Durmuş näme…
Durmuş näme…

Durmuş näme… şatlygymmy, gussammy,
Haýsy agdyk, haýsy kemter bilmenem.
Çekip ýören azabymmy hemişe,
Ýa armanmy, kalplar içre gizlenen.
Durmuş, gözüm ýumdum görgüleriñe,
Bagtdan birazajyk dadanym üçin.
Razy boldum, nowçalykda goýnuñdan,
Gitmän, kyrk ýyl ömri gädenim üçin.
Bagtly günlem durmuş senden gorkym kän,
Birazajyk kemter bolsun, kän berme.
Düşün durmuş, agdyk berip aldasañ,
Bagtdan taýyp, bagtsyzlyga ýan bermek,
Kyn düşer, şoñ üçin öñküjäñ ýaly,
Beriber azajyk, kalba melhemlik.
Öñde-soñda aýnatmadyk gyzyña,
Az hem ýeter, görkezmäge merdemlik.
Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.
Surat: Tamara Kiselýowa / «Durmuşyñ öwüşginleri» Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.