|

Durmuşmy!?

Durmuşmy!? DURMUŞMY?!

Muña gelip hemmeleñ,
Bagty çüwüp durmyşmy!?
Bolsañ-da geda, pahyr.
Durmuş täsin gurluşly.
Ol maña ýüzün öwrüp,
Gyýa-gyýa baksa-da.
Aşyk bolan dilberin,
Wepa bermän ýaksa-da,
Diýmedim owal-ahyr,
Oña ýygryp señrigim,
"Ah, sen ýowuz durmuşmy?"
Çünki, munda pelek maña,
Örkümi ýere baglap,
Il üçin bagrym daglap,
Mydam gezmeli aglap,
Otly dünýä gurmuşmy?
Guran bolsa kaýyl men,
Pelek beren permana.
Ot içinde şirin jan,
Ýanar, misli perwana.
Ot içunde ýansam-da,
Doga edip dakynjak,
Dogryny dagda:n ýaly.
Galyp hakydalarda,
Ajaýyp aýdym ýaly,
Bu dünýäden gaýdamda,
Gaýdaýyn gaýdan ýaly.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle