|

Duý yşkymy

Duý yşkymy DUÝ YŞKYMY

Duý yşkymy

Ömrüm boýy örklenip,
Ojagynda ýerlänim.
Her säher saýasynda,
Aman-esen örlänim.

Ojagyñda ot bolup,
Mährime çoýsam seni.
Soñlanmajak yşkym diýp,
Äleme ýaýsam seni.

Göýä syryljak ýaly,
Hol öñki utanç-haýam.
Bolaýjak deý ýazykly,
Yşkym edenme aýan.

Haýam syryljak bolsa,
Saña şygyr düzmäýin.
Ýşkym köñül köşgümde,
Ýaman gözden gizläýin.

Sözlemäýin, gözlemden,
Duý, yşkymyñ damýanyn.
Saña aýyp däl ahyr,
Sözle, dymyp diñläýin.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle