Durmuş pelsepesi
Durmuş pelsepesi

Bildirmänjik akyp barýan aý-ýyllar
Duýdurmanjyk seni dünýä getirer…
Ýeteniňde söýgi atly menzile
Başga bar zat manysyny ýitirer.
Kimler atly ýöräp, kimler pyýada
Agyr-agyr alaňlardan ötüler.
Rysgalyň yzynda ylgaşlap ýörseň
Allaň özi aç-hor etmez, ýetirer.
Durmuş göreş däl-de, belki oýundyr,
Biri utar, başga biri utular.
Arzuw çenden-çakdan aşa bolmasa
Irde-giçde şol arzuwa ýetiler.
Ýokuş görüp Ýerde bolýan işleri
Aý agyllyr, günler bolsa tutular.
Kesek atýan diňe duşmanyň däldir,
Dost diýjegiň elindenem atylar.
Aý bölegi ýaly owadan gyzlar
Aýna bakyp öz görkünden utanar.
Kösener durmuşuň näsazlygyndan
Nadanlar däl —
kämillige ýetenler.
Ykballaram durmaz duran ýerinde,
Käte peselerde, käte göterler..
Arman, kän kişiler özgäni däl-de,
Öz-özüni ýeňip bilmän
öterler..
▶ BIZDEN SOŇKULARA
…Ýene-de geler ýazlar,
Ýene-de geler gyşlar…
Durmuşda umyt diýlen
Bir zat bardyr, gardaşlar.
Goý, ýaradan ýalkasyn
Arzuw, umytly ýaşaň.
Ömrüň gadryn bilip
Boş däl, suwytly ýaşaň.
Hapalanýan dünýäde
Siz bir arassa boluň.
Biribaryň öňünde
Mydam neresse boluň.
Günä, sogap diýlen zat
Saklanarmy ýa-da ýok.
Haýyr-sahawat näder —
Onçasyny bilemok.
Ýöne aýlanar durar
Gadym pelegiň çarhy.
Yraň atar ahlaklar,
Üýtgär ynsanyň nyrhy.
Muňa bakman, howlukman
Geler, Luw ýyly geler.
Ýagyşdan serhoş bolan
Düzler lälezar bolar.
Ýaşyl donun ýapynar
Ýagyrnylak depeler.
Şonda belki bizi-de
Ýa-da salan tapylar.
Gözlerinden ýaş dökýän
Çöl asmanyň astynda
Ruhum pel-pelläp durar
Daşly guýyň üstünde.
Haýyş edýän, adamlar,
Başarsaňyz ýat ediň.
Bolmasak-da özümiz —
Ruhumyzy şat ediň.
Şeýdilende ruhuň
Taparmyşyn ynjalyk.
Görüň: ol ýere gitseň
Ýene tamakinçilik.
Goja taryhyň çarhyn
Aýlap oturan ýyllar!
Bizi alyp gidip dur
Bizi getiren ýyllar.
* * *
Gün gökden garap dursa
Doňan gar eräp dursa,
Iýenim ýarap dursa
Başga näme gerekmiş.
Kän utsam, az utulsam
Syrkawlamda gutylsam
Ynansam hem ymtylsam
Başga näme gerekmiş.
Bolmajysy boluplar
Ýagyp dursa bulutlar,
Hezil etsem gülüpler
Başga näme gerekmiş.
Garrylyga garaman
Gije geçse oýarman,
Daňlar atsa sag-aman
Başga näme gerekmiş.
Kişä gitmese paýym
Yraň atmasa jaýym,
Sylap dursa Hudaýym
Başga näme gerekmiş.
Goý ýalkansyn gowular
Zowal tapsyn ýowuzlar.
Aman bolsa ogullar
Başga näme gerekmiş.
Soňy puç bu dünýäniň..
Ykbaly bu hemmäniň.
Hemra bolsa imanyň
Başga näme gerekmiş.
* * *
Meger dünýä ýegşerip
Agyr günäň astynda,
Yraň atyp zordan dur
Aýagynyň üstünde..
Käte sowuk gar bolup
Dökýär ýürek awusyn.
Apy tupan turanda
Eşidýärin agysyn..
Mahal-mahal gobsunýar
Agyr ýüke çydaman.
Zemin lerzana gelýär,
Biz diýýäris «eý aman!»
Gara daglar çat açýar.
Ýyldyzlar ýere gaçýar.
Gözi ýaşly bulutlar
Ejräp üstüňden geçýär.
Bu näme, bu eý alla
Bu nämeden alamat?
Zaman ýakyn geldimi,
Gopup ýörmi kyýamat?
Goja Zeminiň üsti
Ýanyp duran gyzyl ot.
Bu zatlary özüňden
Göreňokmy, Adamzat?!
▶ DÄNELER
Asmanyň açygyn söýdüm,
Gyzlaryň alçagyn söýdüm,
Müň öýüň duzuny datdym, —
Öýümiň saçagyn söýdüm.
* * *
Agşam ýatdym mukam diňläp,
Säher turdum mukam diňläp.
Piker etdim, saz bolmasa
Goja heňňam gider heňläp.
* * *
Takdyr maňa şeýle dosty bersedi,
Görünsin halymyň agyr pursady.
Diýýänimden biri bardy hem welin,
Olam indi özün tutdy, dürsedi…
* * *
Bilip bolmaz çöllük çykar alnyňdan,
Öňräginden guýy gazmany öwren.
Bilip bolmaz, suwa gabat gelersiň
Öňräginden suwda ýüzmäni öwren.
Göge garaberme ganatlam bolsaň,
Gerek bor, pyýada gezmäni öwren.
* * *
Küren obaň, uly iliň içinde
Onuň birje kişä göwni ýetýärdi.
Şol göwni ýetýäni del adam däldi,
Ol özüni göz öňünde tutýardy.
* * *
Jenaýat kodeksin maddama-madda
Ýatdan aýytmaga gelýärdi hötde.
Öýünde-hä şol kitabam ýok welin,
Başga ýerde okandyr-da, elbetde.
* * *
Şu gün aladaňdan ýüzümden öpdi,
Täsin tebigatyň al ýaňäk gyzy,
Mawumtyl asmanyň mübärek bolsun,
Hoş geldiň ömrümiň ellinji ýazy!
Dürli öwsüp duran jadygöý kimin,
Agyr ukusyndan oýandy zemin,
Hem-ä şat men, hemem azajyk gamgyn,
Hoş geldiň ömrümiň ellinji ýazy!
Tolgunan bulutlr kakanda deprek,
Ak çagbaň astynda bugarsyn toprak,
Gök otuň üstüne gereýin kükrek,
Hoş geldiň ömrümiň ellinji ýazy!
Galyň buzlar eräp gitdi demiňden,
Gelmeýän zat ýok ýalyla eliňden,
Bir çümmük ber eminden,
Hoş geldiň ömrümiň ellinji ýazy!
Gülaply göwsüňden soraýyn gana,
Sylag, serpaý diýip şunça ýaşana,
Diýýän dermanymdan ýekeje däne,
Bersen-e ömrümiň ellinji ýazy! Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.