Döredijilik
Döredijilik
▶ DÖREDIJILIK
Lezzetiň artykmy
ýa-da ezetiň,
Eger walla, muny bilip bilmedim.
Bir ýesir düşdümde seniň dünýäňe
Şondan başga ýerde bolup bilmedim.
Çöle çykdym, ýaşyl ýylak gözledim,
Ile çykdym, nakyl, ýomak gözledim.
Galamyň ujundan çörek gözledim
Başga güýje tagzym kylyp bilmedim.
Gözüme göründiň gyzyň keşbinde,
Mežnun bolup perwaz urdum yşgyňda.
Ykbaldyr-da: şeýle güne düşemde
Beýle edähedi goýup bilmedim.
Birinji bakyşda söýlen gyz bolduň,
Ynjyk bolduň, durşuň bilen näz bolduň,
Kämahal gyş bolduň, käte ýaz bolduň
Söýseň, sögseň Senden doýup bilmedim.
Bu neneňsi geň kär, neneňsi pişe,
Käte ýazjak zadyň girýändir düýşe.
Öýde ýüzün ýatyp başlamda işe
Wagty bilen ýerden galabilmedim.
Ömür diýlen meňzeş eken düýşlere,
Pida bolup gördüm gara güýçlere,
Töwerekde bolup geçýän işlere
Namys etdim, ýöne ölüp bilmedim.
Bir kemally gördüm,
bir müň bikemal,
Amanat başlarda öwüsýär şemal..
Ne gözel maksat bar, ne ajap hyýal,
Aňk bolup özüme gelip bilmedim.
Bir zady ýigrenip, bir zady söýüp,
Ýaşadymda ýöpdüm ýaýnap hem köýüp.
Eý şahyr, näme sen, ne närse? — diýip
Kelle döwdüm,
jogap alyp bilmedim.
Jadyň bilen hüwdülediň, üwrediň.
Menem bolup bilşimçeräk saýradym.
Aman ýaşa, ar-namysa goýmadyň
Geçip barýan ömri haýyp bilmedim.
▶ O.O. BAGYŞLANÝaR
Ýylgyraňda ýylap gidýär ýüregim,
Ýylgyrşy
nurana ýazdan alypsyň.
Göreçleri gijäň ak ýyldyzyndan,
Dili bolsa, meger
közden alypsyň.
Säheriňki ýaňaklaryň terligi.
Gylyçdanmy gyýma gaşlaň ýerligi,
Göz bilen gepleşýän –
bu ýeserligi
Diýýärler jadyly sazdan alypsyň.
Ýöne käte gazaplanýäň, eý aman!
Gyýa bakyp geçýäň, bize garaman.
Meger muny
gün çyksada eremän
Kölegede ýatan buzdan alypsyň.
Bolýa…Näzdir diýeli bu gylygy
Aýdymdan – gep-sözüň ýerlikliligi.
Iň mukaddes zady – durnuklylygy
Iň bir güýçli zatdan – duzdan alypsyň.
* * *
Aşyklardan öwrenmedim söýmegi,
Ony kükräp gelen ýazym öwretdi,
Ak çabganyň aşagynda köýmegi
Başda göwün beren gyzym öwretdi.
Asmandan inmedi içjek-iýjegim,
Serpaý berilmedi geýýän penjegim,
Ýly diňe ýörän kişiň ýeňjegin
Bu çöllerde goýan yzym öwretdi.
Ýyllar göýä ýyndan atyň toýnagy,
Deprenmeseň bardyr çaňda goýmagy,
Geçen asyrlaryň ahyn duýmagy
Düldüli igleden sazym öwretdi.
Haýp, hanjaň ýeledigin, ykdygyn
Bilebilmän kän selpäpler ykdygym!
Döwüm nandan äpet zadyň ýokdugyn
Halal desterhanym — duzum öwretdi.
Dakyp adamlygyň belent çinini,
Dünýä bize ynanypdyr janyny.
Ýanmasaň, çoýup-da bolmaýanyny,
Öjakdaky elwan közüm öwretdi.
* * *
Bulutlar daga çökdi,
Serwi dumanda galdy.
Gün gizlendi asmanda,
Deňiz armanda galdy.
Açdy suwuň sepini
Tolkunlaryň epini.
Esrän deňziň köpügi
Çyplak kenarda galdy.
Ne-hä sowuk, ne yssy,
Çygly şemal öwüsdi.
Damja yga towusdy,
Gomlar ýelämde galdy.
Gögi tutdy gürrüldi,
Bulut lükge düýrüldi.
Birden garny ýaryldy,
Ýagyş ummanda galdy.
Ýene gün çykda parlap,
Zülplerini timarlap,
Otyr gök serwi derläp…
Göwnüm gümanda galdy.
▶ DÜNÝÄ HAKDA DÜNÝEWI GOŞGY
Guwduraman,
gaýyp ýörmän howada
Käte geçmişide salmaly ýada.
Sahralary söküp paýu-pyýada
Çykypdyk şol gadym oraçalardan.
Bu dünýä geňlikden-taňlykdan doly,
Ala adamlaryň niýeti-päli.
Adalatam az-kem ýylgyrar ýaly
Agy aman saklaň garajalardan.
Ýatamda, turamda dileýän Hakdan:
Gora ak jereni şar-gara okdan,
Danalary halas ediň samsykdan
Kesiň bikemaly derejelerden.
Seret, hon-ha ýalan jort atýar çyna,
Bäs gelmek juda kyn galpyň güýjüne.
Arlap duran arslan — janyň ujyla,
Gorkýan ýylan sypat ýaranjaňlardan.
Eý taňrym, görene göz bolupdyryn:
Gör kim bilen ýüzbe-ýüz bolupdyryn —
Men bu ýalançyda bez bolupdyryn
Çem gelen göreldä eýerjeňlerden.
Ak garly gyş geldi, geçdi gök ýazym.
Şükür, boş gitmedi çeken azabym.
Erkek duşman bilen oňşaryn özüm,
Daş et dost saýylýan çüpejelerden. Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.