Dogduk depelere hyýallanmak
Dogduk depelere hyýallanmak
▶ DOGDUK DEPELERE HYÝALLANMAK
Agras oý-pikirler ýadatdy halys,
Huma dönen kelle boşaşsyn biraz.
Soňsuz hysyrdydan daljygan ýürek
Demini dürsesin, köşeşsin biraz.
Gümra bolduň soňy gelmez işlere,
Ýatsaňam goýanok girip düýşlere.
Gaçyp gitjek gümany ýok hiç ýere
Iş-pişe gapyda garaşsyn biraz.
Gursakda galypdyr gör näçe duwün,
Kömege çagyrýan şeýtanyň suwun.
Bolgusyz gep bilen çişirlen göwün
Öýkesini ýazyp, ýaraşsyn biraz.
Adam pakyr çig süýt emipdir arman,
Gezip ýör kemini özünden görmn.
Mydam özge bilen göreşip ýörmän
Öz özi bilenem göreşsin biraz.
«Huw hak!» diýip ýören derwüşler deýin,
Başym alyp ýaşyl ýaýla gideýin.
Yz çalyp, aw aňtap seýran edeýin
Gök ýylak saçymy daraşsyn biraz.
Depämde düýrügen çygly bulutlar
Gözlermi ýaşartsyn gulüp-gülüpler..
Berdinazar aga çaga boluplar,
Guba depelere dyrmyşsyn biraz.
Sermest bolup gelen bahar aýynda,
Ömrüň giç öýleden öten çagynda
Ýetimsiräp galan Daşlyň oýunda
Tenha özi bilen gürleşsin biraz.
… Ine gök gübürdäp atýar haýbatyn,
Depe bilen düzi saýgarmak çetin.
Goý, ýagşyň astynda galyp gözetim
Asman bilen Zemin
birleşsin biraz…
▶ DAŞLYNYŇ GAÝRASYNDAKY TAKYR
Ýedi ýaşda aşyk oýnan takyrym,
Ýetmiş ýaşda bir çetiňde düşledim.
Gözlerimi çar tarapa gönderip
Çagalykdan nyşan gözläp başladym.
Gulagyma çawuş çakýar hakyda,
Ýürek bolsa awuşap dur, gyýlyp dur.
Ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa ýetinçä
Ezet baryn çekenligi duýlup dur.
Siňe baksaň bu künjekde durmuşyň
Bolanlygy çen ediler, çaklanar.
Takyryň burçunda, ýeriň astynda
Ýatyr meniň eziz inim Haknazar.
Gözüm açyp şu asmanyň astynda,
Nesip çekip bu ýaşlara ýetenim,
Adyň agzap gaty gürläp bilemok,
Gyzgyn gerşi Gün reňkli, Watanym!
Keramata gaty gygyrmak bolmaz,
Söýýän seni kän geplemän, sözlemän.
Watan hakda nädip gürläp bolýarka
Duýgular tolkunman, ýürek syzlaman?!
Ine-de ýygnandy bir bölek bulut
Dumly-duşdan, çar tarapdan tasaşyp.
Ak damjalar seçme bolup paýrady,
Belki, bulut gelen däldir azaşyp.
Aşyk oýnan takyrymyň ýüzi dek
Gasyn baglan ýüz-gözümi ýuwdy ol.
Hem göwnüme öz dilinde pyşyrdap
Görüşmesek sag- aman gal diýdi ol.
Takyryň telperje çukanaklary
Sorup alyp damalary çöpläp dur.
Dogduk depäm!
Güýç-gudratyň nähili:
Mymyk ýeliň, ak ýagşyňam gepläp dur!
*** *** ***
Bildirmänjik akyp barýan aý-ýyllar
Duýdurmanjyk seni dünýä getirer…
Ýeteniňde söýgi atly menzile
Başga bar zat manysyny ýitirer.
Kimler atly ýöräp, kimler pyýada
Agyr-agyr alaňlardan ötüler.
Rysgalyň yzynda ylgaşlap ýörseň
Allaň özi aç-hor etmez, ýetirer.
Durmuş göreş däl-de, belki oýundyr,
Biri utar, başga biri utular.
Arzuw çenden- çakdan aşa bolmasa
Irde — giçde şol arzuwa ýetiler.
Ýokuş görüp ýerde bolýan işleri
Aý agyllar, günler bolsa tutular.
Kesek atýan diňe duşmanyň däldir,
Dost diýjegiň elindenem atylar.
Aý bölegi ýaly owadan gyzlar
Aýna bakyp öz görkünden utanar.
Kösener durmuşyň näsazlygyndan
Nadanlar däl —
kämillige ýetenler.
* * *
Pähimlenip bilýän bolsa başymyz
Gudurat ahyr töweregimiz — daşymyz.
Tebigatdyr çagalykdan tanşymyz
Şondan uly ussat bolup bilmersiň.
Pul ynjalyk bermez sanap görmeseň,
Ömür sürdügiň däl ýaýnap görmeseň.
Agyr menzillerde synap görmeseň
Kimiň kimdigini bilip bilmersiň.
Türkmeniň düýesi, Hindiniň pili
Agyrap — ynjatmaz bolsa-da uly.
Emmaki eşekden ýykylsaň weli
Wagtynda ýeriňden galyp bilmersiň.
Gök gübürdäp ýagjak ýagşy buşlaýar
Kelle pikirlenýär — galam işleýär.
Ýene-de bir açyş etdim aşnalar:
Öňürti ýylgyrman gülüp bilmersiň.
Hakykat kän bolman, ýeke — täk bolsa….
Ahyr alyp çykar ýürek ak bolsa.
Öz kalbyňda sahawadyň ýok bolsa
Iliňkä-de şöhle salyp bilmersiň.
Näbileýin, bagt diýilýän nämede.
Ýöne belli: bakmaz kaddy-kamata.
Haýyr işiň bolsa goýma nobata,
Iki gezek dünýä gelip bilmersiň. Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.