|

Dünýäniñ derdi

Dünýäniñ derdi DÜNÝÄNIÑ DERDI

Gussa batyp deñ çekişdim derdini,
Dünýä meni gysymyna gyssa-da.
Ne-hä, dünýä peýda berdi gussalam,
Ne men peýda tapdym gamdyr-gussadan.

Şonda-da, gussadan elimi çekmän,
Onuñ bir çüñküñde derdini çekdim.
«Dünýäñ derdi diñe ýagşylyk»- diýip,
Ýerde ýagşylygyñ nahalyn ekdim.

Köpler bolmasa-da, ýekeje kişi,
Meni «Ýagşy» — diýip çaklaýan bolsa.
Eger bu dünýäni aýdylşy ýaly,
Diñe ýagşy niýet saklaýan bolsa.

Bir gün bu zamana soñlanjak bolup,
Agyp-dönüp dursa dünýäniñ gerşi.
Üzülmän saklansa şo pursat onuñ,
Ýagşy işler bilen işilen erşi.

Meñem şol erişde dahylym bolsa,
Hemem ýagşylykdan eken nahalym,
Zeminde kök ursa hem saýa bolsa,
Ýagşylyk küýsäne meñ ýok mahalym.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle