Daglar
Daglar
▶ DAGLAR
 Düşegiň ýer bolsa, üçegiň Asman, 
 Diwary daşlardan örülen daglar. 
 Gaý-tupana başyn egmän, sarsman 
 Kerem-keramata öwrülen daglar.
 Göwsi doly ýol-ýodadan, öwrümden, 
 Atylan ok geçip bilmez böwrüňden. 
 Gyşyň gazabyndan, günüň howrundan 
 Saçy ak, sagrysy çalaran daglar.
 Jülgeleri bardyr bakjaly-barly, 
 Etegi ýagyşly, depesi garly. 
 Heran-haçan görseň başy humarly, 
 Gerşinde bulutlar düýrügen daglar.
 Gatlaklary gatlaklara dyrmaşan, 
 Çal dumany gowaklara ornaşan, 
 Deresinde aç-arslanlar arlaşan 
 Başy asman bilen birigen daglar.
 Gün düşende jülgeleriň dübüne 
 Arkan ýat-da bir azajyk meýmire. 
 Ýüzläp derde melhem bolan mumyýa 
 Gözünden ýaş bolup syrygan daglar.
 Agyr uka batan derelerinde 
 Gyşyň gara güýji oýananynda. 
 Güne ýanan ýylçyr gaýalarynda 
 Nije ýowuz ýeller sygyran daglar.
 Haka sygnyp ýola düşseň ir bilen, 
 Sataşarsyň gaplaň bilen, şir bilen. 
 At başyny çekip, howatyr bilen 
 Çola zawlaryna girilen daglar.
 Gözel jülgeleriň lezzeti bilen, 
 Gerimi, göwrümi, gudraty bilen. 
 Howalasy bilen, haýbaty bilen 
 Bizi belentlige çagyran daglar. 		 	  Goşgular
