|

Däli gelin

Däli gelin DÄLI GELIN

Däli gelin

Gapy-gapy aýlanyp ýör,
Obamyzda däli gelin.
Göwnün tapyp sözleşäýseñ,
Dürdäne-de ýaly gelin.

«Eý, waý, däli gelýä.»- diýip,
Çagajyklar gaçyp gider.
Gapysyny açanlara,
Ol hem göwnün açyp gider.

Gapy kakyp dileýäni,
Bir döwümjik çörek onuñ,
Açylmadyk gapysy bar,
Çünki, onuñ ýüreginiñ.

Öñ dutarda saz çalardy,
Şoñ bilen toý toýlanardy.
Ýigitleri bendi eden,
Saçlar dyzda towlanardy.

Ýöne onuñ gara bagty,
Çolaşypdyr çarkandakda.
Hiç kim bilmez, juwan wagty,
Oñ güllerin çürten hakda.

Dälilik hetdine ýetip,
Çürkense-de hyýallary.
Bagt hakda aýdym aýdyp,
Güýmäp ýör ol aýallary.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle