolýana
Goý baýlygy ýetsin million-milliona.
Kösenene kömek edip bilýäne
Ak ýürekden döwlet arzuw edýärin.

* * *

Ne-hä görüplik bar, ne-de men-menlik..
Çaga bolup esli salym eglendik.
Ynha-da ot gorsap geldi oglanlyk
Diýdi: şagalaňly, şemally gezgin.

Aýy tutjak bolduk — göwün ýüwürtdik,
Ýyllara ýapyşyp ulaldyk gitdik.
Murtuna tow berip diýdi ýigitlik:
Daglaryň başy dek dumanly gezgin.

Çekgede göründi ilkinji ak gyl
Ýüz müňüň içinde mundan öň ýok gyl,
Assa çawuş kakdy şol ýeke-täk gyl:
Bu durmuşdyr, az-kem gümanly gezgin.

Ozal çaga bolsaň — ulalmalysyň,
Ozal suwjuk bolsaň — goýalmalysyň.
Şujagaz ak gyldan uýalmalysyň
Göz kändir, akylly — kemally gezgin.

Ýigitlikdir garrylygyň arasy
Tyllaýy güýz — ine ömrüň şiresi.
Söý hem söýül, bolmaz başga çäresi
Şaha ýaýyp yzy dowamly gezgin.

Garrylyk gabagyn galdyryp ýadaw,
Diýdi: bu güne-de şükür et, adam.
Nalaman, zeýrenmän goja dünýäden
Başarsaň tobaly — amanly gezgin.

* * *

Öz ynanjyň, kelläň bilen ýaşamak
Bu dünýäde iň kyn zadyň birisi.
Epeý-epeý kişilere syn etseň
Şol bir zady gaýtalap ýör barysy.

Birje sözde berip boljak manyny
Sozup-sozup ýetirýärler gulaja.
Sagadyňa ümläp, wagty görkezip
Sen oňa yşarat edýäň çalaja.

Ol bolsa on gezek aýdylan zady
Şindem gaýtalap dur misli ikatýok.
Uşlyp ýaly uzyn jümlelerinde
Käte bir otur bar, ýöne nokat ýok.

Adam meňzeş edip ýaradylmandyr
Meňzeş gylygy ýok, meňzeş ýüzi ýok.
Onda näme her kişiniň özüne
Mahsus pikiri ýok, mahsus sözi ýok?

Mümkin, göwrä kelle oturdylýarka
Bir ýeser işleri bulaşdyrandyr.
Mümkin Tebigatyň özi aljyrap
Bir kelläni köpe üleşdirendir.

Garaz bir näsazlyk bolana meňzeş.
Ýöne ony indi subut etmek kyn.
Beýdip bir-biregi gaýtalap ýörsek
Ýürege düşmegmiz
bütünleý mümkin.

* * *

Ýer ýurtlar meňzeş däl, adamlar ala
Atyň ýokmy — onda atlan hyýala.
Ynanmany goýsam goja ykbala
Dostlar, öz-özümden gaçdygym bolar.

Söz saýlap otyrkam sözler içinden
Ýalandan üýşenmän, üýşensem çyndan,
Şygryýet gazaply ar alar menden
Bu — iliň gözünden düşdügim bolar.

Hernä bu jezadan daş etsin Allam,
Il-gün dälmi bizi göteren, goldan,
Aljyrama başym, aýlanma kelläm,
Aýlanaýsaň — seniň boşdugyň bolar.

Aglasam agym çyn,
Gülküm çyn gülsem,
Ýaýaplama hyjuw, gowşama ylham.
Adam diýilýäne düşünip bilsem,
Dünýäniň bir syryn açdygym bolar.

Şahyra bakyp dur gör näçe didar,
Biri idemese birisi idär.
Ýanyp ýazanlarym tapsa hyrydar
Şol meniň çyn hakym — heşdegim bolar.

Bu dünýäni duýdum aýdym — sazlarda,
Gudrat gördüm gözi baglan näzlerde.
Goşgy ýazylmasa tylla güýzlerde
Elbetde..
bu meniň ýaşdygym bolar.

* * *

Aglap duran adamyny geňlemäň,
Aglamak-eňremek aýp zat däldir.
Diýipdirler: «geň göreniň — alnyna»
Ajy gözýaş hiç kime-de ýat däldir.

Kimiň kalby ýuka, kimiňki galyň.
Mundan bilip bolmaz ejizi, merdi.
Adam gara gözden ýaş akdyrýandyr
Içine sygdyryp bilmänsoň derdi.

Men özümi ejiz hasap edemok,
Ýöne ýukaýürek hasap edýärin.
Bu gödek durmuşda inçe duýguny
Juda, juda gerek hasap edýärin.

Emma görüp durus
ýyllar geçdikçe
Duýgularmyz gödekleşýär, ýognaýar.
Pikir edýän, meger şol sebäpli-de
Ahlak pese düşýär,
Adam ownaýar.

Agy «duýgy» bu bir ownuk zat ýaly,
Ýöne welin ownuk däldigem hakdyr.
Özgäň agysyna aglap bilmegem
Meger, ýöne bir zat däl-de — Ahlakdyr. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи