|

Dünýe…

Dünýe… DÜNÝE…

Dünýe...

Dünýe meñzeş dälihana,
Bir seretseñ lolyhana.
Uzap ýatyr, däli dünýäñ,
Gitse-gelmez ýoly, hana.

Kim gidermen oña tarap,
Asylzadañ ýoly bilen,
Kimse keýp deñzine düşüp,
Ýüzsem diýer loly bilen.

Diýen borlar:
«Bu ýol hemmä,
Baý-garyba gyradeñlik.»
Şu gürrüñi tapanlaryñ,
Tapyşlary juda geñlik.

Asylzada gitjek ýolun,
Hem yzyny aklap gider.
Emma, kimler sana girmän,
Öñün-soñun ýoklap gider.

Sen niçik döwran sürseñem,
Alyp gitjek ýalñyz, tenha.
Uzap ýatyr däli dünýäñ,
Gitse-gelmez ýoly, ynha.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle